11:56 "Indi meniñ nobatym" / ýumoristik hekaýa | |
"INDI MENIÑ NOBATYM"
Satiriki hekaýalar
Gün ýaşyp, garañky düşende şäheriñ huşagetirijisiniñ gapysyndan deşli, garaýagyz aýal hasanaklap girdi. Ol howlukmaç gapjygyndan üç eplenen ýigrimi bäşligi çykardy-da, nobatçy seržanta uzatdy. - Şuny alyñ-da, maña kwitansiýa beriñ! Huşagetirijiniñ nobatçysy, orta boýly, horja seržant gözünden äýnegini aýryp, ilki nätanşyñ pully eline, soñra hem ýüzüne alarylyp seretdi. - Bu näme? - diýip, kibtini gysdy, ýanynda oturan wraçyñ ýüzüne bakdy. - Häzir ku ýerik meniñ adamym Ahmedi getirerler. Siz ony bärde ýuwundyrjak bolup, huşa getirjek bolup hem azara galmañ. Hakyny alyñ-da, Ahmedi goýberiñ, özüm ojy öýde huşa getirerin. Bu gün Ahmediñ aýlyk alýan güni. Eline pul düşdügi içýär-de, size düşýär. Sizem ony huşuna getirkek bolup, azar ýamanyny görýärsiñiz. Üstesine, menem heläk bolýaryn. Işden galyp, Ahmedi öýe äkitmek maña-da ýeñil düşenok. Gowusy, häzir äkideýin. Muzduny welin öñünden alyñ - diýip, Ahmediñ aýaly ýene-de puly nobatça uzatdy. - Adamyñyzyñ familiýasyny aýdyñ? - Amanow. Ahmet Amanow. - Hä-ä şol Amanow diýseñizläñ? Ýa, walla! - Nobatçy elini stola şapladyp urup, çalt ornundan galdy, gözlerini ýumup, wakyrdap, güldi - Ýa, walla, muña sered-ä! Daýza jan, ol gelse, ony huşuna getirýänçäk biziñ huşumyz başymyzdan gaçýar. Olmy... - diýip, nobatçy Ahmediñ turuzýan gopgunlaryny, bolşuny aýdyp gutarmanka, tarkyldap gapy batly açyldy-da, iki milisioner Ahmedi süýräp diýen ýaly içerik getirdi. Ahmet bolsa agzynyñ gyllygyny tüýkürip sögünjireýärdi. Arlaýardy. - Ýok, men öýe gitjek däl!.. - Sen näme üçin öýe gitmersiñ? - diýip, hälki deşli aýal gygyryp, ör-boýuna galanda, Ahmet tisginip gitdi, yrañ atyp duran pyýada dessine dikeläýdi. Indi ol aýalynyñ öñünde gözlerini gyrp-gyrp edip, doñan daş ýaly butnaman durdy. Bu ýagdaýy synlap duran nobatçy seržant ýyrşaryp: - Ýagşylygyñy unutmarys. Wah, çaltrak äkitseñiz bolýar, puluñyzam gerek däl - diýip, stolen daşyndan pyrlanyp başlady. Petdi MAGSYMOW. "Garagum" žurnaly. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |