18:59 Jaýlamagyñ ýerine asylýar | |
JAÝLAMAGYÑ ÝERINE ASYLÝAR
Geň-taňsy wakalar
Flippinleriñ Igorot taýpasynyñ 2000 ýyldan bäri gelýän özleriniñ geñ däp-dessurlary häzirki döwürde hem dowam edýär. Ýurduñ iñ köp ýaşaýan ýeri bolan Luzonda Kordilera daglaryndaky tire-taýpalarynyñ ýaşulylary özlerine tabyt taýýarlaýarlar we özlerini jaýlamagyñ deregine dagyñ depesinden gaýalarda asylgy ýagdaýda goýdurýarlar. Igorot taýpasy bu ýagdaýda öz kowum-garyndaşlarynyñ ýanyna has hem ýakyn bolýar diýip düşünýärler. Öliler tabyda goýulmazdan öñ tagtadan taýýarlanan "Agaç atyñ" ähli ýeri ýaprakdan örtülip, ol çalt çüýremezligini gazanýarlar. Şeýlelikde merhumuñ jynaza tabydyny ýakynlary birnäçe gün zyýarat edip bilýärler. Öliniñ garyndaşlary özlerine bagt getirjegine ynanyp, merhumyñ suw toplanan tabydyndan özlerine suw bolup gelsin diyen ugurdan ynanýarlar. Soñky ýyllarda bu oba tabytlary görmage gelýän turistlerem köpelýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||