00:04 Iki kelleli ýylan | |
IKI KELLELI ÝYLAN
Geň-taňsy wakalar
Gezip ýörseñ her hili geñ zatlara duşmak bolýar. Ýañy-ýakynda biz kinostudiýanyñ işgärleri bilen Gyzyletrek raýonyndaky Soñudagyñ eteginde ýerleşýän Baýathajy (Şarlawuk) obasynda bolduk. Agşam çaý başynda şu obadaky N4 orta mekdebiñ tebigat mugallymynyñ ekskursiýa giden ýerinden iki kelleli ýylan alyp gelenligini eşitdik. Elbetde, biz bu habara geñ galdyk. Sebäbi, jadyly ertekilerde, gadymy legendalarda iki kelleli, hatda üç kelleli ýylanlaryñ bolanlygy barada-da eşiderdik. Emma özüni görmändigimiz üçin, ol gürrüñler bize ýalan ýalydy. Magtymgulynyñ: "Eşiden deñ bolmaz, gören göz bilen" diýşi ýaly, üstüne gelenimizden soñ, biz ol ýylany görüp gitmekligi makul tapdyk. Ertesi irden mugallym Hajymämmet Hojalyýewi tapyp, onuñ bilen mekdebe ugradyk. Hajymämmet tötänden goýberen ýalñyşlygyna ökünip, ýylany nähili ele salanlygy hakynda ýolda bize gürrüñ edip berdi. - Biz sentýabryñ ýigrimi ýedisinde, dynç güni okuwçylar bilen Sumbaryñ Gyzyl ýylgyn diýen ýerine ekskursiýa gitdik. Ýörite maşynymyz bolansoñ, käkilik dagy duşaýsa gerek bolar diýip, ýanym bilen aw tüpeñimi-de alaýypdym. Gaýdyşyn maşynymyz saklandy. Kabinadan çyksam, ynha bir kiçijik ýylan aýagymyñ aşagyndan zyrmyrlyp barýar. Menem onçakly esewanam etmedim-de, ony tüpeñiñ gundagy bilen basyp goýberdim. Ol janhowluna çabalandy, bir-iki gezek arkan-ýüzün agdaryldy. Bir görsem onuñ kellesi iki ýaly. Eglibräk seretsem, dogrudanam şeýle eken. Gidip oturyşymyza biz mekdebiñ ussahanasyna ýetdik. Mugallym Hajymämmet ussahananyñ jaýyny açyp, spirtli çüýşä salyp goýan "awuny" emaý bilen çykaryp, stoluñ üstünde goýdy. Biz oña haýran galyp seretdik: ýylan heniz ýaş bolara çemeli, onuñ bary-ýogy 25 santimetrden sähel gowrak boýy bar. Bili külembibiden inçeräk. Ine, şujagaz göwräniñ bir ujy çowlanyp gidýär. Beýleki ujundan bolsa, toýnuk ýaly bolup, iki sany kelle aýrylýar. Her kelläniñ beýleki ýylanlaryñky ýaly ýüzi, iki gözi, agzy-burny, dili-dişi bar. Ýylanyñ kelleleriniñ deñ bolşy ýaly, olaryñ meñzeşligi-de edil bir almany iki bölen ýaly. - Muny janly tutan bolsak, ylym üçin has-da ähmiýetli bolardy. Bu ýylanyñ enesiniñ ýa-da atasynyñ iki kelleli bolmagy mümkin. Men obamyzda 80-90 ýaşly adamlar bilen gürrüñdeş boldum. Henize çenli iki kelleli ýylan gördüm diýen adama duşmadym - diýip, Hajymämmet bu hakda eýýäm TSSR Ylymlar akademiýasyna habar iberenligini aýtdy. Biz ýoldaş Hajygulyýewiñ öz işinde ýene-de üstünlik gazanmagyny arzuw edip, şowly syýahatlarynyñ netijesi bilen tanyş edendigine hoşallyk bildirdik. Meretguly GARRYÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 15.10.1959 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |