10:16

Ynsan bolmagyň we bagtly ýaşamagyň kanunlary

Nukdaýnazar
Категория: Nukdaýnazar | Просмотров: 752 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Nukdaýnazar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 6
0
1 Bagabat  
43
Surat, rus nakgaşy Ýana Fefelowanyň (1974 ý.d.) "Bagt tutujysy" atly eseri.

0
2 hanturebs  
755
Multwselennaýa barada men entek hiç zat bilmeýäkäm şol zadyň bolup biljegini kiçiräk okuwçy wagtlarym pikir edýärdim. Özümi gowy we terbiýeli çaga diýip pikir edýädim we başga bir dünýäde meň tersim bezzat bir çaganyň ýaşaýandygna ynanýardym. Görüp otursam şeýle teoriýa bireýýäm orta atylan eken. Kwantowy Fizika barada dokumental filmleri görüp şonda geň galypdym...

0
3 Bagabat  
43
Ýalňyşmasam, kwant fizikasynda, aýlyk hakdaky sms-li mysalyň effektine - "Şredingeriň pişigi" effekti diýilýän bolmaly.
Bu ne we ol haýsy "mesgä" nähili "mürepbe" çalnyp, iýilýär?! :-)
Awstriýaly fizik Erwin Şredinger (Şrödinger, Şrýodinger), 1935-nji ýylda şeýle abstrakt hyýaly eksperimenti teklip edýär:
"Pişigi, içinde pişik degip bilmez ýaly edilen dowzahy enjam goýlan polat seýfde ýerleşdireliň. Geýgeriň ölçeýjisine radiokatiw jisimiň dänejigi goýlan. Ol dänejik şeýlebir az welin, bir sagadyň dowamynda diňe ýekeje atom bölünip, dargabam biler, edil şonuň ýaly-da dargamanam biler. Eger-de atom dargasa Geýgeriň ölçeýjisi sinil turşusyndan doly aýna gapjagazy döwýän çekiçjigi herekete girizer. Bu ulgamy bir sagadyň dowamynda özbaşyna gözegçiliksiz goýsak, biz aýdyp bileris: "Eger-de şu wagtyň dowamynda ýekeje atom hem dargamadyk bolsa, onda pişik diri". Birje atomyň dargamagam pişigiň zäherlenmegine getirerdi. Ulgamyň tolkun funksiýasy (ψ-funksiýa), muny, şol birwagtyň özünde diri we öli pişik, birmeňzeş möçberlerde garylyp-gatylan hem-de seýfiň içine çalnan (ýaýran) diýip aňladardy".
Düşündiňizmi?
Men-ä ýok :-).

0
4 Bagabat  
43
Älemleriň sany barada bolsa, hatda dinlerde-de anyk sanlar ýok. Diňe yslam dininde dürli çeşmelerde 18 müň, 77 müň, 120 müň, 330 müň...Älemler diýen ýaly sanlara gabat geldim.
Şu taglymatlar hakda pikir edeniňde-de her gezek Kozma Prutkowyň meşhur aýtgysy ýadyňa düşýär: "Gujaklamak mümkin däl zady gujaklamak mümkin däl" (Bu terjime göni-henek manysynda, bolmalysy: "Aň ýetirip bolmajak zada aň ýetirmek mümkin däl". "Объять необъятное невозможно").
Hasam mümkinçilikleriň çäklikä.

0
5 Bagabat  
43
Dilegem, duýgam, pikirem, niýetem... - noosfera ("maglumat meýdany" diýseňem bolman durmazmyka diýýän) ýollanylýan signal.
Noosfera bolsa, bir planetaňkam bolup bilýär, galaktikaňkam, metagalaktikaňkam...
...diýip ýazýarlar.
Onsoň özüne birikdirilen "abonente" (adama ýa-da başga bir jandara, a belki ösümlikler, mör-möjekler, bakteriýalaram, suwuklyklaram, umuman tutuş biosfera-da "abonentdir". Bilemzog-a!), onuň ýollan "signalyna" (yrgyldysyna, tolkunyna) nähili jogap bermelidigini bolsa, özünde bar bolan algoritmlere we funksiýalara laýyklykda, şol noosferanyň Egregory kesgitleýän hem amala aşyrýan bolaýmasa.

0
6 Bagabat  
43
Öte çynlakaý pikir alyşma ýadatmaz ýaly, "öte çynlakaý gürrüň" hakda anekdot:

Talyp ýigit filosofiýadan “logiki yzygiderlilik” diýen soraga jogap bermeli bolýar. Mugallym oňa näçe kömek etjek bolup, soragyň dogry jogabyny birnäçe gezek ýaňzydýaram welin, ol bu soragdan hiç baş alyp çykyp bilmändir. Ahbetin mugallym ony synagdan “ýykýar”. Onsoň ahmyrly talyp mugallymdan özüniň jogap tapyp bilmedik bu soragyny düşündirmegi haýyş edýär. Mugallym oňa düşündirip başlaýar:
-Bu soraga mysalyň üsti bilen düşünmek aňsat bolar. Mysal üçin, ine, seniň öýüňde akwarium barmy?!
-Bar.
-Sen şonda balyk saklaýarsyňmy?
-Hawa.
-Diýmek, sen onda tebigatam gowy görýänsiň, şeýlemi?
-Hawa.
-Diýmek, sen tebigatdaky gözellikleriň hemmesinem halaýansyň, şeýlemi?
-Hawa.
-Onda, diýmek sen gözel gyzlaram gowy görýänsiň, şeýlemi?
-Hawa.
-Diýmek, bu akwariumdan başlanan filosofiki-logiki yzygiderlilikde iň ahyrky netije – sen jynsy taýdan sagdyn adam, beçebaz däl. Düşündiňmi?
-Düşündim, mollym!-diýýär-de, talyp otagdan çykýar. Ol çykan badyna-da synag nobatyna garaşyp duran ýoldaşy, ony saklap, ondan soraýar:
-Ýykyldyňmy?
-Hawa.
-Haýsy soragda?
-Logiki yzygiderlilikde.
-O näme? Düşündirsene!
-Ine, mysal üçin, seniň öýüňde akwariumyň barmy?!
-Ýok.
-Diýmek onda, sen beçebaz. Düşündiňmi?!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]