10:08 Oglanjykly dünýä / kindiwanja kyssalar - Edep | |
EDEP
Hekaýalar
Hekaýanyň ideýasy Laçyn Pürjäýewanyňky Oglanjyklara körpe daýzasy myhman geldi. Ýanynda-da ýaňy wüjür-wüjür dil biten, iki ýaşlyja oguljygy. Naşyja bujagazy görübem oglanjygyň ejesi eräp-akdy. Öýleriniň keçesiniň ýüzünden çaý çemçe bilen syryp alyp, mürepbe deregine ulanybermeli boldy. Oglanjyk, başdanam-a ojagazyň öz öýlerine-de, öz jäjeklerine-de, jigisiniň oýnawaçlaryna-da, asla öz ejelerine-de, olary özi ýasan deý eýemsek çemeleşen bolşuny halamandy. Ýöne soňabaka onuň bu halamazlygy gabal-gabal gahara öwrülip ugrady. Kim-aý ol, bärik gelip beýden bolarça? Bolsa bolupdyr-da, eýjejik! Näme bolsa-da, gitsin-de öz öýünde, öz ejesi-kakasy, öz oýnawaçlary bilen eýjejik bolsun-da! Bärde, bulaň jigisi Lopbuja ikisiniň öz eýjejiklikleri özlerine kekirdekden ýetikkä, onuň naşyjalygyny kim başyna ýapsyn-aý?! Ejesiniň welin, onuň kindiwanja gursagynda turýan tüweleý piňine-de däl. Asla aňanogam. Gaýta, saja atylan mesge ýaly barha beter eräp gidip barýar. Şojagaz hondanbärisi mütrügiň daşynda pelesaň kakyp, “oglum, guzym, janym, balym, balam, gülüm...” diýişdirip, şo bir aýdanyny iki gaýtalaman, diýmäge ýaman gowy sözem tapýar-aý, şü-ýä, şü pille... Öz-özüne içinden ýel berip, hum ýaly çişen oglanjyk ahyry çydamady. Ýüzjagazyndan ýedi kilelik terezi daşy asylan ýaly agrarylyp ejesiniň ýanyna bardy-da, ýeňinden çekip, oňa edep berdi: -Beýdib-ou, iliň çagasyna: “janym, guzym” diýip, ýapyşyp-ýarmaşyp ýatma-da-hou! Halys diýesiň gelip ölüp barýan bolsaňam, onda: “eşşejigim” diý, “güjüjegim” diý, iň gowus-a: “jojujak” diý... | |
|
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |