10:37

Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - "Jepbardurdy"

Hekaýalar
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 571 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/4
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024
Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024
Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024
Gara menek / hekaýa - 11.06.2024
Surat / nowella - 14.03.2024
Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024
Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024
Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024
Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024
Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024

Teswirleriň ählisi: 11
0
1 Bagabat  
43
Surat, fransuz nakgaşy, karikaturisti Andre Anri Dargelasyň (1828-1906), "Ýeriň daşyna syýahat" (Le Tour Du Monde) atly 1906-njy ýyldaky eseri.

0
2 yaran_yagmur_9  
1578
Men mekdebe işe başlanymda ikinji synpy beripdiler.

Birki günden on sanysy dagy arakesmeden soň gijä galyp geldiler. Birwagt mugallymlaryň özümizi edişi ýaly hemmä göz edip temmi bermekçi boldum.

Tagtanyň öňünde hatara goýup, hersiniň kellesine bir kötek berip çykmak üçin yzlaryna geçdim.

Emma ylgaşyp gelen körpeleriň derçigen kellelerinden "jennet ysy" şeýle bir kükeýärdi welin, urup bilmän, käýýäp ýerlerine geçirdim.

Bilýänsiňiz: çagalaryň gorag mehanizmi. Haýwanlaryň çagalarynda hem şol bolansoň, käte ýyrtyjylar olary iýmeýär.

Ýaňy dogan towşan, keýik çagalarynda ys düýbünden bolmaýar (ýogsam bolaýmaly ýalydyr). Gymyldysyz we asla yssyz bolansoň gapdalynda duran ýyrtyjylar hem olary duýmaýar.

Goraýjy ys mydama ýakymly hem bolmaýar. Tersine. Käbir höwürtgedäki eteneler ýyrtyjyny görenlerinde şeýbebir edrenç ysly nejesat goýberýärler, golaýlaryna baryp bolmaýar. Hüýpüýpigiň höwürtgesini bilýänsiňiz (ýyrtyjylaryň ýüregi bulansa-da adam çagalarynyň mädesi has iri oguşýar, ysy üçin barman duranlaryny görmedim).

Käbir mör-möjeklerdir haýwanlaryň gyssananda goýberýän aňryňy bäri getiriji, demiňi tutdyryjy, ýakyjy, zäherleýji... gazlarydyr suwuklyklary ýyrtyjylary olardan ellibizar edýär. Dişinden zäher pürkýän ýylanlar, gözünden gan pürkýän hažžyklar, ýakyjy we zäherleýji bug pürkýän tomzaklar...

Alajagözeniň aňkaýan suwuklygy degen eşigi ýakyp goýbermek galýar.

Indi siz barada... 10-12 ýaş. "Jennet ysyňyz-a" giden bolmaly o çaka çenli. Ýa-da zawuç ol aromata hiç haçan pitiwa etmeýän ýyrtyjylardan bolmaly - mydama kömek edenok diýdig-ä. Ys alşyny ýitirendir diýsek ol wagt kowidlenen bolmagam mümkin däl onuň :).

Garaz, diňe biriňizde gorag serişdesi bar eken - ýalan söz. Olam biraz şok edipdir diýäýmeseň, umuman, netijesiz.

Gowusy kanikulda mekdepde top oýnamazlyk. Biziňkiler-ä kanikul döwri mekdebe düýşlerinde-de barmaýardylar, täsin çagalar ekeniňiz özüňiz.

0
3 Azat_Nurgeldi  
283
:-)

0
4 Bagabat  
43
"Jennetiň ysy" - gowy waka ekeni. Birneme giňeltseň hekaýalyk waka.

0
5 Shapak_A9602  
1502
Gaty gyzykly, janly hekaýa, okanyňda göz öňüňe gelip gidýär.

0
6 yaran_yagmur_9  
1578
Büçe bolanyna görä, okuwçynyň “ýaglyja” temmini gazanyp, emma ujuz gutulan ýene bir wakasyny aýdaýyn. Edebi dilde gürlemeli ýerinde-de henizem säwlik bilen “deňziň” ýerine “derýa”, “tekeriň” ýerine “aýak”, “seretmegiň” ýerine “gözlemek”, “ylgamagyň” ýerine “ýortmak” diýenimizde şol waka ýadama düşýär.
Haýsy synpdadygymyz ýadyma düşenok, ýöne bize täze gelen mugallym “Meniň kakam” diýen temadan düzme ýazdyrdy.
Aramyzda bir ýoldaşymyz sapagyň ýarysy geçende-de, bir sözem ýazman otyrdy. Asyl ol “kakam” diýlende gürrüňiň kim hakda gidýändigine ýalňyş düşünen eken. Başga mugallym bolandygynda synpdakylar onuň ýazman oturyşy bilen gyzyklanyp, oňa düşündirerdiler welin, dil-edebiýat sagatlary bu günler kyýamat gününi ýada salýardy – her kim öz gaýgysy bilen, hemmeler lam-jim, “byt” edip bilýän ýok. Çünki täze mugallym – zabunlykda özüni tanadan tohumdan. Ýogsam ol geleli bäri hiç kime el galdyranok, hatda sesinem gataldanok. Haýaljak ýöreýär, pessaýja gepleýär, emma gözleri sowuk we özüne ynamly, sözlerinde bolsa köplenç kinaýa ýugrulan hemle bar, çagalara edil ýylanyň hyşşyldysy ýaly täsir edýär. Daşyndan görmegeý, salyhatly ýigit, umuman hakykatdanam şeýle bolmagy mümkin, men çaga gözüm bilen görýänimizi aýdýaryn. Bolmanda-da, onuň birini ýenjenini görmedim. Ýöne, aýdyşym ýaly, geninde ýowuzlyk bardy, olary tanaýardyk.
Häzirem ol (umuman ol jan çekip işlemeýärdi öýdýän, bilemok, bizi kän okatmady) özbaşyna girip-çykyp ýördi ýa-da köplenç açyk penjireden daşary eglip, howlyny synlap durýardy. Belki, tema düşünmedik başga-da oglan-gyzlar bolandyr, emma mugallymyň perwaýsyzlygyndan peýdalanyp, bir ýol bilen sorag-jogap alşyp düşünişendirler. Ýogsam dialekt bilen pikirlenýän diňe şol oglan däldir ahyryn. Dogry, iki sözi ýazyp bilmeýän, ikilige we kötege şindiden kaýyl bolup oturanlar başga-da bardy, emma olar ýalandan jan edip, bir zatlar ýazan bolup, aýylganç hasaplaşyk pursatlaryny mümkingadar aňry süýşürýärdiler.
Ýaňky oglan bolsa ýazmaýanyny gizlejegem bolman arkaýyn otyrdy. Çaga hem bolsa ululykdan kiçeldilen ýaly, oturyşy epeý, agras. Geljekde “şkaf figuraly” daýaw pyýada boljakdygy şu wagtdan bildirýän torsuk ýaly oglan. Kakasy oňat ýerde işleýän, gowy seredilýän, “mesgä bakylan” diýilýänden. Emma gowy terbiýelenen, sagdyn paýhasly çaga (ýogsam, şu wakanyňam görkezişi ýaly, okuwa-bilime o diýen höwesli däl), kelç-külçi ýok, adam bilen işi ýok, problema döredenok, türkleriň “paşa çoçuk” diýýänleri. Şeýle bolansoň beýle oglanlar ara-syra diňe okuw üçin bolaýmasa kän kötek iýip ýörenoklar. Şonuň üçinem arkaýyn bolarly.
Sapagyň ýarysy geçenden soň mugallym onuň ýazmaýandygyny görüp, ýanyna geldi. Geň galyp, turzup sebäbini sorady. Ker ýaly bir gulagyny eli bilen egip, oňa tarap golaýlatdy. Bu gygyrandanam gorkunç täsir edýärdi. Gulakdaky el islendik pursatda şarpyga ýa-da ýumruga öwrülip, seni müçükdirip biljekdi.
– Meniň kakam ýog-a – diýen jogaby eşidip, birhili boldy.
Ol mugallymyň inileri hem agyr ýagdaýly ýetimdi. Ol näme diýjegini bilmän:
– Otur. Öň aýtmaly ekeniň-dä – diýip, ötägitdi.

0
7 yaran_yagmur_9  
1578
Öň aýdan bolsa mugallym näme edip bilerdi – şol wagt bilmedim, häzirem bilemok. Şeýle ýagdaýdaky okuwça aýratyn tema bermelimi? Belki, hossary kem çagalaryň hatyrasyna synpa şeýle düzme asla ýazdyrylmaly däldir? Bilemok.
Sapak gutaryberende synp žurnalyny agtaryşdyryp oturan mugallym, ol okuwçynyň hossarlary hakynda maglumatlary okanda ýene gaşlary çytyldy. Okuwçynyň ýanyna gelip, turzup, ýüzüne tiňkesini dikdi:
– Aý, sen pylanynyň ogly ekeniň-ä. Seniň kakaňy gowy tanaýan-a. Sen bolsa “men ýetim” diýen bolup aldap...
Ind-ä hakyt günbatar filmlerindäki “тепер ты точно труп” diýleni bolaýdymyka öýtdük. Emma mugallym kim bolanda-da, onuň beýle agyr sözleri okuwça aşa erbet täsir etdimi, garaz, ol güýç tapyp, onçakly aljyraman özüni aklady:
– Ýoo, mugallym, men “ýetim” diýemok... Hud-daý bar, mugallym, men ýöne “kakam ýok” diýdim...
Indi aňşaryp başlan mugallym:
– A-how, dädeň bar bolsa, sen kime “kakam” diýýärsiň onda?
Başga bir mugallym bolsa şu wagt ýigrimi ýerden jogap ýagardy (ylaýta-da gyzlardan): “Onuň kaka diýýäni dädesiniň dädesi, mugallym! Ol bilýän däldir, mugallym! Bizem şeý diýýäs, ýöne bilýäris, mugallym!...” Emma bu mugallym bilen ýagdaý başgaçady: her kim öz “şkurasynyň” gaýgysynda, “ol eşekde ýüküm ýok...” Çaga bolsagam beýle sapaklary özleşdirmäge durmuş mejbur edipdi.
Umuman, başga bir mugallym bolanda ol çagany ýoldaşlary boş oturtman, başdan ýalňyşyny düşündirip, ýola salardylar. Emma, aýdyşym ýaly, her kimiň jan gaýgysy...
Şonuň üçinem özi üçin ol oglanyň diňe özi jogap bermeli boldy:
– Dädemiň dädesine diýýärin...
Indi gutarnykly düşünen mugallymyň şol gün eýýäm bir gezek bady gaýdansoň, sapagyň soňunda ekzekusiýa guramaga keýpi galmady öýdýän (umuman, beýle zatlary sapagyň başynda edýärdiler, soňunda edilende problema bolýardy), ol:
– Häý, akmak, “dädeň dädesi” barada bolsa şu oturanlaryňam köpüsi şu düzmäni ýazmaly däl. Eşek ýaly bolup, sony bilmeseň, saňa ikiligem däl, birlik goýmaly, boşkelle diýsäni! – diýdi-de, ýumrugyndaky orta barmagynyň tüňňüsi bilen okuwçynyň kellesine dözümli hütledip, yzyna öwrüldi. Depderleri ýygnadyp başlady.
Belki çepiksije biri bolan bolsa, serrelmegi üçin şolam ýeterlik bolardy, emma biziň epeý ýoldaşymyz birbada Piza minarasy ýaly bir ýana yraň atsa-da, balansyny tiz dikeltdi. Beýle etmişden soň bir ikilik we kiçijik kötek bilen ujuz sypanyna mes bolup, töweregindäkilere ýyrş-ýyrş edip, ýerinde oturdy.
Synpymyzda hakykatdanam kakasyz bir oglanam bardy, emma ol gysgaragam bolsa şol düzmäni ýazypdyr. “Kakam ýogaldy, pylan öwliýada jaýlandy” diýip ýazaýypdyr.
Dogrudan-da, bu agyr ýagdaý, belki çaga üçin kemsidiji, emma aýyp-utanç zat däl. Onuň kakasynyň il-günüň öňünde eden erbetligi ýokdy. Ogly çaga-da bolsa şoňa düşünýärdi. Soralanda “Öldi” diýip goýberýärdi, biz gülüşenimizde hem gaty görmezdi.
Howa, bu hem bir dynnymjyk...

0
8 Bagabat  
43
Başga-da köp milletlerde bar weli, türkmenlerde-de bir adamyň nijema-nijema ady bolýar-aý: Çyn ady, tutulýan ady, itilýän ady, bukulýan ady, dakylýan ady, ýakylýan ady, okalýan ady, sokulýan ady, dökülýän ady, bökülýän ady, epilýän ady, tapylýan ady, sapylýan ady, satylýan ady, atylýan ady, dokument ady, öý ady, toý ady, köçe ady, mekdep ady, iş ady, diş ady, ýaş ady, baş ady… garaz, «sanasaň sogaby bar».
Men birini bilýän: Çyn ady — Rejepgeldi; Öý ady — Ižžik; Köçe ady — Jepbi; Tutulýan ady — Itjepbe.
Indi dokument adyny soraň!
Ömürem bilmersiňiz :-).
Jepbardurdy :-).

0
9 Injener  
1
Adyň köp bolsa gowa agam. Özümi mysal alsam, eger telefondan jaň edip "Bega" diýip ýüzlenseler, diýmek işiň daşyndan edýän gazanjym boýunça jaň edýärler. Eger jaň edýän adam adymy Begli diýip tutsa, diýmek ýakyn tanyşlar, klasdaş garyndaş, eger jaň edýän Begmämmet diýip ýüzlense, diýmek meň hakyky adymy bilýän adam, işden, baňkdan, komitetdan polisaýadan ýa-da prokuraturadan jaň edýär. Gowşak diýip jaň etseler gullukdaş bilen kursdaşlar, eger Rahman diýseler diýmek şu saýdyň agzalary jaň edýär...))))

0
10 Bagabat  
43
"Ýagşy ýigdiň ady köp bolar" diýlenimi?
Gowy tertip ekeni.
Haýsy adyňy tutanlaryndan özüňden jaň edýäniň näme isleýändigini, iň bolmanda 50-60% çaklasaň boljak :-).
Mend-ä beýle däl.
Kim jaň etse-de şol bir at.

0
11 yaran_yagmur_9  
1578
Ýalan at (hakykatda gizlin at) - bu oglan çagalaryň resmi adyndan, ýörgünli adyndan we eger bar bolsa garyndaşlary tarapyndan tutulýan "kaka", "pylan daýy", "okga", "akga" (uly aga) ýaly atlardan başga üçünji ýa dördünji bolup gidýär. Meniň bilşimçe ol köplenç çylşyrymly (goşma sözden) bolup, öýündäkilerden başgalar bilmeýärler. Bu däp näme üçin gerek bolupdyr?

Özümiziňkilerden mysal alsam garry enem özi barka başky üç ogul agtygyna Rahmanberdi, Rahmanguly, Rahmanmämmet diýen ýalan atlary dakdy. Olary diňe özümiz bilýärdik, nämä gerekdigini bilemzokdyk.

Bir gezek körpe inim duýdansyz gulluga gidenden birnäçe aý soňra meniň ýanyma bir ýaş oglan gelip, "seniň pylan iniň bilen bile gulluk edýärin, men ulurak, rugsata öýe geldim. Iniňe pul gerek, menden berip goýberäýiň" diýdi.

Oňa ynam etmeýänimi bildirenimde "Ýnanaý, iniň bilen biz edil dogan ýaly" diýip janykdy. Barybir ynanmanym üçin oňa sähelçe pul berip, "soňra görübiýris" diýip ugratdym. Onuň şu golaýda ýaşaýan, ýöne inim barada bir zatlar bilýän (ol meniň ýanymda ýaşap gidipdi) kezzap bolmagy mümkindi. Emma pylan diýibem bolmaýardy.

Men şonda ýalan adyň geçmişde näme üçin gerek bolandygyny çakladym. Şolar ýaly ýagdaýda uzakda galyp kömek soraýan adam habar iberen adamyna öz ýalan adyny açýan bolmaly. Şondan soň şol habary getiren adama ynanyp bolmagy mümkin. Men, meselem, inimiň ýalan ady bar bolsa, habar getirenden sorap bilerdim: "Beýle doganlaşan bolsaňyz, ýalan adyny aýdandyr, hany şony aýt" diýip, synap bolardy. Ýalan at çylşyrymly bolansoň tötänden üstünden düşüp bolmazdy. Adam ýalan adyny diňe çyndan ynanýan adamyna kyn pursatda gerek bolany üçin açýan bolarly.

Geçmişde adamlar gaty zerur bolanda özleriniň paroly hökmünde her hili närseleri habarçydan iberer ekenler (meselem, iki bölünen keramik bir zadyň bir taýy: beýleki taýy habary alyjyda bolýar. Her näçe ussat senetçi hem beýlekisine laýyk geler ýaly edip galp taýyny ýasap bilmeýär).

Ýa-da, aýdaly, mongol hanlarynyň paýzasy. Paýzany görkezen adama hanyň ynamdar wekili hökmünde gepsiz-gürrüňsiz ynanmaly bolýar, çünki ol diňe az sanly adamlara berilýär.

Ýalan at hem geçmişde şolar ýaly bir zat bolan bolsa gerek: uzakdan bir adamyň habaryny getiren adam şonuň ýalan adyny aýdyp bilse oňa ynanyp bolýan bolmaly, çünki aňyrdaky adam ýalan adyny gizlin saklap, diňe zerur bolanda açandyr.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]