17:12 Kes toýnagyň, kes, jenap! | |
KES TOÝNAGYŇ, KES, JENAP!
Goşgular
- Dek oturgyn, dek - diýýär Million-million ses, jenap! - Çyk Liwandan, çyk - diýýär. Eşit, gulak as, jenap! - Yrakdan el çek - diýýär, Tes yzyňa, tes, jenap! Iordaniýa ätleseň, Obalaryn otlasaň, Işiň soňun ýatlasaň, Sus ederler, sus, jenap! Goşuň süýräp gaýtmasaň, Nas ederler, nas, jenap! Pozulmanka ýatagyň, Ýykylmanka otagyň, Gömülmänkä ketegiň, Sümül basym, bus, jenap! Döwülmänkä tötegiň Bes et "oýny" bes, jenap! Arap gül kül bolmaz, Arap ili gul bolmaz. Seniň bile dil bolmaz, Bolsaň-da her kes, ejnap! Nebti saňa pul bolmaz. Bilip aýak bas, jenap! Halklaryň erkinden zor, Ýer şarynda näme bar, Jogap ber, eý gözli kör, Gulakly ker, mes jenap! Gündogardan Gün dogýar Kes toýnagyň, kes, jenap! Meretguly GARRYÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1958 ý. | |
|
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Uzak gije / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Gyş rubagylary / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Ömrüñ manysy / Goşgular - 15.11.2024 |
√ "Watan howasyndan doýmadym hergiz..." / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Eý kylyp röwşen, ulus tapmaga enweri hüdä... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |