19:03 Çüýşe döwügindäki gan / kriminal detektiw | |
ÇÜÝŞE DÖWÜGINDÄKI GAN
Detektiw proza
• Eseriň wakasy altmyşynjy ýyllarda uzak obalaryň birinde bolup geçýär. Wakanyň bolan ýerine giden operatiw-agtaryş topary gaýdyp gelensoň, bölüm naçalnigi kapitan Hekimowy ýanyna çagyrdy. - Hany, nämeler anyklan bolsaňyz, aýdyp oturyň, men bu barada şäher ýolbaşçylaryny habardar etmeli. - Jenaýatyň bolany çyn, jenaýatkär welin, nämälim – diýip, kapitan Hekimow elindäki depderçä edilen dellikleri okady. – Ejir çeken alty-ýedi ýaşlaryndaky oglanjyk, bokurdakdan ýüzleýräk kesilip, gan barysy akypdyr. Wakaň bolan ýerinden iki çüýşe, mynjyran “Opal” çiliminiň gaby, çekilip taşlanylan bäş-alty sany çilim püçekleri. Başga-ha tutaryk bolaýjak zat ýok diýseňem boljak. Hawa, ýene bir zat, bir çüýşe böleginde gan tegmili bar. Başga-da… bu hadysany milisiýa habar eden goýun çopany uzyn boýly erkek kişiniň günorta çagynda bir çaga bilen şol töwerekde köw-söwläp ýörendigini hem görüpdir. Meýdi ölüleriň saklanylýan jaýyna ugratdyk, ertir ekspertizanyň çykaran netijesi taýyn bolar. -- Ýeri, neresse çagaň näme günäsi bolup biler diýsene? – diýip, naçalnik elini şapladyp stola urdy-da, aýaga galdy. – Bu jenaýatyň üstüni açmagy men size tabşyrýan, ýoldaş kapitan.Ýene size näçe kömekçi gerek bolsa aýdyň, gyzgynlygy bilen jenaýatyň üstüni açmaly. Haýal-ýagallyga ýol bermäň, ýoldaş kapitan, öňem açylmadyk jenaýat az däl. Bu ýerde çaga ölümi bar, çaga ölümi. Men ministre-de jaň edeýin. – Naçalnik telefon trubkasyny göterdi-de, “gidip bilersiňiz” diýýän äheňde inspektora elini salgap goýberdi. Kapitan Hekimow öz iş ornuna gelip, ekspertiza geçirmek barada hatlary, wakanyň bolan ýerinden alnan subutnamalary jemläp, olary degerli edaralara ibermek üçin taýýarlady. Soňra nobatçydan käbir faktlary anyklamagy talap etdi, näbelli jenaýatçynyň gözlegini nämeden başlamalydygyny kesgitledi. Ýazan kagyzlaryny rejeläp oturyşyna bolan jenaýat hakynda hem oýlandy. Ýöne telefonyň jyňyrdysy Hekimowyň oý-pikiriniň arasyny böldi. --Diňleýän. Näme? Ýok, ol ýumşy özüm oňararyn. Çaganyň suratyny köpeldip getirdilermi? Jaň ediň-de, çaltrak taýýar edilmegini haýyş edin. Soňam suraty post gullugyndaky ähli işgärlere, uçastok inspektorlaryna paýlaň, bakjalara, mekdeplere aýlap çykyň. Iň möhüm iş – çaganyň kimligini anyklamaly. Howlugyň, ýoldaş leýtenant – diýip, Hekimow trubkany ornunda goýdy, deslapky geçirilmeli gözleg işleriniň planyny düzdi. Wagtal-wagtalam telefonda käbir ýerlere – awtoinpeksiýanyň nobatçysyna, milisiýanyň demir ýol bölümine jaň edip, heläk bolan näbelli çaga hakynda habar berdi. Olardan jenaýatkäri anyklamakda hemaýat etmeklerini haýyş etdi. Soňra kabinetiň içinde eýläk-beýläk aýlanyp ýörşüne bolan jenaýat barada özüçe pikir ýöretdi. “Adamkärçiligi, ynsap-kanagaty, agzybirligi, tertip-düzgüni ösdürmek herki zatdan wajyp. Gör, bolýanyny, perişde ýaly çagajygy nädäýipdirler?”. Şu duýgulara gaplanan inspektor sagadyna esedip, başyny ýaýkady-da: “Şundan soň öýe gitmegiň hajatam ýok. Gel, oduk-buduk bilen oňňut edeýin” diýdi. Soňam tok çäýnegi göterip, otagdan çykdy. Çaý gaýnatdy, demlendi, ýöne ony oturyp içmek Hekimowa nesip etmedi. Nobatçy topara goşulyp, talyplaryň ýatakhanasynda bolan wakany anyklamaga ugrady. x x x Düýnki bolan jenaýatdan bu günem uç tapylanokdy. Çaganyň kimdigini, onuň nirede ýaşaýandygyny anyklamak bar zatdan möhümdi. Bu ilkinji nobatda edilmeli işdi. Şonsuz jenaýatyň üstüni açyp boljak däldi. Işgärler bilen maslahatlaşyp, her taraplaýyn oýlanyp, kelle döwüp, kapitan Hekimow täze bir teklip bilen bölüm naçalniginiň ýanyna geldi. -- Ýoldaş nacalnik, men-ä bu jenaýatdan teý uç tapyp bilemok. Wagt geçýä, çaganyň kimdigi welin nämälim. Ýoldaş naçalnik, öldürilen oglanjygyň suratyny telewideniýede halka görkezip, köpçüligiň ýardamyna daýanmaly boljak. Pursaty elden gidermäliň, ýogsam jenaýat eden arany açar, onsoň ýägdaýymyz has-da agyrlaşar – diýip, Hekimow iki-üç suraty naçalnige uzatdy. -- Telewideniýä arkaýynsyraman, özümiz tijenmeli. Ýogsam…-- Bölüm naçalnigi suratlary synlap, biraz ikirjiňlenip oturdy. – Çaga eýe çykýan ýok-da? -- Wah, bizi köseýänem şol. Çaganyň kimdigi anyklanylsa, jenaýat edeniň gaçyp gitjek ýeri bolmaz. Ýoldaş naçalnik, başlyklary yrjak bolup görüň, belki… -- Öz-ä birhili-aýt! Birinji ýerindemikä? – diýip, naçalnik trubka ýapyşdy. – Salam, Oraz Nepesowiç! Men Hallyýew, mümkin bolsa ýekeje minut kabul ediň, örän wajyp mesele. Sag boluň, häzir barýan. Naçalnik ýeňillik bilen ýerinden galdy-da, stoluň üstünde ýaýrap ýatan suratlary pakasyna salmaga durdy. x x x Agşamky habarlar gepleşiginden soň telewideniýede görkezilen näbelli çaganyň suraty şäherlilerde uly howsala döretdi. Bölüm naçalnigidir nobatçynyň telefonlarynyň sesi kesilmedi. Ene-atalar, hatda çagajyklaram jaň etdi. Iňrik garalanda, milisiýanyň gyzyl çyzmykly maşyny köçäniň öwrüminde ýerleşen howlynyň gapysyna gelip togtady. Kapitan Hekimow maşyndan düşüp, gapa bakan ýörände, uzyn boýly erkek kişi gapyny gulplaýardy. Inspektor onuň ýakynyna bardy-da: -- Maňa Kerim Hanow gerekdi. Men şäheriň jenaýat agtaryş bölüminden – diýip, oňa jübüsinden gyzyl şahadatnamasyny çykaryp görkezdi. -- Jenaýat agtaryşyndan?! Hm… eýle bolsa giriň, giriň –diýip, Kerim Hanow sakawlap gepledi. -- Men işli geldim. Siziň Berdi atly alty-ýedi ýaşly ogluňyz barmydy? Şony… -- Oglum, meniň oglummy? Elbetde, bar. Ýöne Berdi jan häzir-ä öýde ýok. Ýogsa-da ol size nämä gerek boldy? -- Nirede? -- Özümem şoňa haýran. Düýn myhmançylyga gidipdim. Men öýe şu gün işden soň köwlendim. Ony öýdenem, daş-töwerekdenem tapmadym. Garbanyp, indem milisiýa habar etmäge barşymdy. Belki azaşyp, onam siziňkiler ýygnandyr – diýip, Kerim sandyraýan eli bilen çilim otlanmaga durdy. Çilim sorup durşuna özüniň ýekeliginden zeýrendi. – Ejesiz çagany saklamak ýeňil däl ekeni. Men haçana deňiç ony bilime daňyp gezeýin. -- Onuň ejesi hany? -- Ejesiniň çaga üstünden ýogalanyna bir ýyl ötdi. --Howluda çagaňyz ýeke galýar-da onda? -- Irden bakjasyna äkidýän, işden soňam alyp gaýdýan. Aý, biziňkem bir oňňut-da, ýoldaş maýor. -- Kapitan – diýip, Jekimow oňa düzediş berdi. -- Bagyşlaň, ýoldaş kapitan. Şumat maşgala edinäýmegem muşakgat. Ýoldaş kapitan… -- Kerim Hanow ýene bir gezek inspektory boýdan-başa synlady. – Üstüme sorag baryny ýagdyryp durmaň-da, oglumy tapan bolsaňyz aýdyň. Ol nirede, jany beri sagmy? -- Ogluňyz-a düýn şäheriň çetinden tapyldy. Onuň jesedi… -- diýip, inspektor Hekimow howlyň içine göz gezdirip, jübüsinden çilim çykardy, çykarsa-da otlamaga howlukmady, ony barmaklarynyň arasynda oýnap durşuna özüniň getiren şum habarynyň heläk bolanyň kakasyna neneňsi täsir etjekdigini göz öňüne getirip bilmedi. Hut şol manyda ýene bir gezek Kerim Hanowyň ýüzüne çiňerilip seretdi. Kerim Hanow welin, dili damagyna dykylan ýäly gepläp bilmedi. Onuň bu bolşuna inspektor hem adaty ynsanyň başyna inen agyr hasratyň ýürekde döreden aljyraňňylygydyr öýtdi, oňa duýgudaşlyk bildirmek isledi. -- Hawa, neressäni şeýdipdirler. Häzir bolsa çagaň jesedi ölüleň saklanylýan jaýynda. -- Düşünmedim-le, ýoldaş kapitan. Jeset diýmäňiz näme? Kimiň jesedi ol? – diýip, birhaýukdan dil açan Kerim Hanow inspektora golaý bardy. – Ýo-ok, ol seniň diýýäniň başga çagadyr. Berdi dostunyň ýanyndadyr, öýde bolmansoň, gelmäge howlugýan däldir. Onuň dostlarynyňkyda ýatyp gaýdýan çaglaram bolýar ahyryn. -- Şuňa nazar aýlaň. – Inspektor papkasyndan çykaran suratyny Kerim Hanowa uzatdy: -- Çalym edýänem ýäly… Ýok, bu meň oglum däl. Töwerek-daşda görünmedi welin, ol hökman Esenlere gidendir. Gör, häliden hakydama gelmändir. Garaşyň, dessine köwlenerin – diýip, Kerim gapa bakan ýöredi. -- Bile gidýäs – diýip, inspekoram onuň yzy bilen howludan çykdy. Maşyn üç köçe geçip, saga öwrüldi-de, Kerimiň salgy beren jaýynyň gapysynda saklandy. Howla girilen ýerde alty-ýedi ýaşlaryndaky oglan nämedir bir işe gümra bolup otyrdy. Oglanjyk Kerimi görenden: -- Berdini getirmediňmi, Kerim kaka? – diýip, onuň gujagyna doldy. -- Men-ä oňa seň yanyňdadyr öýdüp geldim. Ol öýde-de ýok… -- Üç gün-ä bolandyr görmänime. Öý bikesi çaý-çörek mürähet etdi. Kerim bolsa maňlaýyny sypap durşuna nazaryny inspektora gönükdirdi. Şu pille inspektoryň kellesinde set-müň pikir pelesaň urdy. “Uzyn boýly erkek kişiniň günorta çagynda bir çaga bilen şol töwerekde köw-söwläp ýörenini gören goýun çopanynyň maglumatynam anyklamak gerek. Ätiýajy elden bermezlik üçin işi Hanowyň ýaşaýan jaýyny synlamakdan başlaýyn”. Kerim howludan çykansoň, ugruny ýitiren ýolagçy kimin saga-sola ýöräp, basymrak inspektoryň giderine garaşdy. Şol mahalam öý bikesi oňa ýaşmak astyndan: -- Kerim, agşamky telewizorda görkezilen oglanjyk… -- diýip, pyşyrdady-da, sözüni soňlap bilmän, hamsykdy. Bu gezek Kerime derek inspektor jogap berdi. -- Şol bolmagam ahmal, ýeňňe. Ýöne entek biz käbir zatlary anyklamaly boljak.--- Ol Kerim Hanowyň ýüzüne bakyp: -- Münüň maşyna, öýüňize eltip gaýdaýyn! – diýdi. -- Ýok, ýok, azar edinmäň, özüm giderin -- diýip, Kerim elini salgady. -- Münüň! – diýip, inspektoryň maşynyň yzky gapysyny açyp bermegi, oňa ikirjiňlenip durmaga maý bermedi. Olaryň münen maşyny Hanowyň öýüniň deňinde saklandy. -- Jaýyňyza menem barmaly boljak – diýip, Kerimin yzy bilen howla girdi. -- Geliň, geliň. Ynha, men saňa çaýjagazam oturdaryn, bu günem howa yssy. Gurbany boldugym adam baryny serlen erik ýaly kakadyp barýa. – Kerim gapyny açdy. -- Çaý içip oturmarys, maňa bölümde garaşýändyrlar – diýip, Hekimow mürähede-de garaşman, jaýa girdi. Otaglara göz aýlansoňam, Hanowyň aýagyndaky köwşüne seretdi. – Diýmek, siziň öýden ýekşenbedäki çykyp gidişiňiz-dä! -- Hawa. -- Mümkinmi? – diýip, Hekimow onuň köwşüne elini uzatdy. -- Baş üstüne! – diýip, Kerim aýakgabyny çykaryp, inspektora berdi. -- O taýynam beriň. Hanow gözlerini petredip, inspektora aňkardy. -- Göwnüňize zat getirmäň diýip aýtdym-a. Sizden ýene bir haýyş. Ertir sagat onlarda milisiya bölümine baryp gaýdyň. Häzirlikçe hoş! – diýip, Hekimow Kerimiň köwşüni goltugyna gysyp, çykyp gitdi. * * * Kapitan Hekimow terbiýeçisini gözläp, onuň terbiýelenilýän bakjasyna gelende, eýýäm iş güni başlanypdy. Ol gapynyň agzynda “Körpe” žurnalynyň gatyny agdaryşdyyp duran orta boýly, görmegeý zenandan: -- Bagyşlaň, men bir oglanjyk hakynda siz bilen gürleşip bilmezmikäm? – diýip sorady. -- Siz milisiýadanmy? Gelersiňiz öýdýärdim – diýip, terbiýeçi aýal kapitanyň ýüzüne gussaly esetdi. – Wah, telewizorda gören dessime jaňam etdimle. Ne bir gül ýalyja, akyllyja çagady. Iki ýyl bäri ol meň toparymda bolýardy. Ilk-ä oň ejesi öldi. Çagajyk ejesini ýadyndan çykaryp bilmänem gezdi. Neneňsi haýynlyk! Agşamdan bäri essime gelip bilemok. Olar ýaly düşbüje, göze ýakymly çaga seýrek bolýar. Wah, ony kim beýdäýdikä? -- Çagaň ene-atasy hakda näme aýdyp biljek? Belki, urup-sögýändiklerini eşidensiň? – diýip, inspektor nämedir bir zatlary depderçesine bellik edýärdi. – Çekinmäň-de, bilýäniňizi aýdyberiň. Ganhory tapmak biziň borjumyz. -- Ejesi-kakasam Berdini diýseň gowy görýärdiler. Ol bakjada üst-başy arassaja, şadyýan gezerdi. Ejesi Bossan pahyr özi bar mahaly baýramçylyklara-da, ýygnaklara-da ýygy-ýygydan gelerdi. Ýeke perzendim diýip, asyl ölüp-öçüp barýardy-la. Ýöne olam ýogalansoň… ýaňy aýtdym-a, neressäň ýüzi gülmedi diýip. Soňky wagtlar-a oňa nämedir bir zadyň bolýanyny aňýadym. – Terbiýeçi gözlerinden biygtyýar akan ýaşa ünsem berenokdy. – Bilmedim, Berdiniň kakasy öýlenipdir diýib-ä eşitmedim. Oglanjyk ýekedi. Wah, ýekelik gurasyn. Ana, onsoň her kişi bilen tirkeşip, barmasyz ýere ötägitse-de gidiberýä. -- Bagyşla, şol aýalyň ady näme, belki ony görensiňiz? -- Adynam bilemok, göremogam. Ol bu yere ýekeje gezegem gelmändi ahyryn. -- Size soňky sowalym. Berdi şenbe güni bakja geldimi? -- Geldi. Özem ony kakasy getirdi. *** Gapy kakylanda Akgül diwanda ýatyp telewizora seredýärdi. “Häk, takyrdadyp geçenler, maňa rahatlyk berjek däl-ow bylar” diýip, hüňürdäp, et salnan halta ýaly sallanyp barşyna gapyny açdy. Milisiýa eşigindäki nätanşy görübem tisginip gitdi, reňke boýalan dodagyny müňküldetdi: “Myny haýsy arwah itekläp getirdikä?” -- Salam! Mümkinmi? – diýip, kapitan Hekimow nazaryny Akgülüň gorkuly gözlerine dikdi-de, otaga girdi. – Ýokuş görmeseňiz, men sizden birki soraga jogap almakçydym. -- Milisiyaň men nämesine derkarmyşym? Ogurlyk-jümrülik edendirin-ä öýdemok – diýip, Akgül näzemsiräp, kä dodaklaryny çöwrüp inspektory telewizorly otaga cagyrdy. Otagdaky turşumtyk ys kapitanyň burnuny köwläp gitdi. Ol töweregine ýalt-ýult edip seretdi, birki sapar ýemşik burnuny ýygryp ysyrgandy, ýöne nämäniň-nämedigine düşünip bilmedi. Bisaýhal goşlary, har saklanylýan otagy synlabam başyny ýaýkady. -- Soraň, men taýýar—diýip, Akgül telewizory öçürdi-de, argyn arwana ýaly eplenip, inspektoryň garşysyndaky diwana çökdi. “Bi myrryhyň oňňullyga gelmändigi görnüp dur. Ýa-da araky ýaşyryp satan bir gapyrjak çilimim hakda bulara-da til edäýdilermikä?” -- Öňňin şäheriň çetinde Berdi Kerimow diýlen çaga öldurilipdir… -- Ýeri, öldürilse öldürilipdir-dä, maňa näme dahyly bar, ýoldaş kapitan! Belki, ony menden görjek bolup gelensiňiz? – diýip, Akgül inspektoryň sözüni böldi. Inspektor gözlerini gyrp-gyrp edip Akgüle esetdi-de, dili tutulan ýaly biraz dymdy. Gelniň gödek jogaby onuň kakyn damaryny gorjasa-da, sypaýyçylygy elden bermedi. -- Bu sizi-de tolgundyrmaly. Siz ol çagany oňat tanaýarsyňyz, kakasy Hanow Kerim bilen ýakyndan gatnaşyk saklaýarsyňyz, oňa durmuşa çykmak hyýalyňyz-da ýok dälmişin. Bular hakynda siziň öz agzyňyzdan eşidäýsem… Ýogsa-da, familiýaňyzy, işleýän ýeriňizi aýdyň. – Hekimow goltuk jübüsinden iş depderçesini çykaryp, stoluň üstünde goýdy. -- Men Artykowa Akgül, şumat işlämok. Allanäme işim bardy, söwdada. Öňki alkaş adamymam… hamala söwdada işleýän aýal jelep bolýamyşyn. Asyl öňýetenden gabandy ýördi. -- Gazanç etmän ýaşamagam ýeňil düşmese gerek. -- Bahym ýene şol öňki işime bararyn-da, garaş-a diýýärler. Käte joralaryma kömekleşýän, birneme düşmänem duranok. Aý, şeýdip güzeranam geçip dur öz-ä. -- Hanowyň çagalydygyny bilýämidiňiz? -- Hawa, göwün söýse nätjek, çagalymy, ýaşulymy, parhy ýok. Çaga bilenem öwrenişdim. Ýöne… Siziň aýdýanyňyz ugrunda bolsa, birhil-ä bolýa, men Kerime durmuşa çykýan, onuňam öýünde betbagtlyk. Görýän welin, meňki ýene şowuna däl öýdýän – diýip, Akgül elini maňlaýyna şapylatdy-da, soňam stolda ýatan çilime elini uzatdy. – Mümkinmi? -- Çekiň, çekiň! Munça bolanyna görä, menem size goşulaýyn – diýip, Hekimow çilimi ilki Akgüle berdi, soňam özüne birini aldy. – Şuny menem teý goýup bilemok. Eýsem, siz Berdi bilen öwrenişip ýetişipmidiňiz? -- Öwrenişäýmek diýmek dilde aňsat. Her näme etseňem, men oňa öweý ene bolýan. -- Berdini çagalar öýüne ýa başga birine bermek hakda Kerim, heý, alada etmedimi? -- Men-ä eşidemok. -- Öýden gaçýämydy ol? Ýöne Kerim kämahallar bu ýere gelende, ony dostlarynyňkyda galdyryp gaýdanyny bilýän. -- Bu ýerde siz ejeňiz bilen ýaşaýaňyzmy? -- Men kireýine ýaşayan, jaý şonuňky – diýip, Akgül orta ýaşlaryndaky aýalyň diwardan asylgy duran suratyna barmagyny uzatdy. Ol şumat bazara gitdi. -- Urup-käýýän bolsaňyz, Berdem öýden çykyp… -- Ýog-eý, daş etsin! Bir hepde bäri men barmysyň diýip Kerimiň gapysyndan ätlemesem näme. Kerimiňem polady ýumşak, oglunyň towugyna tok diýjek adama meňzänok. -- Oglunyň heläk bolýanyny Kerim size aýdandyr-a. Ýogsa-da, ol soňky gezek bärde haçan boldy? – diýip, inspektor çilim püçegini emaý bilen küldana oklady-da, Akgülüň jogabyna garaşdy. Akgül bolsa çilim sorup oturyşyna göz astyndan kapitany synlaýardy. Duýdansyz başlanan güýçli şemal şarkyldadyp penjiräni ýapanda, Akgül tisgindi, elindäki çilimi etegine gaçdy. Penjiräniň iki tarapyny-da ykjam ýapyp, gelip öz ornunda oturdy. -- Wiý, huşum gursun. Kerim ýekşenbede meň ýanymdady. Irdenem işine turup gitdi. Soň men ony göremok – diýip, Akgül gerindi-de, “Ýene soragyň barmy?” diýýän terzde inspektora seretdi. -- Eýsem, siz çagaň heläk bolanyndan bihabar-da? Häzirlikçe bes edäýeliň. Ol depderçesini ýygnaşdyryp, gitmek bilen boldy. * * * Düýn öýlän çaglary başlanan gyzgyn howa tomsuň ýetip gelýändiginiň buşlykçysydy. Baharyň hoştap, jana ýaramly howasyna öwrenişen şäherlilere gyzgyn howur ýaranokdy, olar, süllerişip ugran ösümlikler ýaly, özlerine salkyn ýer gözleýärdiler. Ýadawlykdan hem suwsuzlykdan kepän dodaklaryny ýalap gelýän kapitan Hekimow özüni zordan salkyn kabinetine atdy. Tok çäýnekde çaý oturdyp durşuna hem düýnki ekspertiza iberen subutnamalary hakynda oýlandy. “Wakanyň bolan ýerinden gipslenip alnan aýak yzlary, çilim gaby hem çekilip zyňlan çilim püçekleri, çüýşe böleginde galan gan – bular azda-kände jenaýatdan uç beräýse gerek. Ýogsam-a bilmedim-dä, iýmsirän atyň gazygynyň daşynda pyr-pyrlanyşy ýaly, netijesiz aýlanyp ýörmek ýüregime düşdi”. Ol eksperti ýanyna çagyrdy. Bir käse çaý içip-içmänkä, ekspert gapydan girdi. -- Siziň getiren hoş habaryňyz hem-de şu togsan bäşlik çaý medet beräýmese, meň halym harap – diýip, Hekimow eksperte garşysyndan orun görkezdi-de, oňa bir käse çaý hödür etdi. – Alyň içiň! Ekspert küti papkasyny açdy, çaýdan owurtlady, seljerip ýetişen netijeleri bilen Hekimowy tanyşdyrmaga durdy. -- Siziň goýan sowallaryňyza jogab-a tapdym. Öňi bilen-ä Kerimowyň ölüminiň sebäbini aýdaýyn. Sudmedekspert oňa şeýle jogap berýär: çaganyň bokurdak damarynyň kesilmegi ganyň köp akmagyna getiripdir, şondanam ýürek işlemegini togtadypdyr. Çüýşe döwüginde galan gan heläk bolan oglanjyga degişli. Şol çüýşe bölejigi-de sowuk ýarag hökmünde ulanylypdyr. Indi yzlar… sowuk ýaragda ýagny, çüýşede galan barmak yzlary, şonuň ýaly, boş çüýşedäki barmak yzy hem Kerim Hanowyň barmak yzlary bilen birmeňzeşdigi çyzgy getirilip seljerilende anyklanyldy… -- Siziň şu netijäňize sabyrsyz garaşýardym. Gör, bolýan zady. Hawa, diňleýän, dowam ediberiň! – diýip, inspektor eksperte ýüzlendi. -- Netije gutarnykly, bulary subutnama hökmünde derňew işine çataýsaňyzam bolar – diýip, ekspert okan kagyzlaryny inspektora berdi. – Ýene näme? Hawa, wakanyň bolan ýerinden gipse doňdurylyp alnan yzy hem Kerim Hanowyň şol günki geýip ýören köwşüniň yzy bilen deň gelýär. Munuň özi şol köwşi geýen kişiniň wakanyň bolan ýerine barandygyna güwä geçýär. Onuň näme maksat bilen bu ýere barandygyny anyklamak indi siziň ussatlygyňyza bagly, ýoldaş kapitan. Ekspert kagyza dolanan köwşi, ýazan netijesini Hekimowyň öňüne süýşürdi. – Başga näme ýümuş? -- Hyzmatyňyz üçin taňry ýalkasyn. Galanynam görüberýäs—diýip, inspektor ýerinden turaga-da, ekspertiň elini gysdy. Kabinetde Hekimowyň bir özi galdy. Bir käse çaý içensoň öňündäki kagyzlara täzeden göz gezdirmäge durdy. Soňra başyny galdyryp oturdy, çilim otlandy. Esli wagtlap äpişgeden köçe hereketini synlap durdy. Ol şundan soň kän eglenmedi-de, naçalnigiň ýanyna ugrady. Kapitan Hekimow Berdi Kerimowyň ölümine dahylly subutnamalary gaýtadan seljerip, Kerimiň, Akgülüň, terbiýeçi gelniň görkezmeleri bilen birin-birin tanşyp çykdy. “Ýedi ölçäp, bir kes” diýlen pähime eýerip, galamyny stola tyrk-tyrk edip urdy, özbaşyna belli bir karara gelmegiň ebeteýini agtardy. “Şu günki işini ertä galdyrmaýan kişi uzak ýaşarmyşyn”. Bu gürrüňde-de, gör, neneňsi many bar. Gowusy, men müddeti elden bermäýin” diýip, nobatçyň telefon nomerini aýlady. -- Ýolda leýtenant, haýal etmän, hol söwda bazanyň buhgalteri Kerim Hanowy tapyp, men ýanyma getiriň. Näme? Işinden tapylmasa, öýünden gözläň. Hawa, hawa, gyssagly. – Inspektor trubkany goýan dessine telefon jyňňyrdady. -- Kapitan Hekimow diňleýär. Kim? Söwda bazanyň direktory? Diňleýän ýoldaş Kertikow! -- Saglykmydyr? Is-aladanyz ýetik öýdýän, biz tarapda görneňzok-la? -- Aýdyberiň, ýoldaş Kertikow, menlik nämä hyzmat? -- Hyzmat-a ýok, ýöne birje haýyş… Siz biziň buhgalterimiziň betbagtçylyga uçrandygyny bilýärsiňiz. Gör, neneň wagşylyk! “Durnanyň üştüne urna” diýleni, öňki derdem ýeterlik, siziň üžnüksiz çakylygyňyz welin, oňa diýseň agyr degýär… -- Nätjek-dä, käbir zatlary anyklamaly bolýar. Ýöne “üznüksiz” diýmegiňiz göz-görtele şyltak. -- Düşüniň ahyryn, kwartalyň hasabatyny bermese-de bolanok. Onsoň ol haýsy ýerik ýetişsin, bizemi, sizemi? Beýdip ony süýrekläp ýörenden hakyky ganhory tapjak boluň. Şeýtseňiz, o bendäni hem goldadygyňyz bolar. -- Hakyky ganhory anyklamak üçin gerek ýerinde graždanlar bilenem gürleşmeli bolýas, gerekdir öýtsek, telim gezegem çagyraýýas. -- Dogrudyr, ýöne o bendäň ýüregini ýaralamaň. Çaltrak hasap-hesibini gutarsyn, ýogsam menem kötek iýýän. Haýş edýän, Hanowy çagyrmagyňyzy bes ediň. -- Ony görüberýäs, hoş – diýip, Hekimow trubkany ornuna goýup, içki duýgusyny daşyna çykardy. -- Ýeri , muňa näme diýjek diýsene? Özgäň işine gatyşmak adamlara ýoň bolupdyr. Beýle ˝haýyşlar ˝ bilen inspektor halys öwrenişipdi. Jenaýat bolup, jenaýatkäriň ýakasyndan tutulanda, ony jezadan halas etjek bolýan kändi. Ýöne nätjek, ˝Il ogrusyz bolmaz, dag börüsiz˝. Bu galagoply dünýäde adamlaram tüýsli-tüýsli, akyllysam bar, kemakylam, haramysam bar, halalam. Her niçigem bolanda, gulluk adamsy kanuna, adalata daýanmaly, arka diremeli. Iş güni ahyrlaberende, inspektoryň ýanyna Kerim Hanowy getirdiler. Kapitan Hekimow köýneginiň iliklerini ýazdyryp, elýaglygy bilen ýüzünde, boýnundan düwmelenip akýan derini sylýardy-da, nämedir bir zatlary howlugyp ýazýardy. Soňam ýazmasyny bes edip, kagyzlaryny rejeläp gapdala suýşürdi. Galyň depderi açyp, Hanowy nazaryndan geçirdi. -- Oturyň! Hanow ýumurtgaly börek ýaly pökgerip duran gabaklaryny eliniň ýeňsesi bilen sylyp, gözastyndan inspektoryň hereketini synlaýardy, käte-de gaşlaryny çytyp, ýuwaşjadan dyzlaryny ýumruklaýardy. Ine, birdenem iki ynsanyň nazary bir nokatda eglendi. Stolda jenaýatyň üstüni açmakda subutnama bolar diýlip güman edilen çüýşedir köwüş, çilim gabydyr çilim püçekleri hatarlanyşyp goýlupdy. Ine, şu ýerde-de iki taraplaýyn içgepletmeler başlandy. Kerim: ˝Bulary nämüçin üýşürip goýduka?˝ diýse, inspektor: ˝Şu subutnamalar seň kimdigiňi uly ile äşgär edäýse gerek˝ diýýärdi. -- Graždanin Hanow, üç günläp geçirilen gözlegleriň netijesinde siziň ogluňyz, ýagny Berdi Kerimowyň bilkastlykdan öldürilendigi anyklanyldy. Tanyş bolaryn diýseňiz, sudmedekspertiň kesgitnamasyny okap bilersiňiz – diýip, Hekimow birki sany kagyzy Kerimiň öňünde goýdy. Kerim ˝Biweç soraglardan ýagyr boldum. Näme diýmekçi bolýaňyz?˝ diýýän äheňde egnini gysyp, inspektoryň ýüzüne alaryldy. Kapitan başga bir kagyzy alyp, ornundan ýeňillik bilen galdy-da, Kerimiň alkymyna dykylyp bardy: -- Ynanýan bolsaňyz, örän gowy. Onda şuny okaň. Bi çüýşelerde galdyrylan barmak yzlary hakda. Iki çüýşede hem, çüýşe böleginde hem siziň barmaklaryňyzyň yzy bar… -- Siziň etjek bolýan pyrryldyklaryňyza men-ä düşünip bilemok. Oglumy öldürýärler… meni bedbagt edýärler. Ganhory gözlemegiň deregine sizem her günde meni milisiýa çagyryp, ýarama duz basýaňyz. ˝Aýalsyza rehnet ýok, ogulsyza- döwlet˝. Meniň aglabermeli günüm bar. Siziň ahyrky matlabyňyz näme? – Kerimow diklenip, inspektora barmagyny çommaltdy. -- Biziň matlabymyz köre-hasa. Jenaýatkäri tapyp adyl suduň öňünde dikeldip goýmak, graždanin Hanow! -- Tapyň-da tapýan bolsaňýz, beýdip meni beri horlamaň ahyryn. -- Oturyň. Gaharlanmagyň hajaty ýok. Gowusy, sabyr ediň-de, yzyny diňläň. Meň soraglaryma anyk jogap beriň. Siz, haçanam bolsa, bir wagt wakaň bolan ýerinde bolduňyzmy? – diýip, inspektor kesgitli aýtdy. -- Bolamok. -- Eýle bolsa, aýak yzlary näme? -- O nähili yz? Şu köwşüň yzymy? Beýle ölçegli, bir fabrikden, bir galypdan çykan aýakgap gytmy, olar şäherimizde müňlerçedir. Onsoňam şeýle köwüşli şäheriň çetlerinde entäp ýörenlerem kän ahyryn. – Kerim sähel salymda oýurganyp ýetişdi: ˝Ýeri, şol köwüş çalşyrylaýmandyram-da, ýok edip, otlap goýberse-de bolardy-la˝. -- Ýagşy, ýagşy, gel şeýle ekenem diýeli, onda siziň eliňiz degen çüýşeleriňiz o ýerlerik nirelerden düşüp ýör, ä? -- Çüýşe?! – diýip, Kerim nämedir bir wakany hakydasyna getirjek boldy. Soň elini maňlaýyna şapladyp urdy.—Hä, gep mundan çykd-ow, çüýşede barmak yzlarynyň galmagy mümkin. Sebäbi, olary dükandan satyn alan men-ä, ýöne onuň kimiň, haçan şol ýerlerik eltendigini men nireden bileýin, belki, oglumyň özi dostlary bilen äkidendir. Şol sebäpdenem siz maňa günä ýýüklemekçimi? Ýok, munyňyz kanuna dogry gelenok, ýoldaş kapitan. -- Ýekşenbede Berdiniň elinden tutup, wakaň bolan ýerine bakan -- Kim ol gören? Belki, adyny aýdarsyňyz?—Kerim gözlerini petredip, soňundanam agzyna suw alan ýaly bolup durdy. Näme aýtjagyny, neneňsi özüni aklajagyny bilmän aljyrady. Inspektor ýene-de hüjüme geçdi. -- Şaýatlaryň görkezmelerini hem goşsaň – bu zatlar bize Berdiniň ölüminde hut siziň eliňiz bar diýmäge esas berýär. Hawa, hawa, graždanin Hanow, esas berýär. ˝Düýä münüp, hataba bukulmak˝ nämä gerek?! -- Töhmet… Ojagaz esaslamaňyz bilen meni etmedik jenaýatymda aýyplap bilmersiňiz. Gaýtalap aýdýan, bilmersiňiz. Aslynda siz nämäni başarýarsyňyz? Günäsizlere günä ýöükemek, şyltak atmak, garalamak, ine, siziň başarýanja zadyňyz. Eý, Alla, ykbalymy sen kimleriň eline berýäň!.. – diýip, Hanow ellerini ýokaryk göterip, bokurdagyna zor salyp gepledi. Soňam sandyrap, titreýän elleri bilen grafinden stakana suw guýdy-da, dodaklaryny müňküldedip, inspektora nämedir bir zatlar aýtmakçy boldy. Ýöne kükrekde joşýan gahar tolkuny onuň dilini tutdy, erkini elden aldy. Ol elini salgap, ýerine geçip oturdy-da, ýüzüni kesä sowdy. -- Ykbal diýdiňiz – Kapitan Hekimow stoluň üstünde ýazylyp ýatan kagyzlary dörjeläp durşuna Kerimiň edýän nadaralygyny synlaýardy.-- Her kim ykbalyny özüçe çözýär. Sizem şeýdipsiňiz, ýogsam, ynsanam öz perzendine… -- Meň ýeke perzendimi ýitirenim hak, ýöne ynanyň, men oň janyna kast edemok, günäkäri başga ýerden gözläň. Onam isläňzokmy, gözlemäň. Tapyň diýip ýakaňyzdan tutýan barmy? Boljak iş bolansoň, bir-birimiziň ganymyzy zäherläp durmagyň ne hajaty bar? – diýip, Kerim Hanow birneme deminden düşdi. Kapitan dil ýarmady. Soňam jogap deregine stoluň çekerinden bir tagta kagyz çykaryp, Hanowa uzatdy. -- Bu näme? – Hanow kibtini gysyp, inspektoryň ýüzüne aňkarylyp seretdi. -- Häzirlikçe sizi tussag etmek barada prokuroryň sanksiýasy.Tanşyň, soň… ˝Sanksiýa˝ sözüni eşidende, häliden zemzen kimin çişip oturan Kerim Hanow ýeli çykan pökgi ýaly myssaryp, oturgyja siňäýjek-siňäýjek boldy. Kä elindäki kgyza, kä inspektoryň ýüzüne seredip, towsup aýaga galdy -- Ýoldaş Hekimow, tussag etseňizem, siz meni jenaýatda aýyplap bilmersiňiz, gaýtam meni garalajak bolup, öz abraýyňyzy gaçyrarsyňyz.-- Ol inspektora ýakynrak süýşdi. – Menem ýerden ýeke çykan däldirin, arka durjak tapylar. Ýoldaş Hekimow, geliň dil tapyşalyň. Siz dok, men dynç. Birki maşynyň muzdumy tölemek meň bilen, dil ýarsaňyz bolany. Süýt-gatyklaşyp ýörmek maňa juda agyr degjek, agzym ýaňy bir işe ýetende ýalmanyp galmaýyn, öýlenip, menem şu sallahlykdan dynaýyn. Düşüniň, şäherde ýüzlerçe jenaýat açylman ýatyrmyş, şolardan biriniň üsti açylyp-açylmanda, üýtgejek zat barmy? Onsoňam ol ölen çaga keseki däl-ä. Ol meniň öz çagam ahyryn. Meniň çagam bilen kimiň işi bar? Ýoldaş kapitan… geliň, ylalaşalyň, ýalbarýan – diýip, Hekimow özelendi. -- Bes ediň! Siz bazarda däl, graždanin Hanow… Jedelsiz faktlar barka, göz-görtele ýalan sözläp… -- Hudaý bar, bu bolan jenaýatda meniň çigit ýaly günäm ýok. Süýrekläp wagt ýitirmäň. Geliň, gowusy, ylalaşalyň! Kerim Hanowdan dogruçyl görkezme alyp bilmejegine gözi ýeten inspektor nobatçyny ýanyna çagyrdy. Salym geçirmän, gapydan milisioner ätledi. -- Ine sanksiýa, ine-de günä ýöňkelýän Hanow. Äkidiň-de, KPZ-ä ýerleşdiriň. Goý, ol bu ýerde mazalyja oýlansyn. -- Düşüniň ahyryn, men dokumentlere gol çekip, işgärleriň aýlyk hakllaryny bermeli. Gyzmalyk etmäň, hiç bolmanda, maňa üç günjük puryja beriň, hasap-hesip işimi saplaýyn – diýip, Kerim zöwwe ýerinden galdy-da, inspektoryň alkymyna dykylyp bardy. -- Buýrugy berjaý ediň! – diýip, Hekimow milisionere seretdi. Milisioner Hekimowy öňüne salyp, gapydan çykyp gitdi. * * * Tussaglaryň saklanýan kamerasynda Kerimiň bir özüdi. Getirdiler-de, gapyny şakyrdadyp gulplap, ötägitdiler. Kiçeňräk otagyň içine öňünde demirden gözenek çekilen kiçijik äpişgeden düşýän ýagty çalamydardy. Otagyň içine birlaý göz gezdirensoň, gapynyň agzyna gelip diňşirgendi. Käte-käte kimdir biri koridoryň ugrunda ýöreýärdi. Ýaňy gelende bu jaýda özi ýaly onlarça kişiniň saklanýandygyny aňypdy. Häzir ol gürleşere adam tapsa, içini döküp, derdini paýlaşyp, ýüküniý eňletjekdi, arman, hiç kim görnenokdy. Birsellem gapa ýaplanyp duransoň, Kerim tagta krowadyň golaýyna bardy. Köýnegini çykaryp, üstünde oturdy. Kameranyň içi petiş bolansoň, durky bilen öl-myžžyk bolupdy. Ýstesine otagyň içindäki ýakymsyz ys hem ony ögedip, başyny aýlaýardy. ˝Şeýdip haçana oturaryn, heý, menden habar alan tapylmazmy? Jenaýata çeker ýaly milisiýada degişli subutnama-ha ýok eken.˝O meni gorkuzyp, günäni boýnuma aldyrjak bolýar. O welin başartmaz. Wah, beteri Akgüle duşup bilmedim-dä, oňa aýtjak sözlerim bardy˝. Ol Akgüli ýatlanda, birhili endamy digläp gitdi. Ençe wagtlap nazaryny bir nokada dikip, doňan ýaly bolup oturdy. Soňam öl-myžžyk bolan elýaglygy bilen ýüz-gözüni taýly gezek süpürdi. ˝Akgül, seň bilen bagtly hem şadyhorram ýaşamaga umyt baglaýardym. Bu nä boluş? Seni törüme geçirmänkäm, betbagtçylyga uçradym oturyberdim. Ýa sen tüwmaýakmy? Wah, beýle diýmäge neneň diliň barýare diýsene?! ˝Jany ýanan taürysyna gargar˝ edäýýän-dä, bagyşla meni… Köşeşip özümi bir dürsäýin, ýogsam, gör, men ýene-de nämeler diýmejek˝. Gapma-garşylykly pikirler Kerimi esli wagt silterledi durdy. Beýnä dolan süýji hem ajy ýatlamalary, oý-pikirleri kowmagy niýet eden Kerim iki eli bilen kellesini tutup oturdy, soňam yranyp, aýaga galdy: ˝Nireden gelen betbagtlyk? Men bagt gözleýärdim ahyryn, onam tapypdym-la. Öý-öwzarly, nesil-zürýatly boldum, elim uzadan ýerime ýetýärdi.Indi… indi Bossandan, ýalňyz perzendimden aýrylyp, ýyglap ýörmeli boldummy? Nätmeli?˝ Kerim ýene nämeler diýip, burnuna salyp, hüňürdäp gezdi. Tapdan düşen göwresini gaýtadan krowadyň üstüne atdy. Kameranyň içindäki suwsuzlyga döz gelip bilmedi. Gapa bardy-da: ˝ Suw. Ölüp barýan, maňa suw beriň!˝ diýip, telim gezek gapyny ýumruklady. -- Näme gopgun turuzýaň? – diýip, gözegçi seržant gapyň ˝gözünden˝ esetdi. -- Suw beriň! – diýip, Kerim bir-birine ýelmeşen dodaklaryny zordan açdy. Seržant suw getirdi. Doly kürüşgäni başyna çeken Kerim seržantdan sagat sorady. -- Sagat ikiden işleýär – diýip, seržant çykyp gitdi. ˝Takdyrda näme bolsa görüberýäs˝. Kerim ýerine geçdi-de, tagtanyň üstüne süýndi. Gözlerini petige dikip ýatyşyna ony assa-assadan uky basmarlady… -- Agtygym… Hany, meniň agtyjagym? – diýip gapyda duran ejesini görüp, Kerim birgeňsi boldy. -- Eje, sen bäş ýyl mundan öň ölmediňmi näme? – diýip, Kerim ejesiniň öňünde ýaýaplady, aýaga galjak bolup urundy.Nämüçindir göwresi ýere çüýlenen ýaly, ne aýaklary gozganýar, ne göwresi. -- Tur ýeriňden, garnyňy açyp ýapma-da, agtyjagym Berdi jany tap. Men seni däl-de, ony görmäge geldim. Melgun deýýus, men birýana çykdygym öýi dargadýaň. Öň-ä arzyly gelnimi ýitiripsiň, indem agtygymy. Saňa ne döw çaldy, sen kimiň sapagyny aldyň, hä, ulalyp oňalmadyk! -- Eje, käýinmesene, häzir men baryny düşündireýin – diýip, Kerim tirsegine galanda ejesini görmedi. -- Gap sesiňi. Oglumy saňa ynanyp gitdim. Hany ol? – diýen başga bir inçemik aýal sesi Keimiň gulagyny şaňladyp gitdi. -- Bu näme boldugy? Bossanyň sesi-le… Seb bärde näme işläp ýörsüň, Bossanym? -- Oglum, Berdi jany gözleýän. Goňşular ˝Ogluň ýitipdir˝ diýip, meni görümde-de ýatyrmadylar. Hany, meňeziz perzendim, nirede? Tur, tap ony, ýogsam, ine, şu hanjar bilen damagyňy tersine çalýan – diýip, Bossan adamsynyň ýakynyna geldi. -- Men tussaglykda… Ynha, çykarsynlar, soň Berdini gözlärin. -- Ýok, sen ony häziriň özünde tap, bolmasa gitdiň. – Bossan elindäki hanjary bokurdakdan salanda, Kerim janhowluna uly ses etdi… Öz gykylygyna özi oýandy. Gözüni açyp seredende, iki elleri gaty tagtany itýärdi. Durky bilen sandyrap, uçaýjak-uçaýjak bolýardy. Nämäniň-nämedigine, özüniň nirededigine, näme edýändigine ddüşünip bilenokdy. Gözlerini tegeläp, haşşyldap ýatyşyna guşlaryň jürküldeşýän sesini eşitdi. Ýüzin ýatyp basyrganyp oýanandygyny aňşyransoň, tirsegine daýanyp, diklendi-de, otagyň içine nazar saldy. Burçak-burçak derini süpürip, ˝Eý, Taňrym, bu nämäniň alamatyka?˝ diýip, içini gepletdi.Äpişgä seredibem daň atyp, jahan ýagtylanandygyna gözi ýetdi. Kamerada oturan iki gije-gündizi oňa bir giden ömür bolup göründi.Oturyp takat tapmaýardy, gijesine-de oňly uklap bilenokdy, güzapdy.Oglunyň ajy hasraty, Akgüldür indi alynmaly ˝Wolga˝ maşyn hakdaky oýlanmalar, bular onuň beýnisini çüýredip, çekilen dutaryň tary kimin kakyn damarlaryny üzäýjek-üzäýjek bolýardy. Geçen iki gije-gündizde Kerimiň gözleri içine çöküp, tulkuja duluklary salparypdy. ˝Çagyrarlar, häli boşadybam goýbererler˝ diýen umyt bilen gapa göz dikibem ýadady. ˝Wah, soraga beri çagyrsalar bolmyýamy, inspektor bilen dawalaşayp, gygyryşyp göwün solpudan-a çykardym, ýüregimiň ýüküni egserdim. Gapana düşen tilki ýaly şu ýerde urnup ýatsa, ýekelige, gaýgy-gama döz gelip bilmän, däliräýmegindenem howatyrlanman durmady.˝ Üçünji gün çaý wagty gapy şakyrdanda, Kerim towsup diýen ýaly ýerinden turdy. ˝Belki, boşatjakdyrlar˝diýen pikirem şol wagt onuň ýüreginde umyt oduny oýardy. Orta boýly, garaýagyz, buýra saçlaryna ak giren kişi gapydan ýylgyryp girdi. Kameranyň içine nazar aýlap, Kerimi boýdan-başa synlansoň: -- Şeýle ýigit ýanyňda barka, heý-de, meň içim gysarmy? Öýde ne körüm bar, gürleşeris-de, ýatybereris şu taýda – diýip, onuň bilen elleşi salamlaşdy. – Ahaw, seržant, bize berjek çaýyňam togsan bäşlik bolsun, ýogsam gürrüňimiz gyzyşmaz biziň. Dogry-da, walla! Seržant bu tussagyň gürrüňine ýylgyrdy-da, gapyny şakyrdadyp gulplady. -- Hany, ýaňadan ymyklyja tanşaly. Meniň-ä ýörgünli adym Hyrdy. Hyrdy – baran ýerin gyrdy. Hyrdy – islän zadyny gördi. Ha,-ha! Inim, senem geple ahyryn. Bylar agzyňy tiken-ä däldir-le hernä? Aý, bylardan her zat çykar. – diýip, Hyrdy gapa bakan baş atyp, Kerimiň elini silterläp, wagty bilen sypryrmady. -- Heniz-ä tikenoklar. Maňa Kerim Hanow diýýärler. -- Kerim han diýsene! Adyňy eşitsemem, özüňi görüp bilmän ýördüm. Ir döwürdeÝolöten etrabynda-da Kerim han diýen biri batyrlykda, zalymlykda ýakasyny tanadypdyr diýýärler. Sen, inim, şol bolaýma. Ha,ha.,, Belki, garrygalaly Kerim millionersiü-ä. Päheý-de, walla. Han bolsaňam şägirdiň hasap edäý, ha-ha. Muü hezillikdigini! – diýip, Hyrdy Kerimiň elini sypdyryp, oňa ýanaşyk oturdy. Yzly-yzyna üsgürinip, süýnmek barmaklary bilen ýüzüni syldy.—hany, onsoň pata gelen çopan ýaly ýüzýňi sallap oturma-dfa, gürle. Gürlemeseň oňuşman. Özüm-ä şäherdäki abraýly kooperatiwleriň biriniň hojalyk müdiridim. Indi haýsy ˝wezipe ˝beriljegini bilemok. Ha-ha! -- Söwda bazada buhgalter… -- Bygaltir diýsene, baý-bow! Edil ýerinden ekeniň. Wah, öňräk duşaýan bolsak, herimiziň jübimize birje million güt! – diýip, Hyrdy Kerimiň arkasyna kakdy. – Million, million elwan güller! Gör-le muny, güli men başyma ýapaýynmy, maňa pul gerek,pul! Ha-ha!.. Kerim goňşusynyň bolşuna güljeginem bilmedi, gaharlanjagynam. ˝Telim çarşenbäni başyndan geçiren bolmaly˝diýip, içini gepletdi. Hyrdy tagtaň üstüne süýndi-de, iki elini ýassyk edinip, gözlerini petige dikip ýatdy. Ilki maňlaýyny ýygryp, gözlerini gyrpyldatdy, soňam ýyrşardy. Birdenem dikelip oturdy-da, sag elini galgadyp: -- Gurbanyň bolaýyn, molla Kemine! Seniň aýdan zamanyň geldi. Iýmesem-içmesem hem günüm ötmez, Bürenip ýatmaga kararym ýetmez, Günde müň kowlasam, baý ýere gitmez, Goş basyp dulumda ýatar garyplyk – diýip, bokurdagyny gaýnadyp, aýdyma gygyrdy. – Menden habar sorasaň, baýajak bolup, garyp düşdüm. Inim, gör pelek oýnuny, ileri barýansyň welin, gaýradan çykanyňy duýman galýarsyň. Hawa, inim, baýamak her kese başartmajak ekeni. Garyp günüme kaýyl bolanymda, bu jaýa geljekmi men.-- Hyrdy jübüsinden çilim çykardy. – Sorjakmy senem? -- Kem-ä bolmazdy. Açlyk-suwsuzlyk bilenem, gyzgyn bilenem oňuşjak welin, şunsuz halym harap meň – diýip, Kerim çilim gabyndan birini sogrup aldy-da, özem howlukman sorup başlady. -- Nätjek, bu-da bir neşäniň görnüşi, içigar, keýpiňem göterip goýberýä. – Hyrdy ümzügini ýokary tutup, burnundan goýy tüsse goýberdi.—Men-ä bir ýeňilkelle samsyk, sen bygaltyr, bygaltyrem işine örän jür bolýar. Eger ýalnyşmasam, sen, inim, baýlyk üçin-ä gelmänsiň, seniň başga derdiň bar. Aýt, eşideli, inim! -- Bildiň. Ýöne näme sebäpden oturýandygymy özüm hem bilemok. Getirdiler, şuňa okladylar, gitdiler. Üçünji günüň içidir menden habar alýanam ýok. -- Sebäpsiz-ä bärik getirmezler. Bolan wakany aýtsaň, sebäbini özüm düşündirjek boryn.Ha-ha! – diýip, Hyrdy gülkň tutdy. Kerim ýetişibildiginden çilim sorup oturyşyna Hyrdynyň boluş-häsiýetini synlap, gözlerini gapydan aýranokdy, diňşirgenýärdi. Ol kimdir biriniň gelerine garaşýardy.˝Hany, direktor, hany baş buhgalter? Hany dostlarym? Hany Akgül? Men eýýämden hiç kese gerekmez bolaýdymmy?˝ daşyndan synlap, onuň içki duýgusyny aňlamak boljakdy. Bu ýagdaý Hyrdynyň nazaryndan sypmady. -- Garasöýmez-ä bolmaly däl sen. Ýekelik aljyradypryr. Halyňdan habar alýan tapylmasa, özüňi dowzahyň körüginde biläý. Dogan-garyndaş, dost-ýar ýokmudy? Olar şuň ýaly ýerde gerek bolýandyr. -- Doganym bolmasa-da, dost-ýarym-a kändir – diýip, Kerim haýallyk bilen jogap berdi. -- Dost diýeniňem dört hili bolýandyr, halypa, seniň dostlaryň şolaň haýsysyna girýär? -- Dört hili? – Kerim Hyrdyň sowalyna düşünmän egnini gysdy. -- Hawa, dört hili. Baş dost, aş dost, wezipe ýa-da pul dost, dördünjisem heleý dost. Eşidipmidiň şulary? – diýip, hyrdy Kerimiň alkymyna dykylyp geldi, onuň dyzyna şapylatdy. –Ha-ha! -- Eşidemok. -- Onda diňle. Ýigidiň hakyky janköýer dosty bolýandyr. Olam baş dostdur, bu zeýilli dost ýigidiň ak ýolunda başyny gurban etmäge taýýardyr. Şeýle dostuň barka, saňa horluk ýokdur, hiç haçan ýekesiremersiň. Ähli halatda sözüňem, güýjüňem rüstemdir, abraýyň beýikdir. Ikinjisi – aş dost diýdik. Ondan gaçgyn, çünki ol aşyň bolsa iýer, işiň bolsa gaçar. Men maňlaýgarada şeýle dostlar weşeň-weşeň. Hudaý saklasyn wezipe dostdan. Kürsüde arkaýyn oturtmazlar, wezipeden aýrtylan günüňem ýazyň gary ýaly ýom-ýokdurlar. Şeýle-de bolsa, heleý dosta garanyňda, muňam ýüzüne sylaýmalydyr. Dostlaryň arasynda myrtary heleý dostudyr. Olar öýüňe seniň üçin däl-de, seniň aýalyň bilen dostlaşmak üçin gelýändir.Ynansaň, inim, men şol tetelli dostlaryň pidasy. Iki gaýta öýlendim, ikisinem ˝dostlarym˝ azdyryp, elimden aldylar ötägitdiler. Elbetde, hiç kesiň dünýeden müjerret geçesi gelenok.Aýalam tapyldy, iki sany çagamam bar. Ýöne olar indiden soň maňa näme kömek edip biljek? Haçan olar yzymdan çörek getirmäge ýarajak? Meni sud edip, on ýylam boýnuma doňdursalar, onsoň ol çagalary kim eklär? Atasyz ösen çaga hem hakyky mirasdüşer bolup bilmez, bolaýanda-da men ony görüp biljek däl. Ýigitligiň ýelginine düşüp, wagtynda o zatlar hakynda oýlanylmandyr. Indi ellide düşünip ugradym, wah, giç-dä… Hyrdy tukat görnüşde biraz dymyp oturdy. -- Baş dostumyň barlygyna güwä geçip bilmen. Dost hem tüýs-tüýs-dä! Her ýeten bilen dostlaşmaly däl-ow! Şu döwürde dost haýsy, duşman haýsy, biler ýalam bolmady. -- Bilmeseň, meň ýaly, baý, horluk çekmeli borsuň-ow. Men bärde oturanyma-da, sud edilip, ýyl kesiljegime-de gynanamok. Bu jaý maňa öňräkden bäri tanyş. Ýöne, elli ýaşa ýetsem-de, baş dost edinip bilmänime kejigýän. Hany, bi zyndandan meni kim indi çykaryp biljek, kim yzymdan oduk-buduk getirjek? Hiç kim. Ha-ha! Gör, neneň gülkünç bi zatlar. Güleli, inim, güleli. Dünýe geçer, ýöne gülenimiz galar – diýip, Hyrdy ýyrşardy. Soňam ellerini çarpyp, käte Kerimiň dyzyna kakyp, kikir-kikir edip güldi. -- Siz öňem sud bolupdyňyzmy? -- Onda-da iki gezek, halypa. Üçünji gezegem suduň öňünde kelle ýalaňaçlamaly bolaýmagym ahmal. -- Maňa bolsa ilkinji gezek. Ýöne sud bolmazlygam mümkin. Subut edip bilmezler. -- He, he! Subut edip bilmezler diýdiňmi? Arkaýyn bolaý, bu jaýa gelip, subut bolman sypýan az-az bolýandyr. O taýdakaň gorkmasa-da bor – diýip, Hyrdy elini köçä tarap uzatdy. – Göwnüme bolmasa, günä ýükläp bilmezler diýen umyt bar-ow sende. -- Elbetde, bar. Ýalňyz ogluny ýitiren kim? Men. Onsoň oňa nädip men günäkär bolýamyşym. Töhmet belasy ölümden agyr degýär gardaş. -- Ýitirdiňmi ýa elden giderdiň… öldürildi? -- Gördüňizmi, şol agyr günäni milisiýa meniň öz boýnuma ýüklejek bolýar. Ýöne ol başartmaz. Barmak yz diýdi, aýak yz diýdi… bolgusyz töhmetler bilen – diýip, Kerim ortada ýatan çilim gabyna nazar aýlady. – Şondan ýene birini… Ýaňkydan ganmadym öýdýän. -- Çekiň, çekiň! Kerim bolan wakany gysgaçaragam bolsa, garaz gürrüň berdi. Hyrdy bolsa maňlaýyny ýygryp, Kerimiň ýüzüne garap otyrdy. Soň çilim aldy-da, otlanman sag elinden sol eline geçirip oýlandy. -- Inim, barmakdyr aýak yzlarynyň suduryny tapan bolsalar, ekspert hem olaryň saňa degişlidigini subut eden bolsa, onda seni jenaýatda aýyplamaga esas bardyr. -- Günämi subut etmezden basaýmak bolmaz-a. Kanun … -- Kanun, kanun. Bäride kanun däl, seniň ykbalyňy çözşän subutnamadyr. Sähelçe uç tapyldygy, günäňi boýnuňa goýmak milisiýa kyn däl. – Hyrdy elindäki çilimi dyzynyň üstünde goýdy-da, saçyndan bir gyljagaz ýolup aldy. – Seret, seret bäri… Milisiýa oňat işlände şu gyljagazam seniň ykbalyňy çözüp biljek eken. -- Gyljagaz?! – diýip, hamana täsin zada tomaşa edýän ýaly Kerim Hyrdynyň eline seretdi. – Bolup bilmejek zat. -- Bu bolýan zat inim. Öz başymdan geçen waka bi – diýip, Hyrdy çilim otlandy, üsgürindi, soňam gözlerini süzüp gürrüň bermäge durdy. – Altmyşynjy ýyllaryň başlarydy… men motorly şähere barýardym. Şähere çenli ýedi=sekiz kilometr aralyk galypdy. Ine, birden ýoluň gyrasynda bir gyz garaşyp dur. Üzümiň suwy ýalyjak. Duşundan ötüp bilmedim. Ol wagtlar ýigrimimden ýaňy geçipdim. Gyz bolsa çak bilen on bäş-on alty ýaşlaryndady. ˝Şähere barýan bolsaň, mün äkideýin˝ diýdim. Gyz birbada utandymy ýa menden heder etdimi, garaz näzemjiräp ýüzüni sowdy. Soňam meň bilen gitmäge döwtalap boldy. O döwürde ýollar çarkandak, häzirkiler ýaly asfalt ýokdy. Men oňa ˝bilimden mäkäm ýapyş, ýogsa ýykylarsyň˝ diýip, onuň ellerini bilimden geçirdim. Şeýdip biraz ýol geçdik. Wagt öýlänlerdi, daş-töwerekde adam görnenokdy. Menem näme tamakinlik gursun, özüm-ä boý ýigit, gyzyň näzijek golundan tutamda, endamym birhili dyglap gitdi. Bilimden gujaklan soň-a beter-de galpyldatdy. Kellä her hili pikirler gelip doldy. Soňunyň näme boljagyny saýmadym. Kelle göçdi, göwün çogan süýt mysaly joşdy, oýlanmak, gorkmak ýele ýanymdanam gelenokdy. Şäheriň garasy görnüp ugran ýolumyz kiçeňräk salmany kesip geçýärdi. Motory gyrada saklap, ˝Şör suw içeli.˝ diýdim. Gyzam ynanjaň eken, asyl yzyma düşdi-de, suw içmäge ötägitdi. Suw içmesine-hä içdigem welin, asyl meniň-ä galpyldap durşuma bokurdagymdan ötmedi. Aý, gürrüňi uzaldyp nädeýin, towuk basan horaz ýaly gawur-gawur bassam näme ojagazy. Eý, şo ýyllary ýatlanymda gözlerime ýaş dolýar – diýip, Hyrdy uludan dem aldy. -- Ol gyz milisiýa arz edäýipmi? – diýip, Kerim goňşusynyň soňky ykbaly bilen gyzyklandy. -- Ýok-la, men ony şol ýeriñ özünde… Beýtmek kelläme-de gelmändi. Ýöne olam dilini saklaýmalydy-da. ˝Prokurora baryp, seň tohum-tijiňi goýman baryny basdyryn, eger olam bolmasa, agalarym seni bu dünýä inmedik ýaly eder˝ diýip, asyl ýan bermedi. Menem näme, inim, gorkan öňürder etdim… Ana, şnda janhowluna penjeläp, tas depe saçymy goparara getiripdi. Ine, şonda… -- Zorlan gyzyň ölen bolsa, milisiýadyr prokuror nireden bilip ýör ony? – diýip, Kerim Hyrdyň sözüni böldi. (Dowamy bar)... | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||