18:36 Japbaklar -3/ powestiñ dowamy | |
■ Keramat
Powestler
Japbaklar hatar-hatar syryp barýarkalar, Doýdugyň ak öýüniň duşundan geçip, garaja öýüň gapdalynda aýak çekdiler. Onuň içinden hyrryň-hyrryň ses eşidildi. Japbak Ýapbakdan sorady. — Bu nämäniň sesikä? Ýapbak Mapbakdan sorady. — Bu nämäniň sesikä? Mapbak Topbakdan sorady. — Bu nämäniň sesikä? Onda Japbak aýtdy: — Garaja öýüň içinde it hyňranýan bolaýmasyn? Onda Ýapbak aýtdy: — Ýok. It beýle hyňranmaz. Ussaň törpüsiniň sesi bolaýmasyn?Onda Mapbak aýtdy: — Ýok! Törpiň beýle soňsuz sesi bolmaz. Doýduk ejäň horruldysy bolaýmasyn? Onda Topbak aýtdy: — Ýok! Doýduk eje ýaňyja şu ýere girdi ahyry! Ol eýýäm horlamaga ýetişen däldir. Bu arwah-jynyň hyrryldysy bolaýmasyn? Nämälim zady bilmän galdyrmak Japbaklaryň gylygyna laýyk däldi. Olar durmuşyň her bir ownujak zatlaryna çenli bilmäge synanýardylar. Olar iň soňunda şol sesi içerik girip barlamak kararyna geldiler. Japbak Ýapbagy itekledi. Ýapbak Mapbagy itekledi. Mapbak Topbagy itekledi. Topbak Japbagy itekledi. Olaryň dördüsi birden içerik kürsäp urdular. Olaryň näme üçin ýykylyp-sürşüp gelenlerini ýeser Doýduk derrew aňlady. Ol Japbaklaryň gözüne güýdüşip, degirmeniň sapyny aýlap oturan aýala göz ümledi. Onuň şol yşaraty «Sesiňi çykarma-da, edil doňan göwre ýaly, birsyhly aýlap dur» diýip beren tabşyrygydy. Japbaklaryň el degirmenini birinji gezek görüşleridi. Tegelek, çalymtyk daş dynuwsyz aýlanýar. «Hyrryň-hyrryň» ses edýär, Doganlar ony, hakykatdan-da, arwah-jyn hasap eden ýaly, kem- -kemden arkan çekildiler. Onda Doýduk aýtdy: — Ýeri, Japbaklar, nämeden gorkýarsyňyz? Ýapbak aýtdy: — Doýduk eje, bu näme? Doýduk myssa ýylgyrdy. Ol birnäçe wagt mundan ozal ýogalan towugyny Japbaklardan görüp, olardan ýaňa içi kitüwlidi: olary nähili-de bolsa bir awundyrmak küýüne düşüp ýördi. Kim bilýär, belki, onuň towugyny gije şagal alandyr. Doýduk pursady ganymat bildi. — Muňa, hanym, keramat diýerler. Onda Mapbak aýtdy: — Keramatyň näme häsiýeti bar? — Ony towap eden adam baý bolýandyr. Onda Topbak aýtdy: — Doýduk eje, senem şuny towap edip baý boldunmy? — Men ony her günde bir gezek ýüzüme sylýan. Onda Japbak aýtdy: — Her bir adam hem towap etse bolýarmy? — Hemme adamy ol päk ruha goýberjek gümany barmy! Siz ýetim oglanlar bolanyňyz üçin, ýekeje gezek rugsat bermegim mümkin. Goý, siziň hem birneme dowaryňyz bolsun! Doganlar biri-birine seredişip: «Biz hem towap edeliň» diýen karara geldiler. Japbak oňa alnyny degrende, maňlaýyny sypjyrtdy. Ýapbak oňa alnyny degrende, maňlaýyny sypjyrtdy. Mapbak oňa alnyny degrende, maňlaýyny sypjyrtdy. Topbak oňa alnyny degrende, maňlaýyny sypjyrtdy. Doganlar biri-birine çiňerilişdiler. Olaryň hemmesiniň maňlaýy gyzaryp göründi. Onda jakjaklap gülen Doýduk aýtdy: — Gutly bolsun, balalarym! Keramatyň size tüýs ýokdugydyr! Maňlaýynyň awusyna çydamadyk Japbak tokmagy aýlap saldy. — Ýok! Bu keramat däl, arwah-jyn! Degirmeniň sapy bir ýana, süýbegi bir ýana zyňlyp gitdi. Onuň har-hary bolsa tapba kesildi. Maňlaýynyň awusyna çydamadyk Ýapbak tokmagy aýlap saldy. — Bu keramat däl-de tüýs arwah-jyn ekeni! Maňlaýynyň awusyna çydamadyk Topbak tokmagy aýlap saldy. — Bu keramat däl-de tüýs arwah-jyn ekeni! Degirmeniň daşy çym-pytrak boldy. Doýduk gykylyk etdi. —Heý,ylahym ýaşyňyz kesilsin, ýaşy kesilenler! Siz keramaty syndyrdyňyz — meniň baýlygymyň soňuna suw ekdiňiz! Onda Japbak jogap berdi. — Ýok, Doýduk eje, biz seniň öýüňe keramat ekdik. Indi seniň gum diýip garbanyň gyzyl bolar. Japbaklary awundyran Doýdugy Japbaklaram awundyrdylar. ■ Hoşaly sanaç Hoşa etmäge Japbaklaryň birinji gezek gidişleridi. Olar bugdaýy orlan sypalyň içinde gezdiler. Emma hoşa görmediler. Olar bu ýeriň hoşasyny özlerinden öň biri çöpläpdir diýip düşündiler. Japbaklar iň soňunda orulmadyk bugdaýyň içine girdiler. Ýapbak şatlygyndan ellerini çarpdy. — Ine gerek bolsa size hoşa! Mapbak söýünjini mälim etdi. — Nädersiň indi Japbaklaryň oraçasy çörekden dolaý-sa! Topbak keýpi köklük bilen gygyrdy. — Sanajy bäri al! Olaryň üçüsi üç ýerden orulmadyk bugdaýyň towzasyny ýo- lup başladylar. Japbak bugdaýyň şytyrdysyna gulak salyp, birsa- lym böwrüni diňirgänden soň, birdenkä gazap bilen gygyrdy. — Daýanyň! Olaryň hemmesi birden Japbaga seretdi. Japbagyň ýelken gulaklary gabardy. — Siziň şu edýän işiňiz Japbaklaryň adyna laýykmydyr? Ejemiň beren tabşyrygyny unutduňyzmy? Biz hoşany orlan ýerden çöplemeli dälmidik näme? Doganlaryň ýüzleri aşak sallandy, penjeleri gowşady, towzalar ýalaňaç aýaklarynyň üstüne iki-ikiden paýrap düşdi. Japbagyň sözüni olar ysgynsyz ses bilen tassykladylar. — Japbak dogry aýdýar! Japbak sanajy başaşak silkdi. Dok däneli towzalar paýrap döküldi. Üç doganyň naýynjar garaýan gözleri şol towzalar bilen bile dökülýäne döndi. Şol wagtda oraçanyň içi, ejeleriniň bir döwüm çöregi gizläp çykarýany gözleriniň öňüne geldi. Olaryň üçüsi üç ýerden oýlandy. «Bu nähili deňsizlik? Ynha, gör, meýdanyň ygşyldap oturan bugdaýy ýere-göge syganok. Emma biziň öýümizde bir ýugrum hamyrlyk un ýok. Bu nähili düzgün?..» Ýapbak iň soňunda Japbaga sowal berdi. — Aý, Japbak, sen bize görä ekabyrrak. Belki, sen bilýänsiň: biziň näme üçin ýerimiz ýok? — Ýeri näme etjek? — Ýeri näme ederler? Bugdaý ekjek? — Biziň ýerimize Ýalak işanyň eýe bolanyny ejem, nämä, bize aýtmanmydy? Ýa siz eýýäm ony unutdyňyzmy? Doganlaryň hiç birinden ses çykmady. Japbak boş sanajy egnine atyp ugrady. Üç dogan onuň yzyna tirkelen torum ýaly, nalajy asylyp ýöredi. Ygşyldap oturan towzalary yzda galdyryp gitmek olar üçin nähili agyrdy... Olar iň soňunda bugdaýy orlup, dessesi heniz çekilmedik sypalyň içine girdiler. Japbak boş sanajy bir dessäň üstüne bulap urdy. —Ine size orlan ýer. Hoşany näçe etsek,ine, şu ýerden edeliň! — Dogrudan hem, Japbak bizden akylly. Ine gerek bolsa hoşa! Japbak tumşujagyny ýokary tutdy. — Hymm! Siziň Japbak bilen gözüňiz öwrenişendir. Söze salym ýok, üýşürilgi dessäniň başy şytyrdap başlady. Bir käse çaý içim salymda sanajyň garny gabardy. Dessä el urman, ýekeje towzany barmaklarynyň arasynda pyrlaýan Topbagyň näme üçindir durdygyça ýüzi gamaşdy. Birdenkä-de ol: — Japbaklar, çekiň eliňizi! — diýip gygyrdy... Üç doganyň üçüsi birden Topbaga çiňerildi. Ýapbak bilen Mapbak onuň alkymyna dykyldy. Olaryň ikisi birden: — Bu nähili buýruk! Japbaga biz boýun, onuň ýaşy uly, gowy bilýär. Sen biziň ikimizden hem kiçi ahyry! Bu nähili buýruk? — diýip gaýtalady. — Ejem bizi bu gün näme üçin iberdi? — Bu nähili sowal? Elbetde, hoşa etmek üçin! — Hoşany nireden ediň diýipdi? — Orlan sypaldan. — Siz, heý, oýlap görýämisiňiz? Siziň el urýanyňyz orlup giden sypalyň hoşasymy ýa orlup üýşürilen dessemi? Doganlaryň üçüsi üç ýerden başlaryny aşak saldy. Topbak sanajyň düýbünden tutup silkende sere biçim towzalar dessäň üstüne paýrap döküldi. Ol edil Japbaklaryň eleşan eteklerinden dökülýän gowurga döndi. Şondan soň Japbaklar desseden ýekeje-detowza alman, orlan sypaldan hoşa çöplemäge başladylar. Hoşa çöplemek, elbetde, üýşürilen dessäniň başyny buran ýaly däldi. Orakçynyň elinden sypyp gaçan towzanyň her bäş-üç ädimden birini gözläp tapmalydy. Eýsem-de bolsa, Japbaklar oňa tiz adatlandylar. Gün ortadan agmanka, sanaç kemsiz doldy. Emma çöplenen towza heniz hem kändi. Sanajyň agzyna çykaryp, ilki bilen Topbaga depeletdiler. Gowzan sanajyň üstüne towza guýanlaryndan soň, Ýapbaga depeletdiler. Ýene biraz hoşa galany üçin, iň soňunda Japbaga depeletdiler. Sanaç tyrymdykyz doldy. Onuň agzyny zordan bogdular. Ýapbak sanajy pitiklände, ol ter gawun ýaly, tyryň-tyryň ses etdi. Japbak Ýapbaga: — Sanajy sen göter — diýdi. Ýapbak Mapbaga: — Sanajy sen göter — diýdi. Mapbak Topbaga: — Sanajy sen göter — diýdi. Topbak Japbaga: — Sanajy sen göter — diýdi. Ahyrynda bije atdylar. Ilki bilen Japbak, ondan soň Ýapbak, ondan soň Mapbak, ondan soň Topbak götermeli boldy. Olar deň götermegi müwessa goýdular. Emma ädimiň näçe ädim, nirä çenli götermelidigi mälim bolmady. Olar ilki bilen oba çenli bolan arany ädimläp çykmak, ondan soň ädimsanyna görä götermek kararyna geldiler. Olar sanajy ýabyň raýyşynda, belendräk ýerde goýdulur. Japbaklar oba bilen arany ädimläp çykdylar. Kimiň näçe ädim göterjegi aýnadaky ýaly anyk boldy. Ondan soň sanajyň yzyndan gaýtdylar. Emma goýup giden ýerlerinden sanajy tapmadylar. Agtardylar, agtardylar, eýläk ylgadylar, beýläk ylgadylar, desseleriň arasyna çenli barladylar... Sanaç hiç ýerden çykmady. — Aý, hoşaly sanaç, niredesiň, haw! — diýip gygyrdylar. Sanaç hiç ýerden jogap bermedi. Japbak Ýapbaga: — Sanajyň indi gitdigi boldumy? — diýdi. Ýapbak Mapbaga: — Hoşalaryň indi köýdügi boldumy? — diýdi.Mapbak Topbaga: — Gün zähmetimiz reýgan gitdimi? — diýdi. Topbak Japbaga: — Ejemiziň gözi ýoldadyr. Biz oňa indi näme jogap bereris? — diýdi. Sanajy ýene agtardylar, ýene tapmadylar. Olaryň golaýynda bir harman göründi. Şol harmanyň üstünde bir adam saýgaryldy. Sanajy şol adamdan soramak kararyna geldiler. Baryp görseler, harmanyň üstünde oturan Kelekbaý ekeni. Japbaklar Kelekbaýa salam berdiler. — Armaweri — diýip, halyny-ahwalyny soradylar. Gele-gelmäne sanaç sowalyny bermekden bolsa çekindiler. Emma jozzuk ýaly garry Kelekbaý nasly agzyny pakgyldadyp, ilki bilen wäşilige saldy. — Ýeri-how, Japbaklar, top tutup ugrapsyňyzla? Ugur haýyr bol-a! Kelekbaýa Japbak jogap berdi. — Baý aga, ugur-a haýyr däl. — Näme üçin? — Sanaç ýitirdik. — Sanajyň nähili alamaty bardy? — Garny pökgüjedi. Iki elini asmana gerýärdi. — Sanajyňyz borjulan bolaýmasyn? — Baý aga, ol düýäniň hamyndan däl ahyry! — Şowuna düşse, geçiniň hem borjulaýmasy bolar. —Baýaga, henek etmesene! Gören bolsaň, aýtsana! Ejemiziň öýde ýugyrlygy ýokdur. Gözi ýoldadyr. Dört adamyň uzak günlük azaby reýgan bolup barýar. Bilýän bolsaň, aýdaýsana, baý aga! Kelek agzyndaky nasyny togdary ýaly pürküp goýberdi. Japbaklara dazaryldy. — Heý, enesi ýalamadyk, atasy dolamadyk murdarlar! Siz indi ogurlyga-da ýüz urduňyzmy? Ýapbak Kelekbaýa ak ýürek bilen mälim etdi. — Baý aga, beýle diýmäň, aýyp bolar! Japbaklar — Japbaklardyr. Olar aç ýatmany başararlar. Emma kişi malyna el urmany başarmazlar! Şeýle bolanda, ejemiz biziň ýüzümize tüýkürmezmi? Biz, ne dik oturan bugdaýa degdik, ne orlan desselere el uzatdyk. Diňe sypaldan hoşa çöpledik. Kelekbaý agzyndan köpük syçradyp gygyrdy. — Heý, peläketler! Ynha, siziň hoşaňyz meniň aşagymda! Japbaklaryň hemmesi birden: — Aý, ýaşa, baý aga! — diýip gygyrdylar. Olaryň her haýsy bir ýerden derrew harmana dyrmaşdylar. Hakykatdan-da, hoşaly sanaç Kelekbaýyň aşagynda ellerini ýokaryk gerip ýatyr. Olaryň hemmesi birden seslendiler. — Baý aga, ýitgimizi tapyp bereniňe sag bol! Sanajy bäri al! Kelekbaý awa topuljak syrtlan ýaly üşerildi. — Size sanaç gerekmi? — Içindäki hoşasam bile gerek! Kelekbaý ýumrugyny düwüp galanda, Japbaklar özlerini harmandan aşak goýberdiler. «It gedaýdan gorkar, gedaý itden» diýen ýaly, Kelekbaý olardan birhili ätiýaç etdi, harmandan özüni aşak goýbermedi. Doganlar oňa näçe ýalbarsalarda, Kelekbaý olara gulak asman, gaýta agzyndan gelenini gargady. Garaz ne Japbaklar harmana dyrmaşyp bildiler, ne-de Kelekbaý aşak düşüp bildi.Kelekbaý harmandan düşse, Japbaklar sanajyny bir tär bilen ele salarys diýip düşünýärdiler. Şonuň üçin Kelekbaýyň gaharyny getirmek küýüne düşdüler. Olaryň her haýsy bir ýerden heňe başlanlarynda, sesleri sazlanyşyp çykdy. Kelek, Kelek, Kelek baý! Gazan, çuwal, çelek baý! Ýüz kelege, ýüz kele, Bir özümiz bolarys taý! Şol heňi yzly-yzyna gaýtaladylar. Kelekbaý hem keldi, hem kelekdi. Ondan ýüz görýänler, ondan eýmenýänler, oňa ýaranjaňlar onuň adyny biraz üýtgedip, oňa Gulluk baý diýýärdiler. Kelekbaý adyny eşidende, ol bolmajysyny bolýardy. Häzir ol nähili bolanyny bilmän, ala gykylyk bilen harmandan özüni aşak goýberdi. Japbaklar harmanyň daşyna aýlandylar. Kelekbaý Japbagy kowalady. Ýapbak onuň yzyndan ýetip, böwrüne dürtüp gaçdy. Kelekbaý Ýapbagy kowalady. Mapbak onuň yzyndan ýetip, böwrüne dürtüp gaçdy. Kelekbaý Mapbagy kowalady. Topbak onuň yzyndan ýetip, böwrüne dürtüp gaçdy. Kelekbaý Topbagy kowalady. Japbak onuň yzyndan ýetip, böwrüne dürtüp gaçdy. Kelekbaý Japbagy kowalady. Ýapbak harmana dyrmaşyp, sanajy aşak togalady. Hüm ýaly gyzaran, halys gurpdan düşen Kelekbaý sanaja bakan topuldy, ýüzüniň ugruna entäp, sanajyň üstaşyry sermagallak atyp gitdi. Japbaklar onuň üstünde hümer bolup, çalamünder oýnadylar. Emma Kelekbaý daşyny aldyran ýekegapan ýaly agdarylyp, düňderilip, biriniň ýon damaryny owkalady, biriniň ýüzüni dyrnady. Japbak iň soňunda onuň gyzyl kündik ýaly kel kellesini gaşady. Ýapbak onuň hokga köwşünden sypan çorly dabanyny gaşady. Mapbak onuň sag çignine ýapyşdy. Topbak onuň garnyny gyjyklady. Kelekbaý iň soňunda ejizläp ýekegapan ýaly gykylyk turuzdy. Japbak onuň kellesini sypalap: — Kim ogry? — diýip sorady. Kelekbaýyň boguk sesi çykdy. — Ogry men! Ýapbak onuň çorly aýaklaryny rahat uzatdy. — Degmäň-äýt! Kelekbaý öz ömründe birinji gezek dogry sözledi. Mapbak onuň elini öz ugruna goýberdi. — Kelekbaý öz ömründe birinji gezek dogry sözledi. Topbak onuň gazan ýaly garnyny biz köýnegi bilen örtdi. — Dogry sözli adam hormata laýyk bolarmyş. Japbaklar şondan soň oňa hormat bilen ýapyşdylar. Geýim-gejimlerini düzedişdirdiler, tozanlaryny kakdylar, ýakasyndan inen gylçyklary süpürişdirdiler. Eýsem-de bolsa Kelekbaý öz ömründe Japbaklara dil ýetirmezlige şert etdi. Japbaklar üçin onuň şertine hajat ýokdy. Olar ony ynjytmak däl, gaýta öz atalary hökmünde hormatladylar. Japbaklar Kelekbaý bilen hoşlaşyp, hoşaly sanajy göterip, öýlerine bakan gaýtdylar. Kelekbaý Japbaklaryň ýanynda näçe şert etse-de, hoşaly sanaç onuň hut öz teninden kesilipalnana döndi. Japbaklaryňhoşa çöplänine ol hiç ynanyp bilmedi. Şonuň üçin, Japbaklardan ýaňa onuň ýüreginde bir kitüw galdy. (dowamy bar) | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Atyň ürken ýeri... - 06.03.2024 |
√ Guduzlan it -2: powestiñ dowamy - 18.09.2024 |
√ Baga bagşy -8: «Niçik geçer halym Bibi...» - 08.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanyñ üç ýoldaşy - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Uspen halypa - 03.03.2024 |
√ Sary bagşy / powest - 03.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -6: powestiň dowamy - 28.08.2024 |
√ Taraşa / powest - 01.02.2024 |
√ Taraşa -2/ powestiñ dowamy - 01.02.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň soňy - 29.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |