02:29 Türkiýe türkmenleri | |
ÝER ÝÜZÜNDE TÜRKMEN SENDEN NYŞAN KÄN...
Taryhy makalalar
▶ TÜRKIÝELI TÜRKMENLER Öz resmi demografik görkezijilerimizde Türkiýede ýaşaýan türkmenler hakynda hiç hili maglumat ýok. Olarda Türkiýede ýaşaýan türkmenleriñ sanynyñ uýgunlaşmak (assimilleşmek) prosesi netijesinde ep-esli azalandygy diñe agzalmak bilen oñulypdyr. Kiçi Aziýanyñ türkmen ilatynyñ kemala gelmeginde XI-XII seljuklary uly rol oýnapdyrlar. Munuñ netijesinde Kiçi Aziýa Seljuklar döwletiniñ bir welaýatyna öwrülipdir. Soñra onuñ teritoriýasynda Rum Seljuklar döwleti (Anadoly Seljukly türkmen döwleti - t.b.) döredi. Türkiýede ýaşaýan uly taýpalaryñ biri hem kynyklar bolupdyr. Olar, megerem, Seljuklaryñ ýörişi wagtynda tutuşlygyna Türkiýä geçendirler. Çünki Türkiýede 28 ýer-ýurt ady şol taýpanyñ ady bilen baglanyşyklydyr. Seljuklara goşulyşyp Anadola gelem oguz-türkmen ilatynyñ sany M.H.Ýynançynyñ maglumatlaryna görş 520-560 müñ adama golaý, I.Kafesoglunyñ maglumatlaryna görä bolsa, 550-560 müñ adam bolupdyr. D.Ý.Ýeremeýewiñ maglumatlaryna görä, XI asyrda Anadola gelen türki çarwalary sany 1 million adama golaý bolmaly. Özi-de ol olaryñ aglabasyny oguz we türkmen taýpalarynyñ adamlary hasaplaýar (22:53-54). Türkiýede ýaşaýan türkmenler bilen Türkmenistanyñ ýerli ilatynyñ arasynda genetiki arabaglanyşyk bar. Türkmenistandaky tire-taýpalar, uruglar - ýazyr-garadaşlylar, salyrlar, tekeler, baýatlar, baratlar, owşarlar, begdililer, baýyndyrlar, gaýylar, garagoýunlylar, akgoýunlylar we beýlekiler Türkiý türkmenlerinde hem bar. Türkiýede türkmenler bilen bir hatarda 10 müñ gagauz (gök oguzlar, gagauz türkmenleri - t.b.) ýaşaýar. Şeýle hem türk halkynyñ sostawynda aslyny türkmenlerden alyp gaýdýan abdallar, ýurýuklar (ýörükler, ýörük türkmenleri - t.b.) ýaly etnografik toparlar bar. Türkmenler we ýurýuklar Ýakyn we Orta Gündogar halklarynyñ içinde ýeke-täk diýen ýaly dolihossefal (süýrikelle) antropologik keşpli etnografik birlikler bolup durýarlar. Ýurýuklaryñ sostawynda asly türkmenlerden bolan týurkmen, tekeli, gara tekeli, mämmet tekeli, gara goýunly, eski, gara öýli ýaly tireler we uruglar bar. Türkiýede bir milliona ýakyn ýurýuk ýaşaýar. Olaryñ sany ýañy-ýañylaram, 1960-njy ýylda hem 500 müñ adam ekeni (53:63-69). Olar günbatar, günorta-günbatar we günorta Anadolynyñ daglyk raýonlarynda ýaşaýarlar. Ýurýuklar XI-XIII asyrlarda Zakaspiden, şeýle hem Zakawkazýeden, Balkandan Türkiýä gelen oguz taýpalarynyñ soñky nebereleridir. Bu etrapda türki halklar gelmezden öñ ýaşan arap we kürt çarwalary hem ýurýuklaryñ sostawyna goşulyp gidipdirler. Plýanolyñ maglumatlaryna görä, ýurýuklaryñ diñe 50 müñi çarwaçylyk bilen meşgullanýarlar. (65:143) Orta Anadolynyñ ilatly punktlarynyñ arasynda türkmeniñ baýat tiresiniñ adyny göterýän 16 oba bar. Türkmenler Türkiýäniñ 10 welaýatynda anadoly abdallary hökmünde tanalýarlar. Türkiýäniñ türkmen ilatynyñ uly böleklero Merkezi, Günorta-Gündogar we Günorta Anadolyda, Konýa raýonlarynda, Tuz kölüniñ ýakasynda, Tawr daglarynda, Konýa, Içel-Mersin, Seýhan - Adana welaýatlarynyñ çatrygynda ýurýuklar bilen goñşuçylykda ýaşaýarlar. Türkiýäniñ demirgazyk çetindäki Erzurum, Çoruh, Kars welaýatlary bolsa türkmenleriñ has kiçeñräk etniki toparlarynyñ ýaşaýan ýerleridir. Marat DURDYÝEW, Şöhrat KADYROW. ◆ ◆ ◆ ♣ Goşmaça peýdalanmak üçin ylmy we edebi-çeper çeşmeler: 1. M.Durdyýew, Ş.Kadyrow "Dünýädäki türkmenler (taryhy-demografik syn)", Aşgabat, "Harp", 1991 ý; 2. Гордлевский В.А. "Государство Сельджукидов Малой Азии", Избр.сов. т 1, Москва 1960; 3. Еремеев Д.Е. "Происхождение юрюков и туркмен Турции и основные этапы их истории" / В кн.: Этнические процессы и состав населения в странах Передней Азии. Т. 83. М-Л. 1963; 4. Агаджанов С.Г. "Средневековые этнонимы названия "туркмен" / Проблемы этногенеза туркменскога народа", Ашхабад-1977; 5. Ysmaýyl Bozkurt "Anadoly türk taýpalary" ("Anadolu türk aşiretleri"), "Ötüken" neşirýaty; 6. Tufan Gündüz "Anadolyda türkmen taýpalary" ("Anadoluda türkmen aşiretleri"; 7. Mehmet Erjan, Mustafa Alijan "Türkleriñ ýitirim bolan asyry: BEGLIKLER DÖWRI (Türkiýe taryhy)", "Timaş" neşirýaty; 8. Kemal Koçarslan "Goçgyry - türkmen taýpalary" ("Tarihi süreç içerisinde: KOÇGIRI - TÜRKMEN AŞIRETLERI"); 9. Aly Ryza Özdemir "Ýitirim bolan türkler" ("KAYIP TÜRKLER: Etnik cografya bakımından kürtleşen türkmen aşiretleri"), "Kripto" neşirýaty; 10. Ýusup Halajogly "Kaýseri taýpalary, jemagatlary, oýmaklary 1488-1650" ("Kayseri aşiretleri, cemaatleri, oymakları 1488-1650"), Ankara-2015; 11. Faruk Sümer "Oguzlar-türkmenler", türkmen diline terjime edenler: M.Aýdogdyýew, Ý.Mämmediýew; 12. S.G.Agajanow "Seljuklylar", "Ötüken" neşirýaty; 13. Garip Görgüli "Türkler, türkmenler, ýörükler: kökleri, göçhä-göçlükleri, däp-dessurlary we urp-adatlary" ("TÜRKLER, TÜRKMENLER, ÝÖRÜKLER: Kökleri, göçleri, gelenekleri, örf ve adetleri"); 14. Georges Pachymeres "Wizantiýalynyñ gözi bilen türkler" ("Bizanslı gözüyle TÜRKLER"); 15. Ahmet Taşgyn "Türkmen alewiler"; 16. Haldun Erogly, Haluk Kortel "Türkmen taýpalary" ("Türkmen aşiretleri"); 17. Hasan Babajan, Serwet Awşar "Türkmen taýpalary" ("Türkmen aşiretleri"), "Geçit" neşirýaty; 18. Paşabeýzada Omar Aly Beý "Türkmen gyzy" (roman), "Kurgan" neşirýaty; 19. Haýry Özdogan "Türkmen gyzy", 1955; 20. Weli Saltyk "Türkmen gozgalañlary" ("Türkmen isyanları"); 21. Baky Ýaşa Altynok "Anadolyda türkmenler: Bir türkmen ozany Aşyk Hüseýin"; 22. Ahmet Taşgyn "Orta asyr Anadolysynda bir türkmen şeýhi Dädem Garkyn" ("Ortaçag Anadolusu'nda Bir Türkmen Şeýhi DEDE GARKIN"), "Önsöz" neşirýaty; 23. Doktor Eraýliç, Inžener Rowling "Türkmen taýpalary" ("Türkmen aşiretleri"), türk diline terjime eden: Habyl Adem; 24. Aly Ýürük "Türkmen toýy" ("Türkmen Düğüni"); 25. Lale Uluç "Türkmen häkimler, şirazly ussalar, osmanly okumyşlar" ("Türkmen valiler, şirazlı ustalar, osmanlı okurlar"); 26. Mustafa Ilbeý "Geçmişden günümüze türkmenler (oguzlar)"; 27. Musa Seýirji, Ahmet Topbaş "Afýonkarahisar sebitindäki türkmen mazar daşlary" (Afyonkarahisar yöresi türkmen mezar taşları"). | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |