01:35 Jüptün awy / hekaýa | |
JÜPTÜN AWY
Hekaýalar
Bahry-Hazaryň kenaryndaky bir obada dogup kemala gelen Tuwakdurdy aganyň häzirem şol dogduk depesinde yaşap ýörşi. Onuň bir är ömri zähmet siňdirip, rysgal tapan balykçylyk kärhanasyndan hormatly dynç alşa çykanyna indi birnäçe ýyl boldy. Galjaň goja häzirem öýünde busup oturanok. Guşyň öz ganatyndan kireý islemeýşi ýaly, Tuwakdurdy aga hem her gün pyýadalap aýaklarynyň hözirini görýär. Orta boýly, etli-gany ýetik, elmydam şähti açyk Tuwakdurdy aga bir topar agtygyny yzyna düşürip, golaýdaky aýlaga gezelenje gelýär. Awazanyň gündogaryndaky bu gözel aýlaga diňe şäherliler däl-de, eýsem olaryň myhmanlary, çet yürtlardan gelen syýahatçylar hem ýygnanýarlar. Täsin türkmen tebigatynyň haýwanat we ösümlik dünýäsiniň täsinliklerinden ruhy lezzet alýarlar. Pasyllar çalşyp, howa üýtgände guşlar süri-süri bolup ýyly ýurtlara göç edýärler. Göçegçi suw guşlarynyň köpüsi şu asuda aýlagda düşleýärler. Olaryň daýanyp güýje gelmegi üçin bu ýerde suw otlary näçe diýseň bar. Sähel wagtdan ýeterlik kuwwata gelen guşlar şondan soň barmaly mesgenlerine arkaýyn ýetip bilýärler. Bu ýere gelende gojanyň göwni giňäp, geçisi daga ýaýraýar. Agtyklary bilen bilelikde suw guşlaryny her dürli ösümlik däneleri, çörek owuntyklary bilen hezzetleýär. Ýat ülkelerden gelen guşlar ikibada natanyş adamlaryň hödürlenýän iýmlerini gorkarak iýseler-de, täze tanyşlary bilen tiz ysnyşýarlar. * * * Häzir Tuwakdurdy aga kümuşsöw çägäniň üstünde oturşyna Günüň şöhlesine kümüşsow öwsüp, tolkunyp ýatan deňze ser salyp otyr. Ho-ol aňyrrakda bolsa onuň agtyklary jagulda-jugul bolşyp, geň enaýy, täsin daşlary, balykgulaklary çöpleýärler. Göçegçi guşlaryň bu ýerde düşläp geçýän döwri pasyllaryň çalyşýan, has takygy, gije bilen gündiziň deňleşýän wagtyna gabat gelýär. Şonda tebigat sähel pursatda üýtgäp dur. Asmanyň ýüzi bir görseň garalyp, buluda bürenýär, birden hem açylyp, Güneş jyklaýar. Bu ýerde bazar guran suw guşlarynyň gaýda-gaýmalaşygy ýeterlik. Olaryň käbiri tizräk garynlaryny otarmagyň aladasy başagaý. Käbiri bolsa belli bir ýerde durman, bol iýmitiň ugrunda çar ýana pelesaň urup ýörler. Bir topar guşlar bolsa petekelerini balykdan ýagşy doýrup, deňiz boýundaky daşlarda güne ymyzganyp irkiljiräp otyrlar.. Kip-kimirsiz gök asmanda jüptünler toýnak gurap nirädir bir ýerlere alňasap barýarlar. Ynha, niredendir bir ýerlerden peýda bolan ak guýruk suw bürgüdi olara tarap okduryldy. Hatary bozulan jüptünler çar tarapa pytrap, ibirtde-zibirt boldylar. Deňiz jandarlarynyň gylyk-häsiýetlerine gaty belet Tuwakdurdy aga geň galmakdan ýaňa tarsa ýerinden turanyny bilmän galdy: “Beý, deňiz bürgüdi esasan ýaraty we ölen guşlary, balyklary çöplärdi welin, bu sapar oňa näme döw çalyp ýörkä?!” diýip geňirgendi. Kenardaky adamlar hem asmandaky pajygany dykgat bilen yzarlaýardylar. Häzir özüni gök asmanyň hojaýyny hasaplaýan bürgüt hiç hili gorky-ürkini bilenokdy. Jemendäniň kenardan turuzýan gykylygy onuň parhyna hem däldi. Ýyrytjy guş bir aşak düşüp, birden hem asmana galyp, jüptünleri kowalaýardy. Ol jüptünleriň birini kakyp ýetişse-de, guş onuň ýiti penjesinden sypdy. Ýelekleri pytrap giden janawar her hal ýyrtyja şam bolmady. Ilkibada düw-dagyn bolan jübtenler soňabaka täzeden nyzama düzülip, ýowuz ýaga gaýtawul bermäge girişdiler. Beýle ýagdaýa garaşmadyk bürgüt öňki batyrlygyny ýitirdi. Bu jeňiň özi üçin gowulyk bilen gutarmajagyny bilip, tizden gaçmak bilen boldy. Ýaraly jüptün öz sürüsinden saýlanyp, kenardaky adamlaryň depesinde pel-pelläp başlady. Birki aýlaw edenden soň ýere patlap düşdi. Ýaraty guşuň döşünden we ganatyndan gan ýuwaşjadan syrygýardy. Daşyny gallan adamlardan wehim eden guş ganatlaryny galgadyp, ötgür çüňki bilen goranmaga synanyşdy. Häzir ol özüne nähili ykbalyň garaşýandygyndan bihabardy. Gökdäki jüptünler hem kowumdaşlaryny azat etjek bolup pesden uçup, goh- gykylyk turuzdylar. Telim gezek kenardaky adamlaryň üstünden aýlaw edensoňlar alaçsyz daşlaşmak bilen boldylar. Tuwakdurdy aga hemmeden öňürtiläp jüptüni tutarman boldy. Guşuň giňden aylan gözlerinde hem gorkunç howsala, hem gazaply gaýtawul alamaty mesaňa bolup durdy. Onuň pyçak ýaly uzyn ýiti çüňki Tuwakdurdy aganyň eline ýara salanda, ol yza çydaman tasdanam şerbet suwunyň gaby bilen guşy ýelmäpdi. − Äý, peläket, meniň ýazygym näme? -- diýip, Tuwakdurdy aga hyrçyny dişläp, töweregidäkilere garady -- Oňarsam-a saňa ýagşylyk etjekdim. Bolmasa-da hol baýaky. Emma bu elin awa begenen bir şäherli myhmanyň: --Dogry aýdýaň ýaşuly. Sen sowulaý, özümiz eminden geleris. Büý-ä “Hudaý berse guluna...” diýenleri boldy. Bu gün elimiz boş gitmän, nesip etse, jübtünli palaw nesibämiz bar ýaly-la – diýip, çakgysyny çykarmagy gojany raýyndan gaýtardy. Ol ylgap gelen agtyklaryna: -- Hany, çagalar, şu guşy maňa tutup beriň bakaly,. – diýip buýurdy -- Ýöne ätiýaçly boluň! Ony özüm öýe äkidip saklajak. Atasynyň ýaraly guşy öýe alyp gaýtýanyna begenen çagalar jübteni gergeleşip, oba ugradylar. * * * Tuwakdurdy aga öýe gelende, agtyklary bu täzeligi eneleri Togta daýza buşladylar. Ýaşuly, öňündenem duýup gelşi ýaly, keýwanysynyň igenjine sezewar boldy: -- Bäh-bäh, bu çala serediň-ä! Saçy-sakgaly agarypdyr, oglan-oglanjyk ýaly bolup, öýünde guş saklajakmyş. Goňşy-golam, il-gün geň galyp, ýaka tutmazmy? Henizem bolsa oýlan-da pälinden gaýt, atasy, ol guşy-da erkine göber! -- diýip, janyýangynlyk bilen jibrindi. Togta daýzanyň aýdýanlarynyň jany ýok däldi. Kellesi çaklaňja bolsa-da, gazyň ululygyndaky bu guşy uzak wagtlap öýde saklap boljak däldi. Togta daýza aýtmyşlaýyn ol torgaý ýa-da serçe däldi. Ýöne Tuwakdurdy aga hem bir işiň başyna barsa, pälinden gaýdýan adamlaryň hilinden däldi. -- Hany, keýwany, bir paýyz otyr-da demiňi dürse bakaly. Göwnüňi giňräk tutsana! Bu meseläni sensiz täk özümiň çözüp bilmejegme meniň hem aklym ýetýär ahyryn.– diýip, ol keýwanysynyň ugruny ýekeledi. Tizden hem Tuwakdurdy aga daşyna agtyklaryny üýşürip, jüptün üçin sim tordan kiçiräk bir guşhana ýasady. Ýaraty guşy däri-derman edip, naharlady. Arman-ýadaman, mähir we sabyrlylyk bilen bakyp-bejerdi. Ýaralary gutulan, suw guşy semräp, tizden tanalmaz ýaly özgerdi. Şol wagta eýýäm gahary ýazylyşyp giden Togta daýza indi gojasynyň bu “oglantaň güýmenjesini” ýazgaryp hem durmaýardy. Bir sähetli gün ýaşuly ekdi jüptünini alyp deňiz kenaryna ugranda ol gaýtam gynanmanam durmady. * * * Jüptünler gündizleri suwda, gijesine kenardaky belent gaýalarda geçirýärler. Doýanlarynda bolsa deňziň gyrasyndaky ol bir daşyň üstüne çykaga-da, döşlerini şemala tutup, awlan lukmasyny siňdirýärler. Bular hem beýleki suw guşlary ýaly tertip-nyzamy halaýarlar, öz düzgünlerini berk berjaý edýärler. Kowçum bolup ýaşaýan bu suw guşlarynyň häsiýetlerine öňden belet Tuwakdurdy aga jüptüni gola salan ýerine getirdi. Süriniň bäri gyrasynda oturan sakçy guş Tuwakdurdy agany görüp, ägälik bilen gygyldady. Goja balykçy bir aý çemesi öýde ýaşap, ynsana öwrenişen ýabany guşy ýere goýup: -- Betpällerden halas etmek üçin seni tebigatdan aýry saldym, janawer. Indi bela-beterden gaça durjak bol. Özüňem dagy-duwara biziň gapymyzda köwlenäýme, heziliňi bermerin -- diýip, hemle uran boldy-da, yzyna dolandy. * * * Bu wakadan bäri on gün çemesi wagt geçipdi. Bir gün Tuwakdudy aga daş çykanda gapyda duran jüptüni görüp haýran galdy. Ol gaçaýyn-uçaýyn diýenokdy, gaýtam ýalmawuzlygyny edip, halasgäriniň elinden gözüni aýranokdy. Öýe girip, eli iýmli çykanda suw guşy Tuwakdurdy aga tarap ganatlaryny galgadyp ylgap gaýtdy. Şol günden başlap, ol gatnawyny kesmedi. Beýleki guşlar iým gözleginde ondan-oňa göçüp-gonup ýörseler, bu jüptün awunyň kemter, petekesiniň aç bolan güni bu öýden garnyny otaryp gidýärdi. Ynsanyň ýaşy ulalyp, ýüzüne gasynlar düşse-de ýüregi şol juwanlygyna galýar ekeni. Käbir deňizçileriň jübten bilen balyk awlandygyny çagaka atasy Pyhy agadan eşiden segsen ýaşly Tuwakdurdy aga ömründe ilki gezek bu emeli synag etmegi ýüregine düwdi. “Bir zady bilmän ölenden bilip ölen ýagşy” diýenmiş bir akyldar. Ýaşuly bir gün adaty endigine görä öýe gelen jüptüni garbap tutdy-da birki gün yzyna göýbermedi. Guşuň demligine zeper ýetmez giňlikde ýaly gaýyşdan ýörite halka taýýarlady. Soň bir gün jüptüni ýanyna alyp, gaýygyna mündi-de, deňiz goýnuna aralaşdy. Aç jüptüniň aýagyna ýüp baglap, halkany hem boýnuna dakdy. Awa göýberilen balykçy guş bir balyk tutdy welin, Tuwakdurdy aga atasynyň gürrüň berşi ýaly, ýüpi çekip jüptüni gämä getirdi. Bendi guş bokurdagynda görnüp duran balygy halkadan aňryk geçirip bilenokdy. Onuň ýuwdup bilmän duran awuny çekip alyp, gaýyga taşlan goja, jüptüni ýene-de suwa göýberdi. Jüptünler daşyndan tagaşyksyz, pöwhe, başarnyksyz görünseler-de balyk awlamaga gezek gelende olar gaty ykjam bolýarlar. Balyklary kynçylyksyz, tiz we ýeňillik bilen tutup bilýärler. Bu gün aw nesibesini edinin Tuwakdurdy aga şondan soň jüptüniň boýnundaky halkany çözüp, ony täzeden awa göberdi. Balykdan oňat naharlanan ekdisini öýe alyp gaýtdy. Şeýlelik bilen jüptün balykçynyň emrine tabyn, öz ykbalyna kaýyl, boldy. Tuwakdurdy aga hem gündelik iýjek balygyny emgeksiz gazandy. * * * Bütin tomus gapyda erkin gezen jüptün bir gün nirädir bir ýere ýitrim boldy. Adatça ol nirä gitse-de birki günden yzyna dolanardy. Bu gezek welin jüptünden bir hepdeläp habar-hatyr ýokdy. Tuwakdurdy aga ýitigini gözläp, jüptünleriň hemişeki aw awlaýan, dynç alýan mesgenine aýlandy, ýöne ondan derek tapmady. Aýlanyp-aýlanyp halys bolan goja daga uzalyp gidýän ýoda bilen uçut gaýalarynyň depesine çykdy. Birmahallar kimdir biri tarapyndan daşyna çöp-çalam aýlanan düşelgede az-kem dynç alyp özüni dürsänsoň, ýylçyr gaýalaryň üstündäki höwürtgeleri nazarlap, belende dyrmaşyp ugrady. Höwürtgede oturan jüptünleriň arasynda öz ýitigini gördi. Ol hem beýleki mäkiýan guşlar ýaly daş-töweregine eserdeň gözegçilik edýärdi. Tuwakdurdy aganyň derdi ýeňläp, ýüregi ynjaldy. Jüptün hem ony görende ganatlaryny şadyýan galgatdy. Höwürtgede ýaňy guşganat bolup barýan jüýjeleri görende Tuwakdurdy aganyň ýüzi ýagtylyp gitdi. Tuwakdurdy aga beýleki guşlaryň arasyndan howatyrly aýlanyp geçdi-de, ekdi jüptüniň ýanyna bardy. Ýanyndaky azyk-owkatlary bilen ony oňat naharlap öýüne dolandy. Günortadan çagydy. Hazar deňziniň asuda tolkunlarynyň üstünden çygly güýz şemaly öwüsýärdi. | |
|
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |