16:36 Japbaklar / powest | |
JAPBAKLAR
Powestler
Japbaklar kim? Mundan ýüzlerçe ýyl ozal Durun obasynda atadan ýaşlykda ýetim galan dört sany doganjyk ýaşaýardy. Olaryň ulusynyň ady Japbak, beýlekisiniň ady Ýapbak, üçünjisiniň ady Mapbak, iň kiçisiniň ady bolsa Topbakdy. Olaryň dördüsi hem biri-birine bassaş, biri-birine meňzeş, inedördül togalajyk çagalardy. Olary ilkibada görenler haýsy-haýsydygyny biribirinden seljerip bilmeýärdiler. Japbagy görenler Ýapbak, Ýapbagy görenler Mapbak, Mapbagy görenler Topbak, Topbagy görenler Japbak diýip, olaryň atlaryny çalşyrýardylar. Gartaň aýallar: — Wah, sizi näme biri-biriňizden saýgaryp bolýamy?.. Ekizçerem görýädik, sekizlerem görýädik, biribirine şeýle meňzeş dörän çagalary biz-ä henize çenli görmändik! — diýip haýygýardylar. Şonuň üçin kim olardan biriniň adyny tutsa, hemmesi birden: — Haw! — diýip jogap berýärdiler. Emma siňe seretseň, olary biri-birinden aýyrýan aýratyn tapawutlar hem ýok däldi. Japbagyň bir gaba gulagy ulurakdy, maňlaýy ýasyrakdy, burny biraz elguşuňka çalym edýärdi, aşaky dodagy salpyrakdy. Emma garaja gözleriniň enaýyja bäbenekleri ýeserlik bilen oýnaýardy. Ýapbagyň ýuka gulaklary çürüräkdi, maňlaýy tüňňüräkdi, burnunyň ujy çowlurakdy. Emma garaja gözleriniň enaýyja bäbenekleri ýeserlik bilen oýnaýardy. Mapbagyň ýaňaklary ýumrurakdy, gözleri çukurrakdy, burny ýemşigräkdi, boýny bokurrakdy. Emma garaja gözleriniň enaýyja bäbenekleri ýeserlik bilen oýnaýardy. Topbagyň burnunyň ujy tommaklyrakdy, dodaklary biraz dommalýardy, ýeňsesi çüwdeliräkdi, boýny bokurrakdy. Emma garaja gözleriniň enaýyja bäbenekleri ýeserlik bilen oýnaýardy. Olary biri-birinden saýgarmasyny kynaldýan ylaýta-da şol enaýyja bäbenekleridi. Hatda ejeleriniň çendan: «Topbak jan!» diýip, Mapbagy, «Ýapbak jan!» diýip, Japbagy gujaklaýan wagtlary hem bolýardy. Şol döwürde durmuş örän agyrdy: goňşy ýurtlardaky patyşalar az sanly türkmenleri öz ýurtlarynda arkaýyn ýaşamaga goýmaýardylar. Has beteri, obanyň baýlary, süýthorlary, dindarlary-da garyplaryň üstüne atlaýyn münüpdirler. Eneleriniň aýtmagyna görä Japbaklaryň kakasy hem şol agyr ýüke tap getirmän, olary ýaşlykda ýetim galdyrypdyr. Dört çagaly dul oturan, girdeji gözüni ýitiren, bar ünsüni iýmite ataran ene çagajyklaryny açlyk belasyndan goramak üçin gije-gündiz ondan-oňa sümsünipdir, olary wagtly-wagtynda timarlamaga-da ýagdaý tapmandyr. Şonuň üçin Japbaklar ata mährini görmän, ene terbiýesini alman, esasan, öz peýwagtlaryna ösüpdirler. Olar oýnanlarynda bile oýnapdyrlar, gezenlerinde bile gezipdirler, gürrüň edenlerinde bile edipdirler, iýenlerinde bile iýipdirler, oturanlarynda bile oturypdyrlar, suwa düşenlerinde bile düşüpdirler, hatda ýatanlarynda-da bile ýatypdyrlar. Olaryň biriniň aýdanyny ikinjisi, ikinjisiniň diýenini üçünjisi, üçünjisiniň aýdanyny dördünjisi, dördünjisiniň diýenini birinjisi makul bilipdir. Olar hemme ýerde, hemişe Japbagyň yzyna düşüp ýörenleri üçin, oba oglanlary olara «Japbaklar» diýip at goýupdyrlar. Emma oba oglanlary olary örän gowy görýär ekenler, olaryň geň-enaýy gürrüňlerine gülüşýän ekenler, hatda käte iýýän çöreklerini hem olar bilen bile paýlaşýan ekenler. Japbaklaryň çaga gülküsiz, çaga oýunsyz wagtyna miýesser gelmek örän kyn eken. Emma Keleý baýyň mölegöz ogly, Allak süýthoryň kellesini hyrt-hyrt gaşaýan kel ogly, Golak söwdagäriň täzeje gyzyl don içinde ýagyrnysynyň küýküsini bildirmezlige çalyşýan ýemşik ogly, Ýalak işanyň burnunyň suwuny saklap bilmeýän erni ýalama ogly — şolar Japbaklary söýmeýän ekenler. Olar asyl Japbaklary adam hasabyna-da goşman, olar bilen bile oýnaşman, gülüşmän, olary öz peýwagtlaryna gümürdeşip ýören gümra hasap edipdirler, ýeri gelende olary masgaralamakdan hem çekinmändirler. Emma Japbaklar olara üns bermän, söze üns beripdirler, baý ogullaryny çendan-çendan kinaýaly sözler bilen duzlapdyrlar. Olaryň söýýän zatlarynyň esasy agzybirlik bolsa, ikinjisi söz ussatlygy bolupdyr. Japbaklaryň ýaşan döwründen bäri birnäçe ýyl geçen hem bolsa, olaryň agzybirligi, dostlugy, ötgür sözleri, gülküli wakalary henize çenli hem ýitmändir. Japbaklar baradaky gyzykly gürrüňler halk agzynda henize – bu güne çenli hem ýaşaýar. Japbaklar bilen tanyşmak üçin olaryň başlaryndan geçen birnäçe wakalaryny okalyň. BIRINJI BÖLÜM JAPBAKLARYŇ ÇAGALYK ÇAGY ■ Elime tüýküreýin Ýaz aýlarydy. Howa hoştapdy. Ýeriň ýüzi gök öwüsýärdi. Guşlar jürrüldeşýärdi, öýde oturmaga ýürek takat bermeýärdi. Janly-janawar meýdandady, dört dogan hem aw awlamak maslahatyny edýärdi. Japbak: «Duzak gurup, sülgün awlalyň» diýdi. Ýapbak: «Gapan gurup, towşan tutalyň» diýdi. Mapbak: «Hepbik gurup, torgaýlaryň aýagyndan ýapyşalyň» diýdi. Emma Topbak başga bir teklip etdi: — Geliň, biz janly-janawarlary jibrindirip ýörmäliň-de, ýumurtga gözlemäge gideliň! «Ýumurtgadan hem bir doýsakdyk» diýip, arzuw edip ýören doganlar Topbagyň sözüni makul bildiler. Emma ýumurtgany nämä salyp getirjeklerine birbada akyllary ýetmedi. Japbak aýtdy: «Meniň köýnegime salarys». Onda Ýapbak aýtdy: «Seniň köýnegiň aşyklynyň eti ýaly sal-sal ýyrtyk, ýumurtgany meniň köýnegime salarys». Onda Mapbak aýtdy: «Seniň köýnegiň Ke- lekbaýyň öýüniň tärimi ýaly ala gözenek, halan ýeriňden ýumrugyňy sokaýmaly. Ýumurtgany meniň köýnegime salarys». Onda Topbak aýtdy: — Seniň köýnegiň diňe ýagyrnişligi galypdyr. Meniň köýnegimiň bolsa ýakasy bilen bagjygy galypdyr. Ýumurtgany, iň ýagşysy, ejemiň suwluk torbasyna salarys. Doganlar ony makul bildiler. Biraz böwrüni diňirgän Japbak aýtdy: — Suwluk torbada suw durmaz! Onda Mapbak aýtdy: — Biz suw däl, ýumurtga saljak ahyry! — Ýumurtga-da suwdur. Onda Ýapbak aýtdy: — Ýok, ýok! Ýumurtgany biz ejemiň süýt kädisine salarys. Onda Topbak aýtdy: — Ine, bu söz makul. Süýt kädini bolsa torba salarys. Japbaklaryň pikirleri bir ýere jemlendi. Doganlar süýt kädili suwluk torbanyň her haýsy bir bagyndan tutup, ikibir-ikibir gezegine göterip gitdiler. Birdenkä öňlerinden bir topbak ýylgyn çykdy. Japbak onuň sagyndan ýöredi. Ýapbak onuň çepinden ýöredi. Süýt kädili suwluk torba ýylgyna germeldi. Japbak öňe bakan dyzady. Ýapbak öňe bakandyzady. Ýylgyn olary goýbermedi. Mapbak bilen Topbak olara töwella etdi. Onda Japbak aýtdy: — Men ätlän ädimimi yzyna gaýdyp alman! Onda Ýapbak aýtdy: — Men ätlän ädimimi yzyna gaýdyp alman. Iň soňunda, kimiň güýji zorbolsa, beýlekini ol öz yzyna eýertsin diýen karara geldiler... Mapbak Ýapbaga kömekleşdi. Topbak Japbaga kömekleşdi. Olar çekdiler, çekdiler, ýene çekdiler: ne Jappak ökde çykdy, ne-de Ýapbak. Ýamaşgandan ýene çekdiler, ýene çekdiler, ýene çekdiler... Iň soňunda Japbak bilen Topbak suwluk torbanyň bir ýan bagyny alyp gitdi. Japbak Topbagyň üstüne ýykyldy. Yzyna bakan zyňlan suwluk torbadaky süýt kädi bolsa, töňňä degip, çym pytrak boldy. Tozana bulaşyp galan doganlar biri-birlerine çiňerilişdiler, biri-birlerini aýyplajak ýaly göründiler. Birdenkä bolsa, el çarpyşyp gülüşdiler. Emma Topbak birdenkä iňkise gitdi. Mapbak ondan sorady: — Ýeri-ow, Topbak, näme, bir ýeriň agyrdymy? — Hawa, agyrdy. — Niräň? — Akylym. Ýapbak bilen Mapbak el çarpyşyp gülüşdi. Emma Japbak olary saklady. — Duruň entek, duruň! Munda aýratyn bir syr bar. Ýeri, Topbak akylyň näme üçin agyrdy? — Biz bir wagt sygyr edinäýsek, ejem onuň süýdüni nämä sagar? Japbak bir eli bilen Ýapbagyň, beýleki eli bilen Mapbagyň maňlaýyna pitikledi. — Doganlar, siziň, ine, şujagaz ýeriňiziň ýetmezi bar. Topbak dogry aýdýar ahyry! Onda Ýapbak aýtdy: — Dogrulygyna şek ýok. Ýöne welin, Japbaklaryň gapysyna sygyr gelýänçä, birnäçe süýt kädiler, birnäçe suw kädiler ýaňadan bitip, ýaňadandan döwlüp, ýene ýaňadandan bitseler gerek. Şonuň üçin Topbaga akylyny agyrdyp ýörmäge-de hajat ýokmukan öýdýän. — Ine, bu-da makul! Doganlar ýene gülşüp, aşagy gök otly, gür pürli çoganlaryň, ýandaklaryň, gyrymsy ýylgynlaryň arasyna sümdüler. Olar birnäçe çirlentgi ýumurtgasyny tapdylar, olary diriligine ýuwutdylar. Ondan soň birnäçe torgaý ýumurtgasyny tapdylar, olary gabyksyzja ýuwutdylar. Doganlar sülgün ýumurtgasyny, kepderi ýumurtgasyny tapmadylar. Emma ýuwa-ýelmikden agyzlaryny gögertdiler. Heniz ýaşmagyny oňat syrmadyk gelin kömelekden suwluk torbalaryny-da gabartdylar. Olar nireden hem bolsa çakmakdaş alyp gaýtmanlaryna ökündiler. Kömelegi duzlap, bişirip iýseň, mazasy baryp asmana çykardy! Şol lezzeti olar oraçalaryna gaýdyp bararlaryna galdyrdylar. Olaryň ýoly köne gurrugyň üstünden düşdi. Şol gurrukdan birnäçe gökwarryk uçup gitdi. Olar onuň içinde bir höwürtge gördüler. Ony çybyk bilen aljak bolanlarynda, aşak gaçyrdylar. Heniz tüýi ýetmedik gyzyletene çaga guşlaryň naýynjar jüýpüldeşýän sesleri eşidildi, gurrugyň düýbünde pasyrdaşýanlary-da göründi. Doganlaryň çaga guşlara gözleri gyýmady, olary gurrukdan çykarmak maslahatyny etdiler. Japbak Ýapbaga: «Sen sallan» diýdi. Ýapbak Mapbaga: «Sen sallan» diýdi. Mapbak Topbaga: «Sen sallaň» diýdi. Topbak Japbaga: «Sen sallan» diýdi. Emma kimi-de bolsa gurruga sallamak üçin suwluk torbadan ýolup alan ýüpleri ýeterlik bolmady. Iň soňunda Topbak Mapbagyň aýagyna ýapyşdy. Mapbak Ýapbagyň aýagyna ýapyşdy, Ýapbak Japbagyň aýagyna ýapyşdy, Japbak bolsa gurrugyň gyrasynda opurylyp galan utun düýbüne ýapyşdy. Topbagyň aýagy ýere ýetmedi. Dört dogan gurrugyň içinde gerlip galdy. Olar guş çagalaryny gurrukdan çykarmakdan geçdiler, özleriniň gurrukdan çykmaklary hyllalla bolup galdy. Eliniň ysgyny gaçan Topbak Mapbaga: — Çeksene! — diýip gygyrdy. Eliniň ysgyny gaçan Mapbak Ýapbaga: — Çeksene! — diýip gygyrdy. Eliniň ysgyny gaçan Ýapbak Japbaga: — Çeksene! — diýip gygyrdy. Japbak Ýapbaga: — Aýagymy goýber, çekeýin — diýdi. Ýapbak Mapbaga: — Aýagymy goýber, çekeýin — diýdi. Mapbak Topbaga: — Aýagymy goýber, çekeýin — diýdi. Doganlaryň elleri büs-bütin gurady. Aşakdan ýokaryk: — «Çekde-çek» bolup, gykylyk etdiler. Gurrugyň agzynda Japbagyň sesi ýaňlandy. — Duruň onda, men bir elime tüýküreýin! Japbak eline tüýkürmäge ýetişmänkä, doganlar aşaklygyna güpürdeşip gitdiler. Topbagyň aýaklary tä baldyryna çenli gury çägä çümdi. Mapbak Topbagyň boýnuna atlandy. Topbak aşakdan boguk ses bilen gygyrdy. — Waý, düşseňiz-le! Gözüm çykdy-la! Mapbak syrylyp düşdi. Japbak syrylyp düşdi. Üçüsi birigip, «göterde-göter» bolşup, Topbagyň aýaklaryny ürgün çägeden sogrup çykardylar. Gurrugyň düýbünde olaryň özleri çaga guş bolup galdylar. Topbak Japbaga çiňerildi. — Sen, gardaş, näme üçin, doganlaryň ynanjyny ödemediň? Japbak ýylgyrdy. — Näme, sizi gurrugyň düýbüne itekläp, ýeke özüm daşynda galdymmy? — Sen näme üçin utuny sypdyrdyň? — Öz doganlarym meniň aýagymdan asylar diýen oý meniň kelläme gelmese nätjek? Men elime tüýkürmekçi boldum. — Hä, tüýkürdiň-de, gönendirdiň! — Odun çykamyzda, ýüpi berkräk çekmek üçin hemişe şeýdýärdik ahyry! — Şeýdýän bolsaň, ynha, gurruk biziň hemmämizi bileje çykady.Dogrudan-da Japbaklaryň günleri kynaldy. Olar näçe gy- gyryşsalar-da, daşky dünýäden kömek talap etseler-de, olaryň sesleri hiç ýere ýetmedi. Eýsemde bolsa, olar howsala düşmediler. Giň gurrugyň düýplerinde basgançaklar ýasamaga durdular, bir-birleri bilen degişdiler, gülüşdiler. Olaryň depelerinde diňe höwürtgelerini aldyran gökwarryklar gaýmalaşdylar, garkyldaşdylar. Japbaklar olara heň bilen ýüz tutdular. Gökwarryklar, gökwarryklar, Size depmän geçsin oklar! — Gurrukdadyr Japbaklar! — diýp, Habar beriň gökwarryklar! Warryklaşýan gökwarryklar birsyhly köne gurrugyň depesinde aýlandylar. Japbaklar hiňlendiler. Gökwarryklar warryklaşdylar. Japbaklardan başga-da ýumurtga gözleýän, kömelek çöpleýän oglan meýdanda gyt däldi. Gökwarryklaryň aljyraňňy gaýmalaşýanlary birdenkä dört sany oglanyň gözüne ildi, warryklaşýan gozgalaňly sesleri-de eşidildi. Şol dört oglanyň biri Mölegözdi, ikinjisi Kel, üçünjisi Ýemşik, dördünjisi Ýalamady. Gökwarryklaryň bir ýerden aýrylman köwsar urmagy, jöwlan urmagy olaryň ünsüni özlerine çekdi. Olar: «Belki, gökwarryklar hüwiniň ýa-da baýguşuň gözüni görendirler» diýip düşündiler. Olar dört bolup gurrugyň agzyna bardylar. Görseler, gurrugyň düýbünde Japbaklar ýer köwýärler. Olar Japbaklara el çarpyşyp gülüşdiler. — Japbaklar pällerine görä tapdylar. — Japbaklary gurrukdan çykarmalyň. — Goý, Japbaklar çaga guşlara dönsünler. — Goý, olar gury gurrukda gönensinler! —Japbak, gap! Mapbak,gap! —diýip,olaryň üstünden owunjak kesekler hem okladylar. Japbak olara herrelmekçi boldy, Ýapbak olara ýalbarmakçy boldy. Mapbak olary garbamakçy boldy. Topbak olara duzak gurmakçy boldy. — Hä-äjik!.. Hä-äjik!.. Bulary siz tapmarsyňyz, Japbaklar tapar, Japbaklar! Mölegöz gözlerini petredip seretdi. — Näme tapdyňyz? — Altyn guş tapdyk, altyn guş! Topbak elindäki guşy güjeňledi. Ýapbak elindäki guşy güjeňledi. Mapbak elindäki guşy güjeňledi. Japbak elindäki guşy güjeňledi. Ýemşik olara mekirlik bilen seretdi. — Wiý, olar-a gyzyletene. — Altyn guş ýetdirmez her ýetene! Baý ogullarynyň altyn guşlara nebisleri otukdy. Olar altyn, kümüş barada öz atalarynyň tükeniksiz gürrüňlerini diňleýärdiler. «Altyn guş» sözi olaryň akyllaryna täsir etdi. Olar biri-birine seredişdiler, pyşyrdaşdylar. Japbaklara ýüz tutdular. — Sizi çykarsak, bizem şärik edermisiňiz? — Size biri, bize üçüsi. — Ýok. Size-de ikisi, bize-de ikisi. — Emma altyn guşlaryň emele gelýän ýerini hiç kime hiç wagtda aýtmazlyk şerti bilen. Ýogsam siziň kakalaryňyzyň nebsine doýmak ýokdur: altynyň tohumyny tükederler. Mölegözler aýtmajaklaryna şert etdiler. Japbaklary ýeke-ýekeden çekip çykardylar. Aldanan baý ogullarynyň uruşmaklaryndan howatyr eden Japbaklar olara abaý-syýasat urmakçy boldular. Topbak Mölegöze ýumruguny görkezdi. — Saňa altyn guş gerekmi? Ine! Mapbak Ýemşige ýumruguny görkezdi. — Saňa altyn guş gerekmi? Ine! Ýapbak Ýalama ýumruguny görkezdi. — Saňa altyn guş gerekmi? Ine! Japbak Keliň başyny sypady! — Ýok, beýle däl. Japbaklaryň her hili oýny bardyr. Siz göwnüňize zat getirmäň. Altyn guşlar entek sap altyna öwrülmän- dirler, olaryň entek mis gatyşygy bar. Olar öz reňklerini durlaýançalar, entek olara degmezlik kararyna geldik. Kel Japbagyň goltugynyň aşagynda myrryldady. — Altyn guşlar altyn bolanda, siz olaryň ýarysyny bize berermisiňiz? — Hökman! Ýöne welin, hiç kime aýtmazlyk şerti bilen. Japbaklar bilen Mölegözler gülşüp-gürleşip gaýtdylar. ■ Olar oňsalar, bizem oňarys Dört dogan bir zada güýmenip otyrdy. Kelekbaýyň dördünji aýalyndan bolan aýaklary çaýşyk, gözleri çaşy ogly olaryň ýanyna geldi. Ol özüniň çorly ellerinde ykjam tutan çebiş omaçasynyň çala bişen etini çekeleýärdi, kirli elleriniň ýagyny, omaçadan syrygýan çorbany şapyrdadyp ýalaýardy. Topbagyň oňa gözi düşende, agzynyň gyllygy akdy. Emma ol ondan «Maňa-da ber» diýip dilemedi. Ol dodaklaryny tamşandyryp, doganlaryna ýüz tutdy. — Eý, Japbaklar! Geliň, bizem et iýeliň! Çebiş omaçasyny çekeleýän çala, agzyndan gyllyk akan Topbaga üns hem bermedik Japbaklar doganlyk hatyrasyna onuň sözüni tassykladylar. — Geliň, bizem et iýeliň! Töwerekde öli-diri ete gözi düşmedik Mapbak böwrüni diňşirgedi: öz pikirini daşyna çykardy. — Eti tapsak iýeris-dä! Ýapbak çowluja burnuny çekdi. — Tapanda kimler iýmeýär? Ynha, çaýşygam çeýnäp dur. Sen tapylmandaky iýeniňi aýt! Japbak gulaklaryny üşertdi. — Siziň iýjegiňiz et bolsun! Ýöne welin, mugt Buharda ýok. Dişlemek üçin — işlemek gerek... Topbak Japbagyň agzyna ýapyşdy. — Dur. dur!., Men seniň aýtjak bolýan zadyňy bilýän. — Näme bilýäň? — Ýer bilen gögüň arasynda guşdan kän zadyň ýoguny bilýän. Ýapbak onuň sözüni ýaňsa aldy. — Aý, ýigid-ä bildi-ow! Gumda goýnam kän-dä? Mapbak Topbagyň arkasyny çaldy. — Topbak gaty gowy bildi! Geliň, biz adama bir hepbik ýasalyň. Ondan soň, ho-ol at ýatagynda guralyň. Eger biz alyp ýetişsek, guş düşüp ýetişer, biz iýip ýetişsek, guş bişip ýetişer. Doganlar doganlaryň sözüni tassykladylar. — Topbak bildi. — Mapbak bildi. Olar hepbik ýasamak üçin ýerlerinden galanlarynda, Japbak olaryň öňünde bir şert goýdy. — Gardaşlar, biz öňünden mazaly taýynlyk göreliň. Ýogsam bişirmäge, iýmäge ýetişmeris, guş eti näzikdir, porsap galar. Doganlaryň dördüsi dört ýerden odun çöpläp, gury çöplemeden gapylaryny küde etdi. Ondan soň ur-tut hepbik ýasap, her haýsy öz ussalygy bilen öwündi, öz hepbigini bir-birine güjeňledi. Japbak Ýapbakdan sorady. — Seniň hepbigiň ady näme? — Görse basar. Ýapbak Mapbakdan sorady. — Seniň hepbigiň ady näme? — Ýapyrylyp ýatar. Topbak Japbakdan sorady. — Seniň hepbigiň ady näme? — Duýdurman tutar. Olar hepbiklerini atýatagyna gurdular. Ondan soň dördüsi bir ýerde çugdamlanyşyp, sabyrsyzlyk bilen gultunyşyp otyrdy. Iki elini syrtynda tutup, gaz ýörişini edip, moýmuldap gelýän Kelekbaý olaryň bolup oturyşlaryna geňirgendi: — Ýeri-ow, Japbaklar! Näme beýle gultunyşyp otyrsyňyz? Ýapbak bir oturşyny üýtgetmän jogap berdi. — Baý aga, et iýesimiz gelýär. — Näme oturan ýeriňizde et gelip, agzyňyza düşer öýdýärmisiňiz? — Agzymyza düşmese, hepbigimize-hä düşer-dä! Kelekbaý küti dodaklaryny giň açyp güldi. — Hah-hah-ha-a!.. Günüňiz asmana galan bolsa, işiňiz kynlaşypdyr. Topbak bir oturyşyny üýtgetmän jogap berdi. — Baý aga, her zat bolsa, saňa galandan aňsadyrakdyr. Japbak bir oturyşyny üýtgetmän jogap berdi. — Baý aga, senem şolardan. Bar, aýt: guşlar ýere düşmän oňsalar, bizem et iýmän oňarys. — Eti iýersiňiz. Ýöne weli, bu wagt däl-de, çopan-çolukçylyga ýaran wagtyňyz. Onda-da baýyň rysgyny däl-de, etir-tütür mallaryň maslygynyň etini iýersiňiz. — Baý aga, sen arkaýynja bolaý. Sen her kimiň etini iýmäge öwrenen bolsaň-da, Japbaklaryň etinden seniň agzyň tagam tapmaz! Kelekbaý gözlerini alardyp, moýmuldap gitdi. Japbaklar onuň yzynda heň etdiler. Gyzgyn günüň howry eňse, Garlar ýagsa, ýerler doňsa, Guş etini iýmän oňars, Guşlar ýere inmän oňsa. (dowamy bar) | |
|
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
√ Taraşa -2/ powestiñ dowamy - 01.02.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan. Çopanystan ýaýlasynda agşam - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Köşkde ýaňlanan aýdym - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -5: Halypa-şägirt - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabady tisgindiren owaz - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Oñat oglan / powest - 06.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Hoş ses. Taş ses - 04.07.2024 |
√ Baga bagşy -11: «Mekge däl, Meskew diýip, çaldy milletler heň. .» - 08.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |