23:26 Ilýa Berezin | |
ILÝA NIKOLAÝEWIÇ BEREZIN (1818-1896)
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Akademik Baýmuhammet Garryýewiň “Magtymguly” atly kitabynda şeýle setirler bar: ”Kazan we Peterburg uniwersitetleriniň professory I.N.Berezin “Turkestanskaýa hrestomatiýa” atly üç tomluk kitabynyň II tomunda 1862-nji ýylda beýleki eserlerden başga, Magtymgulynyň bir goşgusyny türkmen dilinde arap harpy bilen çapdan çykarypdyr. ”Magrupynyň “Bellidir” şygry Kazan uniwersitetiniň professory I.N.Bereziniň “Turkestanskaýa hrestomatiýa” (1862) kitabyna girizilipdir” diýlip, “Türkmen edebiýatynyň taryhynda” görkezilýär. “Rus metbugatynda türkmen edebiýaty we şol babatdan onuň üç sany klassyk wekili Magtymguly, Kemine, Mollanepes hakynda ilki gezek 1857-nji ýylda söz açan rus alymy professor I.N.Berezindir. Ol özüniň üç tomluk “Türk hrestomatiýasynda” Magtymgulyny dünýäniň wagtlaýynlygy hakda ýazan we taryhy wasp eden soňky şahyr hökmünde sypatlandyran bolsa, Mollanepesi arassa söýgi lirikasynyň wekili hem-de“Merw hany Gajar baýa öwgüler ýazan şahyr diýip häsiýetlendirýär. Keminäni bolsa, özüniň ”ruh göteriji” ýumory, degişgenligi we satirasy bilen tanalan şahyr hökmünde görkezýär . Türkmen dil biliminiň esasyny goýanlaryň biri professor Aleksandr Petrowiç Poseluýewskiý hem Bereziniň türkmen dialektleri dogrusyndaky işleri hakda şeýle ýazypdy:«Из европейских ученых впервые обратил внимание на туркменский язык проф. И.Н.Березин, имевший возможность вoвремя своей трехлетней научной поездки по Востоку ознакомиться с диалектом иранских туркмен в Астрабадской провинции. Результаты его наблюдений над туркменским языком изложены им в следующих трудах: 1) «Годичный отчет путешествующего по Востоку» (Журнал Министерства Народного Просвещения за 1845 г.) и 2) «Recherechessurles dialectеs musulmans» I. Systemedes dialects turcs (Казань, 1848). Кроме того мы находим образцы (сомнительные) туркменских текстов во втором томе его «Турецкой хрестоматии». Сохраняя значение первого опыта научного исследования туркменского языка, работы Березина страдают вместе с тем рядом недостатков, в значительной мере обесценивающих его труды. Критики (А.Шифнер, Н.Ильминский, А.Н.Самойлович) вменяют Березину главным образом в вину: отсутствие специальной лингвистической подготовки, недостаточную восприимчивость к фонетическим особенностям изучаемых языков, не всегда серьезное отношение к объектам исследования, применение арабского алфавита вместо фонетической транскрипции, поспешность в обобщениях и недостаточно критическое отношение к собираемым мате¬риалам». Görşümiz ýaly, türkmen edebiýaty dogrusynda XIX asyrda ilki bolup gürrüň gozgan adamlaryň biri hökmünde rus alymy I.N.Bereziniň ady agzalsa-da, şu wagta çenli onuň ylmy mirasy we ömür ýoly barada giňişleýin ylmy makalalar ýazylmady. Biz şu işimizde professor Bereziniň ömür ýoly we ylmy mirasy hakynda giňişleýin gürrüň etmegi dogry hasapladyk.Kazan hem Peterburg uniwersitetleriniň türki diller boýunça professory Ilýa Nikolaýewiç Berezin studentleri, rus ylmy jemgyýetini türkmen edebiýatynyň nusgalary bilen ilkinji gezek tanyşdyran alym hasaplanýar. Ol W.Bartoldyň, A.Samoýlowiçiň mugallymydyr. Olary türkmen edebiýatyny, taryhyny öwrenmeklige gyzykdyranlaryň biridir. I.N.Berezin özüniň toplan materiallaryny “Türk hrestomatiýasy” ady bilen üç tom edip çykarýar. Türkmen edebiýatynyň nusgalary hrestomatiýanyň ikinji tomunyň birinji goýberilişinde ýerleşdirilipdir. Ol 1862-nji ýylda Kazanda neşir edilipdir. "Hrestomatiýa“ türki halklaryň edebiýaty bilen tanyşdyrmagy niýet edeni üçin onda hiç hili edebi-tankydy pikir ýok. I.N.Berezin hrestomatiýada ýerleşdirilen on ýedi sany şygry türkmen poeziýasynyň nusgasy hasaplapdyr. Biz işimiziň professor Berezine bagyşlanan böiüminiň ahyrynda “Hrestomatiýada” dili türki bolan arap ýazuwynda neşir edilen bu goşgulary türkmen ýazuwyna geçirip , ilkinji gezek okyjylara hödürlemegi dogry hasapladyk. Elbetde, Ilkinji neşir bilen soňky neşirlerde çap edilen nusgalaryň arasynda tapawutlaryň bardygyny hem aýtmaly. Edebiýatçy alym D.Nuralyýew “Türk hrestomatiýasynda” neşir edilen şygyrlarbarada söz açyp, professoryňgözlegleri barada gyzykly maglumatlary getiripdir. Şygyrlaryň demirgazyk Kawkazda ýaşaýan türkmenleriň dilinden göçürilendigini belleýär. “Näme üçin I.N.Berezin bu nusgalar barada öz ylmy-tankydy pikirini aýdyňlaşdyrmandyr” diýen sowala alym özüçe jogap beripdir: “Bu ýerde, biziň pikirimizçe, şeýle ýagdaýyň sebäp bolmagy mümkin. Öňki döwrüň gündogary öwreniş ylmynyň öňünde ilki bilen sap praktiki wezipeler durýardy. Materialyň nähilidigini kesgitlemezden, teoretiki jemlemeler edişdiribermek mümkin däldi. Esasy zat – publikasiýa bolup durýardy. Ýöne I. Berezin eline düşen nusgalaryň haýsy halka degişlidigini anyk kesgitlän bolsa – şunuň özi onuň üçin uly açyş bolupdyr. Biz ondan diňe şony talap edip bilýäris, başga hiç zat” . Bize awtoryň pikiri bilen ylalaşmak galýar. Professor I.N.Bereziniň ylmy mirasyna geçmezden öňinçä, ilki bilen, onuň terjimehalyna nazar aýlalyň! *** Ilýa Nikolaýewiç Berezin (1818-1896) – rus gündogar öwrenijisi (türkolog, parsşynas, mongol taryhyny öwreniji), Peterburg uniwersitetiniň türk-tatar dilleri kafedrasynyň at gazanan professory, gizlin geňeşçi (taýnyý sowetnik- A.Ç). Ilýa Berezin 1818-nji ýylyň 20-nji iýulynda häzirki Perm ülkesiniň Perm raýonynyň Ýug şäherçesinde kollej sekretarynyň maşgalasynda dünýä inipdir. Ilki maşgala terbiýesini alandan soňra, Ýekaterinburgdaky uýezd uçilişesinde başlangyç bilim alypdyr. Okuwyny tamamlandan soň ol professor G.S.Surowsew tarapyndan Perm uýezdindäki gimnaziýa bilim almaga ugradylypdyr. Gimnaziýany tamamlap, 1837-nji ýylda ol Kazan uniwersitetine gündogar dilleri bölümine okuwa girýär. 19 ýaşyna ýetmänkä-de, ol okuwy tamamlaýar. Uniwersitetde okan döwri ol professor Fýodr Iwanowiç Erdmanyň ýolbaşçylygynda arap-pars dillerini erjellik bilen öwrenipdir. Ol okuw kursuny gündogar bölümi boýunça kandidat derejesinde tamamlaýar. Ony taryh-filologiýa fakultetinde taýýarlamak üçin professoryň kafedrasynda galdyrypdyrlar. Şol döwürde parslaryň we tatarlaryň durmuşy bilen ýakyndan tanyşmagy üçin ony Astrahana iberipdirler. Ol ýerde birnäçe wagtlap bolandan soň gelip, Kazanda “Что способствует развитию просвещения и останавливает ход его в державах магометанских” atly temadan dissertasiýa goraýar we 1841-nji ýylda gündogar dilleri boýunça magistr diýen alymlyk derejesine mynasyp bolupdyr. I.Berezin 1842-nji ýylda professor Aleksandr Kasymowiç Kazembek tarapyndan Dagystan, Zakawkazýe, Arabystan, Türkiýe, Eýran we Müsür ýurtlaryna üç ýyllyk ylmy sapara ugradylýar. Ol şu üç ýylyň içinde şol ýurtlarda ýaşaýan halklaryň dillerini, durmuşlaryny, edebiýatyny we şol gündogar ýurtlarynyň gadymy taryhyny içgin öwrenipdir. Ýaňy biz professor Kazembegiň adyny agzap geçdik. Onuň ýaş Berezine nähili täsiriniň bolandygyny aýratyn gürrüň ederis. I.N.Bereziniň bu saparyň dowamynda bitiren işleriniň hasabaty 1845-1846-njy ýyllarda Kazan uniwersitetiniň “Учёные записки”ylmy neşirlerinde çap edilipdir. Ylmy sapardan dolanyp gelen I.N.Berezin 1846-njy ýylyň 19-njy martynda türk dili kafedrasynyň professory bolup işläp başlaýar. Ol bu ýerde işlän dokuz ýylynyň içinde rus we fransuz dillerinde ylmy traktatlaryň we makalalaryň uly toplumyny ýazypdyr. Berezin ikitomluk “Gündogar taryhçylarynyň kitaphanasynyň” (“Библиотека восточных историков”) “Şeýbanynama” we “Jami- et Tewaruh” atly iki sany düýpli nusgawy işlerini çap etdiripdir. 1855-nji ýylda Krym urşunyň başlanan döwri Peterburg uniwersitetiniň ýanynda gündogar dilleri fakulteti açylýar. I.N.Berezini işdeş ýoldaşlary A.W.Popow, B.P.Wasilýew bilen bilelikde türk-tatar dilleri kafedrasynda işlemek üçin ordinatura çagyrýarlar. 1870-1873-nji ýyllarda ol fakultetiň dekany, 1871-nji ýyldan bolsa at gazanan professory bolýar. 1863-nji ýylyň 30-njy awgustyndan ol hakyky stat geňeşçisi, 1885-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda hem ony gizlin geňeşçilige geçiripdirler. I.N.Berezin Peterburga işe geçmek bilen, merkezde neşir edilýän ylmy žurnallar bilen ýakyn aragatnaşykda bolupdyr. Onuň gündogar ýurtlary hakynda, aýratyn-da, 1842-1845-nji ýyllardaky saparlarda dörän “Oçerkleri” žurnal sahypalarynda ýygy-ýygydan çap edilipdir. Bulardan başga-da ol gündogara degişli ýazylan kitaplarda ýa-da ylmy işlerde synlary, göwrümli tankydymakalalary bilen yzygiderli çykyş edipdir. Rus arheologik jemgyýetiniň Gündogar bölümi, Halk magaryf ministrliginiň žurnaly, “Вестник Европы”, “Отечественные записки” we gaýry neşirlerde çap edilen işlerinde professor düýpli meseleleri gozgapdyr. Berezin 1864-nji ýylda “Очерк внутренного устройство улуса Джучиева” (“Juçi ulusynyň içki gurluşy”) atly temadan gündogar dilleri boýunça doktor diýen alymlyk derejesini almak üçin dissertasiýa goraýar. Ol 1872-1879-njy ýyllar aralygynda “Rus ensiklopedik sözlüginiň” 16-njy tomuny neşir etmäge synanyşypdyr. 1883-1884-nji ýyllarda “Täze ensiklopedik sözlügiň” iki tomuny neşir etdiripdir. Professor bu kitaplaryň okyjylar üçin hem elýeterli, hem gysgadan düşnükli bolmagyny isläpdir. Ilýa Nikolaýewiç Berezin 1896-njy ýylyň 22-nji martynda (3-nji aprel) Peterburgda ýogalýar. Ol Sankt-Peterburgda, Nowodewiçýe gonamçylygynda jaýlanypdyr. 1856-njy ýylda ol Keramatly Swýatoslaw ordeniniň 2-nji derejelisi, 1867-nji ýylda Keramatly Anna ordeniniň 2-nji derejelisi, Keramatly Wladimir ordeniniň 3-nji derejelisi (1871), Keramatly Swýatoslaw ordeniniň 1-nji derejelisi (1874), Keramatly Anna opdeniniň 1-nji derejelisi (1878), Şir we Gün pars ordeniniň 2-nji derejelisi (1863) bilen sylaglanypdyr. Berezin halypa hökmünde F.I.Erdman bilen A.K.Kazembegi agzaýar. Onuň birinjisi numizmatika we taryhy işleriň awtorydyr. Heniz Kazan uniwersitetinde okap ýören döwründe Berezin Kazembek bilen has ysnyşykly gatnaşykda bolupdyr. Kazembek eýýäm şol wagtlar student ýigide şahsy sekretary hökmünde özüniň rus dilinde ýazan hatlaryny we işlerini tertibe salmagy, düzedişdirmegi ynanypdyr. Ol tä uniwersiteti tamamlap, kandidat derejesini alyp, 1842-nji ýylda gündogara syýahata ýola düşýänçä, öz halypasynyň şeýle tabşyryklaryny ýerine ýetiripdir. Şeýle hem, ol bu tabşyryklaryň daşyndan başga-da dürli işleri ýerine ýetiripdir. Halypasy Kazymbegiň terjimehalyny öwreniji Berezin mugallymynyň nemes dilini bilmeýändigini hem ýazypdyr. Şunuň bilen baglanyşykly akademik Bartold Bereziniň öz işlerinde nemes edebiýatyna köp salgylanandygyny ýatlaýar,mundan çen tutsaň, onuň bu dile suwara bolandygy hakda pikir döreýändiginiň, ýöne biografynyň ýazmagyna görä, onuň bu dilden habarsyzdygy hakda aýdylsa-da, onuň nemes edebiýatlaryndan nädip peýdalanandygynyň we bu işde oňa kimiň hemaýat edendiginiň belli bolman galandygyny ýazypdyr. Uniwersitetde okan ýyllary Berezin birje gezek Kazany taşlamaly bolupdyr. Muňa-da onuň Astrahana we galmyk sähralyklaryna baryp, ol ýerde ýaşaýan parslaryň we tatarlaryň durmuşy bilen ýakyndan tanyşmak islegi sebäp bolupdyr.1841-nji ýylyň fewralynda ol gündogar dilleri boýunça magistrlik derejesini almak üçin dissertasiýa gorapdyr. Ýöne şo döwre laýyklykda, dissertasiýanyň golýazma görnüşinde bolandygy sebäpli, ol işiň ady bize nämälim. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, 1842-nji ýylda Berezin bilen başga bir magistr Wilgelm Dittel üç ýyllyk gündogara iş saparyna ugradylypdyr. Olaryň öň az öwrenilen Kaspiýaka welaýatlarda, Gilýan we Mazendaranda ýaşaýan ilata köpräk üns bermekleriniň zerurdygy hem tabşyrylypdyr. Bu iş sapary Berezin üçin gaty öndümli bolupdyr. Gören-eşiden zatlary hakda ol köp sanly makalalar ýazypdyr. Makalalar gyzgyny bilen dürli neşirlerde çap edilipdir. XIX asyryň 40-njy, 50-nji we 60-njy ýyllarynda Berezin tarapyndan ýazylan makalalar onuň sowat derejesiniň, ylmy gyzyklanmalarynyň gaty giňdigini subut edýär. P.Ý.Petrowyň taýýarlan sanskrit antologiýasynyň neşir edilmegi bilen baglanyşykly Bereziniň ýazan oçerki täzeçilligi bilen saýlanypdyr. Ýa-da bolmasa, “P.P.Semýonowyň terjimesinde Pitteriň ýer eýeçiligi” atly syny hem uly gyzyklanma döredipdir. Kazan uniwersitetinden Peterburga gaýdandan soň Berezin bu ýerde gündogar fakultetiniň beýleki professorlaryna garanyňda has-da işeňňirlik görkezipdir. 1860-1863-nji ýyllarda ilki agza, 1861-1862-nji ýyllarda edebiýat fondunyň gaznaçysy bolýar. “Rus ensiklopedik sözlüginiň” neşir edilip başlanmagy Berezine ulyat-abraý getirýär. 1861-nji ýyldan 1863-nji ýyllar aralygynda ”Rus alymlarynyň we edebiýatçylarynyň ensiklopedik sözlüginiň” gündogaryň taryhy we edebiýaty bölüminiň redaktory bolýar. Ýöne bu neşir soňuna çenli gutarylman galýar: “A” harpyna degişli bäş tom, “E” harpyna degişli hem ikinji bölüminden bir tom neşir edilipdir, soň hem “B” harpyna dolanmak göz öňüne tutulan eken. Bu işe Kraýewskiý diýen alym ýolbaşçylyk edipdir. Neşiri taýýarlamaga Berezinden başga-da Welihanow, Wasilýew, Kossowiç, Muhlinskiý, Patkanow, Paşino, Petrow, Hwolson, Çubinow ýaly orientalistler gatnaşypdyrlar. Parslaryň taryhyndan we edebiýatyndan makalalar Berezin tarapyndan ýazylypdyr. Şeýle hem, şa Abbas I hakyndaky makala hem Berezine degişlidir. Awtor öz makalasynda ýurda şalyk eden döwri döwleti düýpli ösdürmegiň deregine, onuň ösüş baradaky tagallalarynyň jyzlanyň ömrüne meňzeşligi dogrusynda aýdylýar we gödeksi aziýalylaryň arasyndan çykan şanyň öz zalymlygy bilen tapawutlananlygy hakynda-da ýazypdyr. Neşirdäki “Aziýa” diýlip atlandyrylan makala Bereziniň gatnaşmagynda P.P.Semýonow bilen F.F.Brant tarapyndan taýýarlanylypdyr. XIX asyryň 70-nji ýyllarynda Berezin tarapyndan özbaşdak taýýarlanan “Rus ensiklopedik sözlügi” üstünlik bilen amala aşyrylýar. Bu babatda Wasilýew 1879-njy ýylda “Sözlük” bilen bagly işiň tamamlanmagynyň öňüsyrasynda “Tutuş Russiýanyň nazary bu işe gönükdirilendir” diýip ýazypdyr. Mundan kän soň, has takygy,Bereziniň ýogalmagy bilen baglynekrologynda N.I.Weselowskiý:”Ensiklopedik sözlügiň” neşirçisi Berezini, eýsem-de bolsa, kimler bilmeýärdi?” diýip ýazypdyr. Wasilýewiň sözlerine görä, “Öň uly harajatlar bilen köp zähmet siňdirilen iş, hatda soňuna çenli gutarmak hakda gürrüňem ýok, ol edilmeli işiň ýarysy hem edilmän galdy;Indi welin işiň gutarylmagyna iki aý galdy, Bereziniň üstünligine bütin uniwersitet buýsanyp biler” diýse, Weselowskiý “Orta ýaşdan geçensoň, şeýle işe baş goşmak aňrybaş erjellik bolmasa-da, ýöne hiç bir kömekçilersiz we kitap bazarynyň şeýle ýagdaýynda işiň amala aşyrylmagy sözüň doly manysynda edermenlik” diýip ýazypdyr. Ýöne Bartold Weselowskiniň “hiç bir kömekçilersiz” diýen sözi bilen ylalaşmaýandygyny ýazýar. Ol neşiriň baş redaktorynyň soňundan birinji “Sözlügiň” geljekki işgäri, belli publisist B.R.Zotowyň durandygyny, şeýle hem, Berezine bu işe uniwersitetiň mugallymlarynyň birnäçesini, şol sanda on iki sanysyny – Wasilýew, Girgas, Hazarow, Kossowiç, Lerh, Minaýew, Petrow, Peşurow, baron Rozen, W.D.Smirnow, Çernýaýew, Çubinow ýaly gündogary öwrenijileri neşiriň işine çekmegi başardandygyny belleýär. Şeýle hem, Bartold bu düzümde Grigorýew bilen onuň öz okuwçysy N.I.Weselowskiniň ýokdugyny, munuň hem, ähtimal, olaryň arasyndaky şahsy gatnaşyklar bilen baglydygyny aýdýar. Sözlükde ýerleşdirilen baron Rozeniň “Arabystan”, Lerhiň “Buhara”, “Mawerannahr” atly makalalarynyň şol döwre çenli ýazylan makalalardan kän gowudygy nygtalypdyr. Ýöne Bereziniň bu sözlüginde gündogary öwreniş ylmyna az üns beripdir. Şeýle hem, gyrgyz-kaýsaklar, gyrgyz-türk edebiýaty, türk taýpalary, türk dili we ş.m. hakda ýeterlik maglumatlar berilmändir ýa-da gunlara “asly galmyk aziýaly çarwa halklardy” diýilmegi sözlügiň abraýyna däldi. Sözlüge imneperator Aleksandr II-niň hut özüniň ýazylmagy, neşiriň mirasdüşer şazada-imperator Aleksandr III-ä bagyşlanmagy, Halk magaryf ministrliginiň neşiri orta okuw jaýlarynyň kitaphanalary üçin satyn alynmagyna goldaw bermegi, Bartoldyň sözi bilen aýdylanda, “Sözlüge – uly ähmiýet berlendiginiň güwänamasydyr”. Berezin ömrüniň soňky ýigrimi ýylynda mugallymçylyk işinden, öňki edip ýören ylmy işlerinden daşlaşypdyr diýseňem boljak. Çünki şol döwürde okamaly leksiýa sapaklary okalmandyr, öndümli işlän döwrürleri başlan işleriniň birnäçesi, aýratyn-da, onuň taryh ylmynyň öňünde esasy hyzmaty Reşideddiniň “Mongollaryň taryhynyň” terjimesiniň neşiri soňuna çenli gutarylmandyr. Bereziniň mongollaryň taryhy bilen gyzyklanmagy, onuň 1845-nji ýylda Peterburga işe çagyrylandan soň başlanypdyr. Ol şo döwre çenli daşary ýurtlarda syýahatda bolup gelýär. Kazan uniwersitetiniň professory bolýar, Peterburgda işe başlandan soň, ol kitaphanalarda basalakly oturyp, türki hrestomatiýasy üçin maglumatlary toplaýar, mongollaryň taryhy çeşmelerini öwrenýär, onuň “Sankt-Peterburgyň kitaphanalarynda saklanylýan türk-tatar golýazmalarynyň beýany” atly işi hem şol ýyllaryň önümidir. Onuň 1847-nji ýylda Daşary işler ministrliginiň arhiwinde işlemegi hem muňa golaýdan ýardam edipdir. Kazanda Berezin tarapyndan “Gündogar taryhçylarynyň kitaphanasy” atly neşire başlanypdyr, onuň birinji tomy 1849-njy ýylda çap edilipdir. Berezin bu neşirlerde gündogar taryhçylarynyň, şeýle hem, ilkidurmuş Russiýasynda ýaşan türki we beýleki taýpalaryň ýaşaýyş-durmuşlary hakdaky işlerini ýatlap, musulman geograflarynyň galdyryp giden ýazgylary bilen bularyň üstüniň dolduryljakdygyny habar beripdir. Berezin 1850-nji ýylda ýazan “Altyn Ordanyň içki gurluşy” diýen işinde by pikirini gaýtalap, “Kitaphanada” musulman ýazyjylarynyň mongollar hakdaky ýazgylary bar bolsa, olaryň ählisiniň ýygnalyp, ýuwaş-ýuwaşdan jemleniljekdigi dogrusynda ýazypdyr.Abulgazynyterjime etmek meselesinde Berezin ýeke däldi. Bu işe G.S.Sablukow ýaly tanymal alym hem gatnaşýardy. Ol baryp-ha, 1830-njy ýylda Kazan uniwersitetini tamamlapdy. 1844-nji ýylda bolsa Gypjak şalygynyň içeri ýagdaýlary hakdaky işini çap etdiripdir. Sablukowdan başga-da bu işe şo wagtlar Kazan uniwersitetiniň kandidaty D.Banzarow, hem-de Kazan dini uniwersitetiniň şo wagtky bakalawry N.I.Ilminskiý hem gatnaşan eken. Berezin “Kitaphana” neşiri bilen bilelikde, Altyn Ordanyň taryhy bilen, ýagny han ýarlyklary we pullary bilen gyzyklanypdyr. Berezin iki gezek, 1846-njy we 1852-njy ýyllarda Wolga boýlaryna, bulgar harabaçylyklaryna aýlanyp görüpdir. Onuň bu ýerlerdäki gören-eşiden zatlary baradaky ýazgylarynyň uly ähmiýetiniň bolandygyny akademik Bartold hem belleýär. Berezin wolgaly bulgarlar hakynda ylmy işleriň birgidenini ýazmak hakda göwün ýüwürdipdir, hatda şol halkyň taryhyna synlar düzmegi hem maksat edinipdir. Ýöne weli, bu zatlar onuň derňew işleriniň wezipesine girmeýärdi. Onuň bu ugurdaky işleriniň atlary taryhy makalalaryň atlaryna meňzese-de, aýdaly “Mongollaryň Russiýa birinji ýörişi”, “Batynyň Russiýa ýörişi” ýaly işleri filologiýa degişlidir, has takygy, bu işler gündogar golýazmasynyň, Reşideddiniň golýazmasynyň terjimesidir. Işde terjimeçiniň taryha degişli bellikleri onuň ýüzleýräk garan ýerleriniň hem bardygyna güwä geçýär: Matarha şäherini Astrahan şäheri bilen çalyşmagy muňa mysal bolup biler. Matarha bilen Tmutarkanyň birdigi, eýýäm XVIII asyrda bellidi. Goýberilen şunuň ýaly säwlikler başga-da birdir-ikidir göze ilipdir. Berezin Reşideddiniň golýazmasy bilen heniz Kazan uniwersitetinde işläp ýörkä gyzyklanyp başlapdyr. Akademik W.W.Bartold Bereziniň bu ugurda bitiren işleri dogrusynda, olardaky käbir säwlikler hakynda aýdyp, onuň terjimesiniň ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirilendigini aýratyn belläp geçipdir: “Terjime hakynda aýdylanda bolsa, Bereziniň çeken zähmetiniň aýratyn ýerine düşendiginiaýtmaly. A.N.Samoýlowiçiň maňa habar berşine görä, Aziýa muzeýinde saklanylýan ýazgylarda Bereziniň bu işiň terjimesini dürli adamlara tabşyrylandygyny, ýöne işi bütewi okap çykanyňdan soň, munuň bir adamyň galamynyň astyndan çykandygyny, munuň Bereziniň eserlerine dahyllydygyny hasap etmek bolar” diýip ýazypdy. Bu babatda Bereziniň “Gündogar taryhçylarynyň kitaphanasynyň” birinji tomuna ýazan sözbaşysynda belleýşi ýaly, “Terjime edilende golýazmalaryň asyl nusgasyndan ugur alynjakdygyny, guraksy ýerleriniň hem owadanlap durulmajakdygyny“ ýazypdyr. Ol özüniň bu sözlerine işiň soňuna çenli ygrarly bolup galypdyr. Muňa pars diline suwara, örän zehinli terjimeçi B.A.Žukowskiniň göwni ýetip, oňa ýokary baha beripdir. (Ýeri gelende aýtsak, B.A.Žukowskiý XIX asyryň ikinji ýarymynyň ahyrlarynda türkmen topragynda syýahatda bolup, “Gadymy Merwiň harabalyklary” atly göwrümli işini ýazypdy. Ol akademikler W.W.Bartoldyň we Marryň gaýyn atasydyr – A.Ç.). Berezin Altyn Orda žuçylar dinastiýasynyň taryhy barada köp işler eden alym. Bu ýerde Altyn Ordanyň döreýşi hakda gysgaça taryhy maglumatlary getirmek ýerlikli bolsa gerek. XIII-XIV asyrlar Ýewraziýanyň umumy keşbini doly özgerdýär. Çingiz hanyň ogly Baty hanyň ýediýyllyk basybalyjylykly ýörişleri (1236-1242) netijesinde emele gelen Altyn Orda (žuçylar dinastiýasy) gündogardaYrtyş derýasyndan günbatarda Dunaý derýasy aralykdaky araçägi öz içine alýar. Žuçylar imperiýäsynyň demirgazyk tarapy Bulgar şäherine we Başgyrt ülkesine, günorta tarapy Kawkazdaky Demirgapa (Dagystanyň Derbent şäheri), günorta-gündogarda ýokarky Yrtyşdan Ala köle we ondan aňry Balhaş kölüniň günortasyna, Syrderýa çenli uzalyp gidýär. Ol ýerden, Syrderýanyň orta akymyndan başlap, günortada Aral deňzini we demirgazyk Horezmi (Köneürgenç), Ustyurdy, Maňňyşlagy öz içine alýar. Bu imperiýany her kim bir hili atlandyrypdyr: araplar – “Demirgazyk tatar patyşalygy”, “Deşti-Gypjak patyşalygy” we “Ulus zuçy”; ýewropalylar “Tatariýa” ýa-da “Koman ýurdy” (gypjaklaň ýurdy), ruslar “Orda” ýa-da “Tatar patyşalygy”, tatarlaryň özleri bolsa “Ulug ulus” (Beýik döwlet) diýip atlandyrypdyrlar. Onuň “Altyn Orda” ady orta asyrlarda “altyn” sözüniň “beýik” sözüniň sinonimi bolup gelýändigi bilen baglydyr. Tatarlaryň “Idegeý” eposynda-da bu ýurduň ady “Altyn Orda” diýlip getirilýär. Has soňrak, XVI asyrda rus taryhçylary bu ady ylmy-jemgyýetçilik dolanyşygynda has içgin we ýörgünli ulanyp başlaýarlar. Şeýle-de, bu dinastiýany esaslandyryjylaryň Çingiziň nebereleridigini göz öňünde tutup, “Ulus žuçy” ady hem ýörginlidir. “Ulus žuçynyň” ilkinji hökümdary (1227-1257) we bu imperiýany esaslandyryjy Baty hanyň we onuň dogany Berke hanyň (1257-1266) döwründe esaslandyrylan döwlet ýörelgeleri soňky hökümdarlaryň döwürlerinde-de dowam edilipdir. XIV asyryň 70-nji ýyllarynda Ulus žuçy imperiýasy doly kämilleşýär we Altyn Orda döwründe onuň durnukly we gülläp ösen döwri başlanýar.Altyn Ordanyň syýasy-ykdysady babatda has güýçlenen döwri diýip, hökümdarlar Özbek hanyň (1312-1342) we Janbeg hanyň (1342-1357) döwleti dolandyran ýyllary hasap edilýär. XIV asyryň başlarynda Altyn Ordanyň milleti yslamy doly kabul edýärler we yslam döwlet dini derejesine göterilýär. Žuçylar dinastyýasynyň yslamy kabul etmegi umumydöwlet ideologiýasyny döretmedik bolsa-da, Altyn Ordanyň medeniýeti, aýratynam Özbek hanyň hökümdarlyk eden ýyllary musulman medeniýeti bilen has ysnyşýar. Altyn Orda-da öňden bar bolan we mongollaryň guran şäherleriniň sany 110-dan hem geçýär. Arap taryhçysy Omarynyňýazmagyna görä, XIV asyryň birinji ýarymynda Horezm (Ürgenç), Sygkak, Saýram, Ýarkend, Jend, Saraý, Majar, Akjakerman, Katu, Sudak, Saksin, Ykek, Bolgar, Derbent we Sibir topragynda - Jbir, Başgyrt, Çulyman ýaly şäherleriň bardygyny ýazypdyr. Arap geograflarynyň maglumatlaryna esaslansak, Altyn Orda döwleti Konstantinopol (Gara) deňzinden Yrtyş derýasyna çenli, Bal-al-Abwobadan (Derbentden) Bulgar şäherine çenli araçägi öz içine alypdyr. Bulgarlar Altyn Ordanyň şäherleriniň gülläp ösmegine we hünärmençiligiň ýola goýulmagyna uly goşant goşupdyrlar. Bereziniň “Žuçylar dinastiýasynyň içerki gurluşy hakynda oçerk” atly dissertasiýasyny işimiziň başynda hem agzapdyk. Bu ylmy iş 1863-nji ýylda kitap bolup çap edilipdir wealyma uly ylmy abraý getiripdir. Ýöne Bartoldyň bellemegine görä, alymyň dissertasiýasy gyssagarada ýazylypdyr. Onuň şeýle bolmagyna käbir zatlar sebäp bolupdyr: 1863-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda fakultet uniwersitetiň alymlar geňeşinden Berezine, Wasilýewe, Kossowiça hem-de Hwolsona ýazan ylmy işlerini göz öňünde tutup, olara doktorlyk derejesini bermek kararyna gelmek bilen, haýyş bilen ýüzlenipdirler. Şol aýda geçirilen geňeşiň mejlislerinde birnäçe professoryň işleriniň karara laýyk däldigi mälim bolýar. Şonuň üçin hem, Berezin bilen Wasilýew ikisine dissertasiýalaryny görkezmeli edilipdir. Şol ýylyň noýabrynda dissertasiýalar taýýar edilende we 10-njy dekabrda Bereziniň işine Golstunskiniň, Wasilýewiň işine hem Bereziniň synlary ýazylypdyr. Şeýlelikde 15-nji dekabrda doktorlyk dissertasiýalaryň ikisi hem goralypdyr. Berezin makalalarynda filologiýa meselelerinden daşary taryhy meseleleri hem gozgapdyr. Mysal üçin, mongol halkynyň we mongol sözüniň döreýşi, Çingiz hanyň günbatara ýörişi, Reşideddiniň işlerinde ýyl öwrülişi we gaýry meseleleri gozgap, ony soňuna çenli alyp baryp bilmändir. Muny XIX asyryň 70-nji ýyllaryndan başlap, Bereziniň ylmy meselelere az üns berendigi, muňa onuň dekan bolup işländigi, zerurlyk ýüze çykanda,rektoryň hem wezipesini ýerine ýetirendigi bilen düşündirmek bolar. Bartoldyň pikiriçe, Berezin öz mugallymçylyk kärini esasy hasaplamandyr. Zehinli populýarizator, daşarky üstünlikleri ileri tutýan Bereziniňoriýentalist mugallymlaryň işleýän ýönekeýje iş şertleri bilen kanagat etmeýän alyma çalymdaşlygy hakda Bartold belläp geçipdir. Ýewropa ylmy merkezleri hakyndaky makalasynda ol “german professorynyň guraksy” we durmuşdan üzňe ylmyny rus halkynyňboýnuna dakmak agyrlygyny hem-de “iki-üç adamly boş auditoriýada takal okamagyň hiç kime gerek däldigini” ýazypdyr. Bartoldyň pikiriçe, öz mugallymy Bereziniň işine ökde adamlary höweslendirjek bolup, ýa bolmasa, olary medala hödürlejek bolup jan çekip ýörenini hiç kimiň bilmeýändigini belleýär. „Maňa onuň ”Şu adam meniň halypamdy“ diýeni ýadymda däl. Bu babatda 1863-nji ýylda Berezin bilen Wasilýew ikisi hakynda gürrüň gozgalanda “Berezin daşky bilime”, Wasilýewiň bolsa “öz okadýan sapagyna berlenligi barada Nikitenkonyň gündeliginde galdyran ýazgysynyň hakykata laýyk gelýändigini” Bartold belläp geçipdir. Bereziniň okadan sapaklary hakda Bartoldyň ýazgysyndan çen tutsaň, olKazanda han ýarlyklaryndan başga diňe osman tekstlerini geçipdir. Bulardan başga-da, ol wagtal-wagtal türki taýpalarynyň taryhy, türk imperiýasy we türk edebiýatynyň taryhyndan leksiýa okapdyr. Peterburgda işlän döwri Orta Aziýa türki golýazmalaryndan daşary taryhy mazmunly, kämahal 1859-njy ýylyň ekzamen programmasyna laýyklykda VIII asyra çenli türki halklara degişli hytaý maglumatlaryna bagyşlanan kursy geçipdir, käwagtam Russiýada we Aziýada ýaşaýan häzirki türki taýpalaryň taryhyndan we etnografiýasyndan sapak beripdir. Bular umumy “Türki edebiýatlaryň taryhyna giriş” diýlip atlandyrylypdyr. Bu döwür hakda Bartold şeýle ýazgy galdyrypdyr: “Meniň okan döwrüm” (1890-nji ýyl) bu kurs şeýle atlandyrylypdy. Saklanyp galan ýazgylarymda Berezin şol wagtlar öz diňleýjilerine esasy üç sany çarwa türki halklar hakda – türkmenler, gara-gyrgyzlar hem-de gyrgyz-gazaklar hakda maglumatlar berýärdi. Käte onuň leksiýalaryndan Radlowyň işleriniň ysy gelýärdi, ýöne onuň ady agzalmaýardy. Köplenç bolsa Pýotr I-den başlap 1860-njy ýyllara çenli döwürde rus hökümeti tarapyndan gyrgyz sähralyklarynyň asuda bolary ýaly rus hökümetiniň geçiren çäreleri hakynda aýdylýardy. Berezin hem Radlow ýaly general-gubernator Kateniniň (1857-1860 ýý.) sähra düzlüklerde maldarçylygyň zyýanyna gallaçylygy ösdürmegi öňe sürmegine garşy çykardy. Maldarçylygy saklap galmagyň has peýdalydygyny, munuň Russiýanyň hajatlary üçinem zerurdygyny belleýärdi. Bereziniň ýogalmagy mynasybetli N.I.Weselowskiý tarapyndan ýazylan makalada aýdylyşyna görä, halypa alym “soňky döwürlerde ylmy işler we olary amala aşyrmak üçin pikir edipdir”. Bu onuň 1890-njy ýyldaçap edilen “Türk hrestomatiýasy” barada bolmagy ähtimal. Çünki goja alym ömrüniň soňky ýyllarynda ony ozal gyzyklandyrýan taryhy meselelere dolanyp gelmändir. Belki-de, ylmy işlere ymtylmagyna onuň 1890-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda ylmy döredijiliginiň elli ýyllygy mynasybetli geçirilen dabara hem iteren bolmaly. 1889-njy ýylyň dekabrynda bu sene bilen bagly Peterburg uniwersiteti Berezini hormatly agzalyga saýlapdyr. “Dabaraly agşamda söz sözläp, ýubilýar öz bitiren hyzmatlarynyhasam ulaldyp görkezdi” diýip Bartold ýazýar. “Ýubileýden soň, auditorýadakylar ilkinji gezek ony el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Onuň goja ýaşda etsem-goýsamlarynyň amala aşmazlygy, eger-de amala aşaýanda-da garrylygyň oňa doly güýjünde hyjuwly işlemäge päsgel berjegi görnüp durdy. Garry professoryň öňki at-owazasy bilen ýaşap ýörmegi onuň üçin amatlydy”. Dowamy bar >> | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |