01:04 Türkmenleriñ ata watanyny nireden gözlemeli? | |
AWTORDAN
Taryhy makalalar
Bizi durmuşymyzda taryhyň oýnaýan ägirt uly roluna kembaha garaýan adamy häzir tapmak, megerem, başartmasa gerek. Sebäbi ol halkyň mukaddes saýyp gelýän zadydyr. Ençeme ýyl mundan ozal türkmen şahyry Gara Seýitliýew: «Halk daragtdyr, taryh bolsa onuň köküdir. Köki bolmasa daragt bolmaz, taryhy bolmadyk halkyň bolsa özem bolmaz» diýipdi. Halky asyrlaryň jümmüşi bilen baglanyşdyrýan sütün hut taryhda jemlenendir. Gadym eýýamlarda: ýaňy-ýaňylaram türkmenleriň her bir kowmunda, hatda her bir maşgalasynda nesil daragtynyň – şejeräniň saklanyp, nesilden-nesle geçirilip gelnendigi, megerem, kanunalaýyk zat bolsa gerek. XVII asyryň ortalarynda umumylaşdyrylan «Türkmenleriň nesil daragtyny» döreden Hywa hany hem-de taryhçy Abulgazy bu mynasybatly şeýle ýazypdy: «Türkmen mollalary, şyhlary hem-de begleri taryhy oňat bilýänimi eşidip, bir gün meniň ýanyma geldiler we şeýle diýdiler: «Biziň halkymyzda Oguz (Oguznama) hakda hekaýatlaryň birgideni bar, ýöne olaryň ýekejesi-de göwne makul däl, ýalňyşdan doly, biri-birine-de laýyk gelenoklar, olaryň hersi özüçe gürrüň berýär. Ýeke-täk dogry, ynama mynasyp taryh bolsa oňat boljak» diýip, öz haýyşlaryny mälim edenlerinden soňra, men olaryň möhümlerini bitirmegi makul bildim». Şeýle-de bolsa Ýakyn we Orta Gündogaryň, Orta we Merkezi Aziýanyň, Gündogar Ýewropanyň hem-de Gazagystanyň dürli ýurtlaryna we regionlaryna pytrap giden türkmen halkynyň taryhy heniz ýazylmandyr diýip, doly jogapkärçilik bilen aýdyp bileris. Munuň sebäbi diýseň köp. Olaryň käbiri taryhy häsiýete eýedir, beýlekileri bolsa hökmürowan režimiň ideologiki we syýasy konýukturalaryna ýaranmak üçin taryhy hakykatyň ýoýulmagy bilen gös-göni baglanyşyklydyr. Jorj Oruelliň «1984» diýen romanynyň gahrymanlarynyň – supertotalitar Döredijileriň: «Geçmişi dolandyrýan geljegi dolandyrýandyr, şu döwre edara edýän geçmişe edara edýändir» diýen sözlerini ýadymyza salalyň. Şeýle niýetlerden ugur alnyp, hökmürowan toparlaryň görkezmeleri boýunça dürli ýurtlaryň we halklaryň taryhy, gör, näçe gezek täzeden ýazyldy. Biziň Wahanymyzyň taryhy soňky ýetmiş ýylyň içinde azyndan dört gezek ýazyldy. Staliniň döwründe bir taryh, Hruşýowyň zamanynda beýleki, Brežnewiň eýýamynda üçünji taryh ýazyldy, indi bolsa biz oňa dördünji gezek täzeden seredýäris. Tutananhamonyň we Kleopatranyň, Aleksandr Makedonskiniň hem-de Dariniň taryhy gaýtadan ýazylan bolsa, biziň geçmiş baradaky düşünjämiziň nähili boljakdygyny göz öňüne getirmek kyn bolmasa gerek. Şeýle-de bolsa taryhçylaryň bir topary, mysal üçin, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Myrat Annanepesow biziň taryhy düşünjämize şeýle çemeleşmegi hiç zatça görenok. «Taryh hudaýlykly ylymdyr» diýmek bilen, «beýleki bir tarapdan onuň howply we mekir ylymdygyny» (!) aýdýar. «Baryp ýatan samsyk syýasaty aklamak üçin kähalatlarda ony lepbeý diýip duran hyzmatkär hökmünde ulanýarlar» diýip belleýär. Dogrudan-da, taryh hudaýyň nazar salan ylmydyr. Ýöne munuň bilen ylalaşyp, onuň hudaýyň beýleki nazar salan zatlary ýaly, hyzmatkär bolup bilmejekdigini we bolmaly däldigini boýun almak gerek. Gadymy grekleriň, beýik olimpiýa hudaýy Zewsiň hem-de hudaý aýal Mnemosinanyň gyzy Kliony taryhyň hudaýy hasaplandyklary tötänleýin zat däl ahyry. Özüniň «howplulygy hem-de mekirligi» sebäpli ylym däl-de, «alym» diýlip atlandyrylýanlaryň ahlaksyz, messepsiz belli bir bölegi «gara şaýa» – ylmy derejelere we ylmy atlara satylyp, syýasatçylaryň hyzmatkärlerine öwrülýär. Hakyky alymlar hyzmatkäre öwrülmeýär. Geçmişi üýtgetmek bolmaz. Ol biziň ata babalarymyzyň düýnelen topragy ýaly, biziň keşbini üýtgetmegi we saýlap almagy başarmaýan ata-babalarymyzyň hut özleri ýaly hakykatdyr. Şonuň üçin-de taryhy düşünje, diýmek, taryh ylmy aslynda tebigy ylymlar bolan fizikanyň, matematikanyň, biologiýanyň, himiýanyň kanunlary ýaly, diýseň dogruçyl bolmalydyr. Ylmy totalitarizmiň «tur-otur, kersen getirine» öwürmäge edilen synanyşyk biziň ýurdumyzyň genetika, kibernetika we beýlekiler ýaly ylmyň köp pudaklarynda yza galmagyna getirdi. Täze, soialistik absolýutizmi döredijileri taryh ylmy-da kanagatlandyranokdy. «Halk duşmanlaryna» sud edilende, olaryň ilkinji «şowhunly» prosesleriniň taryhçy akademikler E.Tarle, S.Platonowa, N.Lihaçýowa, professor B.Romanowa gönükdirilendigi üns bererlikdir. Olara 1931-nji ýylyň awgustynda OGPU-nyň suddan daşary mejlisinde jeza çäreleri bellenildi. Şol ýylyň güýzünde, bu prosesiň yzysüre stalinçi ideologlar ýurduň tutuş taryh ylmyna hüjüm etmek barada signal berdiler, şeýdibem ýurduň halklaryny taryhy hakydasyndan mahrum etmek boýunça aýylganç operasiýa başlandy. «Barypýatan býurokratlardan başga diňe kagyz dokumentlere eýsem kim bil baglap biler? Liderleriň partiýasyny diňe bir olaryň deklarasiýalary boýunça däl-de, eýsem ilkinji nobatda olaryň işleri boýunça barlamalydygyna arhiw alakalaryndan başga kim düşünenok» diýen taryhçy alymlara äsgermezçilik hem-de ýigrenç bilen garaýan sözler Staline degişlidir. Totalitarizmiň serdarlarynyň görkezmeleri ylmyň iň soňky sözi diýlip yglan edilýärdi, düýpli barlaglar «BK(b)P-nyň taryhynyň gysgaça kursy» ýaly galp zatlar bilen çalşyrylýardy. Taryhçylaryň ählisini biraýakdan sürýärdiler, bir lybasa girizýärdiler, kellelerine ýeke-täk bütewi pikiri guýýardylar, olara ýalňyz metodologik baza, barlaglar üçin bir obekt berýärdiler, döredijiligi nalajedeýin shemalar bilen çalşyrýardylar. SSSR YA-nyň habarçy agzasy, «Woprosy istorii» žurnalynyň baş redaktory A.A.Iskanderow şu mynasybetli şeýle diýdi: «Taryhçynyň işlerindäki döredijilik elementleri gysylyp çykarylýardy, kollektiwleýin monografiýalarda awtorlaryň pikirleri hem-de stilleri umumylaşdyrylýardy we ýylmanýardy. Kollektiw islendik adamyň, hatda iň talantly adamyň hem ornuny tutup biler diýlip hasap edilýärdi. Ägirt uly institutlar ösüp gidip otyrdylar, olaryň berýän peýdasy bolsa jinnek ýalydyr. Bu aýratyn-da iri teoretiki problemalary işlemekde äşgär duýulýardy. Taryhçynyň zähmetiniň çuňňur indiwiduallyga ýugrulandygyny aýtsam, bu uly bir täzelik ýaly bolup görünmese gerek. Bu ýerde döredijilikli şahsyýet zerurdyr... Fundamentallygyň ornuny neşirleriň tomunyň sany we kitaplaryň galyňlygy tutup ugrady... Bu bize nämeler berdi? Biz, esasan, abraýly hasap edilýän köp tomluk işlerde uly şowsuzlyklara sezewar bolduk... «SSSR-iň gadym eýýamlardan şu günki güne çenli taryhynyň» soňky on ikinji tomuny henize çenli çykaryp bilenoklar, sebäbi ony dogruçyl ýazjak bolsaň, bu gün başgaça edibem boljak däl, ol öňki tomlara tutuşlygyna garşy gitmeli... Ynsabymyza geňeşsek, biz şeýle tiz könelen kitaplaryň bahasyny okyjylara gaýtaryp bermeli». Bu sözleri tutuşlygyna hem-de dolulygyna türkmen taryh ylmyna-da degişli etmek bolar. Ellinji ýyllaryň ortalarynda neşir edilen «Türkmenistan SSR-niň taryhy» diýen akademiki iki tomluk (üç kitapdan ybarat) diňe belli bir maksady göz öňünde tutman, eýsem heniz golýazmaka könelipdi. Tragediýa diňe munda-da däldir. Bu iki tomluk aslynda häzire çenli Türkmenistanyň gadym wagtlardan bäri taryhyny beýan edýän ýeke-täk neşir bolmagynda galýar. Ýagdaýlardan çen tutsaň, ýakyn geljekde täze neşire garaşyp ýörmegiň-de hajaty ýok. Taýýarlanylaýanda-da, onuň durgunlyk ýyllarynyň oňat däplerinden çykyp biljekdigine ynam ýok. Muny Türkmenistanyň esasy taryhçylarynyň metbugatdaky çykyşlaryndan hem görmek bolýar. 1990-njy ýylda «Bilim» jemgyýetinde geçirilen tegelek stollaryň tapgyrynda biziň geçmişimizdäki «ak tegmilleri» aradan aýyrmak barada köp gürrüň edilendigine garamazdan, respublikanyň taryh ylmynyň ýolbaşçylarynyň biri ýaşlar gazetiniň habarçysyna: «Respublikada TSSR-iň taryhynyň täze alty tomlugy taýýarlanýar» diýip, köp tomluk işiň çapdan çykjak anyk möhleti hakynda dil ýarmady. Beýleki biri bolsa: «Direktiw organlaryň maslahat bermekleri boýunça biz ondaky makalalary metbugatda ara alyp maslahatlaşmakdan saklanýarys (!?). Taryhçylar gazetçiler ýaly däl. Olar «howlukman alňasa» diýen prinsipden ugur adýarlar» diýip, onuň sözleriniň üstüni ýetirdi» («Komsomoles Türkmenistana», 1990-njy ýylyň 3-nji marty). Akademik taryhçylaryň öňküleri ýaly, halkyň taryhyny nähili ýazmalydygy baradaky görkezmä (häzir çekinip «maslahat» diýip atlandyrýandyklaryna garamazdan) garaşýandyklaryna göz ýetirmek üçin weliligiň hökman däldigi düşnükli bolsa gerek. Şeýle ýagdaýda biz geljekde dogruçyl taryhy alyp bilermikäk? Gaty bir ynanasyň gelenok. Aslynda bu gün biz diňe bir sowet jemgyýetiniň däl, eýsem gadymy, antik döwür, orta asyr taryhy boýunça-da taryhy hakykatdan mahrumdyrys. Geçmiş hakyndaky dogruçyl maglumatlaryň boşlugynyň dörän ýerinde özüniň taryhyndan alysdaky adamlar tarapyndan taryhyň ýoýulmalarynyň, «sensasion» açyşlaryň fakty ýüze çykyp ugraýar. Bu inkär edip bolmajak kanunalaýyklykdyr. Türkmenleriň aslynyň şumerlerden, ariýalardan, gotlardan, hetlerden we şuňa meňzeşlerdendigi baradaky «açyşlar» muňa mysal bolup biler. Hut şonuň üçin-de şu gün halkyň taryhynyň esasy problemalaryny işläp düzmegiň zerurlygy diýseň äşgär ýüze çykýar. Halkyň taryhynyň, başlangyç etapyny onuň taryhy ata watanynyň we ata-babalarynyň, başgaça aýdanyňda, etnogenez diýen bir söz bilen atlandyrylýan zady agtarmagyň hem-de dogruçyl beýan etmegiň şeýle problemalaryň biri bolup durýandygy tebigydyr. Bu işde häzirki zaman antropologik, arheologik, taryhy, etnografik, mediki-genetiki we beýleki barlaglaryň netijelerini umumylaşdyrmak esasynda giň okyjylar köpçüligine türkmen halkynyň gelip çykyşy hakyndaky umumy oçerki hödürlemäge, taryhçylaryň dili bilen aýtsak «türkmen topragynyň öz gözbaşyny nirelerden alyp gaýdandygyny» görkezmäge synanyşyk edilýär. Türkmen halkynyň irki taryhyndan oçerki hoşgylaw okyjynyň dykgatyna hödürlemek bilen, oňa türkmenleriň gahrymançylykly eposyndan Gorkut atanyň käbir sözlerini ýatlatmagy makul bildim: «Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz. Ogul atadan görelde almasa, saçak ýatmaz...» Ene-de Gorkut ata şeýle diýipdir: «Ata namart ýigit münebilmez, onuň müneninden münmedigi ýegdir. Çalyp kesýän uz gylyjy muhannesleriň, çalanyndan çalmadygy ýeg. Çala bilen ýigide ok bilen gylyçdan bir çamak ýeg. Myhman gelmeýän öýüň ýykylany ýeg. At iýmeýän ajy otlaryň biteninden bitmedigi ýeg. Adam içmeýän ajy suwlaryň syzanyndan syzmadygy ýeg. Ata-enäniň diýenini etmeýän, oňa hormat goýmaýan ogluň doganyndan dogmadygy ýeg. Atanyň ýurdunda galan ogluň döwletli bolany ýeg. Ýalan söz diýeniňden diýmäniň ýeg. Gerçekleriň üç otuz on ýaşyny doldurany ýeg. Üç otuz on ýaşyň dolsun, hak size ýamanlyk görkezmesin». Türkmen pygamberiniň hem-de bagşysynyň şu sözleri türkmenleriň ata watanyny we ata-babalaryny gözlemekde maňa ýörelge bolup hyzmat etdi. Goý, olar öz ata-babasynyň taryhyna sähelçe dahyly bolanlaryň her biri üçin öwüt-nesihat bolup hyzmat etsin. ▶ TÜRKMENLERIŇ ATA WATANYNY NIREDEN GÖZLEMELI? Bu ýöne bir gepiň gerdişine görä beriläýýän sorag däldir. Gaýtam, tersine, ol türkmen halkynyň gelip çykyşynyň tutuş problemasynyň açary bolup hyzmat edýär. Barlagçylaryň köpüsi türkmenleriň taryhy ata watanyny gündogaryň orta asyr awtorlarynyň maglumatlary we geneanologiki rowaýatlar esasynda tapmaga synanyşypdyr. Buo diýen dogry däldir diýip pikir edýäris. Geneanologik rowaýatlaryň taryhy rekonstruksiýalar üçin uly ähmiýetini inkär etmezden, olaryň dürli taryhy döwürlerdäki ýokary häkimiýet eşelonlarynyň kemala gelen esasy etniki toparlarynyň agalygyny berkitmek üçin ideologiki nadstroýka bolup hyzmat eden diklerini unutmak bolmaz. Oruelliň «Şu döwri edara edýän geçmişe edara edýändir» diýen formulasy olarda aýratyn äşgär ýüze çykýar. Şunuň bilen baglylykda, geneanalogiki, rowaýatlar özlerine tankydy nukdaý nazardan çemeleşmegi talap edýärler, olardan taryhy rekonstruksiýalar üçin diňe taryhy, arheologiki, etnografiki we beýleki çeşmeler bilen bilelikde peýdalanmak bolar. Ylmyň ygtyýaryndaky geneanologik rowaýatlar islendik halkyň emele gelmeginiň çylşyrymdy, kähalatlarda gapma-garşylykly prosesdigini, oňa dürli etniki komponentleriň gatnaşýandyklaryny göz öňünde tutmazdan, türkmen halkynyň emele gelşini esasan birtaraplaýyn suratlandyrýar. Türkmenleri öwrenýän häzirki edebiýatda bar bolan geneanologiki rowaýatlara köre-körlük bilen ynanmak meýli etniki taryhy beýan etmekde gutulgysyz shematizme we tendensiozlyga alyp barýar. Halk geneanologiýasyna – şejerä tankydy nukdaý nazardan çemeleşilmezligi öz wagtynda türkmenleriň gelip çykyşynyň birtaraplaýyn düşündirilmegine, başgaça aýdanyňda «türkmenler oguzlardyr» diýen ýönekeý shema getirilmegine eltdi. Mälim bolşy ýaly, oguzlar gelip çykyşlary boýunça Altaýdan hem-de Sibirden gaýdan türki dilli çarwa taýpalaryň konfederasiýasydyr. Häzirki zaman Türkmenistanynyň territoriýasynda ýaşan halklary basyp almak bilen, olar ýerli ýaşaýjylara öz türki dillerini, syýasy taýdan agalyk ediji etniki gatlak bolmak bilenem öz geneanologiýalaryny geçiripdirler. Oguzlar üçinem, olaryň basyp alan halklary we taýpalary üçinem Oguz han mifiki nesil-başyna öwrülipdir. Şundan ugur alyp, rewolýusiýadan öňki barlagçylaram, sowet barlagçylarda türkmenleriň ata watanyny oguz taýpalarynyň ilki başdaky mekanlaryndan agtarypdyrlar. Has beteri-de, oguzlar bilen birlikde türkmenleri-de ekerançylykdan düşnügi bolmadyk barypýatan çarwa halk, «sähra wagşylary» diýip yglan etdiler. Şu nädogry ýörelgeden ugur alnyp, türkmen halkynyň ata-babalary diňe Aziýanyň sähra halklarynyň sredasyndan gözlenildi. Gynansak-da, öň türkmenleriň bary-ýogy söweşjeň nomadlar bolandyklary hakyndaky pikir ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň häzirki zaman awtorlarynyň eserlerinde ondan-oňa göçüp-gonup ýör. Häzirki zaman awtorlaryndan G.E.Markow türkmen nomadizmi hakynda has anyk aýdýar. Gündogar nomadizminiň özboluşly ensiklopediýasy bolan «Aziýanyň çarwalary» diýen monografiýasynda ol türkmenleri mongollar, gazaklar, Arabystan ýarym adasynyň araplary bilen bir hatarda klassyky çarwalaryň hatarynda goýýar, olaryň mysalynda nomadizmiň käbir teoretiki problemalaryny çözýär. Hakykatyň hatyrasyna G.E.Markowyň türkmenleriň ata watanyny Altaýyň, Günorta Sibiriň territoriýasyndan ýa-da gazak sähralaryndan agtarmaýandygyny, «öz gelip çykyşlary boýunça türkmenleriň esasan günbatar Köpetdag etekleriniň we onuň demirgazygyndaky sähralaryň ýaşaýjylaryna degişlidigini» nygtaýandygyny aýtmak gerek. Ýöne Türkmenistanyň dürli regionlarynda soňky on-ýyllyklarda geçirilen arheologik barlaglar, etnografik maglumatlar türkmenleriň ömürbaky çarwadarlar bolandyklary baradaky çaklamalary ýalama çykarýarlar. Şolardan görnüşi ýaly, irki ekerançylyk siwilizasiýasynyň emele gelmeginiň hem-de ösmeginiň gadymy gündogar tipli dünýä merkeziniň biri şu ýerde ýerleşipdir, baryp bürünç eýýamynyň ahyrlarynda bu ýerde Mesopotamiýadaky, Gadymy Gündogaryň beýleki regionlaryndaky şäherlere kybapdaş SSSR-iň territoriýasyndaky iň gadymy şäherler şu ýerde peýda bolupdyr. Antik döwründe we orta asyrlarda Türkmenistanda ekerançylyk medeniýeti ýokary derejä ýetipdir. Has täze barlaglaryň görkezişine görä, Uzboýuň hem-de Sarygamyşyň ýakasy ýaly öň däp bolan çarwa maldarçylyk zonasy Hasaplanýan ýerlerde hem ekerançylyk giň gerim alypdyr. Türkmenistanyň arheologiýasy we taryhy boýunça meşhur hem-de ykrar edilen adamlaryň biri, SSSR YA-nyň habarçy-agzasy S.P.Tolstowyň bu bilen baglanyşykly aýdan sözleri gyzyklanma döretse gerek: «Sarygamyş çöketliginiň töweregindäki ägirt uly we çylşyrymly suwaryş sistemasy şu raýonyň ekerançy türkmen ilaty tarapyndan döredilenligi örän möhüm hem-de henizem edebiýatda ýygy-ýygydan düýnki çarwadarlar hökmünde suratlandyrylýan türkmen taýpalarynyň-gadymy ekerançylyk däplerine we endiklerine şaýatlyk edýän taryhy faktdyr». Täze barlaglar mynasybetli» türkmenleriň kompleksleýin ekerançylyk-maldarçylyk hojalyklary hakyndaky konsepsiýanyň tarapdarlarynyň sany barha artýar. T.A.Ždankonyň sözleri bilen aýtsak, onda «türkmen taýpalarynyň ählisi diýen ýaly, dürli raýonlary ekerançylyk üçin ençeme gezek özleşdiripdir, soňra bolsa dürli syýasy wakalaryň ýa-da tebigy şertleriň özgermeginiň netijesinde göçüp, çarwadarlyk bilen meşgullanyp, ýene-de oturymly durmuşa geçipdir». Türkmenistan YA-nyň akademigi Myrat Annanepesow türkmenleriň hojalygy baradaky dürli konsepsiýalary seljerip, «türkmenleriň hojalygynyň kompleksleýin häsiýeti hakyndaky nukdaý nazar has esaslydyr. Ol Türkmenistanyň ilatyny däp bolan çarwadarlara we ekerançylara abstrakt bölmegi inkär edýän köp asyrlyk taryhyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutýar» diýen netijä gelipdir. Bu pikiriň adalatlylygy bilen ylalaşmazlyk, megerem, mümkin däl bolsa gerek. Onsoňam, ilatyň ýerleşişi boýunça spesialistler – demograflar matematik usullar esasynda Türkmenistanyň territoriýasynda emeli taýdan ot-iým taýýarlamazdan we wagtal-wagtal ekerançylyk işlerini geçirmezden, 100-110 müň töweregi adamyň «arassa çarwadarlyk» bilen meşgullanyp biljekdigini hasaplap çykardylar. Bu dürli taryhy döwürde ýaşan ilatyň real sanyndan 10-40 esse azdyr. Hususan-da, bu maglumatlar demograf Ş.Kadyrow tarapyndan alyndy. Ol Türkmenistanyň tebigy-geografik şertlerinde ýaşamaga ukyply maldar-çarwa ilatyň gipotetik maksimumyny anyklamak boýunça biziň hödürlän formulamyzdan peýdalandy: Bu ýerde M maks. – Türkmenistanyň tebigy öri meýdanlarynda bakylyp bilinjek dowarlaryň sanyny, S min. – çarwadar maldarçylyk maşgalasynyň ýaşaýyş minimumyny üpjün edýän dowarlaryň sanyny aňladýar. 5 – maşgala agzalarynyň demografiýada kabul edilen sanydyr. Ykdysady geografiýadaky, etnografiýadaky we demografiýadaky maglumatlar esasynda alnan sanlary ýerli-eriňde goýanymyzda, formula şeýle görnüşe gelýär: Ýöne bu san çarwa maldarlaryň sosial strukturasyna düzediş girizmezden alnandyr, degişli düzedijileriň girizilmezligi GMS-iň ýokarda görkezilen sanyny iki esse azaldýar. Bu ilat ýazuwlary esasynda Türkmenistanyň maldarçylyk bilen meşgullanýan çarwa ilatynyň anyklanan sanlaryna golaýdyr. 1926-njy ýylda geçirilen ilat ýazuwy boýunça Türkmenistanda çarwa maldarlaryň 112 müňüsi, Türkmenistan SSR Gosplanynyň 1930-njy ýyldaky maglumatlary boýunça 87,8 müňüsi bar eken. Bu ýerde sanyň kemelmegi graždanlyk urşunyň, kollektiwizasiýanyň, onuň döreden basmaçylyk hereketi diýlip atlandyrylan wakasynyň, türkmenleriň goňşy Owganystana we Eýrana göçmekleriniň netijesidir. Şeýlelikde, biz 100-110 müň adam bolanda, çarwa maldarlaryň sredasynda tebigy ösüş sähelçe ýokarlansa, onuň hut çarwadarçylygyň dargamagyna, oturymlylyga we ekerançylyk işlerine geçmäge predposylkalar döredýändigini görýäris. Şu mynasybetli barlagçylaryň belli bir böleginiň edişi ýaly, türkmenleriň ata-babalaryny diňe sähra çarwadarlarynyň sredasyndan gözlemek nädogry bolsa gerek. Türkmenleriň etnos hökmünde kemala gelmeginde çarwa taýpalaryň we halklaryň gürrüňsiz möhüm rol oýnandyklaryny boýun almak bilen, olaryň ekerançylyk bilen meşgullanýan oturymly hem-de ýarym oturymly halklardan we taýpalardan ýokary rol oýnandyklaryny bellemek gerek. Sähra çarwadarlarynyň hem-de Türkmenistanyň oazis böleginiň ilatynyň etniki komponentleriniň biri-birine gapma-garşy goýulmagy türkmenleriň halk hökmünde kemala gelmeklerine getiren etniki ösüşiň çylşyrymly proseslerine çuňňur düşünmäge ýardam etmeýär. Türkmenleriň ata-babalarynyň oguzlar diýlip gürrüňsiz hasap edilmegi we olaryň klassyky nomadlaryň hataryna goşulmagy birbada görnüşi ýaly, ol diýen göwnedegiji däldir. Munuň ýaly pikir ýöretmeler türkmen halkynyň medeniýetiniň has çuňdan gözbaş alyp gaýdýan köklerini inkär etmäge getirýär. Şeýdibem haýran galmaly ýagdaý ýüze çykýar. Arheologlar hem-de sungaty öwrenijiler häzirki zaman türkmen medeniýetiniň we Türkmenistanyň territoriýasynda mundan birnäçe müň ýyl öň dörän hem-de ösen medeniýetleriň arasyndaky baglanyşygy tapýarlar. Mysal üçin, häzir türkmen milli nagyşlarynyň, şol sanda haly nagyşlarynyň bu ýerde baryp gadymy neolitik we eneolitik döwürlerde dörändigi, türkmen halylarynyň azyndan iki müň ýyl bäri bardygy subut edilen zat hasap edilýär. Bu zatlar türkmenleriň milli lybasyna-da degişlidir. Özbegistanyň YA-synyň akademigi, biziň eýýamymyzdaky Beýik Margiananyň hudaý aýallarynyň heýkelleriniň ikonografiýasyny jikme-jik öwrenen G.A.Pugaçenkowa heýkeljiklerdäki hem-de häzirki zaman türkmen aýallaryndaky lybaslary meňzeş hasap edýär. Däp bolşy ýaly, hudaý aýallar ýerli biçüwdäki, tipiki aziýa ýeňliklerinde, köýneklerine diýseň haşamly şaý-sepler tikilen keşpde şekillendirilýär. Heýkeljikleriň köpüsinde halka hem-de aýlaw görnüşli nagyşlar, şeýle hem gyzyl reňkiň ýokundylary gabat gelýär. Keşdelenen tumar şekilli nagyşlar, tumarlaryň gyrmyzy reňki häzirki zaman türkmen börügine kybapdaş baş gaplary türkmen aýal-gyzlarynyň şuňa muwapyk lybaslaryny isleseň-islemeseň ýadyňa salýar. Şu meňzeşlikler käbir heýkeljikleriň gursagyndaky alty sany tegelejiklerden ybarat uly tumarlar görnüşindäki bezegleri göreniňde has-da mesaňa bolýar. Çyçanlyk depeden tapylan şu heýkeljikleriň biri hakynda G.A.Pugaçenkowa şeýle ýazýar: «Bu hudaý aýalyň mesaňa bildirip duran atýüzi antik döwrüniň nusgalaryna çalym edenok. Ol ýaşy durguşan teke zenanlarynyň ýüz keşbini ýadyňa salýar, olaryň lybaslarynda-da etnografik parallelleri duýmak bolýar. Munuň esasy alamatlary türkmen aýallaryndaky börükden, ýakadaky gülýakadan, onuň daş-töweregindäki çapraz-çaňňadan ybaratdyr. Megerem, biziň eýýamymyzyň başynda onuň ýüz keşbine hem-de lybasyna üýtgetmeler girizmek durnukly häsiýete eýe bolan bolsa gerek». Türkmen milli lybasynyň müňlerçe ýyllyk däpleri hakynda gürrüň gozgalanda, dürli eýýamlaryň material kompleksiniň ep-esli böleginiň munuň peýdasyna işleýändigini aýtmak gerek. Mysal üçin, Köne we Täze Nusaý şäherjiklerinde gazuw agtaryş işleri geçirilende, parfiýaly aýallaryň hem-de erkek kişileriň eşiklerine dakylan altyn we kümüş tumarlaryň dürli möçberdäkileriniň birgideni tapyldy. Olar biziň eýýamymyzdan öňki üçünji asyra we biziň eýýamymyzyň üçünji asyryna degişli edildi. Murgap oazisindäki Köne Kişman şäherjigi barlananda, altynjy – ýedinji asyra degişli gatlaklardan ýakasyna tumar tikilen köýnekli aýalyň heýkeli tapyldy. Bu däp has soňky döwürlerde-de saklanyp galýar we Türkmenistanyň orta asyr arheologik materiallarynda-da tassyk bolýar.. Keşdelenen tumarlara häzirki Bäherdeniň demirgazygyndaky Şähryslam şäherjiginde gazuw-agtaryş işleri geçirilende-de gabat gelindi. Türkmenistan YA-nyň habarçy-agzasy Ýegen Atagarryýew olary häzirki zaman türkmen zenanlarynyň lybaslary bilen meňzeş diýip tapdy. Hatda erkek kişileriň heýkeljikleriniň sakgallarynyň formasynyň häzirki türkmenleriň sakgallaryna meňzeş bolmagy aklyňy haýran edýär. Gadymy Merwiň Gäwürgala şäherjiginden tapylan heýkeljikde ol diňe aşaky äňde bolup ýaňaklar hem-de dodaklaryň töweregi syrylandyr ýa-da ýolnandyr, başgaça aýdanyňda, ol türkmen sakgalynyň tipiki formasydyr. Bu bolsa G.A.Pugaçenkowa munuň parfiýalylar we sasanidler döwründe Merwiň etniki köpçüligini düzen etniki toparyň wekiliniň şekilidigi barada aýtmaga esas bolup hyzmat edipdir. Häzirki türkmen atlarynyň antiki çeşmelerde nusaý ýa-da Parfiýa atlary ady bilen mälim bolan ata-babalarynyň Türkmenistanyň territoriýasynda baryp mundan iki müň ýyldanam gowrak öň ösdürilip ýetişdirilendigini inkär etmek hiç kimiň kellesine gelmese gerek. Gadymy we häzirki zaman türkmen medeniýetiniň arasyndaky şunuň ýaly meňzeşlikleri näçe sanasaň sanap oturmaly. Olar türkmen halkynyň medeni däpleriniň öz köküni hut şu ýerden – Köpetdagyň eteginden, Kaspiniň kenaryndaky sähralardan, Murgabyň hem-de Horezmiň oazislerinden alandygyny, onuň şu toprakda dörändigini subut edýän jedelsiz şaýatlardyr. Biziň pikirimizçe, türkmenleriň ata watanyny «heniz açylmadyk pamirlerden» gözlemek ýaly netijesiz agtaryşlary dowam etdirmek resmi taryh ylmynyň garaýşynyň hem-de pikirlenişiniň haýran galmaly ýalňyşlyklarynyň biridir. Alymlar, şol sanda ýeterlik abraýy bolan alymlar hem türkmenleriň halk hökmünde kemala gelmeginde çarwa maldar taýpalaryň baza bolup hyzmat edendigine we geneanalogik şejerelere esaslanyp, türkmenleriň ata watanyny Mongoliýanyň we Selenginiň çäklerinden (N.A.Aristow), Talasyň we Çuwyň aralygyndan (W.W.Bartold), Syrderýanyň aşaky akymlaryndan (S.P.Tolstow), Ili derýasynyň we Yssykölüň basseýninden, (Abulgazy) we başga ýerlerden gözleýärler. Soňky ýyllarda türkmenleriň ata watanyny Şumerden, Urartuwdan we dünýäniň beýleki regionlaryndan gözlemelidigi baradaky ylmy taýdan hiç hili esaslandyrylmadyk birtaraplaýyn tassyklamalar peýda bolup ugrady. Eýsem, Süli Ýaranowyň türkmenler bilen ariýleri bir millet hasap etmegi, onuň Ermenistany ary türkmenleriň ýurdy hasaplamagy ýaly awantýuristik ideýasyna näme diýip, näme aýdarsyň. Hany subutnamalar? «Armeniýa» sözüniň ortasyndan «Men» diýen bölejigini artykmaç zat hökmünde aýyrsaň, arassa «Ariýa» bolup galýar ahyry! Ýa-da Ahmet Bekmyradowyň Amerikany wikingler Erik Regokiden we Laýwa Eriksondan, Hristofor Kolumbdan hem-de Amerigo Wespuççiden ep-esli öň... türkmenler açypdyr diýen pikirlerine näme diýjek?! Häzir ylmy plýuralizme, ylmy çekişmelere hiç kim garşy bolmazmyka diýip pikir edýärin. Ýöne olar ylmy derejede alnyp barylmalydyr. Biziňçe munuň asla mümkin zat däldigine garamazdan, türkmenleriň ata watany häzirki Türkmenistanyň çäklerinden daşarda bolupdyr diýip göz öňüne getirip göreliň. Şol bir wagtyň özünde biziň şeýle ýagdaýda haýsy medeni-taryhy mirasdan ýüz öwürmeli boljakdygymyzy hem göz öňüne getirip göreliň. Biz türkmen halylarynyň aslynda türkmeniňki däldigini, aýal-gyzlarymyzyň lybasyny we şaý-sepini haýsydyr bir başga halkdan alandygymyzy, ahal-teke atlarynyň Ahala-da, tekelere-de dahylynyň ýokdugyny, olaryň ogurlykdygyny boýun almaly bolarys. Galyberse-de, biz özümiziň türkmen däldigimizi, biziň daş keşbimiziňem özümiziňki däldigini äleme yglan etmeli bolarys! Ilatyň esasy böleginiň düzüminde ol ýa-da beýleki halkyň – ýerli, awtohton ýa-da beýleki ýurtlardan gelen gelmişek halkyň köpçüliginiň etnogenez meselesinde esasy rol oýnaýandygy hemmelere mälimdir. Bu meseläni geneanologik şejereleriň esasynda çözmek kyndyr, sebäbi ol basybalyjylaryň geneanalogiýasynyň köpsanlylygy zerarly wagtyň geçmegi bilen olaryň basyp alan etniki toparlary üçin geneanologik baza bolup hyzmat edýär. Bu esasy meseläni çözmekde antropologiýanyň maglumatlary hem-de maddy medeniýet (arheologiýa) birinji derejeli rol oýnaýar. Arheologik maglumatlar ýaly antropologik maglumatlar hem türkmenleriň sostawynda häzirki zaman Türkmenistanyň territoriýasynda birnäçe müň ýyllap ýaşap gelýän ýerli, awtohon jynsyň agdyklyk edýändigini ynandyryjylykly subut edýär. Şonuň üçin hem türkmenleriň ata watanyny Mongoliýadan we Selengadan, Iliň hem-de Çuwuň basseýninden, Yssykölden, Mesopotamiýadan gözlemek nädogry bolar. Biziň ata-babalarymyzyň mukaddes topragy başga ýerde däl-de, hut şu ýerdedir, biziň ejdatlarymyzyň müňlerçe arkasy şu toprakda düýnelendir, şonuň üçin-de şu toprakdan, ata-babalarymyzdan, müňlerçe ýyllyk mirasymyzdan ýüz öwürmäge hukugymyz ýokdur. Marat DURDYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |