19:35 Çüýşe döwügindäki gan / powestiñ dowamy | |
Ötegçilerden kimdir biri üstünden baryp, onuň bolup ýatyşyny görüpdir. Onsoň, menem, inim, ˝Gaçan gutular, duran tutular˝ edip, gaçmak bilen boldum. Öe gelip, eşiklemmi çalşyryndym-da, göni aeroporta eňdim. Görsem Çärjewe samalýot uçjak-uçjak bolup dur eken. Ol döwürde pasport soralýamydy näme. Bilet alyp mündüm. Gün ýaşyp barýarka-da. Çärjewe gelidm. Nätanyş şäher, nötanyş adamlar, nirä gitjek, kimden delalat gözlejek. Ýat ilde biraz ýygyp ýöremsoň, etmişimiň öňi hem soň hakda ymykly oýlandym, özüme ygtybarly ýer gözledim. Belli netijä gelibem şäheriň naharhanasyna bardym. Bir çüýşe arak, garbanara oduk-budk aldym. Iýdim, içdim . Soňam mes bolup, Garrygaladan pedinistuta okuwa gelen bir bigünä ýigidiň berdim dulugyna, ýersiz ýere gygyrdym, paýyş sözler bilen sögdüm. Şeýdibem tutuldym-da, milisiýa düşdüm… -- Beýtmegiň näme geregi bardy? – diýip, Kerim Hyrdyň agzyna aňkaryldy. -- Milisiýanyň meni agtarýandygyny aňdym. Sebäbi obada motorly iki adam bardy. Bir-ä frontçy Beki, ikinjisem men. Gyzy syrtyma alyp barýarkam, birlän-ikilän ýolagçy duşupdy. Ana, şolaryň kömegi bilen milisiýa meniň kimdigimi anyklapdyr. Türkmenistanyň ähli künjegine jar edipdir.Olaryň meni dessine gözläp tapjakdyklaryna gözüm ýetýärdi. Türmede welin meni tanaýanam ýok, agtarjagam. Tutulaýsam welin ýa-ha atjaklar ýa-da on ýyllap iş kesjekler. Şeýdip,inim, men jezanyňýeňilini saýladym. Onsoňam ol etmişime seredeniňde huligançylyk dagy nämejikmişin. Hudaý saklasyn 122-nji maddadan atuw jezasy sygyryp dur onda… -- Adam öldürene şumat hem atuw berilýärmikä? – diýip, Kerim Hyrda sowal berdi. -- Ýatyrylypdyr diýib-ä eşidemok heniz. Ýöne jeza edilen günä bagly.Aýdaly, aýalyňyz özge kişi bilen ýatanda üstüne geldiňiz, ýa bolmasa gaharyňa bäs gelip bilmediňiz, bu 108-nji madda. Olam näme, bäş ýyl azatlykdan mahrum etmegi görkezýär. -- Bäş ýyl?! -- Hawa, bäş ýyl. Ýeňil gördüňmi muny? Ýöne kanunlar üýtgejekmişin, jeza agyrlaşjakmyşyn diýlen gürrüňrm gulagyma degýär. Kim bilýär, ertir näme boljak? Hawa, sen yzyny diňle. Türmede ýarym aý çemesi ýatdym. Bu gün-erte sud bolmalydym, ýetişmedim. Tapdylar.Esasy subutnama-da şol gyzyň penjesinde galan saçynyň bir gyljagazy boldy. Ýogsam menem üç-dört günläp günäni boýnuma alman milisiýa işgärlerine hupbat ýamanyny görkezdimem-le. – Hyrdy birmahallar sönüp giden çilimini sordy, soňam onuň sönendigini görüp, ýaňadan otlandy. Inçemik ýüzünden syrygan derini süpürip, gürrüňini dowam etdirdi. -- Men-ä düşünip bilemok, nädip bir gyljagaz subutnama bolup bilýär?—diýip, Kerim burnundan goýy tüsse goýberip durşuna Hyrdydan sorady. -- Onda-da neneňsi subutnama. Ana, inim, şol gyly alaga-da himlabaratoriýa iberýärler, olaram gyldaky ganyň düzümini çykarýarlar.Aý, ýene nämeler edýärler, garaz meňkidigini anyklaýarlar. Ylym diýeniň takyk bolýar, ýalňyşanok. Ine, esasy subutnama-ha şol boldy. Onsoň ýolagçy şaýatlaryň görkezmelerini, motoryň reňkini hem goşsaň, boýnuňa alsaň-almasaň, öz-özünden görnüp duran zat bi. Hawa, inim, hälem sag bolsun Brežnew, eger Hruşew bolaýanlygynda men atylmalydym. Hernä on ýyl bilen sypdym. Gördüňmi, inim, sen bolsaň ˝barmak yzy˝, ˝ aýak yzy˝ diýip äsgermezlik edýäň. Eger bir etmişiň bar bolsa, onda ony ýaşyrjak bolup arrygyňy-da gynama, başartmaz. Takdyra ten berip, çaltrak şu jaýdan gideniň kem däldir. Koloniýa düşüp bilseň hezillik, o taýda bal iýip, erkin ýaşap ýörenlerem bar. Belki senem şolaryň birisiň – diýip, Hyrdy kepän dodagyny ýalap, ellerine daýanyp, aýak üstüne galdy. – Suwjagaz içäýmesem… Ol gapyny ýumruklap durşuna: -- Senem içermiň? – diýip, Kerimden sorady. -- Içäýmeli öz-ä. Maňa-ha şuň içinde howa-da ýetenok – diýip, Kerimem diklendi-de, kameranyň içinde iki-baka aýlandy. ˝Oýun etse ogly ýeňer, çynyrgatsa – atasy˝ diýleni hak-ow! Inspektoryň çynyny edýändigine şek-şübhe ýok. Men nämelere ulaşyp ýörün?!˝ Çuňňur oý-pikire batan Kerim gapynyň şakyrdysyna essine geldi. Hyrdy bilen Kerim gözegçi seržantyň getiren bir jam suwundan mazaly ganansoň, iki bolup otagyň içinde gezim etdiler. -- Inim, seniňem ýüküň ýeňil däl-ow! Ýeke perzendi ýitiräýmek… Hawa-da, maňlaýyüda bardyr-da. Adam diýeniň biohuda ýere-de çolaşaýar, muňa birbada akylam ýetirip bolanok. -- Hut, şu seň aýdyşyň ýalam boldy. Men-ä bolan waka henizem düşünip bilemok – diýip, Kerim iki eli bilen kellesini tutdy. -- Gam çekme, inim, ir-u-giç düşünersiň. Men-ä birsellem gözlerime dynç beräýmesem, gije-de OBHS-ler ýatyrmadylar – diýip, Hyrdy tagtaň üstünde ozalkysy ýaly iki elini ýassyk edindi-de, gözlerini bir nokada dikip ýatdy. Salym geçmänem içerini onuň adaja horruldysy gaplap aldy. Hyrdy uklansoň Kerimem oturan ýerinde süýndi. Näçe urunsa-da onuň gözlerine teý uky gelmedi. Hyrdy bilen edilen gürrüň beýnisini gorjap durdy. ˝Eý, janlarym. Neneňsi agyr günä edipdirin. Ýa meň göwnümemikä? Eger akylym çýtgändir diýsem, doktorlar ekspertizadan geçirip, bütinleý sagdygym hakynda inspektora güwä geçdiler…˝ Ol şol bir ýatyşyny üýtgetmän, ogly bilen bolan wakany hakydasyna getirjek bolup esli urundy. Birbada ähli zat buýr-bulaşyk bolup görünse-de, soň-soň o wakalar kerwen deýin tirkeşip, göz atuwyndan birin-birin geçip ugrady… Ýekpenbe güni öýlänler boluberipdi. Kerim Akgülüň ýoluna esli garaşdy. ˝Näme eglendikä? Ýa düýnki wadasyndan dänäýdimikä? Eý, hudaý, menem şu sallahlyk derdinden dynaýsam. Goý, men-ä jähennem diýeli. Şujagaz gözmonjugy ýaly çagajygym – Berdi janym heläk bolýa-da. Elbetde, çaga hemme zatdan beter eje gerek, eje. ˝Oglanyňky eje, goýnuňky gije˝ diýilmänmi. Şuň boýnuny burup, gapyň agzynda gözleriniň owasyny ýaşardypjyk oturyşyny göremde, başyma kyýamat gopýar. Ýüregim ezile-ezile, bagrym paralanýar. Durkum bilen sandyraýan. Wah, perzent, neresse çaga, şuň ýüzi gülüp bakyp, eje mährini çoýup biljek bir maşgala bolsady. ˝Eşegi ýal garradar, guly hyýal˝. Meňkem gury bir hyýal bolup galaýmasa ýagşydyr… Ah, Bossan, Bossan. Neçün bizi taşladyň-da gidiberdiň. Bäbekhana gitmänkäň biz neneň süýji-süşji arzuwlary edipdik. Ogul bolsa Döwlet, gyz bolsa Gunça dakmaşak edipdik. Sen-ä gyz küýsäpdiň.Wah, ol bäbejik gyzam eken. Ýöne ol gyz seni begendirmedi-de, gaýta seniň garabnagtyň bolup çykdy. Eý, alla, beýle jeza bermegiňe ne sebäp boldy. Wah, şol gyzjagazy göteripjik geläýen bolsa, ine, bizem öýde jagyl-jugul, dört bolupjyk, içerini dolduryp oturardyk. Onam bize Alla jan köp gördi. Bossan jan, Bossan jan. Beýle aýal indi maňa duşarmy-ýokmy… Akgülem-ä örän salyhatly görünýä. Oturyp-turşam, gp urşam hiç neneň däl. Ýöne olam Bossanyň ornuny tutup bilmez. Söýýän diýip, boýnumdan goluny salyp, asyl meni öz günüme goýanok. Kim bilýär, ýürek bilen söýýänem bolsa biri. Aýal diýeniň bir erkegi sulhy alsa ana, onsoň ony aýryp bilmersiň. Belki, şeýle bolaýady. Belki, taňrym ýene şol bir mahalky süýji günleri gaýtaryp beräýedi. ˝Öňüm gelenden, soňuç gelsin˝ diýipdirler. Kerim oý-pikire, süýji arzuwlara çümüp otyrka gapydan ýüzün salyp, Berdijik girdi. -- Kaka, meni ýene urýarlar – diýip, hamsygyp kakasynyň boýnundan gujaklady. -- Weý, weý, heý senem urup bolarmy? Sen akyllyja oglan-a. Kim ol saňa el galdyran? -- Hol, goňşulaň çagalary Patdy bilen Durdy-laý. Kerim oglunyň üst-başynyň hapasyny kakyşdyrdy-da, gujagyna gysyp, alyslara nazar aýlady. Şu pursatda oglunyň ter bedeni onuň tenine siňip barýan ýaly göründi. Ýene göz öňüne dünýeden armalyja giden gelni Bossan geldi. Halynda onuň bilen duşuşdy. Olar ýedi ýyllap bile ýaşapdylar. Kireýine, özem depäň degip duran, pessejik salnan jaýlardaa ýaşapdylar. Gelni özbaşdak hususy jaýlarynyň bolmagyny, özgeler ýaly ine-gana, bol-elinlikde ýaşamagy arzuw ederdi. Wah, ara ölüm diýlen zat düşmedik bolsady, ähli zadam boljak ekeni. Basym olara iki otagly jaýam berdiler. O berlen jaýa-da özüniň howluly jaýyny çalyşjak adamam sataşdy. Olar göçüp bardylar. Bossan atasy öýünde dokan uly halysynam getirip giň otaga ýazypdy. Daşaryurt mebelinem Kerimiň işinden nobata durup alypdylar. Ýeňil maşyna duran nobatam golaý gelipdi. Ýöne… o zatlara guwanmak bagty Bossana nesip etmedi. Ömür tanapy kesilende o betbagtyň ýaňy ýigrimi alty ýaşybardy… Kerimiň garaşmakdan ýaňa sabyr käsesi püre-pür doldy. Akgül welin gara bermedi. Teýahyry ˝Bu gün işi çykandyr-a!˝ diýip, ogluny başardygyndan naharlamaga durdy. Soňam ony köçä ugradyp, giň otagyň içinde iki-baka gezmeläp, alňasady. Barybam telewizoryň öňüne çökdi. Telewizorda berilýän programma-da onuň ýüregine teselli berip bilmedi. Telewizory öçürip, uludan demini aldy, soňam gözleri diwarda asylgy duran Bossan bilen bile aldyran suratyna dňşdi. O mahal gelniniň ýaňy bir atasy öýünden gaýtarylyp gelnen günleridi. Surata düşmäge-de güýç edip äkidipdi-le. Ol diýseň utanjaňdy. Wah, o mahal näz etmäniň-de, näz götermäniň-de şz lezzeti bardy. Arman… o günler indi düýş ýaly bolup geçip gitdi-de. x x x Kerim ir bilen gelse-de, şol bir keýpsizligidi. Onuň işdeş ýoldaşlary bilen gürleşibem seri bolmady. Asyl eli işe barmady. Akgülüň wadasynda tapşuylmandygyna kejikdi oturdy. Ýeri, muňa näme aýdyp, näme goýjak? Ol edaraň hasap-hesip işini birýüzli edensoň Akgüllere til kakdy. Trubkany welin göteren bolmady. ˝Bä˝ nirä ýitirim bolýarka? Tanyş ýigidim bar diýýädi welin, ýa şol näkese sataşaýdymyka? Öz-ä beýtjek maşgala meňzänok˝. Ol ikinji gezek jaň edende, trubkadan gyryljak aýal sesi eşidildi. -- Bagyşlaň, Akgül ýokmudy? Ýekeje minut. Henizem ýatyrmy? Ýok, ýok, oýarmak gerek däl. Eger ýumuş görmesweniz Kerim jaň etdi diýip aýdaýyň. Ine, şu gürrüňden soň bary-ýogy sanlyja gün geçendir-dä, telefon jyňyrdady. -- Hawa, diňleýän. – Kerim trubkany gulagyna ýakyn tutdy. – Hä, Akgül, bi senmi? Munça-da bir ýatmak bormy? Näme, näme? Ýatyp bilmedim? Düýn sözüňde tapylmadygyň sebäp bolandyr. Oňatja düýşem görensiň. Haçan, işden soň! Nirede? Bize gelýäňmi? Bolýa, bolýa. Men öýe irräk barjak borun. x x x Kerim Berdi bilen bakjadan gelýärkä Akgül olaryň öňünden ýylgyryp çykdy. Olar salamlaşdylar. Ýöne ikisi hem geplemedi. Berdijik kakasynyň elinden sypdy-da, öýe bakan ylgap gaýtdy.Akgül çaganyň giderine mähetdel gep urdy. -- Hawa, Kerim, düýn gelip bilmedim welin oňa özümem utanýan. Sen gaty gören-ä dälsiň-dä! Kerim täze bir görnüşe geçdi. -- Muňa seretle, men-ä ony bireýýäm bagyşladym. Işiň çykandyr ýa biriňkä barmaly bolansyň. Men oňa düşünýän-ä. Olar birek-biregiň elinden tutup howla girdiler. Ýöne edil şu ýerde Akgül Berdini görüp, elini çekip aldy. -- Oglum, Berdi jan, bar sen içki otagda eşikleňňi çalşyryn.Ynha, häzir men çaýjagaz oturdaýyn. Naharam bişirin.Üç bolupjyk oturarys. Görýäň-ä, bu gün bizde myhman bar. Akgüle ˝myhman˝ sözi ýaramady. Ýöne syr bermedi. Ol eýwana geçip, kresloda oturdy, oturansoňam daş-töweregine, otagyň içine birlaý göz gezdirip çykdy.Reňkli telewizordyr bidiomagnitafon, daşary ýurt mebelleridir elde dokalan halylar… garaz, otagyň dokuzy düzüwdi. Kerim aşhanadady. Ol bu ýerde ep-esli eglenenmelem boldy. Onsoň Akgülüň oý-pikiriniň örüsiniň giňemegine maý boldy. ˝Gör-ä bu bolýan zatlary. Atageldem edil şunuň ýaşyndaky adamdy. Äriň-ärden parhy köp bor eken. Seredip otursaň, bu ikisiniň diňe hudaýy bir. Boýy-syratam , görki-görmegeýligem, sadalygam bäş sany Atageldä degjek. Alkaşyň öýýem bolmaz, sözem. Oňa arak bolsa bolany. Asyl ol ýassykdaşynam bir çüýşe araga çalşyp goýberjek. Kerim, Kerim. Ol meniň alnymdan dogan bagt ýyldyzy, elýetmez perişde. Üstesine özbaşyna howlulyja jaýam bar. Basym ulagam edinjek. Baýlygam egsiler ýaly däl, günde petdeläp düşýär, uly bir edaraň hasap-hesibini ýeke özi ýöredýär. Onsoň biz uzak ýurtlara syýahat ederis. Men muny sypdyrmaly däl. Ýöne… şujagaz güjüjegi welin sulhum alanok. Aý, onuňam bir alajy tapylar, görüberýäs…˝ -- Çaý taýýar, saçak başyna geçibermeli. Kerimiň bu sözleri Akgülüň içgepletmeleriniň arasyny böldi.Ol ogurlykda tutulan ýaly özüni oňaýsyz alyp bardy. -- Çaýyň taýyn bolsa birje käse içäýmeli bor. Onsoň men gaýtmaly. -- Nirä? -- Nirä boröýdýäň, elbetde, öýe. -- Akgül, dogrymy aýtsam, men seniň indiden beýläk aýry bir ýerde, özem kireýine jaýda ýaşamagyňy islämok. Sen şu içerä gerek. Biziň bagtly ýaşamagymyz üçin gerek. -- Hawa, Kerim. Meniňem bu hakda oýlanma kemim galmady. Öz göwnüme geňeşdim, özge sala saljagym ýok. Maşgala bolup ýaşamak meniň gursagymda göterip ýören arzuwym. Ýöne näme öň bir ýalňyşyp gördüm-dä, şol ýalňyşlygyňam şu güne deňiç pidasy bolup ýörün. Dogrusy, indiki ätlejek ädimimdenem gorkman duramok. Ýogsam menem iki-üç çagaň enesi bolmaly. Ýöne şol alkaşdan çaga alasym gelmedi. Halys gün görkezmedi maňa. Göwrämdäki jan giren çagama çenli aýyrtmaly boldum. Indem näme ýene bir bulagaýlyga çolaşaryn öýdüp, asyl saňa-da belli bir zat diýip bilmän ýörşüm. -- Saňa düşünýän, Akgül. Menem kän oýlandym. Şeýle duşuşyp ýörmek bir başga, är-aýal bolup ýaşamak , bir ojagyň keşgini gerdeniňde çekişmek bir başga. Ýekelik halys irizdi. Ara şeýtan beýleki düşmänkä bu işi çaltlandyraýsak bolmazmy? Berdi jana-da bir howandar, ene ýerini tutup biläýjek, özüň ýaly mähriban adam gerek. ˝Enesiz günde ýetimek, atasyz -- toýda˝ diýlendir. Oňa-da ýetimligini duýdurasym gelenok. Her niçigem bolsa, ol meniň bar mydarym. Olar saçaak başynda-da ýanaşyk oturdylar. Kerim: -- Berdim, oguljygym, gel ahyryn, bileje oturyp çaý içeliň – diýip, daşarda nämedir bir zada gümra bolup ýörewn ogluna gygyrdy. Kerimiň ogluny saçak başyna çagyrmagy Akgüle ýaramadyk borly. Asyl ol çagajygyň ady tutuldygy, ýüzüni ajan hamyr ýaly turşatdy oturdy. Ony Berdijik bada-baat aňsa-da, kakasy aňmady. -- Kaka, men ýaňy suw içdim-ä. -- Onda gel-de naharyňy iý. -- Men soň iýjek. -- Ony bir öz gününe goýsana. Şeýdip duran erkegi hiç halamok. Çagadyr-da, ajyksa iýer, suwsasa içer. Onsoňam men häzir myhmanyň ahyryn. Tas meniň barlygymam unudýaň. – Häliden bäri gaýdarman bolup oturan Akgül myhman otagyna geçdi-de, özüni diwanyňüstüne oklady. Zatlart howul-hara ýygnaşdyran Kerimem onuň golaýyna gelip oturdy. Birsellem dymyşlykdan soň Kwerim onuň saçlaryny sypady. Soňam onuň garşylygyna bakman gujagyna gysyp, ýüz-gözünden ogşady. -- Oňatja bol, oglan. – Akgül birneme gyra çekildi. Hyýalynda welin başga zatlar at saldy. ˝Şeýle ýigit taparsyň-da, näz etmäňnäme, gyz. Sen bolmasaň ýene biri. Bular ýaly çörekli ýigide heleý gytlygy barmy. Samsyk bolma, bu seniň Atageldiň däldir. Posaňam bagyşla, özüňem…˝ Berdijigiň daşarda oýnap ýörmegi olar üçin kemem bolmady. x x x Indi Kerimlere her gün diýen ýaly Akgülüň özi baş çekip durdy. Asyl onuň yzyndan ýörite çakylyk iberjegem bolup ýörmeli däldi. -- Kerim, işden soň teatra giderismi? – diýip, bir gün ol arakesmede öýüne gelen Kerime sala saldy. -- Gidäýeris. Onuňam heý gürrüňi bolarmy? Asylsoňky gezek haçan teatra baranymam ýadymda däl. -- Onda men öýde garaşaryn. Sen özüň baraý… Kerim işden çykdy-da Berdini bakjadan aldy. Şondan çykybam Akgüllere sowuldy. -- Akgül, hany sen taýýarmy? Ynha, biz-ä geläýendiris. Biledinem getirdim – diýip, elini jübüne sokdy. -- Berddini nätjek? -- Nätmeden hudaý saklasyn. Özümiz bilen alyp gidibereris. -- Men-ä çaga bilen teatra gidilýänini bilemok. Haýwanat bagy bolsa başga gep. -- Berdimiz indi çaga däl. Ýedi ýaşynda, özem tüweleme, düşbüje. Nesip bolsa bi täze ýyl mekdebe-de barmaly – diýip, Kerim oglunyň tahýalyja başyny sypady. -- Aý, ýok, bolmasa, ony bizde galdyraýaly. -- Ol bolmaz. -- Onda özüňiz gidiberiň. -- Saňa nä döw çaldy, Akgül? Men saňa düşünemok., -- Men çagaly teatra gidip biljek däl, islämok. Kerim dara-direlikde Akgül bilen sene-mene edip oturmak islemedi. Gatyrganmadam. Gaýta şol bir parahatlygy bilen: -- Köýen şu biletler bolsun. Gitmeseň kemem däl. Onsuzam men şu gün ýadow—diýdi-de, oňaýdy. Şuňa meňzeş waka başga bir günem gaýtalandy. Akgül Kerimlerde otyrdy.Berdijik daşary çykmak bilen boldy. Içerde ikiçäk galan Akgül bilen Kerim birsellem bar zady unutdylar. Ine, şo pursatda-da: -- Kaka, kaka! – diýip, Berdijigiň gapydan girmegi olaryň ikisini hem tok uran ýaly etdi. Çagajygyň özem aljyrady, haýsydyr bir widio filme tomaşa edýän ýaly birsellem gözlerini olardan aýryp bilmän, äm-säm bolup durdy-da, ýene gygyrdy. --- Kaka,kaka!.. -- Näme, kaka? -- Kaka, hol agyldaky pişikler bardyr-a, ana, şolar köpeläýipdir-dä! Walla çynym, hakyt dört sanyja – diýip, dört barmagyny görkezdi. Soňam: – Gözüm bilen gördüm, ikisi ak, ikisem gara, özlerem kiçjikgeje – diýip, jidir-jidir etdi. -- Şeýlemi? Berekella, bar sen pişijekleň bilen boluber. Menem häzir barýan. Akgül nämedir bir zatlary hüňürdedi. Kerim ogly çykyp gideninden soň ýerinden galdy, barybam işigiň kildini urdy. Ol aýala aç möjegiň goýun sürüsine daraýşy ýaly nebsewürlik bilen topuldy. -- Howlukmasana, oglan. Ne beýle ölüp-öçüp barýaň? – Akgül ýerinden galmakçy boldy. Kerim welin ony goýbererli däldi. Akgülüň bilinden geçen gollar ylla demir ýaly, eger-eger ýöne-möne zada gowşarly däldi. Garşylyk görkezjek bolmagyň özem manysyzdy. Akgüle ýigidiň zeruryna ýaramakdan başga alaç galmandy. Ine, şo pursatam gapy kakyldy. -- Kaka, kaka! – diýip, Berdi sesiniň ýetdiginden gygyrdy. –Kaka, kaka, gapyny açsana? Kerim oglunyň sesini eşitse-de, eşitmezlige saldy. Akgül welin dillenmän durup bilmedi. -- Sen şol güjügiňi ýok et. Ýogsam saňa hiç zat ýok. Kerim Akgülüň üstünden haýsydyr bir güýçli el penjeläp aýyran ýaly etdi. Ol laňňa ýerinden galdy-da, gahara dolup gepledi. -- Akgül, sen nämüçin meň göwnüme degýäň? -- Goýaweri oglan, men seniň göwnüňe degmek kelläme-de gelenok. Men seni özümiň ýitirip tapan bagtym diýip ýörün. Ýöne… -- Ýönesi näme? Sen indi meniň ýeke-täk perzendimi… Akgül Kerimi gujaklajak boldy. Kerim gaýra çekildi. Akgül ýerinden galdy-da, aýnaň öňüne bardy, saçyna çalak-çulak timar berip, üst-başyny tertibe saldy. Soňam sesini gataldyp gepledi. -- Hawa, Kerim, bir elde iki gapryz tutdurmaz. Eger söýýäniň çynyň bolsa… meniň şertime kaýyl bolmaly borsuň! -- O nähili şert? Indi men öz oglumdan… -- Hawa, öz ogluňdan geçersiň ýa-da menden. Birini saýla! -- Men senden ýatsam-tursam beýle zada garaşmandym, Akgül! Beý diýme ahyryn, mähribanym. Umydymy köýdürme ezizim. Meniň ýagdaýyma-da düşün. Sen onuň nämesini halaňok? -- Oýlanyp gör, men gitdim. Akgül işigiň kildini ýazdyryp daş çykdy. Kerimem onuň yzyndan galmady. Olaryň garşysyndan pete-pet çykanam Berdijik boldy. Ol : -- Kaka, kaka, sen görmediň, pişijekleň biri eýýäm öläýipdir, beýlekilerem gymyldanok – diýip, gaýgyly gepledi. Akgül olara üns bermän, şol bir gahary bilenem çykyp gitdi. x x x ˝Ýigidi oý garradar˝. Kerimi indi telim gün bäri dürli oýlar basmarlaýardy.Ýöne welin belli bir zatdan baş alyp çykyp bilmän, gyzgyn gazana atylan bugdaý dänesi ýaly gowrulýardy. Akgülüň ˝ Ýa menden geç, ýa ogluňdan!˝ diýen sözleri hakydasyna gelende, ylla gyzgyny kyrk gradusdan agan hassa ýaly görünýärdi. ˝Bi onuň çynymyka? Ýumruk ýalyjak oglan saňa näme edip biler?! Ýeri, ýetim bolup galmagynda onuň näme ýazygy bar? Meniň gaýtadan öýlenjek bolmagymda ojagaz neressäniň näme etmişi bar? Men Akgüli söýýän. Onuňam meni söýýäni gara çyny. Indi biz birek-biregi tanarça bolduk ahyryn. Ýogsa-da, Akgül bir gepinde ˝Edil öz çagam ýaly apalap saklaryn˝ diýipdi. Indikisi nämekä munuň? Nämüçin Berdini halanokka? Ýo-ok, bu ýerde bir gep-ä bar. Bu gün aýtmasa-da, ertir aýdar. Ony hökman aýtdyrmaly borun˝. Ýatar wagty bolupdy. Kerim hemişekisi ýaly bu gezegem ogluny gujagyna gysypjyk ýatdy. Berdi bolsa birki gaýta uludan pallady-da, gollaryny kakasynyň boýnundan geçirip uka gitdi. Bossansyz geçirilen tutuş bir ýyl oňa hupbat baryny beripdi. ˝Ejem nirede?˝, ˝Ejem gelenog-a?˝, ˝Men ejemiň ýanyna gitjek!˝. Ine, Berdiniň günde bir däl, belki telim gezek gaýtalan sözleridi.Kerim her hili hileler gurap, heniz beýnisi bekemedik çagajygy köşeşdiribem bilýärdi. Ýöne her gezek onuň ýaşdan balkyldap duran garaja gözlerine gözi düşende, dogrusy, bir ölüp bilenokdy. Onsoň oglunyň ˝Eje˝ diýdigi, dili tutulyp, ýekeje agyz gepläbem bilenokdy.Bakjasyna-da göwünli-göwünsiz giderdi. Terbiýeçi aýalyň aýdyşyna görä, o ýerde-de ejesini agzyndan goýanokmyşyn… Kerim Berdini bakja berip, göni Akgüllere bakan gaýtdy. -- Size kim gerek? – diýip, ony gyryljak sesli garryja aýal garşy aldy. -- Maňa Akgül gerekdi. Men onuň yzyndan geldim. -- Sen kim borsuň, oglum? -- Menmi? Men Kerim. -- Hä, Kerim. Kerim bolsaňyz, näme daş işikde dursuňyz. Giriň-ä içerik. Kerim içerik girensoň Akgüli görmek isledi. Gözüni çetki otagyň gapysyndan aýyrmady. Garry ene welin mylaýymlygy bilen ýüzlendi. -- Geç, birsellem otur. Akgülem hä diýmän geler. Şü dükana aňry-bäri al diýip iberipdim. -- Ene, men häzir işe barmaly. Siz Akgüle aýdyň, goý ol bize barsyn. -- Bor oglum, aýdaryn. Ol hökman barar. – Garry ene Kerimi daş işige çenli ugratdy. x x x Akgülüň içini it ýyrtýardy. Soňky günler bar görübilmedigi Berdi boldy. ˝Ahyr meň diýenim bolar. Kerimi gysajyma salyp bilsem, ojagaz ýetimçäni enesinden dogmadyk ýaly ederin. Ýöne nämeden başlamaly? Ugruny tapmasam, soňunyň erbetlige alyp barmagam ahmal. Eger ol meniň sözüme ynanmasa, şonda nätmeli? Onuň menden bütinleý ýüz öwürmegi-de daş däl. Ol şol bir Bossanynyň adyny dilinden düşürenog-a. Belki bu zatlar barada men oňa durmuşa çykamsoň aýdaryn. Ýok, bolmaz. Mende häzirem bahana gyt däl. Ýöne nädip, nädip…˝ Akgül iki-baka pelesaň urdy. Asyl ol şol pikirini ýüreginden çykaryp taşlap bilmedi. Amatyny welin tapmady. Onuň Kerime gowy hem-de wepaly görnesi gelýärdi. Berdi bilen welin ysnyşyberenokdy. Kerim ýanyndaka ýüzüne gülüp bakýardy. Onuň bilen ikiçäk galanda welin, oňa alarylyp serederdi. Şeýle bolansoň Berdiňem bu aýaly jyny alyp duranokdy. Bir gezek bolan waka Berdiniň ömür ýadyndan çykmasa gerek. Olar bazaryň içi bilen geçip barýardy. Berdi bu ýerde ilkinji gezek bolansoň satylýan almadyr narlara, üzümdir gawun-garpyzlara gözi gitdi, agzy suwjardy. Olara bakan ellerini uzatdy. Akgül welin alyp beräýmedi, gaýta: ˝Ýetimçe, seniň gözüň zatdan doýjak däl. Öýde iýýäniňi az görýämiň. Dogman geçen. Düzüwli zat bolsaň, meň maňlaýymdan çykmazdyň˝ diýdi-de, oňa alarylyp seretdi, soňam ony silterläp-silterläp, bazaryň içinden süýräp diýen ýaly alyp gaýtdy. Ol soňam tä öýe gelýänçä käýinip geldi… Akgül häzir kresloda oturyp, Kerimiň suratly albomyny görýärdi. Surat diýseň kändi. Şol bir suraty welin bir eýläk, bir beýläk öwürip, öwran-öwran synlap, elinden goýmady. Suratdaky ýylgyryp oturan oglan oňa tanyşdy. Hakyt düýnki gün pikirini edip, Kerime aýtmagyň ugruny tapyp bilmän oturan wakasam şu oglan bilen baglydy. Suratyň arka ýüzünde ˝Klasdaşym Bossana Ilamandan ýadygärlik˝ diýen ýazgy-da bardy. Ana, şol ýazgy hem onuň peltesine ýag damdyrdy, gurdy gündiz uwlady. Ol birbada bu hakda dil ýarmaga Kerimden heder etmänem durmady. Ýöne her gezek gelende bu albomy eline alardy. Şol bir surata seredibem esli oturardy. Arman her gezegem şol gorky bilen ýüregindäkisini aýdyp bilmän gaýdardy. Bir günem: -- Akgül, sen hemişe şol bir dymyp otyrsyň. Oýlanara, ölçäp-dökere birçen boldumyka diýýän. Saňa näme päsgel berýär? Gel, düşünişjek bolaly. Men seniň ýüregiňdäkisini bilesim gelýär --diýip, onuň aladaly ýüzüne çiňerildi. -- Kerim, seniň maňa öýlenmekçi bolýanyň, çynyňmy? Hakykatdanam, sen meniň bilen maşgala bolup ýaşasyň gelýärmi? -- Sen-ä muny oňaraýdyň-ow. Ýeri, ony soramaň näme? -- Eger ol çynyň bolsa, onda biziň käbir zatlar barada dogrudanam düşünişmegimiz gerek. -- Wah, şeýdip bir dil açsana? Men indi näçe gündir seni synlap ýörün. Seni haýsydyr bir zadyň ünjä goýýandygyny ýüregim syzypjyk dur. Hany, sen aýt, o nämäň ünjüsi? O nämäň düşüşinmeli zady? -- Kerim, sen Bossany söýüpmidiň? -- Hawa, söýüpdim. -- Olammy? --Olam söýüpdi. Ýogsa-da, sen ony nämüçin soradyň? -- Aý, hiç … -- ˝Dile geldi, bile geldi˝. Sen muny ýönelige–hä soramaly däl. -- Hany, ol senden başga-da biri bilen halaşýamyşyn-a. -- Ýo-ok, men Bossana garalyk sürtdürmen. Ol meniň öňümde süýtdenem akdyr. -- Süýde-de siňe seretseň… -- Näme diýmekçi bolýaň? -- Köşeş, gaharlanma. Menem seniň ýüregiňi çişirmegi özüme dereje bilemok Saňa eşidenimi hem-de gören zatlarym hakynda aýdýan. Seň abraýyň, meň abraýym. Ýöne näçe gizleseňem temen haltada ýatmaz, onsoň il-güne-de gep gerek. ˝Il agzyny ýygyp bolmaz, çelek agzyny bogup˝ diýilmeýämi näme. Ony hamala pynhan ýerlerde-de, del adamlar bilen görenler bolupdyr. -- Bes et, seň munuň töhmet bolýar. -- Bu töhmet däl. Oňa delilem bar. Ýöne sen beýdip meň üstüme azgyrylyberme. Kerim şol pursat içini gepledip ýetişdi: ˝Düşseň dul aýalyň toruna, girdiň ýetmiş arwahyň görüne˝ diýeni bolaýdymmykam? Aý, ýok, ol beýle aýallardan däldir. ˝Seň abraýyň, meň abraýym˝ diý-dä! Görgüli meň namysym diýip janygýan bolsa näbilýäň˝. -- Sende aşa gyzmalyk bar, Kerim. – Akgül pessaýlyk bilen gepledi. – Gyzmalyk bar ýerinde-de birek-birek bilen düşünişmek kyn bolýar. Meniň saňa janym ýanýar.˝Oglum, oguljýygym˝ diýip, şo gögeläni päpeläp ýörşüňe. Eger sen ähli zada parahatlyk, sowukganlylyk bilen çemeleşseň, onda sen nämäniň-nämedigine, ýöňkelýän günäň agram tarapyna özüňem göz ýetirersiň. Kerim dymyp otyrdy. Iki gulagy welin Akgüldedi. -- Bossan bizden bir klas aşakda okaýardy – diýip, ol ýüregine düwen pikir-hyýallaryny bir ujundan çöşläp başlady. – Özem klasdaş oglanlarynyň biri bilen gowy görşerdi. Ol bütin mekdebe aýandy.Onunjyny tamamlanlarynda-da birek-birek bilen söz edişen ekenler. Bilmedik nämesinden, Bossan oňa garaşmady, ur-tyut saňa durmuşa çykdy oturyberdi. Ol oglan gullukdan boşap geldi. Bolan işe haýran galyp, esli wagtlap sallah gezdi. Bossanyň söýgüsi welin ýürekden eken. Ogryn-dogryn ýollar bilen… -- Ýok, Akgül, haýyş edýän. Sen bir beýle gürrüňlere ynanma. -- Gözüň bilen görmeseň ynanmak kyn. Häzir men baryny aýdaýyn. Asyl Bossanyň özi olara baryp gaýdardy. Bir gezeg-ä hakyt onuň ejesi Doýduk Bossany oglunyň ýanyndan kowubam goýberdi. Dogrusy, çagasy bolansoň-a gördüm diýsem, hudaý tutar meni. Onsoň hälki oglan diýýänim Bossan ölenden soňra öýlendem-le. Özem başga şäherde oturýar. Oba-da häli-şindi gelip-gidip dur. Onyarada Bossanyň ýatan gonamçylygynda-da görenler bar. -- Kim ol oglan? O hakda men bilemog-a? Ýok, ýok, seň bu sözleňňe-de ynanamok. Göwnüme bolmasa, bu zatlar kimdir birfiniň bähbidi üçin ýöne oýlanylyp tapylaýan zat. – Kerim iki-baka elewredi. -- ˝Hemedan daş bolsa-da, kädi ýakyn˝. Onuň suraty seň albomyňda-da bar. – Akgül albomdan Ilamanyň suratyny getirip Kerime berdi. – Ynha, ol oglan. Kerim surata seretdi. Görse Bossanyň klasdaşym diýýän oglany. Ol dergazap bolup gygyrdy: -- Men ony öldirin! -- Ýok, ezizim, bu bolmaz. Seni türmä basarlar. Onsoň meň günüme it aglar. Sen eden işiňi akylly-başly, maslahatly, özem sowukganlylyk bilen etmelisiň. Kerim ýüzüni sallap, gyzaran gözlerini Akgülden üçürdiklejek boldy. Ol Akgülüň gürrüňlerini dişini gysyp diňledi. ˝Bossanda beýle hileler bardyr öýdüp kelläme-de getirmändim. Ol meniň aşa sadalygymdan peýdalanyp… Men oňa durkum bilen ynanypdym. Hatda onuň aýagyny gyşyk basanyny-da duýmandyryn˝. -- Bu hemmesi däl. Arada ol näkes ˝Şu ýerde meň oglum bolmaly˝ diýip, Berdiň bakjasyna-da barypdyr diýýä. Wah, etmelisi bellile oň. Ony tapybam bolar, tutubam. Höküwmet bolmasa, diriligine ýere gömäýňel-ä ony. Aý, onsoňam ˝Gurt çagasy – ekdi bolmaz˝. Men saňa şuň ýaly ogul dogrup bererin – diýip, başam barmagyny çommaldyp görkezdi. -- ˝Garganyň ˝gaz˝ balasy, her kimiň öz balasy˝. Şony ýoklan günüň meni kanuny aýalyň hasap edäý. Biz bagtly ýaşarys. -- Bes et!.. x x x Kerim bakjadan Berdini alyp yzyna dolandy. Şu ýerde-de Akgülüň düýnki ýakymsyz sözleri gulagyny şaňladyp gitdi. -- Oglum, oguljygym, men senden bir zat soraýyn – diýip, ýoly ortalaberende ogluna ýüzlendi. – Ýöne dogryňdan gel, sen meni aldama, balam. Sen maňa aýt, saňa şu ýagty jahanda menden başga ˝oglum˝ diýip ýüzlenýän barmy? Berdi kakasynyň häzirki içki howsalasyndan bihabardy. Ýöne göwnündäkisini welin aýtdy. -- Hawa, bar. -- Kim ol? -- O gün bizde baýramçylyk bolanda Aýazbab geldi-de, maňa ˝oglum˝ diýip başymy sypady, süýji-köke-de berdi. -- Ýok, men senden Aýazbabany soramok. Başga bir adam. -- Kaka, sen bir zat soraýyn diýip, iki zat soraň-a? -- Tüket. Soragyma jogap ber. -- Başgamy? Hawa, şol gün başga bir adamam gelip, çagalara alma paýlady. Ol şonda maňa-da iki alma berdi. Özem ˝Al, oglum, iý, süýji almadyr˝ diýdi. Ol adam aldamandyr, kaka! Süp-süýji eken, olar ýaly süýji almany senem getireňok. Ol ýene-de getirin diýipdi. Kerimiň damagy dykyn alansoň, gaýdyp geplemedi. Ýöne oglunyň elinden silterläp, uly ýoldan aňryk aşdy. Özi-de ýolboýy gaharyna bäs gelip bilmän ertendi. ˝Sebäpsiz çöp başy gymyldamaz. Akgülem ýöne ýere hopugýan däldir. Bar zady bilse-de, gör näçe wagtlap dymyp gezipdir. Asyl Berdini halamazaklygy bardy-la. Bi it oglam şol suratdaky haramzada bilen bir almany iki bölen ýaly meňzeşem˝. x x x Kerim ukudan adatdakysyndan ir oýandy. Oňa bu gije süýji uku nesip etmedi. Ilkagşam-a Akgülüň öýkeläp gitmeginiň hem-de özüne gürrüň beren zatlarynyň düýp sebäbine düşünjek bolup köp urundy, oýlandy ýatdy, wagtal-wagtal çilim otlandy-da, garaňky otagda gezim etdi. Ogly içki otagda ýatyrdy. Käte baryp onuň ýüzüne esedip, dem alyp ýatyşyny synlaýardy-da ˝Nätmeli? Akgülüňem goýan şerti ýeňil-ýelpaý däl... Onsoňam ol bir gepinde men senden göwrelem diýip ýaňzytdy. Dogrusy, wagtynda Bossanyň ata-enesi ˝Gyzymyz öldi, agtyjagymyzy bize beräýseň˝ diýip, özelenipler ýalbardylaram. Eger-eger, oňa men göwnemedim. ˝Öýlenersiň, onsoň çagaň öweý enäň elinde oňmaz˝ diýibem gördüler. Kes-kelläm garşy boldum. Eger beräýsem, onuň bilen ýüregim agzymdan sogrulyp gidäýjek ýalydy. Onsoň gaýdyp olaram köwlenmediler. Habaram tutmadylar. Iki janly soýup, ýylyny berdim. Eger-eger ant içen ýaly, görünmelidirem öýtmediler. Göwünleri galandyr menden. Häzirem beräýsem ýüz öwürmezler welin Akgülüň aýdanlary ugrunda bar bolsa, onda şeýle agtyk goý olara-da nesip etmesin. Indem bu bolgusyz habardan soň sen nädip başyňa telpek sokup, ˝menem erkekdirin˝ diýip, il arasyna çykjak. Akgüle sataşalym bäri maňa bir döw-ä çaldy, jadyladymy, doga etdimi? Onsuz günüm ötenok, dünýäm darygýar, bi durmuş maňa manysyz˝. Şular ýalay oý-pikirlere gark bolup, uzakly gijäni uklaman diýen ýaly geçirdi, ýaňy bir irkilende hem tisginip oýandy, kimdir biri adyny tutup gygyran ýaly boldy. Kerim pakgaran gabaklaryny owkalaşdyryp aýaga galdy. Dynç alyş güni bolansoň Kerim çaý içmäge-de howlukmady. Daş işige çykyp, hoştap howada esli durdy. Şol durşuna-da Akgül hakda oýlandy. ˝Nätsemem ony men öýe getirmeli. Bir hepdeden komandirowka gitmeli boljak. Wah, oň şertine sered-ä˝. Oý-pikirler onuň üstüne tolkun bolup dökülýärdi. Kerim bolsa olardan saplanmagyň tärini gözleýärdi. ˝Näme-de bolsa bir zatlara-ha güýmenmeli, ýogsam bu pikirler meni däliretjek˝ diýip, Kerim eline tor alyp bazara bakan eňdi. Ol dolanyp gelende, Berdijik gapyda şumjaryp otyrdy. -- Bu nä boluş? -- Kaka, gezmäge gidýäsmi? Akgül daýza-da biz bilen gidýämi? Akgülüň ady tutulanda, onuň öňünde goýan şerti şo dem hakydasyna gelen Kerimiň bedeni saňňyldap, oglunyň gapdalyna çökenini duýman galdy. -- Bu gün gezmäge diňe ikimiz gideris. -- Ony äkitmäli-laý. Ol … ol… meni urýa. Kaka, bilýäňmi, maňa nämeler diýýä? ˝Sen ýetim güjük˝ diýýä. – Berdi elini ýüzüne tutup, ýene şumjardy. Soňam kakasyna gysmyljyrap, onuň boýnundan elini dolap aldy. -- Ol bilmän aýdandyr.Ol seni gowy görýä. Ýör, çaý içeli, soň ikimiz gezmäge gideris… Kerim dükandan bir çüýşe arak alyp şäheriň çetine çykanda, wagt günortanlar bolupdy. Daş-töwerek gum-guklukdy, guş-gumrular hem günüň ýiti gyzgynyna tap gelip bilmedik borly, görünmeýärdi. Ol çilim sorup oturyşyna ogluny synlaýardy. Açyk giň meýdanda bökjekläp ýören Berdiniň boýy-da öňkisinden birgez uzalan ýalydy.Birsalym gaýgy-gamlar duman kimin syrylyp gidipdi. Akgülüň şerti hakydasyna gelende welin, Kerimiň giň maňlaýy bürşüp, bedeni sandyrady, ýene-de oý-pikire çümdi. ˝Neneň dözerkäm?.. Şertim şahyma edäýsemem bordy, ýöne indi bu gürrüňçilikden soň namysa-da galyp bolmaz. Onsoňam ˝Kesmeseň ganamaz˝ diýlen pähimem-ä bardyr. Sapaly durmuş ňüüçin az salym awunmalam bolar˝. Ol matlamyny anyklansoň ogluny ýanyna çagyrdy. -- Hany bärik gel. -- Kaka, men ýene-de azrak oýnaýyn! – diýip, Berdi iki aýagyny asmana bakyp duran alaka bakan eňdi. Alaka bolsa hinine sümüldi.Diňe şondan soň Berdi ylgaşlap gelip, kakasynyň gujagyna gelip doldy. Oglunyň gyzgyn bedeni oňa köz bolup degdi, demi-de ýüz-gözüni çawup gitdi. Kerim ogluny gujagyna mäkäm gysdy-da, ýüzünden taýly gezek ogşady. Dodaklaryny müňküldedip, ˝Bagyşla, takdyryň şeýledir-dä˝ diýýän ýaly süňklek barmakalry bilen oglunyň bokurdagyna ýapyşdy. Berdi welin kakasynyň ýüzüne birgeňsi esedip, aňkarylyp durdy. Ataly-ogluň demi goýulyşyp, göreçler bir-birini nyşana alýardy. Şol pursatda-da Kerim barmakalry bilen oglunyň bokurdagyna agram saldy. Berdsi tisginip, aýaklary bilen ýer depirjikläp, elleri bilen kakasynyň döşünden itip goýberdi. Kerim niýetinden dänmedi, onuň bogup oturýany ogly däldi-de, ylla suratdaky Ilamandy. Ol Kerimiň gözüne şeýle-de bolup görnüpdi. Birdenem oglanjygyň häliden oýnaklap duran garaja gözleriniň şöhlesiniň öçüşip ugranyny gören Kerimiň elleri bokurdakdan sypaga-da jansyz ýaly şalkyldap, dyzyna degdi. -- Kaka, sen nädýäň, agyrýa-la! -- diýip, Berdi kakasynyň gujagyndan sypansoň honda atylyp düşdi, gorkuly görejini Kerime dikdi. Kerim ilki bilen ogluna näme diýjegini bilmän aljyrady, soňam ýyrşaran boldy: -- Men-ä seni göterjek bolýan, sen bolsaň oýna-da çydaňok. -- Şundanam bir oýun bormy? Hany, menem seni şeýdäýeýin, agyrýamy-ýokmy? – diýip, Berdi kakasynyň ýeňsesinden geldi-de, ysgynsyz elleri bilen onuň bokurdagyna ýapyşdy. Kerim çyna berimsiz kykyr-kykyr gülüp: -- Waý, öldürýäň-le! – diýip gygyrdy. --Hä, ajymy-süýji? -- Sen zor çykdyň. Gel ikimiz oturyp leýmunat içeli, ýogsam suwsuzlyk ýykýa meni – diýip, Kerim ogluny gapdalynda oturtdy-da, limonadly çüýşäni ogluna berdi. – Bu suwam men içeýin. -- Ol-a suw däl, arak, özem ajy – diýip, Berdi ýüzüni çytdy. -- Haý, kezzap diýsänim, bilmeýän zadyň ýok seniň. Ajam bolsa, men-ä şundan içjek. Çüýşäniň bokurdagyndan tutup, arak owurtlap oturyşyna Kerim ˝Şu ajy suw belki maňa kuwwat berer, ýogsam bognum ysanok˝ diýýärdi. Şo mahal Akgülüň ˝Gurt çagasyndan ekdi bolmaz. Ikimiziň mähir siňdirip döretjek çagamyzdan bagt taparys. Näçe çaga isleseň şonça-da dogrup bererin˝ diýen sözleri gulagyna eşidildi. Gapma-garşylykly oý-pikirlere gark bolup barýan Kerim sähel salymda çüýşäni boşadyp barýardy. -- Kaka, içme, pýan bolarsyň! Kerim oglunyň gykylygyna tisginip, ylla ukudan oýanan ýaly töweregine ýaly-ýult edip göz aýlady. Golaý-goltumda gymyldy-hereket ýokdy. Uzakda bir ýerde şäheriň sement zawodynyň uzynly-gysgaly turbalaryndan zogdurylyp çykýan tüsseler garalyp görünýärdi. Howa diýseň petişdi, onuň ýüz-gözünden damja-damja der syrygýardy. Ajöze içilen arak beýnä agram salyp ugrapdy. Gözleriniň öňi ümezläp, durky bilen süllerýän ýalydy. Berdi bolsa ˝Kaka, içme, ýör öýe gaýdaly˝ diýip, onuň egninden silterleýärdi. -- Ýok bolsana… öýde körüň ýok seniň – diýip, Kerim ogluny itip goýberdi. Berdi iki-üç ädim beýläk togalanyp düşdi, elindäki çüýşe-de atylyp gitdi. – Sen… sen it ogly zerarly men neneňsi hunaba iýýän. Dogman geçen! Dünýä örtenmek üçin geldiňmi? Iller keýp çekýä, adam şekilli ýaşaýa. Men bolsam kesekiň siýdiginden dörän… -- Kerim çüýşäniň bilinden tutup çaýkad-da, başyna çekdi, soňam boşan çüýşäni kibtaşyry oklap goýberdi. Berdi ýerinden galyp, çüýşä ýapyşdy.Çüýşe boşdy. – Leýmonadymam döküpsiň. Gitmeseň gitme, men gidýän – diýip, möňňürip öýe bakan ugrady. Kerim oglunyň özünden ara açyp barýanyny görüp: -- Gaýt yzyňa! Gaýt diýýän saňa! – diýip, azm urdy. Berdi gaňrylyp yzyna bakdy-da, birsellem durdy, kakasynyň yzyndan ýeterine garaşdy. Kerim welin oturan ýerinden gorjananokdy. Berdi ýene-de ýöräberdi. Ol gözlerini owkalap, möňňürip barşyna kä büdräp, kä ýykylyp, öňe ýöreýärdi. -- Saklan, haram, eşek! – diýip, Kerim oglunyň yzyndan hasanaklap ylgady. Ýetip gelýän kakasyny gören Berdi aýak çekdi, gorkudan ýaňa durky bilen sandyrady. Kerim ogluna şarpyk çaldy-da, elinden yutup, süýräp diýen ýaly başky oturan ýerine getirdi. Şol pursatda Akgülüň: ˝Sen kimin towşan ýürek sölitäni başyma ýapaýynmy?˝ diýen gyjalatly sözleri gulagyny şaňladyp gitdi. Ol gaňrylyp, gelen yzyna seredeninem duýmady. ˝Men haçana çenli öňýetenden gyjalat iýip ýörmeli borun. Menem erkeg-ä, meniňem namysym-arym bolmal-a˝ diýip, Berdiniň bokurdagyna ýapyşdy. Oglunyň balkyldap ýaşa dolan gözlerini görende ýene-de elleri diýenini etmedi. Töweregine gorkuly seretdi, töweregiň bolsa häzirem gum-guklugydy, janly-jemende görnenokdy. Kerim arakly çüýşäni eline aldy. Berdi bir-ä kakasynyň gyzaran gözlerine, birem onuň elindäki çüýşesini synlap, iki eli bilen kellesini tutdy, gözlerini ýumdy. -- Kaka, kaka jan, ýalbarýan, urma! Eje!!! – diýip, çirkin-çirkin gygyrdy. Ýokary galan çüýşe onuň kellesine däl-de, gapdalda ýatan daşa degip syndy. Kerim onuň bir bölegini alyp aşak oturdy. Soň ogluny bar güýji bilen özüne dartdy. Gorkudan ýaňa gagşyldap, uçaýjak-uçaýjak bolýan Berdi kakasynyň matlabyna düşünmän ýene-de möňňürip goýberdi. Kerim bolsa rehimsiz darady. Öňünde bir gysym bolup oturan oglunyň iki aýagyny öz aýaklarynyň arasyna salyp, onuň başyny ýeňsesine gaňyrdy. Soňam çüýşe döwüginiň ýiti tarapyny bokurdakdan saldy… Kerim sen-men ýok, hasanaklap ýerinden turdy, okdurylyp türmäň gapysyna bardy-da, güýjüniň ýetdigindenem gapyny ýumruklap ugrady. -- Açyň gapyny, açyň diýýän men size, açyň!.. – diýip, bogazyna zor salyp gygyrdy. Onuň aýylganç sesine Hyrdam zähresi ýarylan ýaly bolup oýandy. Soňam: -- Kerim, Kerim, näme habar? Saňa ne döw çaldy? Ne beýle oda-köze düşüberdiň? – diýip, gözlerini elek-çelek edip ýerinden galdy. -- Ondan gorkmadygyň imany ýokdur, gardaş. Bar belanyň körügi sataşman geçen şol heleýden boldy. Ýok, ol heleý däl, barypýatan melgun. – Ol gahardan ýaňa dergazap bolup gapyny kakdy, soňy bilen aýagy bilen depdi. -- Gykylygyň näme? – diýip, gözegçi seržant gapyň ˝gözjagazyndan˝ äňetdi. -- Meni inspektor Hekimow bilen duşuryň. Duşuryň diýýän. – Hanow gapyny öňküdenem güýçli ýumruklady. -- Gykylygyňy bes et-de, bar ýeriňde otur. Men häzir inspektora jaň ederin. Hyrdy äm-säm bolup durdy. Kerimiň üç günden bäri gysyp-gowrup barýan oý-pikirlerinden soň, inspektora bolan işi bolşy ýaly, jikme-jikligine gürrüň bermegi ýüregine düwendigine henizem ynananokdy. Goçy ANNASÄHEDOW, Petdi MAGSYMOW. # esger_95 | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||