ÝER ÝÜZÜNDE TÜRKMEN SENDEN NYŞAN KÄN...
▶ OWGAN TÜRKMENLERI
Türkmenler Owganystanyñ Türkmenistan bilen araçäkleşýän demirgazyk raýonlarynda, ýagny Owgan Türküstanynda ýaşaýarlar. Olar Amyderýanyñ kenarýakalarynda, Andhoý bilen Akjanyñ demirgazygynda Balh we Farýab prowinsiýalarynyñ çäklerinde (Çöllük raýonynda) ýurt tutunypdyrlar. Haşdanar raýonynda, Balhyñ, Mazary-Şerifiñ, Meýmenäniñ demirgazygynda hem-de Abyköwser jülgesinde köp sanly türkmen obalary bar.
Owgan türkmenleri ärsary, alili, saryk, salyr we teke taýpalaryndan ybarat. Olar çarwa we ýarym çarwa durmuşda ýaşaýarlar.
N.A.Aristowyñ maglumatlaryna görä, XIX asyryñ ahyrynda Owganystanda 50 müñ türkmen ýaşaýan ekeni. (3:420)
Informator A.M.Rahmanowyñ G.Karpowa beren maglumatlarynda şol döwürde Owganystanyñ çäklerinde 7 müñe golaý ärsary hojalygy (Owgan Türküstanynyñ Mazar raýonynda hem-de Şerif welaýatynda, şeýle hem Meýmene, Gunduz we Şibirgan sebitlerinde) ýaşapdyr. (42). Beýleki türkmen taýpalaryny hem nazarda tutup, 1926-njy ýylda Owganystanda ýaşaýan türkmen ilatynyñ sany üzül-kesil artdy. Bu ýagdaýy Türkmenistanda kollektiwizasiýanyñ mejbury geçirilmeginiñ netijesinde türkmen ilatynyñ uly böleginiñ Owganystana gaçyp geçmegi bilen düşündirse bolar. Häzirki zaman owgan türkmenleriniñ sany statistik görkezijilerde, adatça, kemeldilip görkezilipdir. Mysal üçin, 1959-1987-nji ýyllar aralygynda owgan türkmenleriniñ sany bary-ýogy 50 müñ adam artypdyr diýlip S.I.Brugyñ we beýleki alymlaryñ işlerinde getirilýän maglumatlar hakykata laýyk gelmeýär. A.Dawydowyñ "1980-nji ýylyñ ahyrynda Owganystanda 900 müñ türkmen ýaşaýar ekeni" diýen maglumaty, megerem, hakykata golaý bolsa gerek. (14:99).
Daşary ýurtlarda çap edilen maglumatlara görä, 1978-nji ýylda türkmenler, ýagny 478,5 müñ adama barabar bolupdyr. 1978-1987-nji ýyllaryñ urşy (ol henizem dowam edýär) hem Owganystanyñ demografik ýagdaýyna, şol sanda onuñ türkmen ilatynyñ durmuşyna ýaramaz täsir etdi. Owganystanyñ öñki SSSR bilen serhetdeş welaýatlarynyñ ilaty 1987-nji ýyla çenli düýpli azaldy. Bu ýagdaý ol ýerleriñ ilatynyñ Pakistana göçenligi bilen baglanyşyklydyr. Munuñ netijesinde Baglanyñ ilaty 51%, Balhyñky - 30%, Gunduzyñky - 59%, Samanganyñky - 22% azaldy. Şeýle hem ýurduñ ilatynyñ esli bölegi Eýrana geçip gitdi. Eger Owganystanyñ ilatynyñ umumy sanyna prosent hasabynda seredeniñde türkmenleriñki artdy. Çünki puştunlardan türkmenlere garanda Eýrana göçeni köp bolupdyr. Mysal üçin, 1987-nji ýylda türkmenler owgan bosgunlarynyñ bir prosentini düzüpdir, bu bolsa takmynan 50-55 müñ adamdyr. (Maglumatlara daýanylyp geçirilen hasaplamalara görä, Eýrana 2. 850 müñ adam, Pakistana 3. 257,6 müñ adam bosgun geçipdir). (823:8). Daşary ýurt maglumatlaryndan çen tutulsa, (ol maglumatlara görä, türkmenler Owganystanyñ ilatynyñ 4 %-ni düzýär), onda 1990-njy ýylda owgan türkmenleriniñ sany 841,3 müñ adam bolandyr diýip çaklamaga esas bar. (70:15, 18:49, 181:18).
Marat DURDYÝEW,
Şöhrat KADYROW.
▪︎Goşmaça peýdalanmak üçin:
1). "Туркмены Афганистана" / Юность (Ýaşlyk) žurnaly. 1988, N"1.
Taryhy makalalar