08:43 Gerdiş / hekaýa | |
GERDIŞ
Hekaýalar
Dynç güni heziller etdi. Ir bilen şähdaçyk – ot çapdy, ýer depdi. Soň baglaryň düýbüni ýumşadyp, suw daşady. Agşamam, “süýji-süýji iýmegiň ajy-ajy gägirmesi bar” diýleni. Barysy birden tutdy. Ýüregi, bili, aýagy... Alarladyp, aly-y-ýp gelýär. Hernä, “Tiz kömegi” öz ýanyndan – bir köçe beýlesinde ýaşaýan, lukman ogluny çagyrdylar. Olam, ilk-ä gelip, hernäçe sowukganlysyrasa-da ýüzünde gan-pet ýok, şakyr-şukur onuň daşyna geçdi. Ölçedi, barlady, sançdy, em etdi. Birsellemden soň, az-kem ynjysy azalyp, rahatlanyp başlandygyny aňybam, zordanjyk edep saklasa-da, iňirdäp ugrady. “Kaka! Näme beýdýäň-aý? Geçmeýän günüň bam-aý? Nämetmeli bolsa, özümiz edýäs-ä! Beýtme-dä. Öz ýagdaýyňa özüň dogtor bolaý-a, kaka. Özüň bilýäň-ä, saňa bir zat bolsa ejeme, bize näme bolýanny...” we ş.m., we ş.m.... Aýalam – elmydama saman astyndan suw goýberip, assyrynlyk bilen gep bermäge ezber milletiň görnükli wekilleriniň biri – nowbaharynyň gapdalyndan goşulyp, ýetişibildiginden gižželeýär. Özünem. Oglunam. Beýlekilerem. Kiçilerem olaňkylyk. Üstesine, ýeri bolýa, gelinler-ä gelinleri diýjeksiň, olar-a hemmä belli – ärleri bilen topragy bir ýerden alnan. Ýöne şu gundagdaky agtyjagyna näme diýjek? Şolam garamyk gözjagazlaryny ýazgaryjy jüýjerden bolup, muňa: “Ata! Näm, sen indi sapsym kukuw-maý?! Bi näme-how, bizi beýdip, ýol üstünde at heläk, at üstünde g...t heläk, giden azarçylyga goýup ýö:ň-aý?!” diýip, gyjalat berýän mysaly. Garaz, hemmesi daşyna üýşüp, ýerli-ýerden muny kötekleýärler. Kimsi söz bilen. Kimsi göz bilen. Munuň hyýalynda bolsa sahnalar pyrlanýar... *** ...Şomatlar dokuz ýaşyndady öýdýän. Mekdepde keýp edip, buzdyr gardan gerk-gäp boldy. Ertesi günem basygy göterilip, bogazy bitdi. Gepläp bilmeze ýakyn, bokurdagyndan ýyljajyk suwuň ýarym owurdam zordan ötýär. Özem hem-ä üşüdýär, hemem gyzdyrýar. Obaň saglyk öýüne äkitdiler welin, lukman ony eýden bolup, beýden bolup gördi-de, alyp galdy. Ol döwürler oba saglyk öýüniň ýanynda iküç sany ýatymlaýyn otagly, çaklaňja hassahanajyk bardy. Tomsuna baglyga bürenýän, gyşyna gar basýan kiçeňräk howluda ýerleşýärdi. Ine munam şoňa saldylar. Eşiklerini sypyrdylar-da, syrkaw pormusyny geýdirdiler. Ondanam hlormy, derman-därimi garnuwynyň, burnuňa urandan ögedýän ýakymsyz ysy aňkaýar. Ýekeje özi dört syrkawlyk otagda, penjiräň öňündäki ýatyş sekisiniň üstünde joňkaryp otyr. Özem şeýlebir ýüregi gysýar welin, aýdyp-diýip soňuna çykar ýaly däl. Eneleridir mamalary ýa daýylary bolaýmasa, ýeke günem öýünden saýry ýatyp görmedik, öýdeçil bezzat, ýekesiremekdir ýadyrgamakdan ýaňa, oturanja ýerinde takga jany çykyp gelýär. Umytsyz gözlerini penjireden daşarynyň akja garyna dikip, sogduryp bir, uzyndan-uzyn dem alýar. Kesesinden synlasaň, ine saňa, ölýänçä ömürlik zyndana höküm edilen bedibagt bendiniň taýynjak şekili. Şol oturyşyna, özüne zor salyp günortana çenli çydady. Diwardan asylan sagadyň dili on ikini bitirip-bitirmänkä-de, sabrynyň soňky sarkyndysy tamam-tepbet tükendi. Başga eşigidir-aýakgab-a ýok. Şonuň üçinem, semizligi takmynan iki adamlyk bolsa, gahar-gazabydyr igenji, takyk dört adamlyk şepagat bajysynyň gözüne çöp atdy-da, öýlerine garşy ökjäni göterdi. Şol durşuna. Hassahanaň lybasynda. Aýagam nämüçindir: “täpiçge” diýlip, geň-enaýy atlandyrylýan mata şypbykly. Üsti-başy öl-myžžyk, öýlerine zordan özüni atdy. Özem dodaklary, ýüzi gök-dalak, titir-titir edip, uçaýjak bolýar. Ejesi pahyr, o wagt ýaş, sagdyn, hyjuwly, dyzmaç. Şoň üçinem gaharam, dogumam dag aparýan sil ýaly. Agzynyň ýetişdiginden käýinjiräp, gargynjyrap ýörşüne, ony ýetişibildiginden öte agyrtmaz ýalyrak edip çümmükleýärmi, ýeňsesine assaja tokuladýarmy, silteşdirip, eşigini çalyşýarmy, garaz daşynda ýeke özi ymgyr başagaýçylyk. -Häý, dogman geçmedik, doglup galan, ýaşy uzamyş! Nä, birki günjük şo taýda ýatyp bejerenlerinde, janyň çykyp barýadymy? Nämüçin gaçyp gaýtdyň, ýaşy uzap galan?! Häzir kakaň bir işden gelsin, onnoň görersiň, sen düzelmän galany etdirişjigimi!... Bu-da şonda, ejesiniň käýinjini birsalym jyňkyny çykarman diňledi-diňledi. Ahyrynam, az-owlak özüni dürsäp, gögeren dodagyna erk edip ugransoň, ondan naýynjar haýyş etdi: -Eje, gaýrat edäý-dä, maňa käýýemesene! Bolýamy eje, käýýemesene! Şonda ejesi, birdenkä hemme başagaýlygyny şarpa bes etdi. Gohunam tapba kesdi-de, ilk-ä bir onuň ýüzüne dikanlap, üç-dört sekuntlyk doňdy. Soňam ony gujaklady. Maňlaýyndan ogşady. Yzyndanam kelam agyz hüňürdemedi. Agalarydyr uýalaryna-da zat diýdirmedi. Gijara işden gelen kakasyna-da käýýetdirmedi... *** ...Ýyllar geçdi... ...Şol gün, halys ýarawsyz ejesini hassahana ýerleşdirip gaýtdy. “Ýeke özi ýekesiräýmesin. Onsoňam gerek-ýaragyny uzadar, idi-yssywat eder” diýen niýet bilen, ýanynda-da aýalyny goýmakçy boldy. Ejesi etmedi. “Gidiň! Şepagat uýalary bar. Serederler. Öýde çagalary gözden salmasyn. Oňmasam, gerek bolsa, erte-birigün özüm aýdaryn!” diýip, olary yzlaryna iberdi. Lukmanyň ýazan derman-därisini eltip gaýdansoň, işine gitdi. Özem arly gün iňkisde. Iş bilen weji ýok. Göwres-ä iş otagynda, göwnem ejesiniň ýanynda. “Jaň edip habar tutaýyn” diýse, ol wagtlar bu mahalky ýaly it-pişige çenli eltelefonly däl. Garaz, iş wagty tamamlanýança, sabry suw üstünde, zordan çydady. Gaýdyşynam, göni hassahana sowulman: “öýden gyzgynjak nahar-şoruny alyp, onsoň baraýyn” diýen pikir bilen, öýüne howlukdy. Barsa... ...ejesi öňünde otyr. Aňk-taňk boldy. -Wiý! Eje?! Bi nä boluş? Gaýdyberipsiň-le?! Ejesi görgüliň göwresi sykylyp, ol wagtlar aýaňa sygaýmalyja mürşerip galypdy. Şonda pahyr müýnürgäp, hasam sykylyp, ýarty gysymjyk bolupdy-da, haýyş edipdi: -Oglum... birhili ýaman ýekesiredim... ýö-ö-ne öýüme gaýdasym geldi durdy... onsoň, hiç kime aýtman, çykdym-da, aptowuza münüp, gaýdyberdim... ýöne, balam, sen maňa käýýeme... bolýamy... gaýrat et... Şonda onuň bokurdygyna nämedir bir zat dykyn aldy. Hemme geplejek gepi demliginden bäriligine düýbünden geçmeýän boldy galaýdy. Ol diňe, özüne zor salyp: -Bor eje... käýýemen...-diýip hümürdäpdi-de, ýüzüni sapajak-supajak edip, daşaryk howlugypdy... *** Ine, indem... Çagalary, höwr-ä oňa dumly-duşdan igenýärler, ýazgaryjy nazar oklaýarlar. Olam hakydasyndaky janly sahnalara tomaşa edip ýatan ýerinden, içinden pyşyrdaýar: “Bolýa... bolýa... ýöne, gaýrat ediň... maňa käýýemäňsene...”... | |
|
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |