14:02 Beýik Jogap / kindiwanja kyssajyk | |
BEÝIK JOGAP
Hekaýalar
Ol ýetginjeklikden şol ýeke-täk, iň beýik Jogaby gözledi. Ilki kitaplardyr mugallymlaryndan. Soň durmuşdan. Ahyrynda-da öý-öwzaryny, dogan-garyndaş, oba-ilini terk edip, şol ähli sowallaryň ýalňyz Jogabynyň gözleginde, sergezdan bolup ýören “Hüw-Hak” derwüşe öwrüldi. Ýollary sökdi. Dag-derýalardan, çöllerden aşdy. Onuň ýaşlygam, ýetişenligem, ortaýaşam... ýat ülkeleriň çaň-kirşenine garylyp, ýitip gitdi. Ahyry bir günem, “yhlasa-myrat” diýleni, ony Jogap küýseýän ýüregi, bir belent dagyň bilindäki gowagyň öňüne eltdi. Şol gowagyň garaňkylygynda-da özüniň şunça ýyllap agtaran Beýik Jogabynyň ýaşaýandygyny ol jany-teni, tutuş durky-düýrmegi bilen syzdy. Ol çensiz uzaga çeken, ummasyz horlukdyr-hunabadan doly gözleginiň tamamlananyna ynanmaýan dek, gowaga girip bilmän, öňünde sadylla bolup durdy. Birdenem gowagyň tümlügine bakdy-da, pessaý dillendi: -Men seni gözledim... Demsalym dymansoň, tümlükden owaz geldi: -Näme üçin?!... | |
|
√ Ertir / hekaýa - 04.01.2025 |
√ Kesel kesgidi / hekaýa - 01.01.2025 |
√ Erkek dogan / hekaýa - 03.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |