23:00 Türkiýä syýahat: Portfel kimiñ elinde | |
TÜRKIÝÄ SYÝAHAT
Ýol ýazgylary
Sosialistik Zähmetiň Gahrymany, meşhur ýazyjymyz Berdi Kerbabaýewiň Türkiýä syýahat edendigini öň gazetimizde habar beripdik. Ýazyjy şol syýahaty döwründe Türkiýäniň belli-beli edebiýatçylary, şahyrlary, ýazyjylary bilen duşuşypdyr. Ýurduň gözel-gözel ýerlerine aýlanyp görüpdir. Biz gazetimiziň şu nomerinden başlap ýazyjynyň Türkiýä syýahaty netijesinde ýazýan ýolýazgysyny çap edip başlaýarys. 1. PORTFEL KIMIŇ ELINDE Oslagsyz ýagdaý kä aljyraňňylyga salýar, käte-de adatdan daşary guwandyrýar. Men häzir şolardan birini gürrüň bermekçi bolýan. Biz Stambul aeroportunyň wokzalyndan çykyp barýardyk. Öz gadyryny, hyzmatyny hödürleýänler örän köpdi: - Beý, efendi, size araba lazym deýilmi? - Beý, efendi, tahsy istemiýormisiňiz.. Meni Stambuldaky wise-konsul Iwan Mihaýlowiç Budti samolýotuň merduwanynda garşylany üçin, meniň taksä hajatym ýokdy. Birden çaklaň bir adam meniň portfelime ýapyşdy. “Efendim, taksi islemärmisiňiz” diýýänlerden biri bolup, o-da maňa öz hyzmatyny teklip edýändir diýip hasap etdim-de, men başymy ýaýkadym. Emma çaklaň adamyň meniň elimdäki portfele ykjam ýapyşanyny duýup, men ony beýleki elime aldym. Çaklaň adam dyknyşygyň arasy bilen beýleki gapdalyma geçip, portfele has ykjam ýapyşdy. Men öz ýanymdan: “Be, bu adamlar egilseň başyňdaky telpegiňi götermäge-de kömek etjekler-ow” diýip oýlandym-da, portfeli gaharly silkdim. Sagatda müň kilometre golaý uçýan, “ТУ-134” samolýotda biz diňe alty sanjak adamdyk. Meniň golaýymda oturan bir ýigit dynuwsyz sakyrdap, dürli sowallar ýagdyryp, öz durmuşyndan, kowum-garyndaşyndan gürrüň berip, meniň bizar-peteňimi çykarypdy. Onuň üstesine-de, meni garşylan Iwan Mihaýlowiç bilen aramyza düşüp, ony meniň elimden alypdy. Haýasyzlygyň aňry hetdine ýetip, poliseýiň ýanynda pasport anketlerini-de menden öňürti doldurdypdy. Sebäbi ol bir agyz-da türkçe bilmeýärdi... Şol keýpsizlik zerarly, men portfeli içgili ýaly dar tamda, çaklaň adamyň ynjyly sesini eşitdim: - Kerbabaýew, efendim, sene ne olup?.. Men şol keltejik adam bilen nähili gujaklaşanymy duýman galdym. Portfekliň kimiň eline düşenini, hatda ýere gaçanyny-da unutdym. Şol çaklaň adam, meniň köne dostum Eziz Nesindi. Eziz Nesiniň ýörite garşylamaga gelenini Iwan Mihaýlowiç maňa aýdan hem bolsa, hälki keýpsizlik zerarly, men ony unudypdym. Şol wagt hälki haýasyz ýigit ýene ara sokulyp: - Iwan Mihaýlowiç, meni hem alyp gidiň – diýip, haýyş etdi. Iwan Mihaýlowiç sypaýy jogap gaýtardy: - Keýpihon äkiderdim, emma maşyn doly. - Onda, belki, meniň üçin gaýdyp gelersiňiz? Iwan Mihaýlowiç oňa garap, ajymtyk ýylgyrdy. Ol ýigit gulluk wezipesi bilen gelmän, kakasynyň aýal doganyna görme-görşe gelenini Iwan Mihaýlowiçe özi gürrüň beripdi. - Bagyşlaň, otuz-kyrk kilometrlik ýolda ikara gatnap durmaga, gulluk wezipämiz mümkinlik berenok. Ol ýigit: “Meni kowum-garyndaşlarym garşylarlar. Men sizi-de alyp giderin. Biziň kowumlarymyzda bir hepde myhman bolarsyňyz” diýip, ýolda tükeniksiz jomartlyk satypdy. Portfel dawasy çözülenden soň, biz Eziz Nesin bilen maşynda oturdyk. Men Eziz Nesin bilen ilkinji gezek, 1965-nji ýylda Berlinde tanşypdym. Biz o ýere Beýik Ýeňşiň ýigrimi ýyllyk baýramyna gatnaşmak üçin gelipdik. Weýmarda Buhenwald türmesine bile aýlanypdyk. Soňra Moskwada hem başga birnäçe ýerlerde duşuşypdyk. Eziz Nesin örän akylly, pähimli, paýhasly, zehinli, gaýduwsyz hem örän duýgur bir ýazyjy. Lap etmesem, ol bütin dünýäde meşhur satirik. Eziz Nesini gowy tanaýanlar: “Eziz Nesin Türkiýäniň şu günki Nazym Hikmeti” diýýärler. Türkiýe okyjylary onuň eserlerini jan-dilden söýüp okaýarlar, komediýa oýunlaryna bolsa höwes bilen tomaşa edýärler. Eziz Nesiniň eserleri Sowet Soýuzynda-da köp çap edilýär. Maşynyň rulunda Iwan Mihaýlowiçiň özi otyrdy. Onuň maşyny gadymy Stambul galasynyň daşy hem Mermer deňziniň kenary bilem tigirlenýärdi. Müň ýyllyk köne gala ençeme ýerinden gädilse-de, sudury entek ýitmändi. Şol ägirt gala, Wizantiýa imperiýasynyň galasydy. Iwan Mihaýlowiç bizi iň soňunda Beýogly köçesindäki Sowet Soýuzynyň baş konsulhanasyna getiripşonuň golaýjygyndaky “Metropol” myhmanhanasynda düşürdi. Biz myhmanhanada ýerleşenimizden soň, Eziz Nesin mälim etdi. - Ben şimdi sizi terk edejeýem. Akşam işim çohdy. Giçkurin Haldun taner gelip, sizi teatra aparar. Siz oýun görmek istiýormusunuz? – diýdi. - Şübhesiz! Oýun kimiňki? - Oýun birniçe bölümden ybarat. Meniňki. Haldunyňky hem başga awtoryňky... Soňra, ben sagat onda gelejeýem. Muzeýe bakmak istiýormusunuz? - Şübhesiz. - Ben ýaryn gelirem. Beraber gidejeýik. - Aziz, gardaş ogly, sen arkaýyn bol. Meniň öz ýanymda terjumanym bar. Ol Stambuly ýahşy bilir. - Janym, olmaz. Sen benim mysapyrym ki. - Men öňi bilen-ä mysapyr däl. (olar myhmana mysapyr diýýä). - Sen kim-de bolsaň, Stambuldan gidýänçäň meniň ygtyýarymda. Dogrudan-da, “Myhman öý eýesiniň guly” diýenleri, türk ýazyjylary bizi öz ellerine aldylar. Men Türkiýä olaryň çakylygy boýunça myhman barman, SSSR ýazyjylarynyň ýörite ibermegine görä, duýdansyz barypdym. Eziz Nesin gidenden soň, biz biraz salym Stambul köçelerine aýlanmakçy bolduk. Meniň ýanymda filologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent, Moskwa uniwersitetinde türk dilinden sapak berýän, terjimeçi Elwira Aleksandrowna Grunina bardy. Türkiýede terjimeçä meniň üçin onçakly hajat-da ýok eken. Dogry, gepleýişde, şiwede, täze sözlerde, umuman sözleriň ulanylyşynda tapawut kän. Türkler ýeňil gepleýärler. Şonuň üçin käbir harplar, hatda käbir bogunlar iýlip gidýär. Eýsem-de bolsa, men öz hajatymy düşünip bilýärin. Olar düşünerlik derejede maňa kynrak-da bolsa, men olaryň sözleriniň baryna diýen ýaly düşünýärin. Stambul gadymy şäher bolany üçin, köçeler onçakly giň däl, maşynlar bir ýüzli gatnaýar. Emma maşynlaryň adatdan daşary känligi zerarly, köçäniň ikinji gapdalyna ýetmek aňsat iş däl. Köçäniň ugrundaky bezegli magazinleriň hemmesi hususy söwdagärleriňki, içi dünýäniň dürli harydy bilen hyryn-dykyn. Emma magazinlerde alyjy kän görnenok, sebäbi – pul ýok. Biz ýadawlyk duýmasak-da, howa ýagyşly bolansoň, uzak gezmedik. Çygly howada giçden soň, myhmanhana gelip salam beren Haldun Tanerdi. Ol uzur ötündi: - Bagyşlaň, zerur iş zerarly men sizi aeroportda garşylap bilmedim. Türklerde bir hili özleriçe familiýa edinmek adaty bar. Mysal üçin: Atatürk, Demirel, Ýalçyn hem şolara meňzeşler. “Taner” diýmek: “Taň-er” diýen manyda. Men eger ýalňyşýan bolmasam, “Nesin”-de, “Nesen?” ýagny “sen nämeden ybarat?” diýen manyda. Haldun Taner biraz egmegräk, murtly, maňlaýy sakarlanyp başlan, özüniň elli bäş ýaşyna görä, biraz durugşan görünýärdi. Ol türkiýäniň şu günki meşhur dramaturglaryndan biri. Haldun Taner bilen men mundan bir aý gowurak öň, Moskwada tanşypdym, oturyşypdyk. Soňra bolsa Hindistana gidip gelipdik. Eziz Nesin hem Haldun Taner Iwan Mihaýlowiçi-de aýaly bilen bile, şu agşamky boljak oýna çagyrypdy. Howanyň ýagyşlylygyna, ylaýta-da wagtyň gymmatlygyna garaman, Haldun Taner bizi teatrdan öň bir restorana alyp bardy. Biziň stol başynda oturmagymyza mähetdel, dürli kebaplar, şeraplar, dürli iýmiş, hat-da gawun-da geldi. Konkurensiýa bolany üçin, hojaýynlar müşderiniň ünsüni özüne çekmek üçin nähili mylakatly hem çalasyn hyzmat edýärdiler. Men heniz pyçak bilen çarşagy herekete getirmänkäm gapdalymdan çortmak sarymtyl murtly, gözleri ýanyp duran, çaklaň bir türk gollaryny gerip seslendi: - O-o! Dostum, Kerbabaýew, hoş gördük. Çok şadam! Meni gadyr bilen gujaklan Melih Jewdet Andaýdy. Ol öz sözüni sdowam etdi: - Çok memnunam! Benim ewime misafir gelejek sen. Hökman gelejek sen. Dagwat edirem! Melih Jewdet bilen hem biz Moskwada dostlaşypdyk. “Ataň barka dost gazan, atyň barka - ýol” diýlen nakylyň, gör, nähili gowy manysy bar. Dosty, ataň bolmasa, wagtyň barka gazanan ýagşy. Şu gün bolsa, men özümi Stambulda çynlakaý dostlarymyň arasynda duýýaryn. Bizi Haldunyň alyp baran teatryna “Düýeguş” at berilýärdi. Onuň möhri-de Düýeguşdy. Teatryň diňe adynyň özi-de komediýadan habar berýärdi. Şu günki boljak oýna: “Bu şäher – Stambul ahyry” diýen at berilýärdi. Ol birnäçe bölek-bölek satiradan ybaratdy. Artistiň mälim etmegine görä, Stambulda güneş parlaýar. Aýdyň güneş astynda bolsa, hemme hakykat anyk görünýär. Stambulda hemme zat mugt: magazinleriň aýnalarynyň aňyrsyndaky gymmatbaha zatlary synlamak-da mugt! Bolsady ekip, diliň keýpini görmek-de mugt! Ötüp barýan gözeli synlamak-da mugt!.. Stambulda hilegärlik-de mümkin, aldawçylyk-da mümkin, göz boýamak-da mümkin. Sen şolary synlamak isleseň, Stambula gel! Oýnuň ýene bir görnüşi-de deputat saýlawy. Aldamany, göze çöp atmany, hilegärligi başarsaň, deputat bolmak-da kyn däl, mugt. Oýnuň soňky bir görnüşi-de iki serhoşyň gürrüňi. Olaryň biri dynuwsyz aglaýar, beýlekisi bolsa, dynuwsyz gülýär. Aglaýanyň bagty gara. Gülýän bolsa, bagtygaralaryň üstünden keýp çekýär. Türkiýede çynlakaý dramaturglar howpdan heder etmän, hakykaty, gör, nähili dury suratlandyrýarlar. Men eger ýalňyşýan bolmasam, türk edebiýatynda, türk sahnasynda, şol wakanyň özi uly bir täzelik, gaýduwsyz bir batyrlyk. Şol oýun tomaşaçynyň içini gyjyklaýan ýaly güldürip, ruhunda täzelik, aňyna bolsa, terbiýe berýär. Stambulda teatr köp. Olaryň hemmesiniň sahnasynda güneş parlaýandyr diýip düşünmeli däl. Artistiň oýny awtoryň ideologiýasyna degişli zat. Elbetde, türk dramaturglarynyň hemmesi Eziz Nesine ýa Haldun Tanere çaklym edenok. Real hakykatyň garşsyna wagyz-nesihat ýöredýän amerikanparaz dramaturglar-da ýok däl. Türkiýede Gorkiniň, Çehowyň pýesalary-da gidýär. Artistler çalasyn gepleýäni üçin, satiraň, komediýaň ähli näzikligine hem hereketine men oňly düşünmedim. Eýsem-de bolsa, men “Düýeguş” teatryndan örän hoşal bolup çykdym. Dynuwsyz jykyrdaşan tomaşaçylar, belki, has-da hoşal bolandyrlar. “Edebiýat we sungat” gazeti, 10.02.1971 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |