15:33 Howsala / hekaýa | |
HOWSALA
Hekaýalar
Men işden gelsem, aýalym Oguljan sygryň dili ýaly kagyzy elinde galgadyp, howlynyň içinde ikibaka ylgaşlap, jowranyp ýör. «Bu näme beýdip örtenip ýörkä? ÝA ejemden-dagy erbet habar geläýdimikä» diýip, zähräm ýarylan ýaly bolup, onňa bakan ýöredim. Ol meni görenden: — Bagtymyz ýatdy, Dädebaý! Ýeri, sen basylsaň, men bu taýda nalaç ederin?!—diýip, ganyny gaçyryp, elindäki kagyzy öňume oklady. Men hiç zada düşünmän, aňkarylyp durun. Käte hem daş-töweregime göz gezdirýän. «Milisiýadan meni äkitmäge geldilermikä?» diýip, içimi gepledýärin. Öe girmäge bognum ysanok, süňňümde galpyldy peýda boldy. Elimi sandyradyp, Oguljanyň oklan kagyzyny eglip aldym, ony howlukmaç okadym. «Siz ertir sagat dokuzda milisiýa bölüminiň bäşinži otagyna gelmeli. Ýanynyzda pasportyňyz bolmaly, eger gelmeseňiz jogapkärçilige çekiljeksiňiz». «Jogapkärçilige çekiljeksiňiz...» diýen sözleri gaýtalap okadym. Oguljan aglamjyrap: — Gördüňmi! Wah, seniň bir etmişiň bardyr-la, ýogsa milisiýa çagyrmaz. Aýtsana, näme etdiň?!— diýip, meniň al-petimden alsa nätjek. — Ýeri, bes et! Seňki näme diýsene! Belki, menlik bir işleri bardyr-da?.. Meniň eden etmişim bardyr öýdemok. — Ýeri, ýeri meni köşeşdirjek bolan bolma sen, erbet bir işe baş uransyň, menden ýaşyrýansyň! Oňlulyga çagyrýan däldirler. Honha, dükançy Çaryny çagyryp-çagyryp, soňundan hem türmä äkitdiler. Seniňem boljagyň şodur! — O-how, halys ýüregime düşdüň, bes et diýýän saňa!—diýip, Oguljana gaharly gygyrdym.—Çary döwletiň emlägini ýoklapdyr, ogurlyk edipdir. Men jenaýat edemok ahyryn! — Onda näme, myhmançylyga çagyrýarlarmy?! Wah, men garabagt indi näderkäm?!—diýip, Oguljan ähenini gowşadyp, maňlaýyna gütde-gütde urup, zeýrenmäge durdy. Onuň bolşy menem howsala salýardy. Milisiýanyň çakylygyndan özüm-de gorkman duramokdym welin, Oguljanyň nadaralygy has beterem haýymy alýardy. Inim jümşüldeşip, ysgynym gaçdy, işdäm tutuldy. Ömrümde milisiýa baryp gören adam däldim. Çakylygyň meni gaty gorkuzmagy-da şondandy. Il içinde «Milisiýa işiň düşmesin», «Hernä şol gapydan baran özüň bolma» ýa-da «Milisiýa toýa çagyrýan däldir» diýen sözler elmydama gulagyma degýärdi. Ine, çaýyň başynda pikirlenip otyryn. Ne çaý içip bilýärin, ne-de çörek damagymdan geçýär. Näçe köp pikir etdigimçe-de ynjalygym gaçyp, ýüregimiň gürsüldisi artýardy. Birsalymyň içinde çagalykdan saýlanan wagtymdan bäri ýaşan döwrüm gözümiň öňüne gelip geçdi. Näçe oýlansam-da, jenaýat edenim hiç hakydama gelenok. Kolhoz... Harby gulluk... Skladçy bolup işläp ýörşüm. Dur-dur!.. Boldy, boldy... Şol çopan wagtymda bir sygyr suwa ýykylyp ölüpdi. Ýok-la, ol-a däldir. Ol hakda akt ýazylyp, jerime salyndy. Eýsem nämekä? Skladda rewiziýa bolanyna heniz bir aý hem bolanok. Hemme zat düz diýilip akt ýazyldy. Ýa şonda başga bir ýalňyşlyk bolaýdymyka? Ýok, olam bolup biljek zat däl. Ýa-da şol skladdan öe getiren bir halta unum üçin bolaýmasyn? Şu pikirlerden soňa, men haýal etmän başlygymyzyň ýanyna bakan eňdim. Başlygam köşeşer ýaly söz aýtmady Ýene öe gaýtdym. Pikirlenýärin. «Deň-duş ýoldaşlarym milisiýa çagyrylanymy eşidäýseler ýa-da meni onuň gapysynda göräýseler, näme diýip, nähili pikir ederler? Gör, bu masgaraçylygy!» Men gapydan girenimden Oguljan ýene-de şol öňki heňine tutdy. Özem, diýseň aljyraňňy. Bu ýagdaýy görüp, men ýene galpyldap başladym. Eger basylsam, Oguljanyň we çagalaryň düşjek agyr ýagdaýy hakynda köp oýlandym. Gijeler hor çekip mazaly uklap ýatmam bardy. Indi welin, uky ýadyňa duşsün-le seniň! Gözümi ýumsam, şol bazarda nobatçylyk edýän deşli milisioner alnymda peýda bolup: «Düş öňüme!» diýýän ýaly bolup dur. Gözüme çüý kakylan ýaly, asla ýatyp bilemok. Bir gijäm ýyla döndi. Teý-ahyr, daň atdy, ýalançy ýagtyldy. Garaşmak halys ýüregime düşensoň çaýdan-suwdan bizar, milisiýa bakan ugradym. Oguljan hem yzymdan galanok. Tirkeşip bölümiň gapysyna geldik. Bu wagt milisiýanyň gapysynda gara görünmeýärdi. Heniz irdi. Biz garaşýarys. Gapyda garaşyp oturyşyma irkilipdirin. Oguljan meni silterläp: — Tur, çagyrýarlar!—diýýärdi. Ýalpa gözümi açdym, entirekläp baryp, nobatçydan rugsat alyp, sülçiniň ýanyna bardym, gorka-gorka gapydan girdim. Stoluň başynda togalak, orta ýaşlaryndaky bugdaý reňk leýtenant otyrdy. Ol elimden çakylyk hatymy alyp: — Hä-ä, ýoldaş Ýagmyrowmy, hany, oturyň! — diýdi. Telefon jyňňyrdady. Sülçi trubkany aldy-da: — Salam! Ýoldaş prokuror, ol işi tamamlap barýan, jenaýatçyny getirdiler. Hawa, hemmesi taýýar, ony tussag astyna alsak-da boljak. Hawa-la. Bolýar. Sülçi trubkany ornunda goýup, nämedir bir zatlar ýazyp başlady. Men «tussag astyna alsak» diýen sözi eşidenimden, öňkümdenem beter galpyldap başladym. «Oguljanyň aýdanlary dogry çykaýjak öýdýän» diýip, içimi gepledýärin. Meni der basdy, halys özümi ýitirdim. Sülçi gülüp, menden nämedir bir zatlary soraýardy, men weli diňe «Ä?» ýa-da «Nä-me?» diýip samahyllap otyryn. Birden onuň «welosiped» diýenini aňşyryp galdym; Zöwwe ýerimden galyp: — Ýoldaş sülçi, ynanyň, men welosiped ogurlamok — diýdim. Sülçi meniň aljyraýanymy bilip, golaýyma geldi-de, ýumşaklyk bilen: — Siziň welosipediňiz barmydy?—diýdi. — Hawa, ir wagt-a bardy. Äý, bir köneje welosipedi... Ony ogur... näme... ýitirdim. Indi pyýada gezýärin. Bu ýaşdan soň maňa onuň geregem ýok, hawa, ynanyň! — Wah, içim-ä sen ýakdyň! Senden häliden bäri soraýanym hem şol ahyryn. — Sülçi güldi-de, gapydan howla çykyp, köneräk welosiped alyp geldi. — Siziňkimi? — Öz-ä, şoňa meňzäp dur. — Men welosipedi synladym, onuň tigirlerine, reňkine gözüm düşensoň: — Hawa, hut meniň welosipedim —diýdim. Sülçi sesini çykarman bir kagyzy öňüme oklady. — Haçan, nirede aldyran bolsaňyz, şony görkeziň-de, gysgajyk arza ýazyň. Diňe şondan soň men özümi dürsäp, maňlaýymyň derini syrdym we hasur-husur arza ýazyp berdim. Sülçi arzany aldy-da, welosipedi elime tutduryp: — Äkidiň! Ýöne indikile zat aldyrsaňyz, wagtynda milisiýa habar ediň, ýogsam tapylan zadyň eýesini gözlemek bize iş bolýar — diýdi. Bu garaşylmadyk waka haýran galyp aljyrap, daşaryk, köçä gitmegiň deregine, beýleki howla tarap çykylýan gapydan çykjak bolsam nätjek? Özümi dürsäp, çalt ýolumy düzetdim. Oguljan bölümiň gapysynda maňa sabyrsyz garaşýardy. Ol meni görenden: «Dädebaý, ýeri, eýgilikmi, aýtsana çaltrak» diýip sesini endiretdi. Men begenjimden welosipedi görkezdim-de: — Ine, şunuň üçin çagyrypdyrlar — diýdim. — Wiý, bu şol senin ogurladan welosipediň ýaly-la?—diýip, Oguljan hiç zada düşünmän, ýüzüme aňkaryldy. — Milisiýa biziň ýadymyzdan çykaran zadymyzy tapyp berýär, a sen bolsaň, oňa myjabat edýärsiň. — Ýok, men milisiýa myjabat edemok, günä özüňdedir öýdüpdim. -— Mende günä ýok diýip aýtmadymmy näme? — Aý, men näbileýin—diýii, Oguljan ýere bakyp oňaýsyz ýylgyrdy. Biz köneje welosipede syrtlaşyp öe gaýtdyk. Ýolboýy öz «batyrlygymyza» gülşüp geldik. Petdi MAGSYMOW. | |
|
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |