12:15 Hywaly Babaýew | |
HYWALY BABAÝEWIŇ ÖLÜMI
Taryhy şahslar
Respublikamyzyň Merkezi Ispolnitel Komitetiniň ilkinji başlygy Nedirbaý Aýtakow otuz ýedinji ýylyň 21-nji iýulynda nahak töhmet bilen tutulýar. Batyr Ataýew MIK-niň başlyklagyna bellenýär. Bu wezipede birnäçe aýlap işländen soň, olam nahak töhmetiň pidasy bolýar. Otuz ýedinji ýylyň oktýabrynda bolsa TSSR MIK-niň başlyklygyna otuz bäş ýaşly Hywaly Babaýew bellenilýär. 1902-nji ýylda Gazanjyk raýonynda çarwa maşgalasynda doglan H.Babaýewa demir ýolda işçi, «Türkmenbirleşikde» işläpdir. 1934-1937-nji ýyllarda Türkmenistan ýokary kommunistik oba hojalyk mekdebinde okapdyr. Türkmen Sowet ençiklopediýasynda Hywaly Babaýewe bagyşlanan makalada ol hakda «1941-nji ýylyň 30-nji awgustynda tragiki ýagdaýda aradan çykýar» diýip ýazylypdyr. Men bu adamyň ölümi bilen baglanyşykly, onuň döwürdeşleriniň birnäçesi bilen söhbetdeş bolmagy makul bildim. Ol pajygaly wakanyň bolanyna, hasaplap otursaň, şu ýyl göni ýarym asyr dolýar. Ep-esli wagt geçipdir. Meniň söhbetdeş bolan adamlarymyň hem ýaşlary birçene barypdyr. Muňa garamazdan, olar şo wakany ýatlaryna düşüşine görä gürrüň berdiler. Bu ýatlamalar ähtimal gyzyklanma döreder diýen niýet bilen ony okyjylara-da ýetirmegi maksat edindim. ■ Aýtbaý Hudaýbergenow, kyrkynjy ýyllarda TSSR HKS-nyň başlygy: Urşuň başlanmagy bilen Eýrana Germaniýanyň içalylary gelip başlady. Bizem ozalky şertnama esasynda öz goşunlarymyzyň bir bölegini Eýrana geçirmeli bolduk. Goşun Aşgabada geldi. Olary ýerleşdirmek meselesi ýüze çykdy. Harby komissariatyň jaýyny wagtlaýyn şo goşunyň ştabyna bermeli bolduk. Başga amatly jaý ýok. Hywaly Babaýewem şo ştabyň golaýyndaky köçede ýaşaýardy. Ştab we harby enjamlar ýerleşdirilenden soň TK/b/P Mk-da agşam býuro geçirdik. Býuronyň karary boýunça şo köçeden ýokaryk hiç kimi, hat-da Merkezi Komitetiň sekretarymy ýa hökümet ýolbaşçysymy, tapawudy ýok, goýbermek gadagan edildi. Şol agşamyň ertesi irden men işe gitdim. Salym geçmänkä «Hywaly Babaýew ölüpdir» diýip öýden jaň geldi. Derrew geldim, gelsem atylypdyr. Bu şeýle bolan ekeni. Hywaly işe ugranda ştaby goraýan ýaş esgeriň üstünden geçjek bolupdyr. Garawul esger «Bu ýerden geçmek gadagan» diýip, onuň öňünde durupdyr. Ol bolsa gaharlanyp, ştaba ýönelipdir. Ştabda bolsa iş wagtyndan ir bolansoň adam tapmandyr. Soň yzyna öwrülip, şofer tarapdan maşynyna münüp, oňa «Sür maşyny» diýipdir. Esgeriň maşynynyň tekerinden çenäp atan oky Hywaly Babaýewiň hemem şoferiň ýagyrnysyndan degipdir. Maşyn şo bada hem baryp köçäň gyrasyndaky elektrik sütünine urýar...Ýusup Öwezoň, uruş ýyllary LKSMT MK-nyň sekretary. 1946-1949-nji ýyllar TK/b/P Aşgabat obkomynyň we şäherkomynyň sekretary. Kyrk birinji ýyldan kyrk altynjy ýyla çenli TSSR Merkezi Ispolnitel Komitetiniň başlygy Hywaly Babaýewiň maşgalasy bilen bir howluda ýaşadyk. Frunze köçesiniň 6-njy jaýynda hemişe oň yzyndan teleohraniteli gelerdi. Şol gelensoň, ol onuň bile işe ugraýardy. Atylan güni irden Hywala Fonin jaň edipdir. TK/b/P Mk-nyň birinji sekretary. Sen Ýokary Sowetiniň jaýyna gitmänkäň, ilki meň ýanyma gelip git diýipdir. Olam teleohraniteline garaşman maşyn gelen badyna öýünden çykýar. Maşyn 20-35 metr öňe ýöränsoň, Garagum köçesine çykýar. Soňam Merkezi Komitete tarap öwrülýär. Şo wagt maşyny garawul duran esger saklaýar. Olam gazak oglany eken. Hywaly maşyndan düşüp, dokumentlerini görkezýär. Döşi deputat nyşanly, garawul esger okaýamy, okanokmy, bilemok. Ýöne dokumenti eline alýar. «Bolýarmy, bolanogam» diýmeýär-de, dokumenti yzyna gaýtaryp berýär. Olam maşyna münýär-de, şoferyna «Sür» diýýär. Karl Marks köçesine ýetmäge kyrk metr galanda ýaňky esger maşynyň yzyndan atýar. Maşynyň tekerini at, zat et, ýöne diňe göni şony nyşana alan bolmaga çemeli. Şofery maşynyň çep tarapynda, ruluň başynda otyr. A olam yzynda, sag tarapynda otyr. Atylan bary-ýogy ýekeje ok. Hywaly şo bada ölýär. Öňdäki aýnanyň aşagynda demir bar. Ok çykyp, demire degip, yzyna gaýdýar. Gelibem şofýoryň maňlaýyna çümýär. Biz şo wagt işdedik. Komsomolyň Merkezi Komiteti şo wagtlar TK/b/P Mk-nyň jaýynyň içindedi. Bärden baraňda sag tarapdady. Birden «Hywaly atylypdyr» diýen habar geldi. Ähli işgär daş çykdy. Görsek, dogrudanam maşynyň içinde ýatyr. Şofýoryňam maňlaýyndan gan akýar. Ölmändir. Ýöne özüni bilenok. «Tiz kömek» gelip ýetişdi. Şofýory keselhanada bada-bat operasiýa edýäler. Ol dört sagatda dagy çekýär. Ol operasiýa wagty jan beripdir. Hywalyň ýerine TSSR Merkezi Ispolnitel Komitetiniň başlygy bolup, Allaberdi Berdiýew geçdi. Öň ol ikinji sekretar bolup işleýärdi. Ol frunze köçesine göçüp gelmedi-de, başga ýerde ýaşady. Hywalyň maşgalasy öňki ýerde ýaşaberdi. Ýöne howlyň içinden iki otagly jaý salyndy.Onam TSSR MIK-niň sekretary Assaturowa ýaşamak üçin berdiler. Garaz, kyrk altynjy ýyla çenli menem şo ýerde ýaşadym. Kyrk altynjy ýylda maňa «Göç» diýdiler. Men Swoboda bilen Kalininiň kesişýän ýerindäki jaýa göçüp bardym. Kyrk sekizde ýer titredi. Şo gün Hiwalyň aýaly ýanyna çagalaryny alyp, Gazanjyga gidipdir. Men olardan şo gün habar tutsam, olar Aşgabatda ýok eken. Bir gyzy, iki ogly bardy. Gyzy Aksoltan medinstitutyň I-nji kursunda okaýardy. Men «Bularyň indi gitdigi-gitdigidir. Aksoltan okuwyny taşlar» diýip, öz ýanymdan pikir etdim. Üç gün geçdi. Üç günden Aksoltan biziňkä geläýdi. «Ejem hiç kimiňkä barma-da siziňkide bol» diýip, tabşyrdy diýdi. Elinde-de kiçiräjik çemedany. Bizem şo wagtlarda çadyrda ýaşaýardyk. Ähli goş-golamymyz hem şonuň içinde. «Hemmämize ýer ýetýä. Boluber» diýdik. Iki günden soň bolsa Hiwalyň aýaly iki ogluny alyp geldi. Pahyr geçen ýyl ýogaldy. Oglunyň biri öňräk aýryldy. Uly ogly. Kiçi ogly bilen Aksoltan bar, hawa, geldiler. Men oňa «Şol öňki jaýyňyzyň ýanyndan goş tutunaýmaly ekeniňiz» diýdim. «Öňki jaýymyza Ýedorow gelipdir» diýdi. Ýedorowom şo wagt TK/b/P MK-nyň sekretarydy. Ýer titrände Hywalyň jaýy ýykylman saklanyldy. Ýöne gowy jaýrylypdyr. Ýaşar ýaly däl. Soň ony, ýykdyryp, zat edip, Ýedorow üçin täze jaý salyndy. Ýer bar, howly bar, Hywalyň maşgalasy üçinem şo ýerde ýaşar ýaly etmändirler. Hywalyň aýaly Baýramgüle «Bolýa, başga hiç alaç ýok. Şu taýda ýaşaberiň» diýdim. Soň çadyrdan wagtlaýyn salnan jaýa göçdük. Üç otagly. Gapdalyndan fin jaýynam gurduk. Biz fin jaýynda ýaşadyk. Olara-da üç otaglyny berip, «Ýaşaberiň» diýdim. Hiç zat tölemeli däl. Mugt. Şeýdip olar ýaşaberdi. Soň men kyrk dokuzynjy ýylda Moskwa okuwa gitdim. Elli birinji ýylda okuwy tamamlamankam, Aşgabada işe çagyrdylar. TKP MK-nyň sekretarlygyna. Işe başladym. Bizi Karl Marks köçesiniň ugrundaky jaýda ýaşamaly etdiler. Men göçüp ýörmegi halamok. Alajyň näme, göçmeli diýseler göçmeli bolýa. Men Karl Marksa göçdüm. Hywalyň maşgalasyna bolsa öz jaýymyzy goýdum. Eýleki bölegini bolsa Kowus Çaryýew diýen ýigide berdim. «Ýaşaberiň, hiç kim zat diýmez» diýdim.Ýöne men okuwdakam Hywalyň maşgalasyna azar berjek bolan ekenler. Olaň ýaşaýan wremýankasynyň içi tagtaly, ýöne içi suwalmadykdy. Men okuwdakam raýkomhozy çagyryp, içini suwapdyrlar. Içini suwaýarlaram, pulunam tölemeli edipdirler. Geldim weli, jaýyň puluny tölän ekenler. Suwalypdyr, başga edilen zat ýok. Raýispolkoma bardym. «Näme üçin pul alýaňyz?. Puly artykmajy bilen alypsyzyň» diýdim. Baýramgüllere-de hiç zat tölemäň diýip, tabşyrdym. Raýispolkom seredip görüp, tölemeli däl etdi. Akmämmet Saryýew, ellinji ýyllarda TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň başlygy: – Hywaly Babaýew atylanda men TSSR Ýer işleri halk komissarydym. Uruş döwri Aşgabada köp goşun geldi. Şo gün men «Krasnyň molot» zawodynyň jaýnynda Maşyn traktor ussahanasyndadym. Hywalyň orunbasary O.Seýitgulyýewa meni gözläp, şo ýerden tapdy. Gepleşdi. «Hywaly Babaýewiçi woennyý atypdyr. Keselhanada» diýdi. Ol irden atylan eken. Ýöne biz gijräk eşitdik. Hem şoferyna, hem özüne degipdir ok. Irden sagat 10-da MK-da býuro bolmaly eken. Şoňa barýan eken. Ol 37-nji ýylda TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň başlygy boldy. Birnäçe aýdan soň meni halk komissarlygyna bellediler. Bir ýylda ikimiz hem SSSR Ýokary Sowetine deputat saýlandyk. Birnäçe ýyllap saçakly gatnaşdyk. Şu mahalam çagalary bilen gatnaşýas. Özi pespäl adamdy. Adamlar oňa gowy baha berýärdi. ■ Aždar Parajew, ellinji ýyllarda oba hojalyk institutynyň direktory: – Ýoldaş Hywaly Babaýew komwuzda okaýardy. Komwuzda üç bölüm bardy. Partiýa bölümi üç ýyllyk, komsomol bölümi iki ýyllyk. Sowet bölümi bir ýyllyk, Hywaly Babaýew üç ýyllyk bölüminde okaýardy. Ýoldaşlarynyň arasynda oňat ýetişýänleriň biridi. Häzir açyk, aý-güni ýadymda ýok, meniň okadyp oturan wagtym ýoldaş Hywaly Babaýewi çagyrdylar. Ertesi eşitsek, Ýokary Sowete başlyk edip saýlanan eken. Aksoltan Hywalyýewna Babaýewa, biologiýa ylymlarynyň doktory, TSSR YA-nyň habarçy çleni:– Kakam ýogalanda men dördnji klasda okaýardym. Onuň jesedi «Daýhanlar öýünde» goýuldy. Onuň bilen hoşlaşmaga köp adamyň gelendigi ýadymda. Men kakamyň uly gyzy bolamsoň, Gazanjykda ýaşaýan garry enem: «Aksoltan meň ýanymda bolaýsyn» diýen eken. Şoň üçinem men ilki garry enemiň elinde terbiýe aldym. Kakam bir gezek «Aksoltan öz ýanymyzda bolsun» diýensoň, Amanmyrat agam meni Aşgabada getirdi. Wokzaldan biz faletonly häzirki «Türkmenistan» myhmanhanasyna geldik. Amanmyrat agam şo ýerden kakamyň işleýän ýerine jaň etdi. Yzymyzdan kakamyň maşyny gelip, bizi öýümize äkitdi. Öýümize baramda jigilem meniň egin-eşigimi görüp, geň galyp seredýärdiler. Tüýs oba gyzy-da! Olar rusça gürleşýärler. Men bolsa rusça bir sözem bilemok. Şoň üçinem meni kakam rus dilini öwrensin diýip, çagalar bagyna berdi. Biz ilki-ilkiler teke bazarynyň ýanyndaky Stepnoý köçesinde ýaşaýardyk. Biziň bilen şahyr Rehmet Seýidow goňşy bolup ýaşaýardy. Kakam Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň başlygy bolup işläp başlandan soň, biz frunze köçesinde Nedirbaý Aýtakowyň öňki ýaşaýan jaýynda ýaşadyk. Obada terbiýe alamsoň, men öýde-de özümi çekinjeňlik bilen alyp barýandyryn-da, şonuň üçinem kakam meni özüne öwrenişdirjek bolup, meni öz ýany bilen teatra äkidýärdi. Kakam ýogalandan soň, Türkmenistanyň partiýa, hökümet ýolbaşçylary Hywaly Babaýewiň maşgalasy hakda uly alada etdiler. Munuň üçin biz TK/b/P MK-nyň birinji sekretary Mihail Makarowiç fonini, TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Aýtbaý Hudaýbergenowy, şeýle hem beýleki ýolbaşçy işlerde işlän Suhan Babaýewi, Akmämmet Saryýewi, Ýusup Öwezowy hemişe minnetdarlyk bilen ýatlaýas. Uruş ýyllarydygyna garamazdan, olar Hywaly Babaýewiň ýetim galan çülpe çagalaryny zada zar etmediler. Foniniň özi ýogalypdyr. Aýaly häzir Moskwada ýaşaýar. Ol tanyş-bilişlerden şu günki güne çenli biziň ýagdaýymyzy sorap, bize salam iberýär.Bir gezek men ylmy işgärleriň birtopary bilen Gyzyletrekde komandirowkada boldum. Şonda Madaw obasynyň kolhoz başlygynyň öýünde myhmançylykda bolduk. Ýoldaşymyz Baky Kerbabaýew meni öý eýesi bilen tanyşdyrdy. Ol kakam bilen baglanyşykly bir wakany gürrüň berdi. Kakam küşt öýnamagy halaýan ekeni. Komandirowka zada gidende-de öz ýany bilen küşdüni göterýän bolmaga çemeli. Bir gezek Gyzyletrekde bolanda ýaňky myhman ýerimiziň kakasy ony garşylapdyr. Onuň bilen küşt oýnapdyr. Gaýdanda bolsa öz küşdüni oňa peşgeş beripdir. Kolhoz başlygy kakamdan galan küşdi özleriniň gaty aýawly saklaýandyklaryny aýdyp, ony maňa görkezdi. Adamlarda kakam hakda oňat ýatlamalaryň galandygyna ýüregimden guwandym. Ejem pahyr kakamyň ölümi bilen baglanyşykly gürrüňi etmegi halamazdy. Kakamyň ölümi oňa gaty agyr degipdi.... 1991 ý. Maý | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |