15:13 Kakasy näbelli osmanly şazadasy! Hem alnyp gaçyldy hem-de ady üýtgedilip, çokundyryldy | |
KAKASY NÄBELLI OSMANLY ŞAZADASY! HEM ALNYP GAÇYLDY HEM-DE ADY ÜÝTGEDILIP, ÇOKUNDYRYLDY
Taryhy makalalar
Osmanly şazadalarynyñ arasynda biri bardy... Ol şazada däldigine we begzada neslinden bolmandygyna garamazdan patyşanyñ söýgüsine mynasyp bolupdy. Köşkden sürgün edilenden soñ ýesir düşüp, çokundyrylypdy. Ine, "şazadadyr" öýdülen Osmanyñ başdan geçiren kyssasy... Osmanly imperiýasynyñ şazadalary döwletiñ gurlan wagtyndan başlap tä ýykylýança "döwletiñ geljegi" hasaplanan, tagt nobaty gelende tagta çykan erkek oglanlar bolupdyr. Patyşanyñ erkek çagalary köşkde doglan pursatlaryndan başlap "şazada" edilip ýetişdirilipdir. Emma olaryñ arasynda şeýle bir "şazada" bolupdyr welin, onuñ ne kakasy belli bolupdyr, ne-de osmanly şazadasydygy... • Soltan Ybraýym ony şazada yglan etmekçidi Taryhçy Reşat Ekrem Koçunyñ kitabynda Soltan Myrat IV-iñ aradan çykmagyndan soñ tagta çykan Soltan Ybraýymyñ tagta çykan wagtlarynda ýeke erkek mirasdüşeri bolmandyr. Osmanly neberesiniñ soñlanmagyndan gorkan ejesi Kösem soltan patyşa oglunyñ erkek çagasynyñ bolmagy üçin haremhanany terbiýeli we owadan gyrnaklar bilen doldurypdyr. Az wagtdan soñ Turhan soltan şazada Mämmedi dogrupdyr. Gyzlaragasy Sünbül aga tarapyndan köşge getirilen Zafire hatyn hem hökümdara sowgat bermeli zenanlaryñ arasynda eken. Kän wagt geçmänkä Zafiräniñ göwrelidigi belli bolupdyr. Şonuñ üçinem hökümdara berilmändir, ýöne köşkdenem kowulmandyr. Eneli-ogul Sünbül aganyñ howandarlygynda ýaşamaga başlapdyr. Zafire hatyn Turhan soltana kömekçi bolup, körpe şazadany emdirmek üçin süýt enesi hökmünde saklanypdyr. Emma Soltan Ybraýym oglunyñ süýt enesi Zafire soltana syny oturypdyr. Zafirä we onuñ ogluna gowy sereden Ybraýymyñ kakasy näbelli Osmanjygy öz ogly şazada Mämmetdenem gowy görýändigini aýdýanlar ýüze çykypdyr. Aýdylyşyndan Soltan Ybtaýym Zafire hatynyñ ogly Osmany şazada yglan etmegiñ pikirini edipdir. Turhan soltan ogly şazada Mämmediñ patyşany gyzyklandyrmaýandygyna gynanypdyr. Rowaýata görä, Turhan soltan Ybraýym bilen bu boýunça belli-külli gürleşende, Soltan Ybraýym şazada Mämmedi serhowuza zyñypdyr. Bolup geçen bu wakadan soñ Kösem soltanyñam basyşlary bilen Zafire, Osman, Sünbül aga dagy köşkden çykarylyp, sürgün edilipdir. Olar gämi bilen Müsüre tarap barýarkalar maltaly deñiz garakçylaryna ýesir düşüpdir. • Zafire we onuñ ogly Osman ýesir düşüpdir Maltaly deñiz garakçylary ýesir alan kiçijik Osmanjygyny patyşanyñ ogludyr öýdüpdir. Bu habar Ýewropada uly gowur turzupdyr. Zafire gatyn syrly ýagdaýda ölüpdir, kiçijik Osman bolsa 12 ýaşynda çokundyrylyp ady üýtgedilipdie. Ony şazadadyr öýdýän hristian dünýäsi oña "Osmanly papasy" diýipdir. Papalygyñ köşklerinde Osmany şazada sylapdyrlar. Türk-Wenesiýa urşunda Osmanla garşy kozyr hökmünde ulanylypdyr. Wagtyñ geçmegi bilen hakyky şazada däldigi ýüze çykan Osman başdan geçiren hasratly wakalarynyñ soñunda 34 ýaşynda inçekesele ýolugyp, Malta adasynda aradan çykypdyr. Çisem ARSLAN. "AYDINLIK" gazeti, 16.11.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |