22:08 Japbaklar -5/ powestiñ dowamy | |
■ Meniň sygrym haýsy?
Powestler
«Mal eýesine çekmese — şumluk» diýen nakyl bar. Japbaklaryň alan sygry hem edil Kelekbaýyň özi ýaly gezegen ekeni, ol ekine adatlanan ekeni. Baý maly bolany üçin, oňa hiç kim bir zat edip bilmeýän ekeni. Japbaklaryň sygry birinji gezek ekine düşende, onuň bir gulagyny kesdiler. Japbak ony görende, haýran galdy. — Bä, biziň sygrymyzyň gulagyna näme bolduka? Ýa Kelekbaýyň aýdyşy ýaly, guzlajak wagty golaýlaýamyka? Meniň bilşime görä, guzlamak alamaty bolsa gerek! Sygyr ikinji gezek ekine düşende, ikinji gulagyny kesdiler. Ýapbak ony görende, haýran galdy. — Bä, biziň sygrymyzyň gulagyna näme bolduka? Ýa Kelekbaýyň aýdyşy ýaly, guzlajak wagty golaýlap ýörmükä? Meniň bilşime görä, ekiz guzlamak alamatydyr. Sygyr üçünji gezek ekine düşende, şahyny döwdüler. Mapbak ony görende, haýran galdy. — Bä, biziň sygrymyz ýeke şah bolaýypdyrla! Ýa onuň döw gatanjy barmyka? Meniň bilşime görä, üçem guzlamak alamatydyr.Sygyr dördünji gezek ekine düşende, ikinji şahyny döwdüler. Topbak ony görende, haýran galdy. — Bä, biziň sygrymyz Kelekbaý ýaly, kelek bolaýypdyrla! Ýa bu-da, Kelekbaý ýaly, baý boljak bolýamyka? Dogrudyr! Meniň bilşime görä, Japbaklaryň özüne sandaş dördem guzlamak alamatydyr. Sygyr bäşinji gezek ekine düşende, guýrugyny hem kesdiler. Doganlar ony görende, dördüsi birden seslendi. — Biziň bilşimize görä, bu gezegenligiň hem gysyrlygyň alamatydyr. Guýruksyz, gulaksyz kelek sygyr Kelekbaýyň Japbaklara satan garpyzy ýaly togalakdy. Ony hiç ýatakda-da saklap bolmady, kesmigini döwüm-döwüm etdi, ekinden-ekine gezdi. Onuň indi kesere-de ýeri galmady. Japbaklaryň ondan habary bolmasa-da, Japbaklardan içi ýangynly bolany üçin, sygry özüne meňzeden Kelekbaýyň özüdi. Japbaklaryň obasyndaky Doýduk, baýlykda-da, hilegärlikde- -de Kelekbaý bilen bäsleşýärdi. Garpyz ýaly togalanan sygyr bir gezek onuň ekinine düşdi. Doýduk sygryň aýaklaryndan başga kesereýerinitapmady. Aýagyny kesse, tölemeli boljakdy. Doýduk ony daňyp goýdy. Topbak ony dilemäge baranda, Doýduk elini salgady. — «Ýamandan boýuňy satyn al» diýendirler. Äkideweriň, äkideweriň! Doýdugyň ajy sözi Topbaga ýaman degdi. Şonuň üçin öz sygry bilen meňzeş Doýduga ýüz tutdy. — Doýduk eje, meniň sygrym olmy ýa seň özüňmi? Doýduk gyňajyny galgatdy. — Owarra bol, ýaşy kesilen! — Günämi öt, Doýduk eje! Ýogsam meniň sygrym dil bilýän däldir-le! Ýöne weli, Doýduk eje, seniň ýaly dilli bolandan-a onuň lallygy hem kem däl. Japbaklar kelek sygry näçe berk saklasalar-da, «Öwrenen gylyk örkleseň hem galmaz» nakylyna görä, Doýdugyň ekinine ikinji gezek düşdi. Doýduk oýlandy, pikirlendi, iň soňunda: «Bu sygyr barybir meni dyndarmaz. Kelek baýdaka oňa çäre görmäge nalaçdym. Men muny Japbaklara tanatmaz ýaly edeýinde, özü- mejik dönderäýerin. Meniň haýsy malym şundan arassa» diýen netijä geldi. Ol sygryň biline, boýnuna, göwsüniň arasyna iki-üç parça ak biz orady-da, ala sygyr edip, gapysynda daňyp goýdy, öňüne ot dökdi. Japbaklar sygry hiç ýerden tapman, iň soňunda «öwrenişen ýeridir, belki, şoňa barandyr» diýen niýet bilen Doýdugyň öýüne bardylar. Görseler, onuň gapysynda guýruksyz, gulaksyz, şahsyz kelek sygyr — emma gara däl-de, ala sygyr gäwüşäp dur. Japbak ony tanamady. Ýapbak oňa siňe syn etdi. Mapbak biraz şübhelendi. Topbak onuň ekinçi gözlerinde öz suratyny gördi. Japbak Doýdukdan sorady: — Doýduk eje, biziň sygrymyzy görmediňmi? — Sygryňyzyň näme alamaty bardy? Ýapbak aýtdy: — Guýrugy, gulagy jonnuk. Mapbak aýtdy: — Kelekbaý ýaly kelek. Mes Doýduk sygry Kelek baýa meňzedenlerine jakgyldap güldi. Emma sygra gözi düşende, Topbagyň aýdany ýaly, özüne-de çalym edýänini görüp, sesini tapba kesdi, soragyny dowam etdi. — Sygryňyzyň reňki nähilidi? Topbak oňa jogap berdi. — Doýduk eje, edil özüň ýaly gara togalakdyr. Doýdugyň hyrra gahary geldi, siltenjiredi. — Ýok, men beýle sygyr göremok. Sygryňyzy nirede ýitiren bolsaňyz, şondan gözläň! — Doýduk eje, bu sygyr näme? — Gözüňi giňräk aç! Onuň reňki gara däl, ala! Ol meniň öz sygrym. — Diýseňem, Doýduk eje, göz-ä biziň sygrymyza meňzeýär. Teläriň çetindäki agaçda aýran doly deri dyňzap durdy. Doýdugyň gözüne güýdüşip, Mapbak onuň bir bujagyny açdy-da, Doýduga bakan pürkdi. — Aý, Doýduk eje, ýeteweri, elimden sypdy! — diýip gygyrdy. Doýduk: — Heý, ýaşy kesilen! — diýip topuldy. Onýança bolsa, Doýdugyň geýimi sygryň endamy ýaly alabeder boldy. Şol wagt Topbak ondan sorady: — Doýduk eje, seniň reňkiň nähilidi? — Heý, enesi ýalamadyk! Meniň reňkimiň garadygyny özüň aýtmadyňmy näme? — Ýok, gara däl, ala! Doýduk üstüne-başyna seredende, özüniň hem gapydaky daňylgy sygyr ýaly aladygyny gördi. Eden hilesiniň ugur almanyny aňlansoň, ol: — Sygryňyzy alyň-da, owarra boluň! — diýdi. Japbaklar sygry idip ugranlarynda: — Aýuw! Duruň entek! Men öz reňkimi alyp galaýyn! — diýip gygyrdy. — Alaweri, Doýduk eje, alaweri! Bize kişi zady gerek däl! Sygryň garagäz kiri bilen bulaşan üç parça bizi Doýduk kynlyk bilen söküp aldy. Japbak aýtdy: — Doýduk eje, sygyr näme-de bolsa, öz bilýäniň, sygyrda, ol seniň biziňi kirledipdir. Biz ony ýuwup beräýeli. — Ala tazyň awy-da gerek däl, özi-de! Onda Ýapbak aýtdy: — Doýduk eje, bu nähili bolýa? Biz ala däl ahyryn! Üstüňe-başyňa seret: ala özüň, alany söýýän, biziň gara sygrymyzy alardan hem özüň! — Tüket diýdim, tüket! — Günämizi geç, Doýduk eje, bizde tükeder-tüketmez ýaly näme bar? Biz seni öz ejemiz ýaly görýäris. Sygrymyz ekine düşse. Ýene seniň ýanyňa gelmeli bolýarys! Doýduk şondan soň sesini çykarman, elini salgady. Japbaklar Doýduga nesihat berip, heň etdiler. Doýduk eje, gaharlanma, Gahar aklyň alar gider. Baharyňa baharlanma, Ýapraklaryň solar gider | |
|
√ Palindromaniýa: Çopanyñ üç ýoldaşy - 03.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Hoş ses. Taş ses - 04.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan, çopanystanda. Ýalñyzlyk oýlary - 03.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -3: powestiň dowamy - 04.08.2024 |
√ Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» - 08.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Halypa - 04.03.2024 |
√ Baga bagşy -5: Halypa-şägirt - 07.03.2024 |
√ Ene / powest - 13.01.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -6: powestiň dowamy - 28.08.2024 |
√ Baga bagşy -8: «Niçik geçer halym Bibi...» - 08.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |