16:32 Döredijilik – nepis sungat | |
DÖREDIJILIK - NEPIS SUNGAT
Edebi makalalar
Biziň ýazyjylarymyzyň käbiri öz töweregini gabap alan, “Maňa nazar sal” diýip, böwrüňe dürtüp duran real hakykatdan göz ýumup, özüniň bäbejik çaglaryna, ýa ondan hem has öňräk bir döwre nazar salýar. Şu günki, gözüniň öňündäki hakyky bir wakany suratlandyrmak ýerine, özüne oňly mälim bolmadyk gümürtik bir waka baş goşýar. Ýazyjynyň şeýle hereketi – real durmuşyň üstünden ätläp, köpçülige mälim bolmadyk gümürtik bir durmuşa baş goşmagy – meniň aňlyşyma görä, häzirki durmuşy halaman, könäni gowy görýändigi üçin däl-de, kynçylykdan boýun towlap, aňsada ýykgyn edeni, has dogrusy – gürrüňden, igençden gaçyp, jenjeli, garşylygy az, parahat bir döredijilige meýil edýänligi üçin. Şu günki durmuşda ýaşaýan adamlar öz wakalaryna kemsiz belet bolanlary üçin, real suratlandyrylmadyk eserleri çynlakaý tankyt edýärler. Oňa şolaryň doly haklary-da bar. Emma köne durmuşdan ýazylan esere köp adam düşünenok, birnäçeleri bolsa oňa ýeterlik üns berenok. Ýazyjylardan birnäçesiniň könä ýykgyn edýänligi, elbetde, şonuň üçin. Okyjy könäni näçe bilesi gelse-de, goňşy-golamyna, ata-enesine näçe myhman barasy gelse-de, öňi bilen özüni düzedesi, ýagny aýnada – çeper edebiýatda öňi bilen özüni synlasy gelýär: özüniň ýetmezi bolsa, köpçülige çykmazdan şony düzedesi, göwün ýeterlik bolsa, ýeten derejesine, şonuň bilen bile özüne guwanasy gelýär. Nebsimiz näçe agyrsa-da, käbir ýazyjy şol hakykaty unudýar. Şu ýerde men bir zady nygtasym gelýär: käbir ýoldaşlar şu günkä keçje düşünip, hakykaty ýoýýarlar, şu gün ýazylan bolsa Şekspiri hem şu günki diýip düşünýärler. Şu günkini düýnkä üýtgetmäge, şu günki gahrymany, ýagny Baýar Öwezi Otella deňemäge, elbetde, hiç kimiň haky ýok. Göroglyny, Keýmir köri direltmegiň men, elbetde, tarapdary. Emma Orazgeldi Ärsaryny suratlandyrmagy men hemmeden öň derwaýys hasap edýärin! Men şu günki günde ýaşap, şu günki howadan dem alýandygym üçin şu günki wakany suratlandyrmagy, şu günki adamy wasp etmegi mukaddes sanýaryn! Men şol meseläni, ýagny şü günki meseläni başlangyç ýazyjylaryň öňünde goýup, olara çynlakaý teklip edesim gelýär: – Gadyrly dostlar! Yzyňyza. Geçilen ýola göz aýlaň. Emma geljekde has ynamdar, has göni ätmek üçin, şu günkini – öz töweregiňizi gaplap alan durmuşy unutmaň. Siz geçeniň däl-de, geljegiň eýesi. Geljegi edara etmek üçin, geçenden sapak almak ýeterlik däl, şu günki hakykatyň ylhamy bilen meşgullanmaly. Şu günki hakykatdan göz ýumup, ata-babasynyň durmuşyny wasp edýän ýazyjy, geljegi aýdyň suratnlandyryp bilmez. Şeýle ýazyjy ilki hatarda aýgytly ädim ätmegiň deregine, yzdaky tozana bulaşar. Ýazyjynyň ýaragy – dil. Agaççy ussanyň şkafyny gelşigine getirýän onuň ýiti ýaragy bolsa, ýazyjynyň eserine ýönekeý timar berýän däl-de, ony kebşirleýän, emele getirýän onuň dilidir. Işlenmedik ýaramaz dil demir pyçaga çalym edýär. Demir pyçak bolsa diňe öz gynyny kesýär.Dogrusyny dogry aýtmak gerek, biziň şu günki ýazyjylarymyzyň-da birnäçesiniň dili öwerlik däl. Ýaramaz dil bilen ýazylan eseri okamak, harsaňly şüdügärde aýakýalaňaç gezenden enaýy däl: Şüdügäriň harsaňy aýaklaryňy gök gök gabarçyk etse, ýaramaz diliň demir tikeni şähdiňe ýara salýar. Şu ýerde diliň arassalanmagyna, ösmegine päsgel berýän bir zady ýada salasym gelýär: dilimiziň şu günki ýazuw düzgüni gaty bulaşyk. Şol barada diňe şäherlerde däl, hatda uzak raýonlarda-da zeýrenýärler. Men gum içinde “Ak guýudaky” çarwa kolhozyna baranymda, mugallym meniň üstümden düşdi: - Ýoldaş ýazyjy, dili nädäýdiňiz? Mekdep okuwçylarynyň ýekejesi-de doly sowatly çykyp bilenok. Sebäbi, bize hödürleýän ýazuw diliňizde biz özümiz hem sowatly bolup bilemzok. Ýazuw düzgüninde meniň özümiň hem dogry bilmeýändigimden, hatda her sözlemde azyndan bir, ýogsam on ýalňyş goýberýänimden onuň habary ýokdy. Biz ol meseläni, elbetde, bu ýerde çözüp bilmeris. Biziň dilçilerimiziň ýazuw düzgünindäki bulaşyklygy şu ýylyň özünde düzetjeklerine biz umyt baglalyň. Bir ýeriň agyranda eliň edýän işini taşlap, şol ýerik barşy ýaly, men esasy meseleden uzaklaşyp gitdim. Men ýene gaýtalaýaryn: ýazyjynyň ýaragy – dili. Dil barada tatarlaryň klassyk şahyry Abdulla Tokaý şeýle diýýär: Eý tugan til, eý matur atgam-engäminiň tili Dünýäde küp närsa bildim sen süýgan til arkaly. Dünýäde köp zat bilmek, bilen zadyňy sada ýazmak, ýazan zadyňy höweslendirip okatmak üçin ata-enäň dilini örän gowy bilmek zerur. Doly sowatly bolmadyk ýazyjy dili gowy bilip bilmez. Diňe bir sowatly däl, ylymly, bilimli bolmak hem ýazyjylygyň iň zerur şertlerinden biri. Oňly düşünmän, suratlandyrmakçy bolýan wakaň çylşyrymly syrlaryny, meselelerini dogry çözmek mümkin däl. Şonuň üçin-de, öz ömrüni döredijilige, halkyň aňyny terbiýelemäge sarp etmek isleýän ýoldaş öňi bilen geregi gadar bilim almaga çalyşmaly. Halky güldürmezlik, halkyň igenjine galmazlyk, has dogrusy – halka özüňi söýdürmek, diýeniňe, aýdanyňa ynandyrmak üçin durmuşda başgalara görelde bolmak, özüňi örän oňat alyp barmak zerur... men ýene gaýtalaýaryn: güldürmezlik üçin, özgäni öz yzyňa eýertmek üçin – her babatda okyja görelde bolmak zerur. Okyjy ony näçe islemese-de, çeperçiligine üns bermeýän ýa-da çeperçiligiň nämeden ybaratlygyna düşünmeýän, ýönekeý habary rimalap şygyr edýän, diňe deklomasiýa ähmiýet berýän şahyrlar kän. “Biz gowy, duşman nejis”, “Biz günläp ösýäs”, “Pylan çopan üç sygyrdan bäş göle berdi dem!” ýa-da bir sygyrda bütin üstünlikleri sanap geçmeden goşgy çykanok. Goşguda her şygryň özüniň sýužeti, her sözlemiň çynlakaý manysy, her sözüň aýratyn täsiri bolmaly. Şonuň bile, setiriň rifmasy agsak towuk ýaly her bogunda ziňkildemän, çeşmäniň dury suwy ýaly uýgun akmaly. Gysgaldyp aýtsam, okyjynyň duýgusyny oýandyrmaýan, gynandyryp-begendirmeýän, azdan-köpden täsir galdyrmaýan şygyr şygyr däl. Poeziýanyň tiražynyň azlygy, hyrydarynyň ýagdaýlylygy, “Aý, şygyr bolsa, okap durma-da, goýaýsana” diýip, ýaňsa alynmaga – şahyrlaryň köpüsiniň çeperçilige oňly üns bermeýänliginden gelip çykýarmyka öýdýän. Şol, elbetde, öwerli ýagdaý däl. Çeperçilik taýdan biziň prozamyz hem agsaýar. Ýazyjylaryň birnäçesi obraz döretmäge, oňa özüne laýykly gylyk bermäge aýratyn üns bermän, galamyny çalasyn ýöredip, eseriň ahyryna çenli atyny gamçylap geçýär. Şonuň üçin hem, kitapdaky obrazlary biri-birinden aýyrmak kyn. Olaryň köpüsi towugyň ýumurtgasyna meňzeýänligi üçin aýratynlyklary ýatda-da galanok. Kitapda bäş obraz bolsa, bäş barmak ýaly her haýsy aýratyn görünmeli, her haýsynyň gylygy biri-biriniňkä çepbe bolmaly, dilleri-de biri-biriniňkä meňzemeli däl. Eseriň çeperçiliginde ylaýta-da konflikt uly rol oýnaýar. Konflikt güýçli bolsa okyjyny özüne çekýär. Durmuş, umuman, gönümel däl-de, bütin durşuna çylşyrymly konfliktden ybarat. Şol konflikte gurp berýän-de obrazyň gylygy. Tahýa nepis sungat bolanlygy üçin oňa keşde salýan gelin ýeňi bilen matasyna, ýüpegine, reňklerine, haşamlaryna, sanjymynyň biriniň hem ýalňyş düşmezligine aýratyn üns berýän bolsa, döredijilik ondan-da çylşyrymlyrak nepis sungat. Hatda iňňäniň sanjymy bilen eseriň harpynda-da meňzeşlik bar. Çepbe çitimiň biri-de keşdäni bozuşy ýaly, birje harpyň üýtgemegi-de söze başga many berýär. “At almankaň, eýer al” diýen ýaly, eser ýazmaga girişmänkäň, durmuşy, suratlandyrmakçy bolýan wakaňy kemsiz öwrenmek zerur. Materialy öwrenilmän ýazylan eser, elipbiýi oňly bilmeýän çalasowat adamynyň ýazan hatyna çalym edýär. Durmuşy öwrenmek üçin onuň daşyndan synlamak ýeterlik bolman, şol durmuşyň içinde özüň gaýnamagyň zerur. Ýöne “ol gülýärdi” ýa “gaharlanýardy” diýip, daşky suratyny çekmek janly obraz döretmek däl-de, garantga ýasamak bolar. Durmuşy öwrenmek üçinýurt aşmaga hajat ýok. Durmuş – seniň eliňi uzadan, gözüňi aýlan ýeriňde häzir. Durmuşyň haýsy bir künjüni alsaň, şoňa birýüzli garaman, bütin töwerekleýin göz ýetirmek gerek. Nebsimiz näçe agyrsa-da, biziň ýazyjylarymyzyň köpüsi şoňa birýüzli garaýarlar... ...Çeper edebiýat durmuşyň aýnasy hasap edilýän bolsa, biz şol aýnany gyşyk ýasaman, bütin hakykaty dogry görkezer ýaly dury hem gönümel ýasalyň! Şony bizden halk talap edýär. Berdi KERBABAÝEW, Türkmenistanyň halk ýazyjysy. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1963 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |