12:46 Japbaklar -4/ powestiñ dowamy | |
■ Sygyr söwdasy
Powestler
Hoşadan agyzlary tagam tapan Japbaklaryň öýlerinde çörek bolady. Olar indi hoşa her gün gitdiler. Olaryň indi dördüsi bir sanaç götermän, her haýsy bir sanaç göterdi. Japbaklaryň azygy bolap başlady. Indi olar çörek hurşy bolar ýaly, süýt-gatyk berip duran sygyrjyk edinmek küýüne düşdüler. Japbaklardan içi kitüwli Kelekbaý olara hiç bir zat edip bilmedi. Ol öz ýanyndan indiki boljak çalamünderden heder edip, ony hiç bir ýerde agzap hem bilmedi. Ol Japbaklaryň hoşa çöpläp ýörenlerini öz gözi bilen görse-de, özüniň müňkürligine görä, Japbaklar sanaçlaryny onuň harmanyndan ýa desselerinden ogurlaýandyrlar diýip düşündi. Şonuň üçin hem olardan aryny almak, olary möçükdirmek, nämeden hem bolsa zyýan çekdirmek üçin pursat arap gezdi. Japbaklaryň sygyr edinmek kül-külüne düşenlerini eşidenden soň bolsa: «Ho-op, duruber bakaly. Sizden şu sapar öňki-soňkymy çykaraýmazmykam!» diýip oýlandy. Güýz aýydy. Howa çigrekdi. Meýdandan ekin-dikin, gawun- -garpyz ýygnalypdy. Bir gün eňňere meýdanlaryndan Japbaklaryň tirkeşip ýörenlerini gören Kelekbaý öňünden taýynlap goýan ullakan gara garpyzynyň daşynda aýlandy, onuň töwereklerini süpürişdirdi, tämizledi. Japbaklaronuň üstünden geldiler. Eňňere meýdanynda galan ýeke-täk mähnet garpyzy geňirgediler. Japbak oňa sowal berdi. — Ýeri-ow, baý aga, munyň näme? Kelekbaý ýylçyr gara garpyzy ýeňi bilen süpürdi, Japbaklara ýylgyrjaklap garady. — Köşeklerim, bu-ýa bir bogazja sygyr. Ýapbak Mapbaga seretdi. Mapbak Topbaga seretdi. Topbak Japbaga seretdi. Japbak Kelekbaýdan sorady. — Baý aga, bu nähili sygyr? Munyň garpyz ýaly-la! Japbaklar her hili agyr günleri ýük sanman, wäşilik bilen bilmezligi salyp ýörseler, Kelekbaý olary akmak hasap edýärdi. Şonuň üçin olary aldamak, oýnamak çäresine girişdi. — Han ogul, heý, şu meýdanda gawun-garpyza gözüňiz ildimi? Olaryň baryny eýýäm sowuk urup guramadymy näme? Bu janawaryň guzlar wagty golaýlapdyr. Şonuň üçin kirpi ýaly aýaklaryny içine ýygryp, çyglyp ýatyr. Siziň gözüňize garpyza meňzeşräk görünse-de, bujagazyň özi tohum sygyrdyr. Topbak Mapbaga kinaýa bilen garady. Mapbak Ýapbaga «Kelekbaýyň hilesine düşünýäňmi?» diýen sowal bilen garady. Ýapbak Japbaga «Kelekbaýyň göwni şonda bolsa, biz aldanan kişi bolsak, utularmykak?» diýen sowal bilen garady. Japbak Kelekbaýyň hilesine garşy hile gurmak isledi. — Baý aga, sygryňy satjakmy? — Hawa, hanym, sygyr mende başga-da kän, özüňiz bilýäňiz. Bahasy ýetse, şujagaz sygry satmanam durjak däl. — Baý aga, onda sygryň bahasy näçe? — Üç tümen. Tümen, gyran hiç wagtda Japbaklaryň eline düşen zatlar däl. Şonuň üçin Ýapbak Kelekbaýa mälim etdi: — Baý aga, biziň tümen-mümen bilen tanyşlygymyz bolmaz. Sen sygry bize bugdaýdan bahala. — Aýyby näme! Bugdaýam oňat zat. On dört batman bugdaý beräýiň. Mapbak ondan haýyş etdi: — Baý aga, biz seniň batman-matmanyňy bilmeris. Sen bize ölçeg bilenjik aýt: näçe jam ýa-da näçe sanaç? Aňry çekeleşdiler, bäri çekeleşdiler, iň soňunda söwdalaşdylar. Sygryň bahasy bir sanaç bugdaý boldy. Topbak Kelekbaýa çiňerildi: — Baý aga, soňundan ökünjek bolsaň-a, öňünden aýt. Onda söwdany goýbolsun edeli. — Ýok, ogullarym, meniň sözüm hemişe sözdür. Japbak oňa çiňerildi. — Baý aga, onda biziň söwdamyz daşa ýazylan hata dönsün. Sygyr biziňki, bugdaý seniňki. Öýe baran badymyza bir sanaç bugdaýy bizden al. Biz minneti hoşadan, hoşa höküm edýän, ine, şu penjelerden çekýäs! — Aýtdym — gutardy. Doganlar «sygry» öýe alyp gaýtmagyň küýüne düşdüler. Japbak onuň syrtyna geçip: — Höw! — diýdi. Sygyr gymyldamady.Mapbak aýagynyň burny bilen onuň böwrüne dürtüp: — Höw! — diýdi. Sygyr gymyldamady. Ýapbak aýagyny ýere patladyp, batly ses bilen: — Höw! — diýdi. Sygyr gymyldamady. Topbak onuň arkasyna çybyk çalyp: — Höw! — diýdi. Sygyr gymyldamady. Beýlesine bakyp pyňkyrjak bolýan, böwrüni müňküldedip gülýän Kelekbaý düşündiriş berdi. — Balalarym, men size aýtdym ahyry: sygryň guzlar wagty gelipdir. Ony bu wagt gyssasaňyz, göle taşlatdyrsyňyz. Siz, iň ýagşygsy, ony göterip gidiň-de, aýaz degip buýdurmaz ýaly, oraçaňyzda, ýylyjak ýerde saklaň. Japbak Kelekbaýa keýerjekläp seretdi. — Sygry götermek?! Kelekbaý ellerini iki ýana gerdi. — Han ogul, gerek bolanda, dünýäniň hem göterildigi bardyr. Sygyr nämedir? Onda-da gulajyn sygyr? Japbaklaryň ýanynda onuň gürrüňi bolarmy? Meniň göwnüme bolmasa, siz pili hem göterermikäňiz öýdýän! Mapbak apaň-apaň basdy. — Hökman götereris! Ýadan bolsaň, baý aga, sygryň üstüne mün. Seni hem bile götereris! Japbaklar «sygry» götermekçi boldular. Japbak Ýapbaga: — Sen iki art aýagyndan ýapyş — diýdi. Ýapbak Mapbaga: — Sen iki öň aýagyndan ýapyş — diýdi. Mapbak Topbaga: — Sen guýrugyndan ýapyş — diýdi. Topbak Japbaga: — Sen iki şahyndan ýapyş — diýdi. Olar «sygryň» haýsy ýerini elleseler, buz ýaly ýylmanak endamyna elleri degdi. Japbak aýtdy: — Baý aga, munuň kellesem ýok, şaham ýokla! Ýapbak aýtdy: — Baý aga, munuň öň aýaklaram, art aýaklaram ýok-la! Mapbak aýtdy: — Baý aga, munuň guýrugam ýok-la! Pyňkyrmakdan zordan saklanyp, böwrüni müňküldedip gülýän Keleýbaý düşündiriş berdi. — Balalarym, men size aýtdym ahyry: ol bar güýji bilen çyglany üçin, kellesini, aýaklaryny içine salyp, kirpi ýaly ýygrylyp ýatyr. Siz oňa göle taşlatmajak bolsaňyz, şol durşuna emaý bilen göterip gidiň. Kelekbaýyň soňsuz gülýänini aňlan Topbak: — Baý aga, beýle kän gülme, birden içiňe ýel düşäýmesin? — diýdi. — Han ogul, sen meni gülýändir öýtme: meniň bogazyma gylçyk düşüpmi, nämemi, bogazyma birsyhly hereket bermesem durup bilemok. Kelekbaýyň kömegi bilen dört dogan «sygry» zordan eginlerine aldylar. Japbak bilen Ýapbak öňden, Mapbak bilen Topbak yzdan ýöräp, dähedem-dessemläp ugradylar. Dört egniň üstünde ýerleşen togalak «sygyr» olar sähelçejik çaýkansalar, depirjäp başlajak. Şonuň üçin doganlar demlerini hem uludan alman, doňan göwre ýaly emaý bilen süýşüp gitdiler. Kelekbaý olaryň yzyndan gülüp ýykyldy, ýatan ýerinden içini tutup, gözlerini ýaşardyp güldi, samrady. — Şu sapar nädäýdiňizkä!.. Japbaklar wawwaly ýaly ýörediler. Şol barmana Topbagyň aýagyna tiken çümdi. Ol: — Eý wäk! — diýip gygyrdy-da, birdenkä aşak egildi. Eginlerinden sypan «sygyr» gaty ýere degip, çym-pytrak boldy. Şol wagt olaryň gapdalyndaky ýowşanyň düýbünden bir towşan turup, oba bakan ökje göterdi. Oňa gözi düşen Mapbak: — Ana, biziň sygrymyz oba bakan gaçdy! — diýip seslendi. Ýapbak söwda dostuna gygyrdy. — Aý, Kelekbaý, gara sygyr göle atandyr-la, ha-aw! Takyr meýdany gyzardyp ýatan garpyza göz gezdiren Japbaklar ahmyr çekdi. — Wah, arman! Sygra göle taşlatdyk. Ynha, gör, eşeni dagap ýatyr. Sygryň özüni welin tutaweräliň. Towşan gözden ýitdi. Ýapbak: — Sygry baryp, Kelekbaýdan talap edeliň — diýdi. Mapbak: — Sygryň gaçan yzyny yzarlalyň — diýdi. Topbak has degerliräk maslahat berdi. — Biz sygry Kelekbaýdanam soramalyň, yzynam yzarlamalyň, göni oba gideliň: iým öwrenenje sygyr eýýäm ýatagyna barandyr. Japbaklar Topbagyň sözüni makul bildiler, oba bakan ylgadylar. Baryp görseler sygyr, hakykatdan-da, ýatagynda dur. Olar öýlerine bakan ylgap, ullakan sanaç bugdaý göterip geldiler. Söwdalarynyň oňanyna bolsa guwandylar. — Heý, gözüňe döneýin, garaja sygyr! — Bu sapar söwdamyz oňandyr. — Kelekbaý sag bolsun! — Indi içjegiň süýt, ýalajagyň köpük bolsun. Japbak onuň şahyna daňlan ýüpden itdi. Ýapbak bilen Mapbak iki ýan gapdalyndan ýöredi. Topbak onuň yzyndan sürdi. Olaryň dördüsi birden heň etdiler. Garpyz diýme, gawun diýme, Söwda etseň sygyr al! Bogaz diýme, gysyr diýme, Gaýmak iýseň sygyr al! Kelekbaýyň dört aýaly dört ýerden çykyp gykylyk etdiler. — Aýu, Japbaklar! Sygry nädýäňiz? Japbaklaryň dördüsi dört ýerden jogap berdi. — Sygryň söwdasy bireýýäm bolup gutardy, sanajy ýygnaň, sanajy! — Ýok, biz sygrymyzy satdyrjak däl! — Edilen söwda gaýtmaz. Edil daşa ýazylan ýalydyr! — Aýuw-w! Kele-ek! — Indiki gykylygyň barjasy palak! Töweregi gallanyp, oraçaň gapysyna getirilen gara sygryň ýüzüne Bolluk ak urba çaldy. Tüweleme, balalarym! Bu sapar söwdaňyz oňupdyr. Haýyrlysy bolsun. ■ Günä bolar Kelekbaýyň dört aýalynyň dördüsi öňünden aglaşyp çykdy. Kelekbaý özüni ýitirdi: «Biziň öýümizde ölen kimkä!» diýip oýlandy. Japbaklaryň sygry alyp gidenlerini eşidende bolsa, öz eli bilen eden işine ökünip, aňyrsyna ýetip bilmedi. — Wah, sygry aldyranymdan, siziň biriňizi aldyran bolsam ybalyrak bolardy! Ol Japbaklaryň üstüne baryp bilmedi. Çalamünder onuň gözüniň öňüne geldi. Şonuň bilen bile, Japbaklarda günä bolman, bu onuň öz eli bilen eden işidi. Eýsem-de bolsa garpyz ýerine gara sygrynyň gidenine näderini bilmedi. Obanyň ownuk-uşak dawalaryny hemişe baýyň özi çözýärdi. Emma onuň öz dawa- syny, onda-da Japbaklar bilen bolan dawany onuň peýdasyna çözüp biljek adam ýokdy. Ol oýlana-oýlana, iň soňunda, sygyr dawasyny şerg ýoly bilen çözdürmek kararyna geldi. Ol hemişe Ýalak işana hüşür-zekat berýärdi, şonuň üçin Ýalak işan hem hemişe onuň sözüni sözleýärdi. Sygyr dawasy obanyň hemme ýerine ýaýrady. Ýalak işan Japbaklary çagyranda, oba adamlarynyň uludan-kiçä, aýaldan-erkege hemmesi üýşüp geldi. Märekäniň üýşmegi Kelek bilen Ýalaga ýaramady. Olar onuň ýaly dawany hemişe çolaja hüjräniň içinde aýgyt edip goýberýärdiler. Ullakan selleli, uzyn, gara, arryk Ýalak işan Japbaklaryň howuny almak üçin olara abyr-zabyr urdy. — Heý, peläketler! Siz ýaş başyňyzdan betpällige ýüz urýamysyňyz? Aýyp bolar, günä bolar! Japbak Ýalak işana ýelken gulaklaryny üşertdi. — Işan aga, ajyň aňy bolmaz. Biz düýnden bäri duz dadamyzok. Bizi ilki bilen biraz garbandyrmasaň, günä haýsy, sogap haýsy, seljerip bileris öýdemzok. — Heý, bidöwlet, dilenmek günä bolar! — Işan aga, biz sizi çagyramzok, siz bizi çagyrdyňyz. Çagyrylan adama öňi bilen hezzet-hormat edilýändir. Japbaklaryň öňüne nan doly saçak gelip düşdi. Onda Ýapbak aýtdy: — Işan aga, men birnäçe wagtdan bäri gaty şorsurapdyryn. Öňi bilen meniň şorumy biraz ýatyrmasaň, meniň akylym zat işlemez! — Heý, bidöwlet, dilenmek aýyp bolar! — Onda näme, siziň kowumyňyzyň hemmesi dilenip, gedaý gezip ýörler? Aslynda, çagyrylan adama öňi bilen hezzet-hormat edilýändir. Japbaklaryň öňüne bir okara gowurma getirip goýdular. Onda gözlerini delmirden Mapbak aýtdy: —Işanaga, men uzak gije düýşürgäp ýatypdyryn. Kersendoly süýtden ýa gatykdan gözüm doýmasa, men ukymdan açylman. — Heý, bidöwlet, dilenmek günä bolar! — Gözüm ukuda bolansoň, dilimiň näme diýýänini hem onçakly eşidip duramok. Aslynda çagyrylan adama öňi bilen hez- zet-hormat edilýändir ahyry! Olaryň öňünde bir kersen gatyk getirip goýdular. Onda boguk sesli Japbak aýtdy: — Işan aga, sygrymyzy gaçyramyzda, men gygyryp-gygyryp, sesimi gyrdyrypdyryn. Men biraz saryýag içmesem, gepimi düşündirip bilmen. — Heý, bidöwlet, dilenmek günä bolar! — Işan aga, siz ömürboýy dilenip ýöreniňizde günä bolanok- -da, Japbaklar birje gezek dertlerini aýdanda günä bolaýýamy? Aslynda çagyrylan adama öňi bilen hezzet-hormat edilmelidir ahyry! Olaryň öňünde bir jam saryýag getirip goýdular. Japbaklar iýdiler, içdiler, özleri ýaly açgöz oglanlara-da çörek uzatdylar, gowurma okladylar. Olaryň keýplerini köklediler. Ondan soňra ýerlerinden turup, Kelekbaýyň golaýynda gerindiler, palladylar. Kelekbaýy ýanaýandyrlar hasap eden Ýalak olara abyr-zabyr urdy. — Heý, bihepbeler! Doýduňyz, taň etdiňiz. Adamyň üstüne gerinmäňiz näme? Günä bolar! Ukudan açylan Ýapbak agzyny giň açyp, ullakan pallady. — Işan aga, günäden öz ömrümizde biz birinji gezek gönendik. Şular ýalyjak günäleri bize çaltrak berip duraweri. Bereketiň artsyn! Ýalak işan dawany tizräk açmaga gyssandy. Japbaklar dawa üçin çagyrylanlaryny hem bilmezlige salyp, illeri gülüşdirmeklerini dowam etdiler. Ýalak dawadan gürrüň agzamakçy bolanda, Japbak oňa ýüz tutdy. — Hawa, işan aga, eden hyzmatyňyza taňryýalkasyn. Doýan ýeriňde doklugyňy siňirme diýen nakyl bar. Bize rugsat berseň, indi gaýtjak, sygrymyza seretmelidiris. — Japbaklar kim, sygyr kim? — Siziň asyl habaryňyz ýokmy? Biz Kelekbaý bilen söwda etdik ahyry! — Kelekbaýyň aýdyşyna görä, siz söwdany galp edipsiňiz. Galp söwda günä bolar! — Şeýlemi, Kelekbaý, biz seniň bilen sygyr söwdasyny etmedikmi? «Kelek» sözi Kelekbaýy gazaplandyrjak ýaly etdi, birdenkä bolsa çalamünder hem Japbaklaryň söwdany örän berklänleri ýadyna düşdi, özüni ýitirdi. — Men... men oýun etdim, oýun. — Kelekbaý, seniň bilen oýna gyzyp ýörer ýaly, biz oglan oglanjyk däl ahyry! Näme sygryň bahasyny — bir sanaç bugdaýy eýýäm iýip gutaraýdyňmy? — Men... men size sygyr diýip, garpyz satypdym. —Işanaga, kimiň söwdasy galp? Sygyr diýip, garpyz satanyňkymy ýa guşuň gursagy ýaly dok däne berip, sygyr alanyňkymy?! Ýalak bilen Kelek biri-birine çiňerilişdi. Japbak dowam etdi. — Garpyz, näme, süýt berýärmi? Biziň, näme, gözümiz ýokmy? Heý, sygyr bilen garpyzy tanamazam adam bolarmy? Heý, bir garpyza-da bir ýük bugdaý berlermi? Biz süýt içmek üçin sygyr aldyk, sygyr. Ynanmasaňyz baryň-da göräýiň, sygyr biziň gapymyzda gäwüşäp durandyr. — Siz... meniň hem sygrymy, hem garpyzymy aldyňyz. Ýalak işan ara düşdi. Oňa şerigat ýol bermez. Günä bolar! Saryýag içip, sesi açylan Topbak pert-pert gepledi. — Päheý, onuň işi haýyr-la! Gelen ýyl ekin biter, biz onuň garpyzyny iki edip beräýeris. Köpçülik Kelege, Ýalaga maý bermän gykylyk etdi. — Topbak gaty dogry aýtdy. Kelekbaý gelen ýyl garpyzyny alsyn. Ýöne weli, sarymaňyz oglanlary aldany üçin oňa sag bol aýtmaly däl. Goý, Ýalak işan şerg ýoly bilen oňa temmi bersin! Şerg ýol almady. Kelekbaý barmagyny burnuna sokup galdy. Japbaklar gol tutuşyp, aýdym aýtdylar. Hile gurdy garry Kelek, Arka boldy arryk Ýalak, Ilim-gunüm sagja bolsun, Köpük ýalarys, heýjanelek! ■ Taýçanaklar Japbaklar bir gün baýrakda bolup, at çapyşygyny synladylar. Bökjekleşýän tohum atlara Japbaklaryň nebsi otukdy. Japbak aýtdy: — Näme üçin biziň atymyz ýok? Mapbak aýtdy: — Näme üçin biziň atymyz ýok? Ýapbak aýtdy: — Näme üçin biziň atymyz ýok? Onda Topbak aýtdy: — Atymyz bolmasa, bagtymyz bar. Japbaklar az sözleşdiler, kän sözleşdiler, iň soňunda at çapyşyk kararyna geldiler. Karar, elbetde, iň soňunda at çapyşmak kararyna geldiler. Karar, elbetde, kyn däl, ýerine ýetirmekde iş bar. Şonuň üçin Japbak biraz oýdan soň, ýelken gulaklaryny gabartdy. — Biziň hem at çapyşalyň diýşimiz «alma, biş, agzyma düş» diýen ýaly, gury bir hyýal bolýa. — Näme üçin? — Üçüniň bormy? Atyň bolsa çaparsyň-da! Ýapbak çowluja burnuny eliniň aýasy bilen süpürdi. — At bolanda kim çapmyýa? Sen atsyz çapanyňy aýt! Mapbak olara çukurja gözlerini çüýjertdi. — At edinmäň nämä manysy bar-aýt! — Hä, palçykdan ýasaňda çüwýän bolsa, kyn däl. — Ine, haý diýmän ýaz çykar. Ekin ekeris. Harman alarys. Baý bolarys. Biz adama bir däl, goşa at edineris. Atlary seýisläris. Birini ýakyndan goşsak, birini ula ibäris. Şonda nädersiň baýragyň aşagyndan galybam bilmeseň. Topbak tokgaja burnuny müňküldetdi. — Biziň gardaşymyz Mopbak guş bolsa, bilbil bolardy. Gör nähili gowy saýraýar! Ýaz çykmagyna entek wagt kän. Taýak gelýänçä ýumruk. Geliň, entek biz özümiz çapyşalyň. Japbaklara at ýalyny örmäge, guýrugyny işmäge hajat ýokdy: olaryň egin-eşigi örän tyrrykdy. Olary seýislemäge-de hajat ýokdy, içleri höwür erkegiňki ýaly çekikdi. Olaryň dördüsi dört ýerden edil çapyljak ata döndi: «Dur, dur!» bolşup goşulmaga taýynlandylar, aýaklary bilen ýer peşe- diler.Onda Japbak aýtdy: — Obanyň içinde at çapyşsak, belki atlar boýnar. Onda Ýapbak aýtdy: — Dogrudyr, belki, urduran adamymyz bolar. Onda Mapbak aýtdy: — Adam hununa galmagymyz hem mümkin. Onda Topbak aýtdy: — Dar ýerde at daratmak, elbetde, hatarly. Geliň, biz ýüzümizi giň sähra tutalyň. Japbaklar giň meýdana çykdylar. Taýçanaklar uzak wagtlap goşulyşyp bilmediler: ugradylar — çekdiler, ugradylar — çekdiler. «Heý, jüre getiren! Dur! Dön!» diýşip, öz aralaryndan gopgun turuzdylar. Iň soňunda dördüsi dört ýerden boýuntyryk atylan ýaly, gamça basdy. Ýapbagyň burny jügüldedi. Mapbagyň burny myşlady. Topbagyň burny ýel düşen suw kädi ýaly haňlady. Kä Japbak ozdy, kä Ýapbak. Kä Mapbak öňe düşdi, kä Topbak. Olar obanyň gara görnümindäki gumaga baryp dyrmaşdylar. Taýçanaklar hemişe içleri çekgin bolanlary üçin, onçakly derlemediler, tosun bolmanlary üçin, onçakly haslamadylar. Japbaklar demlerini dürsänlerinden soň, töwereklerine garanjakladylar. Bir görseler, demir gapakly alabeder pyşbagalar şakyrdaşyp ýörler. Topbak oturan ýerinden towsup galdy. — Aý, Japbaklar, ine gerek bolsa size taýçanaklar. Geliň, biz pyşdyl çapdyralyň. Doganlar: — Geliňde-geliň bolşup, adama bir pyşdyly dolap aldylar. Japbak Ýapbakdan sorady. — Seniň taýçanagyň ady näme? — Ülker! Ýapbak Mapbakdan sorady. — Seniň taýçanagyň ady näme? — Laçyn. Japbak Topbakdan sorady. — Seniň taýçanagyň ady näme? — Meleguş. Topbak Japbakdan sorady. — Seniň taýçanagyň ady näme? — Garlawaç. Adatda atlar ikiden goşulýan bolsalar, Japbaklar taýçanaklaryň dördüsini birden goşdular. Emma pyşdyllar el görmän tez bolanlary üçin doganlaryň göwnünden turmadylar. Olaryň her haýsy bir ýana ýüzlendi. Japbak öz taýçanagyny gaýtardy. — Meniň Garlawajyma garaň, edil ýer ýüzünden gaýyp barýa. Ýapbak öz taýçanagyny gaýtardy. — Aý, gardaşlar, häzir boluň, Ülker birden ürkäýmesin. Mapbak öz taýçanagyny gaýtardy. — Görüň, algyr Laçyn awa dyzaýar. Topbak öz taýçanagyny gaýtardy. — Meleguşa bakyň, Meleguşa! Japbaklar olary näçe gaýtarsalar-da, näçe öwseler-de, näçe goşsalar-da, taýçanaklar olaryň meýillerine görä hereket etmediler. Japbak öz Garlawajyny başyndan aýlamak isledi. Ýapbak öz Ülkeriniň alabeder keçesini sypyrmak isledi. Mapbak öz atynyň guýrugyny, gulagyny öz sygyrlaryna meňzetmek isledi. Onda Topbak aýtdy. — Ah-ow, gardaşlar, siz oýlanyp görüň! Bu janawarlarda ýazyk ýok ahyry! Olar şindi baş görmändir, seýislenmändir, toý märekesine girmändir. Eger at edinjegiňiz çynyňyz bolsa, bulary biraz idetmegimiz, terbiýelemegimiz gerek. Japbaklar taýçanaklara baş öwretmek üçin, olary oraçalaryna bakan alyp gitmek kararyna geldiler. Japbak Ýapbaga aýtdy: — Sen bulary ýol bilen öýe bakan sür. Ýapbak Jopbaga aýtdy: — Sen bularyň ýoldan çykmazlygyny boýun alsaň süreýin. Olar öz peýwagtlaryna gidýän bolsalar, onda olaryň yzynda seniň näme işiň bar? — Aý, garaz, agam bolýasyň-da, diýeniňi etmeli-dä. Bolmasa, şulary bir ýana sür diýeniňden, arkaň bilen daş çek diýseň ýüz esse ýagşy görerdim. Mapbak Topbaga aýtdy: — Çapyşyp gelen ýerimiziň näçedigini bilmek üçin, sen öýe barýança ädimläp git. Onda Topbak Mapbaga aýtdy: — Ýolda hiç kimiň päsgel bermezligini boýun alsaň, gideýin. — Päsgele gaýtawul tapmaz ýaly, sen näme Japbaklardan dälmi? — Aý, garaz, aga bolýasyň-da, diýeniňi etmeli-dä. Bolmasa, ýarty ýolda biri sanymy ýalňyşdyranyndan ädimimi ýalňyşdyranyny kem görmezdim. Japbak bilen Mapbak taýlara ýatak etmek üçin ozup gitdiler. Ýapbak pyşdyllary sürüp ugranda, olaryň her haýsy bir ýana sowuldy. Ýapbak bir gezek Ülkeri gaýtardy, bir gezek Laçynyň yzyndan ylgady, bir gezek Meleguşy dolady, bir gezek Garlawaja azm urdy. Emma wagty bilen olaryň başyny jemläp bilmedi. Iň soňunda olary ugrukdyrdym hasap edip, ýeke özi hiňlendi. Pyşdyl, pyşdyl, pyşbaga, Pyşdyldap gider daga Iň kiçimiz Topbajyk, Olam tokarja çaga. Ýapbak olary öwse-de, olara heň edip berse-de, pyşdyllar oňa baş bererli bolmady. Ol iň soňunda biriniň gapdalyna kakyp, biriniň garşysyny alyp, birine haýbat urup, hemmesini bir ýere toplady. Pyşdyllar wyžžyldaşdylar. Göwnüne bolmasa, Ýapbak olaryň şol wyžžyldysyndan: — Geliň, biz Ýapbaga bakan hüjüm edeliň — diýen ses eşitdi. Ýapbak töweregine garanjaklady: hiç ýerde doganlaryň hiç biri görünmedi. Ol birhili öz endamy tikenekleýän ýaly duýdy. Eýsem-de bolsa syr bildirmezlik üçin, elindäki çybyjagyny galgatdy-da, pyşdyllara azm urdy. —Näme beýle pyşyrdaşan bolýarsyňyz? Ýapbak sizden gorkar öýdýämisiňiz? Hany, ugrubir ýola düşüň! Pyşdyllar ýene wyžžyldaşdylar. Bu sapar onuň gulagyna açyk eşidildi. — Geliň, birimiz onuň sag eliniň barmagyny, birimiz çep eliniň barmagyny, birimiz sag aýagynyň, birimiz çep aýagynyň barmagyny dişläliň! Biziň daş tabagymyza onuň dişiniň ötjek gümany ýok! Geliň, biz ony birsalym awundyralyň! Ýalaňaç ýeke jandar demir donly dört jandara höküm süren bolup durmasyn. Ýapbagyň depe saçy bir ýere üýşdi. Näme üçindir şagga derledi. Gorkuly göz bilep töweregine garanjaklanda, pyşdyllardan başga jandara gözi ilmedi. Şol salymyň özünde bolsa höküm buýrugyny eşitdi. Ýerli-ýerden hüjüm! Ýapbak birdenkä aýagaldygyna ökje göterdi, tümmege büdräp tüwdürilip gitdi. Şol bada ýene — Et, gutarma! — diýen gykylygy eşitdi. Ýapbak aýak üýetine galmanka bolsa, oýtakdan çykan Japbak bilen Mapbak el çarpyşyp gülüşdi. Ýapbak gorkuly gözlerini petredip seretdi. Görse, Japbak bilen Mapbak gyzyl-gyran gülüşýärler. Ol ýeňsesini tüňňertdi, öýkeledi. — Ýagşam bir dogan ekeniňiz! Tasdan meniň ýüregimi ýarypdyňyz! Onda Japbak aýtdy: — Aý, gardaş Ýapbak, biziň bu oýnumyz seni gorkuzmak üçin däl-de, saňa batyrlyk öwretmek üçin. — Şeýle-de bir batyrlyk bolarmy? Meniň ýüregim ýarylan bolsa, dördüň ýerine üç bolup galardyňyz, sag goluňyzyň biriňiň syndygy bolardy. Onda Mapbak aýtdy: — Sen hiç wagt howsala düşme. Gorkaklyk Japbaklaryň häsiýeti däl. Şindi-hä dört sany pyşdyl, dört sany ýaragly duşman hüjüm etse-de, sen olaryň garşysyna edil gaýa ýaly bolup dur. Ana, şonda sen olaryň dördüsini-de ýeňersiň! Şol wagtyň özünde bolsa Topbak olaryň duşundan öňki gaýdan yzyna bakan ylgap gitdi, doganlara habaram gatmady, seretmedem. Onuň şol ýagdaýyny geňirgän Japbak: — A-how, Topbak, dur, a-how! — diýip gygyrdy. Onuň şol ýagdaýyny geňirgän Ýapbak: — Ah-ow, Topbak, Gaýt yzyňa! — diýip gygyrdy. Onuň şol ýagdaýyny geňirgän Mapbak: — Ah-ow, Topbak! Saňa näme boldy? Dälirediňmi? — diýip gygyrdy. Emma Topbak olaryň hiç haýsyna jogap bermän, aýagaldygyna ylgady. Doganlar haýran bolup galdylar. Japbak aýtdy: — Doganlaryň hiç haýsynyň ýeke çykarlygy ýok. Ýapbak aýtdy: — Japbaklaryň biri-birinden aýrylarlygy ýok. Mapbak aýtdy: — Ýapbak gorkdy, Topbak ürkdi. Topbagyň başyna gelen işden olaryň hiç biriniň habary ýokdy. Ol ýaňy ýoluny ortalanda, onuň gapma-garşysyndan çykan bir oglan oňa salam beripdi. Topbak onuň kimdigini hem tanaman, salamyny hem alman, bir gidişine ädim sanyny sanap barýardy. Emma öz yzynda şol oglanyň: «Bä! Japbaklara bu gün näme döw çaldyka?» diýen sesini eşidipdi. Şol söz ony iňkise salany üçin bolsa ädim sanyny unudypdy. Şonuň üçin hem Japbaklaryň duşundan yzyna bakan dazyrdap geçipdi. Topbak ýoluny ýaňadan ädimläp geldi. Japbak oňa: — Topbak, saňa näme boldy? — diýdi. Topbak elini salgady. Ýapbak oňa: — Topbak, bu nä boluş? — diýdi. Topbak elini salgady. Mapbak oňa: — Topbak, sen näme dälirediňmi? — diýdi. Topbak elini salgady. Iň soňunda üç doganyň üçüsi birden oňa ýapyşdy. Topbak başyny ýaýkady. — Wah, arman! — Hä, näme boldy? — Näme boljakdy? Ikinji gezek sanymy ýalňyşdyrdyňyz! Japbaklar keýp edip güldüler. Şol wagtda bolsa, Topbaga salam beren oglanyň garagörnümden gidip barýany saýgaryldy. Topbak onuň yzyndan bogazyna sygdygyndan gygyrdy. — A-ha-a... Wa-aleýkimessalam, ha-haw! (dowamy bar) | |
|
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň soňy - 29.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Köşkde ýaňlanan aýdym - 06.03.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň dowamy - 29.08.2024 |
√ Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» - 08.03.2024 |
√ Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024 |
√ Guduzlan it -2: powestiñ dowamy - 18.09.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Kesel - 06.03.2024 |
√ Taraşa / powest - 01.02.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powest - 29.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çözgüt - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |