23:33 Istemi Han | |
ISTEMI HAN TÜRKMEN
Taryhy şahslar
• Günbatar Göktürkmen döwletiniň taryhy barada Göktürkmenleriň döwletini esaslandyrmak, ony dünýäniň kuwwatly döwletleriniň hataryna goşmak üçin Oguz hanyň döwlet gurmak, ile hanlyk etmek däplerine eýeren ençeme han-begler we serkerdeler bimöçber işleri amal edipdirler. Gojaman geçmişde halkymyzy dünýä tanadan, türkmeniň deňli-derejeli döwletiniň bolmagy üçin güýç-gaýratyny gaýgyrmadyk gerçekleriň biri-de, türkmen we dünýä taryhynda öçmejek yz galdyran meşhur serkerde Istemi handyr. Dürli ýurtlaryň taryhy eserleriniň şaýatlyk etmegine görä, Istemi han diňe bir şöhratly serkerde bolman, ol özüni meşhur döwlet işgäri we ajaýyp diplomat hökmünde hem tanadypdyr. Ol VI asyrda bütin dünýäde özüni tanadan, soňra ady rowaýata öwrülen Sasany patyşasy Anuşirwan Adyl (resmi ady Hosrow Anuşirwan 531-579), Wizantiýanyň imperatory Ýustinian (527-565) bilen bileleikde giňden tanalypdyr. «Ýagşy ýigidiň ady köp bolar» diýlişi ýaly, Istemi hany hytaýlylar Şidýanmi, Şedimi, Sedimi, grekler (rumlylar) Dizawul, Silzawul, Stembi hagan, araplar Sinjibu, parslar bolsa «Hakan-i-çin» («Hytaýyň hany») diýip atlandyrypdyrlar. Bu mysallar merdana türkmen gerçeginiň dabarasynyň dag aşandygyny, onuň dünýä taryhynda öçmejek yz galdyrandygyna şaýatlyk edýär. Hakykatdan hem Istemi Göktürkmenleriniň döwletiniň hany bolmasa-da (ol döwletiň günbatar ganatynyň häkimi – Bahadur Ýabgu bolupdyr) ol döwletiň Günbatar ýurtlary we ülkeleri bilen alyp baran halkara gatnaşyklary kesgitlän we ony özbaşdak alyp baran şahsyýet bolupdyr. VI asyryň 60-70-nji ýyllarynda bolsa Sasanylaryň we Wizantiýanyň bäsdeşlik etmegine garamazdan, dünýä syýasatyny hem özbaşdak kesgitläpdir we Anuşirwan Adilyňam, Ýustinianyňan, onuň mirasdüşeri Ýustiniňem (565-575) şol syýasata boýun bolmaklaryny gazanmaga çalşypdyr. Istemi han Göktürkmenleriň döwletiniň syýasy taýdan jebis bolmagy ugrynda aladalanypdyr. Agasy Bamyn han ölenden soň, oguzlaryň köne däbi boýunça hökümdar bolmaga hukugy bolsa-da (häkimiýet türkmenlerde nesilşalygynyň iň ýaşulusyna miras galyp bilipdir), ilhan bolmaga razylyk bermändir, ägirt uly abraýy bolsa-da, agasy Bamynyň ogullary Gara hanyň (552-553) we Mugan hanyň (553-586) häkimiýetlerini ykrar edipdir, olary ähli meselelerde goldapdyr we ömrüniň ahyryna çenli merkezi häkimiýete tabynlygyny bes etmändir. Şonuň üçin hem döwletiň VII asyrda Gündogar we Günbatar Göktürkmen döwletlerine bolünmegi soňky nesilleriň hökümdarlygy döwründe bolup geçipdir. Istemi han bilen gatanaşyklar açmak we onuň bilen ýaran bolmak Anuşirwan Adylyňam, Wizantiýanyň imperatorlarynyňam ýetip bilmeýän arzuwlarydy. Istemi hanyň gyzynyň Anuşirwan adyla aýal edilip berilmegi, Göktürkmenleriň Sasani döwletlerinden pesde duranlygyny däl-de, tersine, ondan rüstem gelendigini aňladýardy. Sebäbi şol döwrüň döwletara gatnaşyklarynda gyz beremeklik däbi, gyz berýän tarapyň güýçlidigini, şeýle döwlet bilen gatanaşyk etmäge gyz dileýän tarapda islegiň ulydygyny görkezipdir. Döwletiň kuwwatyny harby güýç kesgitleýän şol asyrlarda men diýen döwletler garşydaşlaryny öz patyşa gyzlaryna öýlenmäge mejbur edipdirler. Sebäbi garşydaş tarapyň gyzyndan dogan ogullar tagtyň mirasdüşeri diýlip yglan edilärdi. Bu bolsa ýurduň patyşasyna daşyndan täsir etmäge we bu döwletiň içki işine keseden gatyşmaga mümkinçilik berýärdi. Taryhy çeşmeleriň şaýatlyk etmegine görä, Göktürkmen döwletiniň hökümdary Mugan han Istemi hana Günbatarda täze ýerleri eýelemegi we döwletiň ýerlerini giňeltmegi buýrypdyr. Şonuň üçin hem ol Günbatara ediljek täze ýörişlere taýýarlyk görüp ugrapdyr. Munuň üçin ol «Tan nesilşalygynyň taryhy» eseriniň şaýatlyk etmegine görä, 100 müňlik saýtlantgy goşun ýygnapdyr. Günbatara ýörişler 554-nji ýylda başlapdyr. Istemi hanyň baştutanlygyndaky göktürkmen goşunlary çalt hereket etmek bilen 555-nji ýylda Hazar we Aral deňizleriniň kenarlaryna çykmagy başarypdyr. Gündogaryň meşhur şahyry Abul Kasym Ferdöwsi (934-1025) özüniň «Şanama» eserinde: «Çyn-Maçyndan Jeýhunyň we Gilzarýunyň (Syryderýa) kenarlaryna, ondanam Çaça (Taşkentde) çenli ýerleriň» Istemi hanyň mülklerine öwürlendigini belläpdir. Sogdiana we Buhara ol döwürler Göktürkmenleriň esasy garşydaşlarynyň biri bolan eftalylaryň elindedi. Istemi hanyň Günabatara süýşdigiçe garşylyk güýçlenipdir. Aral deňiziniň demirgazyk kenarlarynda Istemi han sarmatlaryň, alanlaryň, ugorlaryň we awarlaryň garşylyklaryna sezewar bolupdyr. Ýöne, 558-nji ýylda Göktürkmenler bu halklary hem boýun egdirip, boýun egmedik awarlary bolsa kowalap, Itiliň (Wolga) boýlaryna çykarypdyrlar. Awarlara Göktürkmenleriň zarbasyndan sypmak başardypdyr we olar Gündogar Ýewropa - Rumystanyň araçäklerine gaçyp gidipdirler. Istemi han awarlary boýun egdirmek maksadyndan el çekmändir. Ýöne, Merkezi Aziýada eftalylar bilen gatnaşyklaryň ýitileşmegi Istemi hany Ýewropa ýöriş etmek hyýalyndan ýüz öwürmäge mejbur edipdir. Şol sepäbden Istemi han, grek (rumly) taryhçysy Menandryň (VI asyrda ýaşan) ýazmagyna görä: «Awarlar göktürkmenleriň gylyjynyň zarbasyndan sypar ýaly gökde gaýyp uçup ýören guş däl, olar suwa çümüp deňziň düýbünde gizlener ýaly balygam däl. Olar ýer üstünde enteşip ýörler. Eftalylary boýun egdirenimden soň awarlaryň üstüne çozaryn. Olara meniň güýjümden sypmak ýokdur» – diýipdir. Dört ýyllap dowam eden (554-558) ýeňişleriň netijesinde Göktürkmenleriň döwletiniň serhetleri Koreýadan, tä Hazar deňziniň we Itiliň boýlaryna çenli uzalyp gidipdir. Bütin Aziýa sähralaryny öz içine alan ägirt uly Oguz imperiýasynyň döremegi Hytaýyň, Rumystanyň (Wizantiýa) we Sasanylar döwletiniň daşary syýasatyna güýçli täsir edipdir. Göktürkmenleriň döwletiniň serhetleriniň Sasany ýerlerine golaýlaşmagy Anuşirwan Adylyň ünsüni özüne çekipdir we Istemi han bilen ýakynlaşmagyň ýollaryny agtarypdyr. 554-nji Anuşirwan Adyl Istemi hana ilçi iberipdir. Sasany ilçisi Istemi han bilen ýaranlyk hakynda şertnama baglaşypdyr. Ýaranlyk şertnamasy baglaşylandan soň Istemi hanyň asylzada gyzy Anuşirwan Adyla aýal edilip berlipdir. 555-nji ýylda Anuşirwan Adylyň Istemi hanyň gyzyndan ogly bolupdyr. Ol Hormizd IV ady bilen şa tagtynyň mirasdüşeri diýip yglan edilipdir. Eftalylar diňe bir Göktürkmenleriň däl, Sasanylaryňam duşmanydy. Eftalylaryň çozuşlaryna döz gelip bolmän, ýaranlyk şertnamasynyň baglaşylmagy we garyndaşlyk gatnaşyklarynyň açylmagy Anuşirwan Adylyň ýagdaýyny ýeňilleşdiripdir. Eftalylar göktürkmenleriň duşmany žužanlaryň ýaranydy. Haçan-da, Bumyn han žužanlary derbi-dagyn edende, Merkezi Aziyada agalyk edýän eftalylar Hytaýyň Gündogar Weý döwletiniň ýaranydy. Hytaýyň Günbatar Weý döwleti bolsa Bumyn hanyň ýaranydy, üstesine-de Günbatar Weý patyşasy Ýuýwan Taýyň (Wyn-di) gyzy Bumyn hanyň hatynydy. Şol sebäpden Istemi eftalylaryň ýaranlyk hakyndaky tekliperini ret edipdir. Netijede, dürli taraplardan daşy gabalan eftalylar çykgynsyz güne düşüpdir. Bularyň üstesine-de, eftalylar özara oňuşmandyrlar. Eftaly patyşasy Gatfaryň weziri Kutulf hökümdara öz ýagdaýlarynyň gowy däldigini aýdypdyr we goňşy döwletler bilen uruş etmezlige çagyrypdyr. Emma Gatfar Kutulfy masgaralap, onuň mertebesini peseldipdir. Tejribeli we hilegär Kutulf Eýrana gaçypdyr we ölýänçä Anuşirwan Adyla sadyklyk bilen gulluk edipdir. 560-njy ýylda eftalylar bilen Göktürkmenleriň arasynda uruş hereketleri başlapdyr. Urşa-da Gatfaryň özi sebäp bolupdyr, ol Istemi han bilen Anuşirwan Adylyň ýakynlaşmagyndan heder edipdir we iki döwletiň özara gatnaşyklaryna päsgel bermäge jan edipdir. Sogdiýanýň üsti bilen Sasanylaryň paýtagty Ktesifona (häzirki Bagdat şäheriniň töwerekleri) barýan göktürkmen ilçileri Gatfaryň görkezmesi bilen öldürilipdir. Ilçilerden diňe bir adama gaçyp sypmak başardypdyr we ol Istemi hana bolan pajygaly waka barada habar beripdir. Emele gelen ýagdaýda uruş hereketleri gutulgysyzdy. Istemi han özüniň ähli güýçlerini bir ýere jemläpdir we eftalylara garşy urşa häzirlenipdir. Göktürkmenleriň goşunlaryna eftalylaryň öňki ýaranlary hotanlylar hem goşulypdyr. Anuşirwan Adyl Istemiden öňürdipdir we 562-nji ýylda eftalylara agyr zarba urupdyr. Ýöne, munuň bilen uruş gutarmandyr, sebäbi agyr ýeňlişe sezewar bolsa-da, Gatfara esasy güýçlerini saklap galmaklyk başardypdyr. Gowy taýyarlyk işlerini geçireninden soň, Istemi han goşunlaryny eftalylaryň esasy güýçleriniň jemlenen ýeri bolan Sogdiýananyň üstüne sürüpdir we ýüzüniň ugruna Çaçy (Daşkendi) eýeläpdir. Istemi hanyň goşunlary Çyrçyk derýasyndan geçip, Samarkandyň golaýyndaky Maýmurg galasynda jemlenipdir. Eftalylaryň goşunlary bolsa Buharanyň etegindedi. Ýöne, Gatfar göktürkmenleriň atly goşunynyň öňünde durup bilmejekdigine göz ýetirip, Nesefe (Garşy) tarap yza çekilipdir. Şeýlelikde, Nesefiň eteginde Istemi han bilen Gatfaryň goşunlarynyň arasynda gandöküşikli söweş başlaýar. Ferdöwsiniň ýazmagyna görä, göktürkmenleriň hüjümleri döwründe eftalylardan ejir çeken sogdianalylar köp gözýaş döküpdirler. Ýöne, eftalylar üçin söweş etmek islemändirler. Nesefiň etegindäki söweş sekiz günläp dowam edipdir we ol eftalylaryň doly derbi-dagyn edilmegi bilen tamamalanypdyr we eftalylaryň aman galanlary Gaftary tagtdan agdarypdyrlar. Olar Çaganiýanýn häkimi Fagonişi patyşa saýlapdyrlar we ony Anuşirwan Adyla ýapja bolmaga mejbur edipdirler. Şeýleleikde, Merkezi Aziýada ýarag güýji we zalymlyk bilen agalygy ýola goýlan eftalylar derbi-dagyn edilipdir. VI asyr Merkezi Aziýa üçin ykdysady we medeni taýdan ösüşleriň döwri bolupdyr. Şäherler ulalyp, ekerançylyk, senetçilik we söwda ösüpdir. Sogdiananyň ilaty bu döwürler ussat we başarjaň söwdagärler – araçylar bolupdyrlar. Olar Hytaý bilen Ortaýer deňziniň aralygynda gyzgalaňly söwda işlerini ýola goýupdyrlar. Munuň üçin gadymy söwda ýollaryny peýdalanypdyrlar. Emma söwda işlerine ilki žužanlaryň, şoňam eftalylaryň talaňçylykly agalygy uly päsgelçilik döredipdir. Bumyn hanyň žužanlary, Istemi hanyň hem eftalylary derbi-dagyn etmekleri Sogdiananyň işewür halkyna söwda işlerinde ýene-de giň mümkinçilikleri açypdyr. Sebäbi göktürkmenler Hytaý bilen Rumystanyň (Wizantiýanyň) aralygyndaky ähli ýerleri birleşdirip söwda işleri üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredipdirler. Merkezi Aziýadaky ýeňibalyşlardan soň, bütin Merkezi Aziýa Göktürkmenleriň döwletiniň aýrylmaz bir bölegine, sogdianalylar bolsa Istemi hanyň wepaly we işewür raýatlaryna öwrülipdirler. Şeýle raýatlaryň bolmaklygy hanyň özi üçin hem, Göktürkmen döwleti üçin hem bähbitli. Demirgazyk Hytaýdaky patyşalyklary, şeýle hem Merkezi Aziýany eýelemek bilen Göktürkmenleriň döwleti diňe bir harby-syýasy taýdan däl, eýsem ykdysady babatda-da kuwwatly imperiýa öwrülipdir. Sebäbi Gündogary Günbatar bilen birleşdirýän «Beýik ýüpek ýoly» gaýtadan pajaralap ösüp ugrapdyr. Üstesine-de, bu ýol Göktürkmen döwletiniň üstünden geçýärdi. «Beýik ýüpek ýolunda» örän gyzgalaňly söwda alynyp barylýardy. Hytaýlylar Eýrandan öz patyşa aýallary üçin gyt we gymmat haryt hasaplanylýan sürmedir wesme alypdyrlar. Türkmen halylary hem örän gymmat, şonuň bilen bir hatarda, uly isleg bildirilýän haryt hasaplanýardy. Gymmat bahaly daşlara bolan islegler hem Hytaýda ýokary bolupdyr. Ýöne, söwda ýolunyň esasy harydy Hytaýdan gelýän ýüpek we ýüpek matasydy. Alyslardan gelýän bu haryda Wizantiýada isleg örän ýokary bolupdyr. Köşgüň we begzadalaryň isleglerinden başga-da, ýurduň imperatorlary ýüpegi walýuta - altyn pul hökmünde-de giňişleýin ulanypdyrlar. Wizantiýanyň hökümdarlary Günbatar Ýewropanyň ýarym wagşy haklaryndan düzülen hakyna tutma goşunlarynyň esgerlerine pul deregine köplenç ýüpek beripdirler. Emma Wizantiýa gelýän «Beýik ýüpek ýoly» Eýranyň üstünden geçýärdi. Bu döwleti özüniň esasy bäsdeşi we garşydaşy hasaplaýan sasanylar Wizantiýany hem harby taýdan, hemem ykdysady taýdan güýçden gaçyrmak isleýärdiler. Dogry, Wizantiýa hytaý ýüpegini başga bir ýol bilen – Hazar we Gara deňizleriniň demirgazyk kenarlarynyň üsti bilenem äkdip boljakdy. Ýöne ol ýerlerde parahatçylyk we asudalyk ýokdy. Söwda kerwenleri häli-şindi ol ýerleriň döwlet gurluşyny görmedik, ýarym çarwa ilaty tarapyndan talaňçylyga sezewar edilýärdi. Sasanylar Hytaýdan gelýän bu harydyň bahasyny çökder galdyrypdyr we Wizantiýadan mümkin boldugyça köp altyn pul alyp, ony harby-ykdysady taýdan gowşatmaga çalşypdyr. Muňa garamazdan, ýüpek Eýranyň üsti bilen näçe gymmat bahadan alynsa-da, ol Wizantiýa üçin barybir bähbitlidi. Çünki Günbatar Ýewropanyň ýarym wagşy dowletjikleriniň hökümdarlary hytaý ýüpegini höwes bilen satyn alypdyrlar, onuň üçin serişde gaýgyrmandyrlar. Şonuň üçin hem sasanylar Wizantiýa ýüpegi ýokary nyrhdan satmak bilen bir hatarda, satylýan ýüpegiň mukdarynam çürt-kesik azaldýardylar. Elbetde, Wizantiýa beýle ýagdaý bilen ylalaşmak islemeýärdi we ol ýüpek söwdasy üçin has amatly ýollary gözleýärdi. Merkezi Aziýadan Eýranyň üsti bilen Wizantiýa äkidilip satylýan ýüpekden başga-da, Istemi hanyň özünde we göktürkmen begzadalarynda bu harydyň ummasyz köp mukdary jemlenipdi. Sebäbi hytaý tarapy göktürkmenlere müňlerçe top ýüpek matasyny we ýüpegiň özüni salgyt hökmünde töleýärdi. Şonuň üçin hem göktürkmenler munça artyk ýüpegi näme etjeklerini bilmändirler. Sogdianalylar Istemi handan bu baýlyklary satyp bermäge özlerine rugsat bermegini sorapadyrlar. Hemişe at üstünde gezip ýören, söwda endikleri bolmadyk halkyň hökümdary Istemi han muňa göwünjeňlik bilen rugsat beripdir. Gysga wagtyň içinde ezber söwdagärler bolan sogdiýanalylar Eýrany ýüpekden dolduryp, täze bazarlary agtarypdyrlar. Olar indi ýüpegi Eýranyň üsti bilen Wizantiýa satmagyň arzuwyndadylar. Sogdiýanalylar maksatlaryny öz hanlary Istemä ýaňzydypdyrlar we bu işiň döwlet üçin hem, raýatlar üçin hem bähbitli boljakdygyny aýdypdyrlar. Istemi han sogdiýanaly Maniýahy Eýrana – Anuşirwan Adylyňka ilçi edip ugradypdyr. Maniýah sasany patyşasyna Eýranyň üsti bilen ýüpegi Wizantiýa satmak isleýändiklerini, şeýle hem bu özara bähbitli işe Anuşirwan Adylyň öziniňem goşulmagyny teklip edipdir. Elbetde, sasany hökümeti muňa razylyk bermändir. Sebäbi ýüpegiň Wizantiýa barmagy bilen onuň harby-ykdysady, şonuň esasynda bolsa syýasy kuwwatynyň hem ýokarlanjakdygy ikuçsyzdy. Anuşirwan Adyl Istemi hanyň ilçisi bilen bolan duşuşykda ýüpegiň diňe bir Wizantiýa däl, eýsem öz ýurdunyň içinde satylmagyna-da garşydygyny ýaňzydypdyr. Çünki göktürkmenlerden ýüpegiň satyn alynmagy Anuşirwan Adyla işjeň daşary syýasat ýöretmek üçin zerur bolan altyn pullaryň keseki döwlete gitmegine getirjekdi. Üstesine-de, ýurduň ilatynyň satynalyjylyk mümkinçililklerem pesdi. Anuşirwan Adyl Istemi hanyň ilçisiniň ýüpek söwdasyny ýola goýmak hakyndaky tekiplerine garşy bolmaga çekinipdir. Çünki onuň bu hereketi iki döwletiň özara gatnaşyklaryna zeper ýetirmegi mümkindi. Emele gelen ýagdaýdan Anuşirwan Adyl özboluşly çykalga tapypdyr. Onuň täze maslahatçysy, hilegär Kutulfyň teklibi bilen Maniýahyň öz ýany bilen getiren ýüpeginiň bahasy tölenilip, sasanylar tarapyndan satyn alynypdyr. Ýöne şol ýüpek ilçileriň gözüniň alynda bir ýere üýşürilip otlanylypdyr. Şanyň we köşk adamlarynyň bu hereketi sasanylaryň göktürkmenler bilen ýüpek söwdasyny etmek islemeýändigini, şeýle hem ýüpegi Eýrandan üstaşyr geçirmäge-de ýol bermejekdigini aňladypdyr. Sasanylaryň bu hereketinden nägile bolan Maniýah we onuň ilçiler topary baryp Istemi hana arz edipdirler. Emele gelen ýagdaýy düzgünleşdirmek maksady bilen Istemi han Ktesifona göktürkmen beglerinden düzülen täze ilçileri iberipdir. Ýöne olara-da bu meseläni çözmek başartmandyr. Üstesine-de, ilçiler öz ýurtlaryna gaýdyp gelmändirler. Menandryň ýazmagyna görä, Istemi hanyň ilçileri şanyň weziri Kutulfyň maslahaty bilen zäherlenip öldürilipdir. Sasanylar tarapynyň bu hereketi iki dostukly döwletiň arasyny bozupdyr. Istemi han urşa taýýarlanyp ugrapdyr we şunuň bilen bir wagtda-da 568-nji ýylda Wizantiýanyň paýtagty Konstantinopola (häzirki Stambul) ýene-de Maniýahy ilçi edip ugradypdyr. Maniýanyn ilçiler toparynda birnäçe göktürkmen begleri hem bar eken. Menandryň belleýşi ýaly, ilçileriň elinde Istemi hanyň adyndan Wizantiýanyň imperatory Ýustin II iberilen «skif (oguz) dilinde» we «skif (oguz) hatynda» ýazylan ynanç haty hem bar eken. Şeýle hem ilçiler Rum imperatoryna ýüpekden edilen köp sanly sowgat-serpaýlary hem getiripdirler. Sasanylaryň döredip biläýjek päsgelçiklerini göz öňünde tutup, ilçiler Hazar we Gara deňizleriniň demirgazyk kenarlary bilen aýlanyp Wizantiýanyň paýtagty Konstantinopola gelipdirlar. Istemi hanyň ilçileri Ýustin II tarapyndan uly dabara bilen garşylanypdyr. Ilçileriň getiren hatyny Ýustin terjimeçileriň kömegi bilen okapdyr we Göktürkmenleriň döwleti, onuň hökümdary Istemi hanyň şahsyýeti bilen içgin gyzyklanypdyr. Imperator ilçilerden eftalylaryň we awarlaryň nähili boýun egdirilendiklerini uly gyzyklanma bilen sorapdyr. Sebäbi eftalylar bilen awarlar Eýrany kyn güne salyşlary ýaly, onýyllyklaryň dowamynda Wizantiýada gün ýamanyny görkezýär ekenler. Ilçiler Ýustine eftalylaryňam, awarlaryňam doly derbi-dagyn edilendiklerini we mundan beýläk olar döwletara gatnaşyklaryna päsgel berip bilmezler diýip ynandyrypdyrlar. Köşkde geçirilen duşuşyklaryň netijesinde Ýustin Istemi hanyň harby-ykdysady we syýasy kuwwatyna doly göz ýetiripdir. Netijede, 568-nji ýylda Göktürkmenleriň döwletiniň we Wizantiýanyň arasynda hoşniýetli goňşüçylyk we harby ýaranlyk hakynda ikitaraplaýyn şertnama baglaşylypdyr. Istemi hanyň ilçileri Konstantinopolda bolanlarynda şäheriň köçelerine, onuň gözel ýerlerine aýlanyp göripdirler we bu täsin şäheriň ajaýyp ymaratlaryna geň galyjylyk bilen tomaşa edipdirler. Sebäbi Konstantinopola türkmenleriň ata-babalarynyň ilkinji gezek gelip görişleridi. Bu wakadan soň türkmenler dünýäde iň uly we iň gözel şäher bolan Konstantinopola köp gezek gelip görerler. Wagt geler Konstantinopol Stambula – türkmen şäherine öwrüler. Ýustin II göktürkmenler bilen ýaranlygyň alamaty hökmünde 568-nji ýylyň awgust aýynda yzyna dolanan Maniýahyň ýanyna öz ilçisini, Wizantiýanyň Gündogar şäherleriniň strategi (serkerdesi) Zemarh Kilikiýalyny goşup göktürkmenleriňkä ygradypdyr. Istemi han rumly ilçini öz paýtagty Akdagda gowy garşylapdyr we Wizantiýa bilen ýaranlygyň alamaty hökmünde Zemarha sasanylara garşy uruşda öz ýanynda bolmagy teklip edipdir. Menandr Istemi hanyň gyrgyz milletinden bolan bir gyrnagy Zemarha sowgat berendigini belleýär. Zemarh we onuň egindeşleri göktürkmenleriň ýurduna gelenlerinde bu döwletiň hakykatdan hem kuwwatlydygyna, onuň hökümdary Istemi hanyň beýik bir şahsyýetdigine doly göz ýetiripdirler. Istemi hanyň adamlary Zemarha demirden edilen her-hili önümleri görkezipdirler we eger-de Rum tarapy isleg bildirse, Wizantiýanýn bazarlaryna çykarmaga mümkinçilikleriniň bardygyny aýdypdyrlar. Zemarh göktürkmenleriň ýöne bir sähralarda gezip ýören çarwa halk bolman, eýsem ähli zatdan baş çykarýan, şäherli-galaly ösen bir halkdygyna göz ýetiripdir. Grekleriň bu zatlara azda-kände ynamsyzlyk edýändiklerini duýan göktürkmenler olara magdan alynýan känlerinem görkezipdirler. Zemarhyň we onuň ýanyndaky ilçi grekleriň geň galýandyklaryny gören begler şindi Bumyn hana çenli göktürkmenleriň žužanlara demir salgydyny töländiklerini degişmä salyp aýdypdyrlar. Birnäçe hepdä çeken myhmançylykdan soň Istemi han Zemarhy ýanyna alyp sasanylara garşy ýörişe başlapdyr. Anuşirwan Adylyň göktürkmenler bilen urşasy gelmändir. Ol Istemi hanyň güýç-kuwwatyndan we halkara abraýyndan çekinipdir. Üstesine-de, ol göktürkmen-rum gatnaşyklary, Zemarhyň Akdaga gelendigi barada-da habarlydy. Şonuň üçin hem ol göktükmenleriňkä gyssagly ilçiler toparyny ugradypdyr. Talas jülgesinde sasany ilçileri Istemi hanyň goşunlarynyň öňünden çykypdyrlar. Rumly we sasany ilçileriniň hormatyna guralan meýlis mahaly Istemi han Zemarhy we onuň ýanyndaky ilçileri has hormatly ýerde oturdypdyr. Üstesine-de, Istemi han grekleriň ýanynda sasany ilçilerine igenipdir. Şeýlelikde, Anuşirwan Adylyň ilçileri uruş hakyndaky habar bilen yzlaryna dolanypdyrlar. Şundan soň Istemi han Zemarhy yzyna goýberipdir. Rumly ilçini Isteminiň doly ygtyýarly ilçisi Tagma Tarhan, täzelikde aradan çykan Maniýahyň ogly we birnäçe göktürkmen begleri Konstantinopola çenli ugradypdyrlar. Istemi hanyň hökümdarlygyndaky welaýatlaryň we halklaryň häkimleri Zemarhyň yzyna dolanandygyny we onuň bilen göktürkmen begleriniň Wizantiýanyň paýtagtyna ugrandyklaryny eşidip, olar hem öz adamlaryny Rumystana ibermek isläpdirler. Emma Istemi han öz raýatlaryndan diňe wepaly sogdiýanalylara we köneürgençlilere (horezmliler) Wizantiýa gitmäge we onuň bilen söwda etmäge rugsat beripdir. Bu mysal hökümdaryň hemişe Göktürkmen döwletiniň harby-ykdysady we syýasy bähbitlerinden ugur alandygyna şaýatlyk edýär. Ýustin II ilçisi gideninden soň sasanylar bilen göktürkmenleriň arasynda uruş hereketleri başlaýar. Urşa ýüpek söwdasyndan başga-da salgyt meselesi hem sebäp bolupdyr. Öňler eftalylaryň agalygy döwründe sasanylar olara salgyt töleýärdiler. Indi Istemi han eftalylara tölenen şol salgydyň göktürkmenlere berilmegini sasany hökümdaryndan talap edipdir. Anuşirwan Adyl salgyt tölemekden boýun gaçyrypdyr. Göktürkmenleriň goşunlary Etrek derýasyndan geçip Gürgene giripdir. Uruş hereketleri ýaýbaňlanypdyr. Ýöne akyl-paýhas uruşdan üstin çykypdyr we 569-njy ýylda uruş hereketleri togtadylypdyr. 572-nji ýylda göktürkmenler bilen sasanylaryň arasynda parahatçylykly şertnama baglaşylypdyr. Wizantiýa bilen dostlukly gatnaşyklaryň dowam edýän döwründe Istemi han Günbatarda täze-täze ýerleri eýelemekligi dowam etdiripdir. 567-571-nji ýyllarda göktürkmen goşunlary Uraly, Itil (Wolga) boýlaryny, bütin Demirgazyk Kawkazy we Gara deňiziniň demirgazyk kenarlaryndaky ähli ýerleri öz hökümdarlygyna geçiripdir we Wizantiýa bilen araçäge – Bosfora çykypdyr. Bu bolsa Istemi hana Wizantiýa bilen gatnaşyklaryň islendik görnüşini, şol sanda ýüpek söwdasyny hem päsgelçiliksiz amala aşyrmaga mümkinçilik beripdir. Göktürkmenlere boýun egmän gaçyp ýören awarlar bolsa has Günbatara gitmäge mejbur bolupdyr. Şu ýyllarda Wizantiýa tarapy hem Göktürkmenleriň döwleti bilen dowam edýän dostlukly gatnaşyklara uly sarpa goýupdyr we dürli ýyllarda Anangastyň, Ýewtihiniň, Walentiniň, Irodionyň, Pawel Kilikiýalynyň we ikinji gezek Walentiniň ýolbaşçylygynda yzly-yzyna Istemi hanyňka ilçiler iberilipdir. Istemi hanyň döwründe göktürkmen halkynýn ýaşaýyş-durmuş şertleri gowulanypdyr, il-gün bolelin durmuşda ýaşapdyr. Göktürkmen halkynyň we beg-töreleriniň gowy durmuşda ýaşandyklaryny grek taryhçylary häli-şindi nygtapdyrlar. Menandr grek ilçileriniň sözlerine esaslanyp, Istemi hanyň köşk durmuşyny şeýle beýan edipdir: «…olar (grek ilçileri) naharlandylar we uzakly güni şol çadyrda meýlis bilen geçirdiler. Çadyr dürli reňkli ýüpek matadan edilipdir. Ertesi gün olary (grekleri) ýüpek matadan edilen başga bir gözel çadyra geçirdiler. Ol ýerde altyndan edilen dürli görnüşli tabakdyr gaplar bardy. Dizawul (Istemi) altyndan ýasalan kürsüde otyrdy. Çadyryň ortasynda altyndan edilen dürli görnüşdäki kündükler we gaplar, altyn çelekler durdy. Olar ýene-de meýlis guradylar we gepleşik geçirip soňra dargadylar. Ertesi gün olar başga bir uly zala (otaga) geçdilar. Otagyň içindäki sütünleriň daşyna altyn çaýylandy. Şeýle hem otagyň içinde aýaklary tawus guşuň şekilindäki altyndan ýasalan kürsüler durdy. Bosagadan tä otagyň törüne çenli uzynlygyna altyn arabajyklar goýulyp, olaryň üsti altyn-kümüşden ýasalan gaplardan, sebetlerden, dört aýakly dürli görnüşdäki jandarlaryň şekillerinden doludy. Özem olaryň çeperçiligi bizde bar bolan şeýle zatlardan ýokary bolmasa, pes däldi.» Onuň özüniň başarjaň serkerde we inçe syýasatçy bolşy ýaly, Istemi hanyň ogullary hem döwrüniň edenli we tanymal adamlary bolup ýetişipdirler. Şol döwrüň dünýä taryhy (hytaý, sasany, grek) Istemi hanyň iki oglunyň adyny getirýärler. Olaryň iň görnüklisi Göktürkmenleriň döwletiniň Merkezi Aziýadaky ýerleriniň häkimi «Tarduş han» unwanly Buga han (lakamy Gara Çor) bolupdyr. Istemi hanyň ikinji ogly Tamgan han (grek çeşmelerinde Türksanf) bolsa Itil boýlarynyň, Uralyň we Demirgazyk Kawkazdaky ýerleriň hökümdary bolupdyr. 575-nji ýylda Wizantiýanyň imperatory Ýustin II, 576-njy ýylda bolsa merdana hökümdar Istemi han aradan çykypdyr. Şundan soň iki goňşy döwletiň özara gatnaşyklaryna sowuklyk aralaşyp ugraýar. Ýustiniň ogly Tiweriý göktürkmenleriň zarbasyndan gaçyp ýören awarlar bilen şertnama baglaşýar. Tiweriniň bu hereketi atasynyň ornuna Göktürkmenleriň döwletiniň Günbatar ganatynyň hökümdarlygyna gelen Tamgan hanyň uly nägileligini döredýär. Ol 576-njy ýylda göktürkmenleriňkä ikinji gezek ilçi bolup gelen Walentini sowuklyk bilen garşylapdyr. Şonda Tamgan han Walentiniň hökümdary Tiwerini ikiýüzlülikde aýyplapdyr. Menandryň ýazmagyna görä, Tamgan han Walentine «Siz rumlylaryň on sany diliňiz, birem kezzaplygyňyz bar » – diýipdir. Şeýlelikde, Istemi han bilen Ýustiniň bilelikdäki tagallalarynyň netijesinde kemala gelen hoşniýetli göktürkmen-rum gatnaşyklary bozulypdyr. Muny soňky ýyllarda başlan özara uruşlar tassyk edýär. 579-njy ýylda sasanylaryň şalar şasy Anuşirwan Adyl aradan çykypdyr. Anuşirwan Adylyň ogly, Istemi hanyň bolsa agtygy (gyzynyň ogly) Hormizd IV Eýranda şa tagtyna göterilipdir. Ferdöwsi Hormizdiň adalatly patyşalyk etmekde kakasy Anuşirwan Adyldanam ozdurandygyny belleýär. Emma Hormizdiň ykbaly pajygaly gutarypdyr. Halka uly eglişikleri edýänligi, başyna giden begzadalara dözümli garaýanlygy, şeýle hem keseki (göktürkmen) gatanjynyň bolanlygy üçin köşk adamlarynyň bir bölegi, aýratyn hem aýalynyň garyndaşlary ony ýigrenipdirler. Olar Hormizdiň ogly ýaşajyk Hysrowy şa tagtyna çykarmagyň we onuň arkasyndan ýurtdaky dolandyryşy öz ellerine almagyň ýollaryny gözleýärdiler. Sasanylar döwründe orta pars (pehlewi) dilinde ýazylan «Hwadaý- namak» («Hudaý-nama»- «Patyşalar (hakynda) kitap») eserinde Hormizdiň hakykatdan hem adyllykda kakasyndan ozdurandygy görkezilýär. «Hudaý-nama» bu barada «ol daýhanlara ýagşylyk etdi, begzadalara ýowuz garady» diýlip aýdylýar. Hormizdiň adyl şa bolandygyny, garyp-gasarlara garaşyk, daýhanlara, senetçilere ýardam edendigini belli taryhçy at-Tabari (838-923) hem özüniň meşhur «Pygamberiň we patyşalaryň taryhy» («Taryh ar-rusul wa-al-muluk») atly eserinde aýratyn nygtap belläpdir. Hormizd IV din meselelerinde-de adalatlylyk ýol-ýörelgelerine eýeripdir. Ol sasanylar döwletiniň ilatynyň ep-esli bölegini tutýan hristianlara, ýahudylara we butparazlara-da garaşyk edipdir. Olaryň Eýranyň resmi döwlet dini bolan zoroastraçylygyň wekilleri tarapyndan yzarlanylmagyna ýol bermändir. Şonuň üçin hem zoroastr ruhanylary Hormizde nägilelik bildiripdirler. At-Tabariniň ýazmagyna görä, Hormizd olara «meniň tagtda oturýan kürsümiň iki aýakda durup bilmeýşi ýaly, häkimiýetim hem diňe bir zoroastraçylyga däl, eýsem beýleki dinlere-de daýanmalydyr» diýip jogap beripdir. 590-njy ýylda Hormizdiň aýalynyň iki erkek dogany Bindoý bilen Bistam Hormizdiň garşysyna dildüwişik gurnaýarlar. Sebäbi Sasany şalar – şasynyň garşysyna onuň bäş serkerdesi Ermenistanyň we Azerbaýjanyň marzbany (häkimi) Bähram Çübin topalaň turuzypdyr. Bindoý bilen Bistamyň ýolbaşçylygyndaky dildüwüşijiler Bahram Çüginiň topalaňyndan peýdalanypdyrlar we şanyň otagyna kürsäp girip Hormizdi tagtdan agdarypdyrlar. Biçäre Hormizdiň gözüni oýup, zyndana taşlapdyrlar we ol ýalňyzlykda, ejir çekip ölüpdir. Umuman alanyňda, Istemi han Türkmen halkymyzyň bäş müňýyllyk şöhratly taryhynda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýet bolupdyr. Ol türkmeniň ykbaly üçin iňňän möhüm taryhy pursatlarda öz mähriban iline baştutanlyk edipdir. Ol döwürler bolsa halkymyzyň ykbalynyň çözülýän pursatlarynyň biridi. Çünki göktürkmenleriň batyrlygynyň we güýjüniň garşysyny hilegär daşary syýasat we para-peşgeş hereket edýärdi. Şeýle hem goňşy döwletleriň gowy türgenleşdirilen we kämil ýaraglar bilen üpjin edilen hakyna tutma goşunlarynyň söweşjeňligi uruşlar wagtynda sähraly çapyksuwarlar bolan göktürkmen atlylarynyňkydan pes däldi. Göktürkmenleriň gahrymançylykly taryhyny öwrenen daşary ýurt alymlary şol döwürde biziň gadymy ata-balarymyzyň güýçli döwleti gurup bilendiklerini haýran galmak bilen ýazypdyrlar. Olar «şeýle kämil gurnalan we güýçli syýasatlary bolan Hytaý, Wizantiýa we Sasany döwleti ýaly döwletler bilen syýasy we ykdysady gatnaşyklary alyp baran Göktürkmenleriň döwletiniň 200 ýyldan soň ýykylandygy geň däldir. Bu döwletiň şunça ýyllap ýaşap bilendigi geňdir» - diýip belläpdirler. Jumadurdy ANNAORAZOW, taryh ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |