14:47

Edebiýat boýunça Nobel baýragy – ýazyjylyk ussatlygynyň mähek daşymy?!

Edebi makalalar
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 599 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 9
0
1 Garadag  
128
Sag boluñ, Serdar aga, degerli maglumatlar.
Düýnki gürrüñlerden soñ bu makala jüp boldy asyl.

0
2 pezzek  
1631
Sagbol agam, gyzykly maglumatlar.

0
3 pezzek  
1631
"Ýuwaş don" 1-nji kitabyny okadym. Çeperçiligä o diýen däl. Ýa terjimesindenmikä? Rus dilinde nähili Serdar aga?
Girişemi şol? Bir gyza öýlenýär, ony urup-sögüp kowjak bolýar. Gyzam gidenok. Soň goşuna gulluga gitýär. Zordan 1-nji gitabyny dyndym

0
5 Bagabat  
43
Iri göwrümli kitaplary okamak, hasam ol taryhy, fantastiki, kriminal, detektiw, psihologiki... başdan geçirme häsiýetli bolmasa ýaman kyn.
Kän-kän sabyr gerek.
Bu döwrüň adamlaryna bolsa, iň ýetmeýän zat şol. Islendik maglumatyň özenini gaty çalt alýas. Sebäbi dumly-duşdan ýagyp duran, biziň aňymyza hüjüm edip duran maglumat, islesek-islemesek biziň beýnimiziň maglumat kabul ediş ukybyny üznüksiz-birsyhly taplap dur, taplap dur...
Onsoň häzirki zaman adamsy homo sapiýens (paýhasyň adamsy, paýhasly adam) bolmagyny bes etdi-de, indi ewolýusiýanyň indiki basgançagyna gadam basyp, notitia hominis (maglumat adamy) boldy. Müňýyllyklara barabar yza saratmag-a däl, bary-ýogy 50 ýyl mundan ozalky adamlar bilen deňeşdirilende-de, häzirki döwrüň adamlary maglumaty juda çalt özleşdirýär. Şol sebäpdenem küt-küt kitaplary süýnüp-sarkyp okamaga biziň sabrymyz ýetmeýär. Şonuň üçinem bize durmuşy düşündirýän, realizm žanrynda ýazylan çynlakaý, agras zatlar mümkin boldugyndan anekdot, tymsal, hekaýatjyk, halys bolmasa çaklaňja ertekijik göwrümli boldugyça gowy.
Iň amatlysam, kitabynam okaman, kinosyny göreniň.
Ondanam gowusy, şo kinoň TikTok-daky 15-20 sek-lik parodiýa klipjagazyna tomaşa edeniň!

Onsoň şunuň netijesinde-de şeýle durmuşy dialogjyk emele gelýär oturyberýär:

-Bro, "Anna Karenina"-ny okadyňmy?
-Howwo.
-Nähili eken?
-TikTok-daky şo bolgusyz kitabyň maňzyny süňk eden roliginden çen tutsaň-a, "Woronsow" diýilýän jotda murtluja-ha, debil - ärli heleýe başagaý bolup ýör, sebäbi. O "Anna" diýilýän Karenina-da peýan bolup, metroda poýuzyň aşagyna ýykylýan, emelsiz bir zat...

M.Şolohowyň prozasy bolsa gowy, sagdyn stilde ýazylan proza. Elbetde onuň "Ýuwaş Don" romanynyň 1-nji jildini ýaňy 20 ýaşanda ýazyp başlandygyny, soňam onuň redaktoryň elinden mazalyja geçendigini nazarda tutup, bu romanyň stil, çeperçilik düşünjelerini, Şolohowyň döredijiliginiň naýbaşy derejesi hasaplanýan "Adamyň ykbaly" hekaýasy bilen deňeşdirip bolmazmyka diýýän.

0
4 pezzek  
1631
SSSR döwri mynasyp bolan dalaşkäre baýrakdan gelen puly doly beräýýälermikä? Saýuzuň düzgüninde ýok baý bolmak. Sebäp şol döwür sportçylar adaty aýlyga çykyş eden. Daşary ýurt sportsmenler bolsa agtygynyň iýjegine çenli basan milýonerler. Meselem döwürniň güýçli hakgeýçisi Harlamow ýönekeý durmuşda ýaşan. Döwürdeş hokgeýçileri Kanadlar, Finler baý ýaşan.

0
6 Bagabat  
43
Meniň bilşime görä, SSSR döwründe daşary ýurtlaryň baýragyna mynasyp bolan raýatlar, walýutada alan pul baýraklaryny, SSSR-e gaýdyp gelenlerinden soňra tutuşlygyna döwlete tabşyrmaga borçly ekenler. Sebäbi raýatlaryň elinde SSSR-iň öz pulundan başga islendik daşary ýurt pulunyň saklanmagy jenaýat jogapkärçiliginiň ýüze çykmagyna getiripdir. SSSR-iň Jenaýat kodeksinde şol maddanyň tertip belgisi 88 bolandygy sebäpli, kriminal žargonda jenaýatyň bu görnüşine "kebelejik" (бабочка) diýilýän eken (segsen sekiziň kebelege meňzeýändigi üçin bolaýmasa :-().
Onsoň, döwlet tabşyrylan daşary ýurt pulunyň öwezini iki görnüşde dolupdyr:
1.Şol puluň döwlet nyrhyndan bahasy SSSR-iň pulunda töläpdir. Ýalňyşmasam 1985-1987-nji ýyllarda ABŞ-nyň 1 dollarynyň resmi nyrhy 97 köpük, gara bazardakysy 1=3-4 rubl (gürleşişiňe bagly-da) bolaýmasa.
2.Tabşyrylan puluň gymmatyna barabarlykda ýörite import harytlar satylýan "Berýozka" kysymly dükanlarda ulanylýan kuponlar berlipdir. Sebäbi şeýle dükanlarda söwda SSSR-iň puluna däl-de, şol ýörite kuponlara edilipdir. Ol kuponlaryň resmi nyrham 1 rubla 1 kupon bolsa, gara bazardaky nyrhy 1 kupona 2-4 rubl aralygynda bolupdyr.
Ondan başga-da, SSSR-de daşary ýurt baýragyna mynasyp bolan raýat, ady-çawy beýlebir köpçülige mälim däl ýa-da özi erki gowşagrak, çekinjeňräk, ýygra adam bolsa, ol partiýa işgärleri tarapyndan geçirilen “ýörite gürrüňdeşligiň” täsirinden çykyp bilmän, “meýletin tertipde”, özüne berlen tutuş pul baýragyny “Wýetnama kömek” hökmünde, döwlet partiýa gaznasyna-da geçirmeli bolupdyr.
Ýöne, M.Şolohowyň Nobel baýragy bilen bagly ýagdaý barada aýdylanda bolsa, ol dünýäbelli ýazyjy hem-de özem ýokary sowet partiýa işgärleri bilen ýakyn aragatnaşykda duran, üstesine-de häsiýeti boýunça, ýumşadyp aýdanyňda birneme oňşuksyzrak adam bolandygy sebäpli, pul sylagyny tutuşlygyna diýen ýaly öz haýryna sarp etmegiň hötdesinden gelipdir... (...miş diýýär, myş-myşlar :-)).
Garaz, ýene-de şo “däliň belläni...”: “tanşyň-a köp bolmaly, özüňem arzaçy şerraý” diýilýäni-dä :-).

0
8 Garadag  
128
Daşyna tikenli sim çekilen ýurtda,
Diñe uçup bilýän guşlar atylýar- diýýändir-ä, şahyr

0
7 pezzek  
1631
Sag bol jogaplaryňa. Menem şeýle pikir etdim. SSSR ýokary şahslaryny gysyp saklapdyr. Ýokarda belleýşim ýaly sportda-da şeýle. Küştçüsi Amerikan Fişerden utylany üçin partiýadan çykaryp, işinden kowup heläk edipdir. Futbol, Hokkeý ökde oýunçylary hökman Spartak, Dinamo, SSKA ýaly toparlarda oýnaýmaly. Döwrüniň güýçli hokkeýçisi ýatlaýar. Orsýetiň çet şäherleriniň birinden hokkeýde adygyp ugran. Ýary gije tzurup nirädiginem aýtman samalýota mündürip göýberýäler. Moskwaň hokkeý klublaryna ugradypdyrlar.

0
9 zero  
1652
Gkghjvll

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]