16:08 Kitap näme? | |
KITAP NÄME?
Edebi makalalar
Tipografiýalar kitaby gije-gündiz dynuwsyz çap edýärler. Maşynlar, otlular, uçarlar kitaby ölçegsiz daşap, ülkäniň dumly-duşuna dynuwsyz ýaýradýarlar. Biziň Watanymyzda kitap iň ägirt söwdanyň biri. Şeýle uly ähmiýete eýe bolan kitap näme? Kitap dükanlaryna girseň, tekjelerde hatara nyzam gurýan ululy-kiçili, dürli görnüşdäki, dürli owadanlykdaky, dürli kitap gözüňi gamaşdyrýar. Şolary ilki göreňde, dükanyň ýönekeý görki, tekjeleriň haşamlary ýaly görünse, pikiriňi bir ýere toplap, azajyk oýlaňda, onuň her birinde aýratyn awtoryň päk ruhunyň, ýadawsyz işlän aňynyň, dury ýüreginiň bukup ýatany, şol kitaplaryň her birinden bir ýazyjynyň saňa bakan gujak açýany, saňa salam berýäni, seniň bilen gürleşmek, pikir alyşmak isleýäni akylyňa gelýär. Kitap näçe kän bolsa-da, olar gürlewükden soň emele gelýän kömelek ýa inkubatordan çykýan jüýje däl. Kitabyň sahypalaryny bezeýän setirler, harplar-da, boýagçynyň diwar ýüzüne pürkýän nagşy däl. Ýazyjy bir kitap döredýänçä, ýer doňýar, gar ereýär, dünýe ýüzi ýaşyl dona girýär, ýapraklary saralan agaçlar ýalaňaçlanýar, dört möwsüm ýaňadandan gaýtalanýar: biri-birini kowalap geçýän tükeniksiz akly-garaly syçan, onuň ömür köküniň ençe tarapyny kertip taşlaýar. Kitapdaky suratlandyrylýan wakalar, ondaky görkezilýän keşpler beýnisinde kemsiz bişişýänçä, awtor käte kürk towuk ýaly busup oturýar, käte märekeden öýkeli ýaly ýeke özi sümsünip gezýär. Kitabyň her sözlemi, her sözi ýazyjynyň aňynda sagatlarça gaýnap, ýüreginde döwran edip, damarlarynda ýüwrüp, barmaklarynyň uçlarynda oýnaýar-da, galam üstaşyry kagyz ýüzüne nagyş bolup düşýär. Şol nagşyň özi-de ýönekeý çyzyk bolman, halkyň derejesini wasp edýän, dumly-duşda belent owaz bilen ýaňlanýan tamdyra sazyna çalym edýär. Ýazyjynyň zähmeti iňňe bilen guýy gazana kybapdaş bolany üçin, beýnisi durmuş akymyny, wakalaryny özünde toplaýan hazyna bolup, kitap şondan püre-pürlenip çykýan sorujy hökmündedir. Ýazyjyny ýazmaga ündeýän dürli sebäpler, her hili wakalar bolsa-da, kitap döretmäge, hiliniň gowy bolup çykmagyna ymtylmaga mejbur edýän zat, esasan, özüniň jemgyýetçilik borjuny kemsiz berjaý etmegi, raýatlyk ynsabyna boýun egmegidir. Sebäbi ýazyjy gündelik bellenen çägi ýerine ýetirýän günlükçi, sargyt kabul edýän ädikçi bolman, döwrüň islegine, halkyň talabyna görä döredijilige baş goşýan, tipik ýagdaýda tipik keşpleri döredýän özbaşdak bir ussadyr. Hakyky ýazyjy, durmuş wakalaryna real garaýan, hakykaty gyşarnyksyz görkezýän dury bir aýna hökmündedir. Ýazyjy kitaby diňe bir özi, ýa öz maşgalasy, ýa kowum-garyndaşy, ýa dost-ýary üçin ýazman, özüniň ähli döwürdeşlerine hem geljek nesle durmuşyň aýratyn ähmiýetli bir meselesi barada çynlakaý gürrüň berýän bir wesýetçi, sagatda iki däl-de, hemişelik hyzmat edýän bir terbiýeçidir. Ol öz kitabyny okyjylaryna şeýleräk pikir bilen hödürleýändir: «Dostum, şu kitap-da görkezilýän wakany başardygymça suratlandyryp, saňa, saňa meňzeş halk balalaryna hödürlemäge men özümi borçly hasap etdim. Şu meselede men diňe öz bilimime, öz tejribäme daýanman, wakadan habardar adamlaryň-da ýüreklerine girmäge çalyşdym. Wakanyň aslyna, bütin gidişine bir gözümi ýumup, beýlekimi gypyp seretmän, başardygymdan dogruçyl hem örän giň garadym. Ençeme sowadylan naharlardan, ukusyz gijelerden soň, şujagaz kitaby emele getirdim. Al. Oka. Seniň gündelik işiňde, gaýgysyz söweşiňde, bütin durmuş ýoluňda, belki, peýdasy degen ýeri bolar. Halk bähbidi üçin edýän ädimiňde şu kitap saňa azajyk kömek berip bilse-ýazyjy özüni bagtly hasap eder. Eger wakanyň suratlandyrylyşy seniň göwnüňden turmasa, şu kitap barada öz pikiriňi mälim etseň — ýazyjy saňa minnetdar bolar. Eger-de şu kitap barada iki setir galam urmany hem artyk hasap edip, seňrigiňi ýygryp, kitaby eliň tersi bilen pyzyp goýberseň... ýazyjy özüniň belli mukdardaky ömrüni bihuda sarp edeni, başyny nähak agyrdany bilen çäklenmän, seniň hem gymmat wagtyňy eliňden alany üçin, jogapkärlige, igenje sezewar bo- lar...». Kitap dükanyna gireňde, dünýäni birje minut unudyp, şondaky kitaplaryň haýsy birine diň salsaň, onuň awtory, belki, saňa şeýleräk gürrüň berer. Kitabyň ýumuk agzy döwülmedik şänige meňzäni üçin, onuň içindäki maňzynyň süýjüligini, ajylygyny diňe okanyňdan soňra bilersiň. Elbetde, gül tikensiz bolanok. Kitaplaryň içinde ýugrumy ýetmedik hamyr ýaly gowşaklary, öwrenjäniň keşde edişi ýaly wakany ýaramaz suratlandyrýanlary, okaňda gara basan ýaly ukyňy tutdurýanlary ýok däl. Emma aňyrsyna göz ýetmez gowaçanyň içine düşen haşal oty nazara almasak, kitap öz goýnunda dürdäne hazyna saklaýan, her kime özüni hödürleýän, agzy hiç wagtda gulp tutmaýan göwher gutusydyr. Şol gutuda belli bir döwrüň, aýratyn wakanyň, gyzykly bir durmuşyň gizlin syrlary bukup ýatandyr. Sen ondan ýüz öwürmeseň, ol seniň boýnuňa towusýan, goýnuňa gonýan, öýdeş, höwürdeş mähriban bir ekdiňdir. Seniň eliň ýylysy oňa ýetende, görejiň şöhlesi düşende, doň kitap ukudan oýanan çaga ýaly dil açyp, towy ýeten maşynbagşy ýaly saýrar-da, özündäki wakany, ähli syrlaryny saňa hoşallyk bilen paş eder. Kitap ajaýyp bir zat bolup, onda şeýle bir güýç, şeýle bir gudrat bardyr: seniň göwnüň näme islese, kitap göýä diýersiň şony boldurýan jadygöý ýaly bir zatdyr. Sen haýsy meselä mätäç bolsaň, kitap saňa şol mesele barada leksiýa okap berer. Ýeriň gurluşyny, Aýyň, Günüň ýörişini bileýin diýseň- kitaba ýüzlen. Asmana atlanaýyn, ýeriň astyna göz ýetireýin diýseň — kitaba arka daýan. Haýsy bir ösümligiň nirede emele gelýänini, haýsy jandaryň haýsy tokaýda ýaşaýanyny, haýsy guşuň haýsy pasylda nirede ganat gerýänini bilmek isleseň — kitap al. Otrisatel keşbe ýigrenç besläp, položitel keşpden görelde alaýyn diýseň, kitap oka. Kitap seni dünýäniň meşhur adamlary, alymlary, ýazyjylary, suratkeşleri, kompozitorlary bilen islän wagtyňda duşuryp, islän wagtyňda sözleşdirip biler. Kitap seniň üçin gapysy hemişe açyk jomart bir uniwersitetdir: sen irinmän okasaň, ol saňa dürli ylymdan ders berer. Kitap seniň iň gadyrdan dostuňdyr: sen ondan ýüz öwürmeseň, ol seni hemme ýerde, her işde, hemişe-de goldar. Kim kitaby söýse, kitap onuň aç maňzyna ýokumly azykdyr. Kim kitaba höwes bilen el uzatsa, kitap şonuň elinde kesgir bir ýaragdyr. Kitap hiç wagtda garramaýan, hemişe juwan, hemişe seniň gullugyňa häzir bir wepaly hyzmatkärdir. Sen haýsy döwrüň taryhyndan, haýsy milletiň hüý-häsiýetinden, haýsy döwletiň ykbalyndan heň buýursaň, kitap seniň arzuwyňy ýerine ýetirýän, gijä, gündize parh goýmaýan, ýadamany, armany bilmeýän, aýdym aýdyp, saz çalyp berýän hoş owaz bir bagtyňdyr. Seniň haýsy bir söz bilen nämeden hem bolsa göwnüň döwülse, kitap sepini bildirmän sepleýän, ruhuňa bir ýerden nähoşluk ýetse, şony derrew sagaldýan, dürli derdiň garşysynda seniň üçin galkan bolýan hiç birtebibiň elinden gelmeýän, hiç bir dermanhanada işlenmeýän, adamyň aňyndan emele gelýän üýtgeşik bir dermandyr. Kitap hakykata hyzmat edýäni üçin täsiri örän uludyr. Ol haýsy hem bolsa bir wakany film ýaly gözüň öňüne getirip, adamlaryň gynanjyny, begenjini real görkezip, seni agladyp-da biler, güldürip-de. Kitap duşmany tanamaga, bet niýetini aňlamaga, hilesine hüşgär bolmaga ýol salgy berýän, gaýduwsyz gahrymanlyga ündeýän bir serkerde bolsa, Watanyňy, halkyňy, wepaly ýaryňy, ata-eneňi, dogan-garyndaşyňy, edýän işiňi söýdürýän, ruhuňy göterýän bir ylhamdyr. Kitap adamzat ruhunyň magnawy azygy bolup, terbiýeçilik häsiýeti örän uludyr. Şonuň üçin hem hemişe ýazyjylaryň döredijiligine, alymlaryň ylmyna, neşirýat işlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň hem kitabyň nusgasy, hat-da milliona göterilýär. Eliň işden boşanda, ylaýta-da, bir söz bilen otagyňa tukatlyk aralaşanda, kitap dükanyna barsaň, göwnüň açylar. Şol ýerde seniň özüňe kybapdaş kitap aşyklaryndan başga, sansyz ýazyjylaryň, alymlaryň hemişelik meýlisi dowam edýär. Şol meýlisde dünýä edebiýatynyň altyn gaznasyna goşant goşan, hemişelik ýaşaýan meşhur adamlardan kimi isleseň şony görersiň: Puşkiniň belent owaz bilen okaýan şygrynyň näzik duýgyňa dürtýänini, Tolstoýyň durmuş deňzinde gulaçlap ýüzýänini, Magtymgulynyň «Pikir derýasyna aklym gämisin batyrmyşam, çyka bilmen-neýläýin?» diýip, gollaryny gerýänini, Keminäniň içmeginden lirikanyň, satiranyň pasyrdaýanyny, şu günki ýazyjylaryň ganat gerýänini, şowhunly jedele baş goşýanyny synlarsyň. Durmuşyň dürli döwürleri, dürli şahalary, geljek ykbaly barada pikir ýöreden söýgüli adamlar bilen gürrüňdeş bolmak, her gezekde şolardan birini-ikisini myhman alyp gaýtmak, netijede ýazyjylar meýlisini öz öýüňde gurmak nähili gözel.. Höwes bilen alan kitaplaryňdan birini dynç wagtyň okaňda, sahypalaryny gymmatbaha mata ýaly emaý bilen agdaraňda, setirleri bogazyňa degmän geçýän bal damjasy ýaly ýuwdaňda, özüňi kitapdaky görýän wakanyň içine oklaýarsyň-da, şondaky adamlaryň hereketlerine, küýlerine goşulýarsyň, kimiň haklydygy, kimiň bimamladygy barada pikir ýöredýärsiň, käbiriniň hereketini makullap, käbiriniň özüni alyp barşyny ýazgarýarsyň. Şol waka seniň häzirki günleriňe, geljek durmuşyňa meňzeşräk bolany üçin, netijede, sen özüňe gerek gurallar bilen ýaraglanýarsyň. Durmuş adatdan daşary çylşyrymly. Tebigat seniň bilen hemişe göwündeş däl: şemal seniň islän wagtyňda, islän ugruňa bakan öwsenok. Seniň ýaşaýyş ýoluňda dürli garşylyklar, dürli päsgeller kän. Sebäpsiz ýeňil, zähmetsiz hasyl emele gelenok. Göreşde ýeňiş ýoluny görkezýän, zähmeti ýeňletmek tärini öwredýän, ýaşaýşy göwne laýyk gurmaga, döwrany gözel sürmäge maslahat berýän kitaby özüňe iň ýakyn hossar hasap et! Men ýalňyşýan bolsamam, her kitap ýaşaýyş dünýäsine täze bir goşant goşýar. Şeýle bolsa, tekjeleriňizi kitaplar bilen bezemäge gyssanyň! Berdi KERBABAÝEW "Dünýä edebiýaty" žurnaly 1/2011 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |