02:25 Täjigistan türkmenleri | |
ÝER ÝÜZÜNDE TÜRKMEN SENDEN NYŞAN KÄN...
Taryhy makalalar
▶ GÜNORTA TÄJIGISTANYÑ TÜRKMENLERI Taryhy çeşmelerden ugur alynsa, Günorta Täjigistanyñ türkmen ilatynyñ kemala gelşi, edil Günorta Özbegistandaky türkmen ilatynyñky ýaly X asyrda "türkmen" etnoniminiñ ýüze çykmagy bilen başlanýar. Şol döwürde ilkinji türkmen ýygynlary Mawerennahra gelip ugrapdyrlar. Mongollar gelmezden öñ, olaryñ şol ýerlere täsiri uly bolupdyr. Şoña görä-de alymlar "Özbegistanyñ we Täjigistanyñ günorta raýonlarynda gadymdan ýaşaýarlar" diýip hasaplaýarlar. Türkmenler oguzlar bilen bile Ali-Tegin Ilek Hanyñ Horasan ýörişine gatnaşyp, Termez we Kabadian sebitlerini eýeleýärler. Olar XII asyryñ ortalarynsa Huttalýan (Täjigisanyñ öñki Gulab oblastynyñ territoriýasy we Wahş jülgesiniñ töwerekleri) we Balh sebitlerinde düýpli ornaşýarlar. Olaryñ ýygyny şeýle bir köp sanly we kuwwatly bolupdyr, hat-da Toharystan garlyklary we halaçlary bilen birigip Soltan Sanjaryñ ýygynyny derbi-dagyn edipdirler, özüni ýesir alypdyrlar we Merwi eýeläpdirler. Olaryñ bir bölegi goñşy ýurtlara gidipdirler, galanlary bolsa häzirki Balh oblastynyñ territoriýasynda ýaşamaga galypdyrlar. Şol döwürde Huttalýan we Çaganiýan onuñ territoriýasyna girýän ekeni. Orta asyr sene ýazuwçylary şol türkmenleriñ sanh hakynda maglumatlar berýärler. Mirhond olaryñ "40 müñ öýli türkmendiklerini, ýagnh "200.000-e golaý adamdyklaryny" aýdyp geçýär. Eger bu san ençeme esse artdyrylan bolaýanlygynda-da, orta asyrlarda Täjigistanyñ günortasynda ýaşan türkmen ilatynh ep-esli diýip bilmeli. Täjigistanyñ türkmenleri günorta Türkmenistanda ýaşaýan türkmenler bilen ýakyn gatnaşykda bolupdyrlar. Mysal üçin Ura Týubede Saragt türkmenleriniñ ýaşan ýurt ýerleri bolupdyr. Ura Týubäniñ köne hüne hünärmentler kwartalynda "Serahsiýen" diýen adyñ saklanyp galmagy-da şonuñ bilen baglanyşyklydyr. Täjigistanda ýaşaýan türkmenleriñ Nurata türkmenleri bilen genetiki arabaglanyşygy bardyr. Bu babatda H.Daniýerowyñ Nurata raýonynda bolanynda Nurata raýonynda Nurata türkmenleriniñ ata-babalarynyñ "Hisar Gulýab tarapdan" gelendigi hakynda ýazyp alan rowaýaty üns bermäge mynasypdyr. Täjigistanda ýaşan türkmenleriñ sany köp asyrlaryñ geçmegi bilen olaryñ Orta Aziýanyñ başga ýerlerine göçmegi hem-de täjikler we özbekler bilen garyşyp gitmegi bilen kemelipdir. Munuñ bilen baglanyşykly bu ýerde ýene bir faktyñ ýatlanylyp geçilmegi artykmaçlyk etmezdi: aýry-aýry "täjik" nebereleri häzirki döwürde hem kem-käsleýin özgeren türkmen nagyşly halylary dokaýarlar. Şol bir wagtyñ özünde bolsa, halyçylyk täjikler üçin o diýen häsiýetli däl. Bu ýerde aýry-aýry taýpalaryñ antropologik taýdan süýrikelle ýewropeidleriñ zakaspi jynsyna golaýlygynyñ bardygyny bellemek gerek. Belli bolşy ýaly, türkmenler hem şol jynsa degişli. Onsoñam Hingou derýasynyñ orta akymynda "türkiýa" diýip atlandyrylýan täjik dilinde gürleýän taýpa bar. Şonuñ hatarynda täjikler bilen gatyşyp giden türkmenleriñ bolmagy gaty mümkin. Orta Aziýany raýonlara bölmek babatda iş geçiren Komissiýanyñ materiallaryny öwrenen B.H.Karmyşewanyñ maglumatlaryna görä, 20-nji ýyllaryñ başynda Täjigistanyñ günorta raýonlarynda ýaşaýan türkmenleriñ sany 4106 adama barabar ekeni. Olaryñ ýaşan ýerleri we şu aşakdaky ýalyrak: 1. Duşanbe welaýaty 401 adam (0,3%) Ýawan tümeni - 401 adam (1,4%) Daganyknyk kendi - 401 adam (3,5%); 2. Kurgantýube welaýaty 3705 ad. (28,3%) Kabadian tümeni - 3705 adam (40,5%) Jylyköl kendi - 3625 adam (88,7%) Kabadian kendi - 80 adam (6,7%). JEMI: 4106 adam. 1929-njy ýylyñ taryhy maglumatlaryna görä, täjigistanly türkmenleriñ aglabasy Wahş derýasynyñ çep kenaryndaky Garatýube welaýatynda, Uzundan günorta Jylyköle çenli uzap gidýän ugurda (ini 12-15 km) ýaşapdyr. Olar bu welaýata Kelif we Kerki etraplaryndan gazanç etmek, esasan, altyn çäge ýuwmak üçin (özlerine hem-de satmak üçin) gelipdirler. Bu ýere 1870-nji ýylda owgan taýpalary bilen oñuşmansoñ, 35 müñe golaý ärsary türkmenleri göçüp gelipdirler. Emma bu san bu ýerdäki türkmen ilatynyñ sany barada soñky maglumatlarda tassyk bolmady. Türkmen ilatynyñ umumy sany 1.200 maşgala ýa-da 6.500-e golaý adam diýlip hasaplanýar. 1966-njy ýylda B.H.Karmyşewanyñ gürrüñdeş bolan gojalary 1926-njy ýylyñ ilat ýazuwynda hasaba alnan türkmen gyşlaklarynyñ 12-siniñ adyny aýtdylar. Şol gyşlaklaryñ iñ ulusy bolan Pattakesarda şyhlar ýaşaýarlar. Üçtut obasynda bolsa türkmenleriñ gapysynda gezen gullaryñ (gulanlar) nebereleri ýaşaýarlar. Türkmenler özbek dilinde gürleýän çagataýlar bilen bile ýaşaýan ekenler. Häzirki wagtda Täjigistanda 20 müñden gowrak türkmen ýaşaýar. Şolaryñ 14 müñüsi Jylyköl raýonynda ýaşaýarlar. Olaryñ iñ köplük bolup ýaşaýan ýerleri raýonyñ "Moskwa", Kalinin adyndaky kolhozlary, şeýle hem "1-nji maý" sowhozydyr. Olar maldarçylyk, pagtaçylyk, halyçylyk bilen meşgullanýarlar. Türkmen dili okadylýan mekdepler bar. Marat DURDYÝEW, Şöhrat KADYROW. ◆ ◆ ◆ ♣ Goşmaça öwrenmek üçin çeşmeler: 1. M.Durdyýew, Ş.Kadyrow "Dünýädäki türkmenler", Aşgabat "Harp" 1991; 2. Кармышева Б.Х. "К этнической истории туркмен Среднеазиатского междуречья // Туркмены в Среднеазиатском междуречье". Ашхабад. 1989; 3. За рубежом. 1990. N"20; 4. Якубовский А.Ю. "Вопросы этногенеза туркмен в 8-11 вв. // Каррыев Ага, Мошкова В.Г., Насонов А.Н., Якубовкий А.Ю. Очерки из истории туркменского народа и Туркменистана 8-11 вв". Ашхабад. 1954; 5. Дониеров Х. "Узбек халкининг шажара ве шевалари". Ташкент. 1968; 6. Khan Muhammad M.A. Demographic Clanges in the Muslim population of Soviet Russia: Facts and Fic ion. // Journal Institute of Muslim Minori y Affairs. A Bi-annual Publication De o ed to an Investigation of the Politics. Economics. Education. History. I literature and Sociology of Muslim Minorities Around the World. Editor Syed. Z. Abedin. Associate Editor Saleha M. Abedin. January. Vol. 9. no. 1. 1988 7. История Советского Туркменистана. Ч. 1. (1917-1939). Ашхабад. Ылым.1970; 8. К. и М-ов. Туркмены Северного Кавказа. Астраханской губернии и Таджикистана. (Краткая историческая справка). // Туркменоведение. 1929. N"8-9. авг.-сент. Приложение. 9. Итоги всесоюзной переписи населения 1959 г. Таджикская ССР. М., Госстатиздат. 1963; 10. Кармышева Б.Х. "Очерки этнической истории южных районов Таджикистана и Узбекистана (по этнографическим данным). М., "Наука", 1976; 11. О национальном составе населения Таджикской ССР. Душанбе - 1990. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |