13:38

"Jedelde hakykat dogulýar" (...my)?!

Nukdaýnazar
Категория: Nukdaýnazar | Просмотров: 550 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 3.7/3
Awtoryň başga makalalary

Nukdaýnazar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 10
0
1 Bagabat  
43
Latynça: “De asini umbra disceptare (“Eşegiň kölegesi barada jedel etmek” diýen bir frazeologizm bar. Bu jümle biderek zatlar barada tutaşýan dartgynly jedelleri aňlatmak üçin ulanylýar. Aslynda, bu jümle, latyn diline-de, gadymy grek dilinden geçipdir. Onuň emele gelşiniň taryhy barada şeýle ýazýarlar:
Bir gezek Afiny şäher-döwletiniň meşhur suhangöýi Demosfen kazyýet mejlisinde seljerilýän iş boýunça aklawçy hökmünde çykyş edipdir. Şonda ol çykyş edip duran wagty kazylaryň özüni düýpgöter diýen ýaly diňlemeýändiklerini görüp, çykyşynyň arasyny tapba bölüpdir-de, seljerilýän işe düýbünden dahylly bolmadyk wakany gürrüň bermäge başlapdyr:
-Indi bolsa, hormatly kazylar, eşek hem-de onuň kölegesi barada hekaýaty aýdyp bereýin.
Bir ýaş ýigit Afinydan Megara şäherine çenli ýüküni alyp gitmek üçin, onuň eşegini kireýine almak hakda eýesi bilen ylalaşypdyr. Olar ýolda barýarkalar, Gün günortadan aganda ýigit ýadap, sürekçiden eşegi saklamagy haýyş edipdir-de, onuň kölegesinde dynç almaga oturypdyr. Şonda sürekçi ýigide garap, onuň diňe öz eşegini kireýine alandygyny emma onuň kölegesini kireýine almandygyny, indem naýynsaplyk bilen öz eşeginiň saýasyny mugt ulanýandygyny aýdyp, nägilelik bildiripdir. Onsoň olaryň ikisiniň arasynda tutaşan eşegiň kölegesi hakyndaky jedel, kazyýetde seljerilmäge çenli baryp ýetipdir...
Şu ýerde Demosfen hekaýatyny kesipdir-de, özüni ägirt uly dykgat bilen diňleýän kazylara:
-Hä, diýmek onda siz özüňize zähmet hakyny berýän we ynam bildiren Afiny şäheriniň bellän borçlaryny ýerine ýetirip, kazyýetde seljerilýän iş boýunça delilleri diňlemek islemeýärsiňiz-de, eşegiň kölegesi hakyndaky bolgusyz hekaýatjygam heziller edip diňleýärsiňiz-dä? Şeýlemi?-diýip, gatyrganypdyr.

0
2 yaran_yagmur_9  
1578
Meniň pikirimçe, "Jedelden hakykat dogulýar" we "Jedelde hakykat gurban bolýar" diýen tassyklamalaryň ikisem dogry. Bu "jedel" diýlende nämäniň göz öňünde tutulýandygyna bagly.

Ýa-da özümi has gyzyklandyrýan başga bir mysal.

Gadymy Gresiýanyň Delfy şäherinde Apollon ybadathanasynyň girelgesinde ýedi dananyň wesýeti ýazylypdyr, soň ony Sokrat hasam giň jar edipdir: "Öz-özüňi tana!"

Ata-babalarymyzam "Özüni bilen weli" diýýärler.

Emma Nitsäniň bir sözi bar: "Özüni bilen - özüniň jellady". Munuň şeýledigi soňky asyrlarda hasam äşgär bolýar.

Elbetde, muňa formal taýdan gapma-garşy "Özüňi (öz-özüňi) tana!" şygary hem şonça dogry, emma ol adamlaryň adaty durmuş-gün-güzeran sferasynda ulanylanda. Adamzadyň ekzistensial (bar boluş- ýok boluş) yaşaýşy barada alnanda bolsa Nitsäniň hakykaty galyp gelýär. Öz-özüne akyl ýetirmek bilen adamzat öz-özüni aradan aýyrýar. Soňunyň nähili boljagyny bilýän ýok.

0
3 Bagabat  
43
Ýaňyja, şahyr tanyşlarymyň biri, şu tema bilen bagly wideorolik ugratdy. Şol wideorolikde aýdylýan hikmetli hekaýatam, okyjylaň dykgatyna ýetirmegi makul hasapladym.

Eşek bilen gaplaňyň jedeli / hikmetli hekaýat

Günlerde bir gün tokaýda eşek bilen gaplaň jedele başlapdyrlar:
Eşek:
-Otuň reňki gök,-diýipdir.
-Otuň reňkem bir gök bolarm-aý? Gözüň görenokm-ow, janawer? Sered-ä, otuň reňki ýaşyl,-diýip gaplaň garaçyny bilen eşege düşündirjek bolupdyr.
Emma, eşekleň keçjal häsiýeti hemmä belli.
Gaplaň näçe janygsa-da, eşek, eşeklerçe şol bir öz diýenini tutup durupdyr.
Ot gökmi?
Gök.
Gaplaň üçin bolsa Zeminiň ähli otlary, ol-a ýaşyl ekeni, melewşe bolaýsyn – özüniňki rastdygyny bilýän eşegiň nä piňine?!
Garaz, uzyn “moh-mohuň” gysga “juk-juky”, eşege gepini düşündirip bilmedik gaplaň, jedeli çözmek üçin, haýwanlaryň patyşasy – ýolbarsa ýüz tutmagy müwessa bilipdir.
Özüniňki milliard göterim dogrudygyna ynanýan eşegem muňa ýaman agyr hondanbärisilik bilen razylyk beripdir.
Iki jedelkeş Babyr şanyň huzuryna baryp, öz dawalarynyň arasyny açmagy haýyş edenlerinde, ol olaryň ikisinem ünsli diňläpdir. Soňra:
-Eşek, seniňki makul. Otlar hakykatdanam gök reňkde,-diýip höküm çykarypdyr.
Muňa hasam çişip, güberilip, bolmajysyny bolan eşek, bolup geçýän zatlara aňk-taňk bolup galan gaplaňa dillenmäge gezek bermän, Peleň patyşa towakga bilen ýüz tutupdyr:
-Eý adalaty bilen Älemi sandyradýan hökümdar, onda eger-de meniňki rast bolsa meniň bilen özüniňki ýalňyş ýerinden jedel edip, meniň gyzyldan gymmatly şunça wagtymy bihuda sarp eden bi samsyk gaplaňa temmi çäresinem belläp beräýseň...
Şonda Arslan şa, birdenkä müzzerilip galan gaplaňa gözüni alardypdyr-da, emr eýläpdir:
-Bu ýol beren säwligiň üçin, sen, gaplaň, bäş ýyllap ýuman agzyňam açman, lam-jim bolup gezmek görnüşinde jeza çäresine höküm edilýärsiň!
Eşek, Şir şanyň çözgüdinden hoşal bolup, patyşanyň dergähinden gidipdir welinem, gaplaň görgüli zarynlap başlaberipdir:
-Eý adyl şahy-älem, bi ne hikmet boldy-la? Sen öz gözleriň bilen ýeriň ýüzünde ähli otlaryň ýaşyl reňkdedigini görüp dursuň ahyry! A sen bolsa maňa dogry sözüm üçin ýowuz temmi belleýärsiň-ä?!
Şonda Arslan patyşa, uludan demini alypdyr-da, gaplaňa nebsagyryjy garapdyr:
-Bu temmi seniň nädogry zady aýdanyň üçinem däl, sen babatda ýol berlen adalatsyzlygam. Elbetde, diňe men däl, hemmelerem otlaryň gök däl-de ýaşyl reňkdedigini görýär. Emma, bu temmi, seniň şeýle güýçli, batyr, merdana, daýaw, gujurly, seresap jandar halyňa, haýsydyr bir, hyzzyn atmakdan özge başarýan goşy ýok, güwlempaç, parlaňküş, akmak, gopbamsy eşek bilen agyz deňäp, biderek, bolgusyzja bir zat üçin şunça wagtlap jedel etmek derejesinde kemakyllyga ýol bereniň üçin berildi. Düşündiňmi?!

0
4 Babay  
1481
Şeýdibem 2 müň ýyllyk bir aýtgynyň soňuna türkmen hukukçysy sogan ekdi.

("Ýogsa, özüňiz bilýäňiz, munuň ýaly jedellere, harçaňlaşmalara kesesinden syn edip durana, kimiňkiň dürs, kimiňkiňem tersdigi has gowy görünýär-ä."

Awtoryň ýazanyndan ugur alsaň, hakykatdan hem "çekişmede hakykat döreýär", emma, kesesinden syn edýänlere eken. Jümläni "Çekişmede kesesinden syn edýänlere hakykat döreýär" diýip düzedilip türkmen auditoriýasyna hödürleseň dogry boljak eken. Meňki çistiý maslahat, a tak men siziň tarapyňyzda...)

0
5 yaran_yagmur_9  
1578
Howa, bir zooparkda itler bilen ýaryşdyrylmakçy bolanda startda gymyldaman galan bir ýaguar barada habaram ýaýrapdy. Bir ýerde bolmaly mende. Garaz, ýaňky ýyndam janawer itler bilen ýaryşmagy özüne muwapyk bilmändir.

Bir rowaýatam bardyr: bir şagal gaplaňa sögüpdir. Gaplaň gymyldamansoň hasam hetden aşyp, ony ýekme-ýek söweşe çagyrypdyr. Gaplaň ýene jogap bermänsoň, ýeňiji ýaly heşelle kakyp gidipdir.
Gaplaňyň çagasy sorapdyr:
- Ony näme tüýt-müýt etmediň? Seni masgara edenokmy?
Jogap eşidipdir:
- Ýok, gaplaňy ýeňdim diýse, oňa hiç kim ynanmaz, diňe gülerler. Emma onuň bilen söweşe çyksadym, ýeňenim bilenem ömürboýy masgara bolardym. "Şagal bilen ýekme-ýeke çykan gaplaň" ady galardy.

Ýaran Ýagmyryň könelerden galan paýhasy bende galyplap aýdyşy ýaly:

"Göwnühoş nadandan durawer uzak:
Söz diňlemez - tamaň bolaýsyn üzük;
Şolar bilen jedelleşip özüm-ä
Ýeňen wagtym ýok ömrümde bir gezek".

Ýöne bular бытовой derejedäki göreşleri, ýagny dürli sebäplere görä adamzadyň dünýä akyl ýetişini togtadýan inert güýçleriň döredýän päsgelçiligi diýjekmi ýa-da ylmy pudakdaky institusion-býurokratik emele gelmeleriň erkin pikirlere böwedi diýjekmi, garaz ylmyň özüne dahyly bolmadyk negatif jemgyýetçilik hadysalary. Emma ylmyň ösüşindäki öz içki, obýektiw dialektiki gapma-garşylyklary hut jedel arkaly çözülip gelipdir. Bu jedellerde alymlar däl-de, ylym utupdyr.

Diýmek, sözüň iň ýokary manysynda, ideýalaryň, pikirleriň çaknyşygynda "Jedelden hakykat dogulýar", adamlaryň öz sözüni gögertmek, öz bähbidini üpjün etmek, özüni görkezmek, garşydaşyň peseltmek... ýaly pes motiwli jenjellerinde bolsa hakykata ýer galmaýar.

0
6 sylapberdimuhamov  
1428
Dinde "jedel - haram " diýen ýerem-ä barmyş?!.
Yöne bu babatda ýokarda aýdylan pikirleriñ haýsyna hä-ä diýjegimi bilemok. Hemmäñki hem dogry ýaly. Hemme-de bir zady gözden sypdyrýan ýaly.

0
7 Narcissus  
1589
Menem pikirimi aýtmagy makul bilýärin.
Jedel, ýa-da çekeleşigiň esasy maksady diňe ýeňiji çykmakdyr, ýagny jedeliň maksady ýeňiş gazanmak, iň azyndan umumy seredeňde şeýle. Şol sebäpli jedel etmek köp ýagdaýda netijesiz, peýdasyz zat ýaly hasaplanýar. Jedelde medeni gatlak bardyr, meselem sen kimler bilen pikir alşyp bilersiň? Diňe medeni we saňa bir zatlar goşan kişi bilen. Jedelde-de şeýle, medeni jedel medeni adamlara degişli, sebäbi olar biri-birini ejizletmek üçin däl-de, düşünmek üçin diňleýändir. Emma beýle jedeller gaty seýrek.

Ýene-de jedelde altyn düzgün diýilen zat bar, olam: hiç haçanam akmaklar bilen jedelleşme, sebäbi daşyndan sereden haýsyňyzyň akmakdygyny saýgaryp bilmeýär. Ýazyjy "munuň ýaly jedellere kesesinden syn edip durana kimiňkiň dürs, kimiňkiňem tersdigi has gowy görünýär-ä" diýip belläpdir, käbir adamyň özi saýlawyna ynanýandyr, emma asyl mesele şol, bilenoklar, haýsynyň mamladygyny bilmeýärler. Sebäbi şeýle zat bar, jedel edeňde Şopengaweriňem aýdyşy ýaly iki tarapam deň bolmaly, eger iki tarap deň bolmasa (biri jahyl biri alym) onda bilýän kişi jahylyň ýa-da akmagyň derejesine düşmeli bolýar. Sebäbi sen onuň derejesinde bolmasaň, aýdan zatlaryňa düşünmeýärler, şeýle-de jahyl kişi seni öz derejesine çekmegi başarýar, we mamla wagtyň ýalança çykýar adyň. Şol sebäpli hijem bilmeýän bilen jedelleşmeli däl.
Ýazgyda hem bir jedel mysal getirlipdir, eger bilýän kişi gaharlansa eýýäm beýleki kişiniň usulynyň nyşana degendiginiň alamaty. Sebäbi gahar bilen gelnen netijede hakykat ýokdur. Jahyla gep düşündirip bilmersiň, sebäbi ol hemme zady bilýändir. Jelal Şengöriňem aýdyşy ýaly "Sizi has köp garyplaşdyrjak, has ejizleştirjek, il-güne mätäç etjek ylymsyz kişilerden uzak duruň".

0
8 Narcissus  
1589
Jedelleşmek sungatynda irki çeşmelerden seredeniňde sofistler bu işi gowy başaran, siz sofistler bilen näçe jedelleşseňiz jedelleşiň, hijem olary ýeňmegi başarmazdyňyz. Sebäbi her-hili usuly, her tilsimi ulanyp sizi yryswa etmegi başarýarlar, eger mamla bolsaňyzam. Hawa usul diýdim, sebäbi müňlerçe usuly bar. Meselem gepi ulaltmak, çişirmek (giperbola), öz ýaragy bilen urmak, analogiýa baş goşmak, bellik-lakam dakmak, ýumşak söz ulanmak, efwemizler, bir adamyň pikirini däl-de, şahsyýetini tankytlamak (ad hominem), ideologiýanyň bir kemini aýdany tutuş ideologiýa garşydaşy edip görkezmek, sözlerine gaýdyrmak, sözlerini çalyşmak, haýran galan bolup jögüsiremek, umuman sanasaň sanap oturmaly.

Aslynda uly tema bu, sungatyň bir görnüşi bolupdyr bulam, "jedelleşmek sungaty", ýörite bu barada kitaplar, makalalar, wideolar, ýörite maslahatlardyr çaklamalar, müňlerçe aforistik sözler bar. Meselem Artur Şopengaweriň "Eristika dialektika", "Jedelleşmek sungatynyň jikme-jikleri" kitaplary, Sam Hornyň "Tongue Fu" (meşhur kitapdyr) kitaby, Jelal Şengöriň "Akmagy tanamak" we "Seniň jahyllygyň meniň durmuşyma täsir edýär" kitaplary, Maksim Roweriň "Akmaklar bilen näme etmeli" kitaby, türkmenlerden "Dilewarlyk sungatynyň taryhy we esaslary" kitaby, başgada örän köp. Eger bilmeýänler bilenem jedelleşeýin diýýänler, bu barada gowy taýynlyk görmeli bolarlar. Umuman "Stultitia delenda est".

0
9 Babyśgalaly57  
1599
Жедел дийленде бир вака ядыма душди. 90 -нжи йылларын башыды. Чолде бурениеде ишлап йоркак.. бир себап бн иши сакламалы болупды. Ахли дизел энжамларыны очурдик. Буровда дине ток берйан польский электростанциямыз ишлап дурды. Озем гыш гунлериди. Шо электростанциямызын ол бу затдарына серетмек учин 10-15 минут сакламалы болупды. Гормели затлары горуп, чалышмалы задыны чалышып ише гойбержек болсак аккумулятормызын гуйжи етман дуруберди.. Наме этмели? Буравда нобатчы машынымызам екды шо вагт.Бир ЧТЗ бульдозер барды. Онунам аккумуляторы ек, озем хачан горсен депе ерин устунде дурарды. Отламалы боланда япыдан сахел ашак гайтса етик, деррев тар - тарлап ишлейарди. Ичимизде бир буравлайжын комекчиси болуп ишлейан юваш, улыгыз ялы болуп йорен оглан барды.Шол оглан ,, Эгер бульдозери шу ере гетирип болса, электростанцияны чекдирип отлап болжакдыгны ''айтды. Муна хезил эдип гулушдилер. Старшимизин гахары гелип дуран вагтыды. Ол бу оглана якмаз созем айтды ойдйан. Бу икиси чынлакай жеделе гирдилер.. Старший она шейле шерт гойды.. ,,хазир бульдозерчи тракторыны отлап шу ере гелер, эгер сен электростанцияны отлап билмесен бир ящик арак гоймалы боларсын, эгер отласан мен гойжак сана шол арагы'' дийди.Ол огоан шерте разы болды, йоне дийди,, мен отласам мана сенин задын герек дал'', отлап билмесем меселе дал бир ящик арагы отгула баранмызда менден аларсын ''дийди.Гепин туммек ери.. янкы оглан шо электростанциянын маховик диен деталынын дашына узын гайыш чекини 3-4 айлав эдип бейлеки ужынам инчерак троса бирикдирип , бульдозерам гапдалына гетиртди. . Бульдозерча нахили херекет этмелидигни душундирди. Команда боюнча бульдозер тросы дартып башлады, маховигем алдыгна айланяр. Биринжи сынаншыкда шовлы болмады. Икинжи гезек маховигин дашына айлан чекимизин саныны артдырдык. Бу гезек элетростанция мыр - мырлап ишлап гитди!!! Хеммамиз бегеншип ол огланын элини гысдык.... Старшимизин болса йузунден гар ягярды... Сонкы болан ягдайы сон эшитдим... Янкы оглан старша...Сен хелейни с....п билмесенем мана айдайгын... бидерек жедел эдип йормеде'' дийипдир.:))

0
10 yaran_yagmur_9  
1578
Sagdy Şirazy "Ümmülmez deňiz daş atanyň bilen bulanmaz. Gaharlanýan aryf heniz ýalpak suwdur" diýýär. Jedelde gahary gelip gygyrmagy, meniň pikirimçe, adamyň delil tapmaýandygyny ýa-da ýeňilendigini aňladmaýar (käbiriniň pikir edişi ýaly - "aýtmaga sözi ýok bolansoň gahary gelýär"), ol, umuman, adamyň umumy intellektual derejesini görkezmeýär. Ol diňe bir zady - adamyň emosional intellekt diýen ugurda kämil däldigiňi görkezýär. Sagdynyň döwründe aryflar (ähli-yrfan, ýagny sopuçylyk ýolunyň wekilleri) esasan şu ugra, ýagny nebsi (egony) jylawlamak, duýgyny terbiýelemek ugruna üns beripdirler.
Emosional taýdan taplanan adamlar häsiýeti boýunça has zabun bolup bilerler, olar gygyrman, emma has şerebeli sözler bilen garşydaşyny trawma edip bilerler.
Hem şahsyýeti (ahlagy), hem intellekti, hem emosoýasy kämil adamlar, meniň pikirimçe, peýdasyz konfliktden hiç kimi artykmaç ynjytman baş alyp çykarlar.

Berdi Aganyň bir goşgusy çagalykdan ýadymda galypdyr (sawlik bolsa ötersiňiz):

Sesine bat berer adam biweji,
Bogaz ýyrtmak - akmaklygyň nyşany;
Akyl gaznasyndan boşdur kädisi,
Gykylykdan alýan bolsa neşäni.

Sesiňe bat berme: ses iş bitirse,
Eşek giň jahana häkim bolardy;
Gygyryp, gykylyk peýda getirse,
It ketegi altyn teňňä dolardy".

Sofizm barada aýdylanda bolsa, elbetde, filosofiýanyň binýadynyň tutulmagynda onuň hyzmaty uly. Emma, bilşime görä, hakyky filosofiýa (Sokratyň, Aristoteliň ýoly) sofizmiň gutaran ýerinden başlanmaýarmy näme? Sebäbi sofistikanyň maksady - jedelde ýeňmek, filosiosiýanyň maksady bolsa - hakykat (истина).

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]