20:13 Içki ses / hekaýa | |
IÇKI SES
Hekaýalar
Larende giriläýen ýerde başlanýan köçeler säheriň ilki yşyklary bilen ýagtylyp ugranda, köçe çyralary ýuwaşja öçmäge başlady. Garbanyşhanalarda suýk naharlaryň ysy gelip başlandan şäher edaralarynyň işgärleri gündelik işlerine başlap, şäheri janlandyrýardylar. On minutdan soň, Ahmet Selim düzülgi sagadynyň jaň sesine oýandy, bäş minut on minut diýip ýene ýarym sagatdan soň düşeginden galmalydy. Şeýle-de boldy. Eglenmän suw gaýnadyp. adatdakysy ýaly kofe içdi. Kofe içip durşuna özüni tertibe saldy. Aslynda ol özüni azara goýupdy. Ol ene-atasyndan aýry, birsyhly durmuşda ýaşamak kararyna gelipdi. Maşgalasy onuň bu kararyny oňlamasa-da, ol bir öýüň aşakky gatyny kireýe aldy. Bäş ýyldyr bir bankda işleýär, durmuşy öý bilen iş arasynda geçýär. Peýwagtyna, göwün söýen zadyny etmäge wagty ýok däldi. Emma soňky wagtlar hiç bir zat bilen weji bolanok, hiç zat edesi gelenok, bir zada hem höwesi ýokdy. Edýän zatlaryndan göwni galkynmaýardy. Edýän işi bütin ruhuna täsir edýärdi. Mejbur bolmasa, işe hem gitjek däldi. Ol öýden çykyp, burçdaky restorana tarap ugrady. Entegem özüne gelip bilenokdy. Biraz çorba içip, döwüm-dişlem nan iýse, belki özüne geler. Iýip-içip hem özüne gelip bilmedi. Restorandan çykyp duralga ýöneldi, işe howlukmaly. Duralga çenli ýadaw süýrenip bardy. Gulaklygynyň çöşlenen simlerini jübüsinden çykardy. Birki minut çözjek bolup azara galandan soň, ony gulagyna dakdy. Köçeden barýanlaryň, dükançylaryň, hiç biriniň sesini eşidesi gelenok. Telefonynda öň eşitmedik bir sazy ýaňlanýardy. Ol şol wagt bir kioskyň deňinden geçip barýardy. Şol wagt edil şu güne çenli başyna gelmedik bir zat boldy. Gulaklygynda ýaňlanyp ugran saz bilen töweregindäki adamlaryň gep-sözlerinde bir üýtgeşiklik başlandy. Gazet satyjysy öňündäki tekjeden gazet alan goja: "Köpi ötüp azy galypdyram welin, entegem gazet okan bolýar, ýogsam okaýan zatlaryna düşünýänem däldir, her gün irden gazet satyn alýar medeniýetli görünmek üçin" diýýärdi. Ahmet Selim derrew gulaklygyny çykardy, gözlerini jüýjerdip, üns bilen diňläp başlady. Şol öňki adam: “Hoş geldiňiz, jenap! Ine, her günki gazetiňiz, hem ine her günki alýan iki çöregiňiz” diýýärdi. Gulaklygy dakdy, bu gezek goja: “Husydyň biri husyt diýsäni! Beýle-de bir ýallaklamak bolar eken?! ”diýýärdi. Bu ýagdaý Ahmet Selimi gorkuzdy, bir tarapdan gyzykly göründi. Ol duralga ýetip barýarka bu başyndan geçýänler hakda oýlanyp, gulaklygy entek dakmazlygy ýüregine düwdi. Duralga baran dessine 8:40-da gelen awtobusa gyssanmaç mündi. Gapjygyndan awtobus kartyny çykardy, emma ýolkireýini tölär ýaly onda serişde ýetenokdy. Ol “ýolagçylaryň birinden kartyny sorap bilerinmi” diýip, awtobusyň sürüjisinden sorap durşuna gulaklygynyň bir taýyny gulagyna ildirdi. “Kioskdaky ýaly waka bu ýerde hem gaýtalanarmyka?”. Sürüji durmuşdan halys bolan adamyň keşbinde oňa garap azgyryldy: “Inim, kartyňda pul bolmasa awtobusa münmeli däl ekeniň-de, ýene garşyma geçip, ýolagçylardan kartyny sorap bilerinmi diýýäň”. Ahmet Selim derrew gulaklygyny çykardy, awtobusyň sürüjisi: “Bolar, şeýdaý, ýolagçylaryň birinde soraý, ýöne hemişe beýtmejek bol” diýýärdi. Awtobusdaky ýolagçylara seredip, birinden kart sorady. Kartyny beren ýolagça nagt töläp, soňam awtobus sürüjisine seretdi-de, keseki kart bilen ýolkireýini hasaplaşdy. Ahyry ol awtobusyň yzyna geçip oturdy. Gulaklygymy daksammy ýa dakmasammy diýip ikirjiňlendi, soňam dakynmagy ýüregine düwdi. Bu gezek hemme zat kadaly barýardy. Gulaklygynda saz ýaňlanýardy, ol bu gün bolup geçen wakalary hakydasynda aýlap, düşünmäge synanyşyp otyrdy. Ýigrimi minutdaan soň ol iş ýerine ýetdi. Içeri girmänkä pikirlendi, demalşynyň ýygjamlaşýanyny duýdy. Ol gulaklygynyň bir taýyny dakdy-da, içeri girdi, howpsuzlyk işgäri: "Ine, bi bysyratam geldi" diýýärdi. Gulaklygyny çykardy we derrew iş otagyna tarap ugrady. Gelip kürsüsine oturdy. Garşysyndaky stoluň başynda dosty Sinan: “Oh-o! Ahmet, ýagdaýlaryň nähili? Ýüzüň salyk, näme syrkawlap dagy ýörmüň? " -diýip aladalandy. Ahmet Selim: "Gowy, men hemişeki ýaly, gowy" - diýdi. Häzir gulaklygyny dakmak islemedi, sebäbi bu ýerde oňa iň gowy seredýän adam Sinandy. Ahmet Selim içinde tupan turýan bolsa-da, öňündäki faýllary gözden geçirýän ýaly biparh otyrdy. Birmeýdandan müdir Ahmet Selimi öz otagyna çagyrdy. Ol ýene-de gulaklygyny dakyp, müdiriň kabinetine gitdi. Gapydan giren badyna müdir: "Gel, hany ykmanda Ahmet, her gün ýatan çöpi galdyraňok, şu gün saňa 3-4 faýl bererin, ertire çenli işlärsiň" diýýär. Ahmet Selimiň gaharynyň gelýändigini ýüzüne garap duýmak mümkindi. Hiç zat geplemän, faýllary alyp, otagdan çykdy. Gelşine faýllary stoluň üstüne pyrlap goýberip, howlukmaç hajathana gitdi. Hemme zat onuň üstüne heşşerilişip gelýän ýalydy. Öňki içgysgyç durmuşy indi göwnüne gyzykly, manyly duýlup başlady. Gara dere batyp oturşyna näme etjegini bilenok. Gulaklygyny kisesine salyp durşuna, ýene biraz düýbüne itişdirdi. Soňra ýüzüne sowuk suw sepişdirip, aýnada özüne seredip durdy. Soň bolsa müdiriň ýanyna baryp, özüni gowy duýmaýandygyny aýtdy we rugsat sorady. Muňa gahary gelenem bolsa, müdir soňundan oňa rehim eden bolmaly, şonuň üçin rugsat berdi. Emma ol hakykatdanam gowy görünmeýärdi. Nirä gitmelidigi hakda oýlandy, öýüne ýönelse, ýene awtobusa münmeli, birtopar adam bilen garşylaşmaly. Adamlaryň içki seslerini ol eýýäm ýigrenýärdi. Onsaň ol pyýada ýöräp başlady. Aslynda ejesiniň ýanyna gitmegi göz öňünde tutýardy, emma bir zatdan gorkýardy. Ejesiniň ýanynda gulaklygyny dakaýsa näme bolarka? Barybir içindäki duýga seretmän dogduk öýüne gitdi. Ejesi oglunyň bir dert-endişesiniň bardygyna derrew düşündi. "Näme boldy oglum, nä derdiň bar?" Ahmet Selim hiç zat aýdyp bilmedi. Hamsygyp, hiç zat geplemän başga otaga gitdi. Ejesi bolup geçen zatlara düşünjek bolup, gapynyň beýleki tarapyndan ogluna teselli bermäge synanyşýardy. Ahmet Selim biraz pikirlenip, jübüsinden gulaklygyny çykardy. Garabagyr ejesi henizem gapynyň aňyrsyndan oňa bir zat aýdýardy. Ahmet Selim gyssanman gulaklygyny dakdy we gözüni ýumup diňläp başlady. “Oglum, eziz oglum, saňa näme boldy? Aýdaý, balam näme derdi-aladaň bar bolsa çözgüt taparys, beýtme oglum, gapyny açaý..." Şol pursatda ýüzünde ýylgyryş peýda bolan Ahmet Selim, eli bilen akýan gözýaşlaryny süpürjek bolýardy, emma ýene täzeleri göz owasyny doldurýardy. Ol gapyny açdy-da, ejesini berk gujaklady. Adem GÜLER, ýazyjy, Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň türk dilini öwreniş merkeziniň mugallymy. Terjime eden: Sylapberdi Muhamow. | |
|
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||