02:44 Ilkinji sapak / hekaýa | |
ILKINJI SAPAK
Hekaýalar
Obamyzyň ilerisindäki baýyrlykdan inen ýeriňde mes toprakly ekinçilik bar. Ýagyş suwlary owhukly-irili jaranlar arkaly akyp, bu ýere ýygnanýar. Ir bahara çenli oýtakdaky suwlap tolkun atyp ýatýar. Topragynyň ýüzi çalygyp, synasyna ýyly gidende, bu meýdanda obamyzyň daýhanlary düme ekinlerini ekýärler. Kakam birnäçe ýyl bäri ekin ýerimize ýazlyk arpa we bakja ekýär. Geçen güýz ekinçilikden gelýärkäm ýolda goýun kirpisine sataşdym. Gawun-garpyzdan ýüküm ýetik bolsa-da, welosipedimi goýup, kirpini kowalap zordan tutdym. Aýajyklary kiçijik bolsa-da gaty ýüwrük eken. Ony öe getirenimde hossarlarymdan käýinç eşitmämsoň, kirpi bizde ýaşap başlady. Telperje gapda süýt içmegi gowy görýär. Her dürli gök önümdir ir-iýmiş berseň hem ýüz öwürenok. Şeýdip biz kirpi bilen mazaly dostlaşdyk. Sowuk düşende kirpi kümämiziň bir burçundaky agaç gapyrjakja özüne ýyly mesgen gurup, şol ýerde uka gitdi. Ýazyna ýene oýanyp, iýmite işdä bilen topuldy. Şu ýylyň ýazynda bakja ekinlerimizi ýekelemäge gidenimizde kirpini öz ýanym bilen alyp gidip ýalňyşdym. Ony ýere goýanymdan göz açyp-ýumasy pursatda nirädir bir ýerlere ýitrim boldy. Köp gözlesem-de tapyp bilmedim. ”Ol ýabany jandar ahyryn, goý, erkin ýaşasyn!” diýip öz- özümi köşeşdirdim. Tomsyň başynda ýetişen arpalarymyzy ýygnap ýörkäk, kakam maňa garap: -- Ýazlyk arpanyň samany hem gyşyna tapylgysyz ýokumly iýmdir. Şonda muny hurşluk üçin baga goýan dowarlarymyza bereris -- diýip, göwnühoşlyk bilen habar gatdy. Şonda men özümi uly adamlaryň hatarynda duýdym. Kakamyň bir bölejik ýeriň arpasyny näme üçin orman goýandygyny görüp, munuň sebäbini soradym. Kakam: -- Ýör, bile göräýeli, şonda ähli zada düşünersiň – diýensoň, şol ýere ugradyk. Sümmüllerinde bir diş apra galmadyk, baldaklary somalaşyp duran samanlyja ýerde guşuň kinniwanja höwürtgesi bardy. Ol ýerdäki jüýjeler her pursatda enesi gelendir öýdýän ýaly, saryja agyzlaryny giňden açyp, iýmit talap edýärdiler. Ýaňy ganat-per baglap barýan eýjejik jüýjeleri elime almakçy bolanymda kakam elimden tutup: -- El degse ene torgaý çagasyndan ýüz öwürýändir, şuny hergiz unutma, oglum –diýip, pent etdi. ...Günortan çaglarydy. Golaýymyzda dik asmanda pel-pelläp, zaryn jürküldeýän guşuň bizden haraý isleýändigini duýup, gök biýaralaryň içi bilen şol ýere howlukdyk. Höwürtgäniň golaýynda bir ýylan dikelip durşuna jüýjelere nebsewürlik bilen garaýardy. Ýöne biziň gatyşmagymyza zerurlyk galmady. Niredendir bir ýerlerden peýda bolan goýun kirpisi ýylanyň bet päliniň öňünde böwet boldy. Tikenlerini syh-syh eden kirpi onuň bilen aldym-berdimli söweşe girdi. Ala ýylan towlanyp, her dürli hile bilen goýun kirpisini bogjak bolýardy. Emma kirpiniň ýiti neşderleri we biýz ýzly dişleri onuň tenini persala edýärdi. Ahyrsoňunda ejizlän ýylan zordan süýrenip, kirpiden gaçyp sypjak boldy. Emma çöp-çalamlyga sümlüp girmekçi bolanda, kirpi onuň yzyndan ýetdi. Guýrugyndan çekeläp, ýylany açyk meýdana çykardy. Soň mejalsyz garşydaşynyň ýeňsesinden ykjam tutdy-da, onuň boýnuny kertip taşlady. Häzir uly bir apatdan dynan mollatorgaý göýä bize alkyş okaýan ýaly, ganatlaryny pelpelledip, al-asmanda şadyýan saýraýardy. Ýylandan üstün çykan kirpini eldekimdir öýdip oýlansam-da, ony tutup öýe alyp gaýtmak pikiri meniň hyýalymda ýokdy. Onuň orny meýdandady, ol şu ýerde gerekdi. Arada Akmät mugallyma duşup, bu wakany gürrüň berenimde, ol egnime elini goýup: -- Diýmek sen, Ýazly jan, tebigata aýawly garamagyň ilkinji sapagyny alypsyň. Ol kirpiniň “seniň” kirpiňdigi belli däl. Emma haýsy bolanda-da, şol kirpi şol wagt meýdanda däl-de, öýde bolan bolsa nähili bolardy? Torgaý balalaryny kim halas ederdi? Dogrudanam, tebigatda artykmaç zat ýok, onda her kimiň öz zerur ýeri bar. Ýabany jandarlaryň diňe ejiz-hassa, aç ýa-da ýaraly bolup, mejaldan düşenlerini öýde saklamak bolar. Sagatlaryny bolsa owal-a tutmaly däl, tutsaňam wagtynda goýbermeli – diýip öwüt berdi. | |
|
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Gumly gelin / hekaýa - 08.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |