23:10 Käbir göz ýetirenlerim | |
KÄBIR GÖZ ÝETIRENLERIM
Goşgular
Ýagyň ýagydygny bilýärin öňem, Näderin, dostlarym çykaýsa ýagy. Ertir ýagym boljak dostly bolamdam, Bu dünýäden dostsuz ötenim gowy. Seret, ejiz güýçlä taýak bulaýar, Ýogsam, bilýärem-le, pes geljek döwi. Ejize oýnatgy güýçli bolamdan Ömrüme mejalsyz geçenim gowy. Dogan doganyny söz bilen urdy, Şeýdibem bulaşdy doganyň toýy. Dogan hakyn ödäp bilmejek bolsa, Doganly bolandan, ýalňyzlyk gowy. Gelin gelin bolsun, Ýalyn bolmasyn, Nädip bolar gelin bulasa öýi. Bir mara öýlenip, öýli bolamdan, Ömürlik müjerret ötenim gowy. Ogul atasyna ýumruk çeneýär, Şeýdibem puç bolýar ataň arzuwy. Ertir ýakam tutjak oglum bolandan, Munda atsyz-sorsuz ýitenim gowy. Hiç kim gapysyna aýak sekmese, Haňlap dursa terbiýäniň mekdebi, Dünýä gelmezligi dilemen, Ýöne, Gowsy, adam bolup gelmäniň gowy. 19. 02 2010 ýyl | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |