Iki goýunyň bir guzusy
…Gyş sowuk we gazaply geldi. Indi köp ýyllardan bäri maldarlar beýle aňzagy görmändiler. Öri meýdanlarynda ot-çöp, has beteri-de suw ýetmazçilik edýärdi. Bahar pasly ir, emma gurak geldi. Ýagyş-ýagmyr az ýagdy. Sonarly öri ýok diýen ýalydy. Ýazlamadyk mallaryň haly harapdy. Tizara dowarlaryň owlak-guzy möwsümide başlandy. Halys tapdan düşen goýun-geçiler garaýelin halynda guzlap başladylar. Çopanyň dowarlarymyzy öýe getirmegi bizi kyn ýagdaýa saldy. Sebäbi birnäçe ýyl bäri dowarlarymyz gyş örülerinde bakylýardy. Şonuň özin hem ätiýaçlyk ot-iým taýýarlamaýardyk. Adam başyna iş düşseähli zada kaýyl bolýar eken. Dowarlary günde iki wagtyna agylda iýmlemegi ýola goýduk.
Şol gün ir säher goýun-geçilere heniz iým bermänkäm, agyldaky dowarlary birlaý gözden geçirdim. Goýunlaryň biri ýaňyja guzlan ekeni. Ol garaýelin bolansoň, guzusyny emdirip bilenokdy. Janawar zaryndan-zaryn mäläp, daşyndaky dowarlardan haraý isleýärdi. Guzusynyň daşyndan aýlanyp, ikiýana pelesaň urýardy. Heniz gurap ýetişmedik guzusyny ýetişip bildiginden ýalaýardy. Guzujyk bolsa ýerinden galyp, enesini emmek, agyzlanmak üçin gaýrat edýärdi. Ýöne…
Owuz süýdünden doýmadyk mal kemis we onuň ömri kelte bolýar. Ol hemmä mälim hakykat. Şonda-da çarwadarlar owlak-guzulara goşmaça sygyr süýdüni berip, olaryň başyny aman saklamagyň aladasyny edýärler. Ýöne gurakçylyk hemmelere deňlikdi. Obada sygyr süýdi hem ýetmezçilik edýärdi.
Ynha, agyldaky goýunlaryň ýene-de birisi guzlapdyr. Ýöne bu janaweriň guzusy öli dogan eken. Ene goýun hereketsiz, saň gaty bolan guzusyna geň galyjylyk bilen seredeip , zarynlap, mäläp durdy. Men şonda garaýelin halyna guzlan goýunyň guzusyny bu goýuna agyzlandyrmak isledim. Owuz süýdüniň inendigi daşyndan mesaňa-mälim bildirip durdy. Näçe yhlas, erjellik etsemde, guzyny agyzlandyryp bilmedim. Guzujyk kesirlik bilen maňa garşylyk görkezip, emmekden ýüz dönderýärdi. Öýlän ýene-de goýunlary iýmlemäge ýataga geldim. Garaja guzynyň agzylanyp, hezil edip şol goýuny emip durandygyny görenimde, çaga ýaly begendim. Şol günden başlap, goýuny goşmaça iýmläp başladym.
Adaty endigime görä, gijara agyldaky mallara ser saldym. Dolan Aýyň ýagtysyna iki goýnuň arasynda şol garaja guzynyň irkilip ýatandygyna nazarym düşdi. Goýunlar bolsa guzujyga tarap ýüzlerini öwrüp, göwnihoş halda gäwüş çalyp ýatyrdylar.
Hekaýalar