17:33 Kalby mähir nurundan doly zenan: Mariýa Kýuri | |
KALBY MÄHIR NURUNDAN DOLY ZENAN
Zenan şahsyýetler
Surat: "Mariýa Kýuri" ("Marie Curie: The Courage of Knowledge") kinofilminden, 2016 ý. / Karolina Gruşka Her bir maşgalada adat bolşy ýaly, körpe çaga her hili jilwelije goşmaça at dakýarlar. Skllodowskileriň maşgalasynda-da dört gyz bilen bir oglanyň iň körpesi—Mariýanyň adaty tutulýan ady—Manýa, has näzijegi—Manýuşa, a degişme äheňli Ançupeço ady bolsa entek ol sallançakdaka dakypdylar. Manýuşaň kakasy Warşawanyň gimnaziýalarynyň biriniň müdiri bolup, şol bir wagtda matematikadan we fizikadan ders berýärdi. Ol iňlis, fransuz we nemes dillerini suwara bilensoň, her şenbede çagalaryna öz terjimelerini hem Adam Miskewiçiň “Tadeuş” poemasyndan bölekler okap berýärdi. Hanym Sklodowskaýa, Manýuşa dünýä inenden soň, ýolbaşçylyk edýän gyzlaryň mekdebini tabşyryp, bäş çagasyna terbiýe bermek üçin öýde galmaly bolýar. Ol çagalaryna eşik tikmek bilen çäklenmän, derrew köwüş tikmegi hem öwrenýär. Manýa çagalykdan durmuşyň agyr zarbasyndan datmaly bolýar: ilki agyr keselden uly uýasy Zosýa aradan çykýar, soň bolsa inçekeselden ejesi dünýeden gaýdýar. Agyr durmuş pan Sklodowskiniň gerdenine düşýär. Ol her edip-hesip edip çagalaryna oňat bilim bermegi maksat edinýär we azaby ýerine gowuşýar: ogly—Ýuzef, gyzlary—Elýa, Bronýa we Mariýa—bularyň hemmesi gimnaziýany altyn medal bilen tamamlaýarlar. Ýuzef Warşawa uniwersitetiniň medisna fakultetine girýär, gyzlara bolsa şol döwürde Polşanyň ýokary okuw jaýlarynda okamak rugsat berilenokdy. Kakasynyň teklibi boýunça, ýagny gyzynyň beýnisine dynç bermek niýeti bilen, mekdebi tamamlan badyna, Mariýany oba, garyndaşlarynyňka ugradýar we ol gaýnap duran şadyýan ýaşlygyny bir ýylyny sada adamlaryň arasynda, tämiz howada geçirýär. Obada geçen şol bir ýyl Mariýaň ömründe aladasyz, gaýgy-gamsyz galan ömrüne iň soňky ýyly boldy. Soň maşgala agzalarynyň hemmesiniň başyna eklenç düşdi: pan Sklodowskiň aýlygynyň ýarysy talyp oglunyň okuwyna gidýärdi. Ekabyrrak Elýa okuwyny dowam etdirmek niýetini düýbinden ret edip, öýi, hojalygy boýnuna aldy. Günleriň bir güni Mariýaň kellesine bir ajaýyp pikir gelýär: —Bronýa, seň ýaşyň gidip barýar, ýigrimi ýaşadyň. Men bolsa heniz on ýedimde. Gel, ilki seni okadaly, sen okuwyňy tamamlaňsoň, men giderin. Men guwernantka (terbiýeçi-mugallym) bolup, işe duraryn. Iýjek-içjegim, ýatak jaýym mugt düşer, eger-de ýylyma dört ýüz rubl hak töleseler, onda men saňa pul iberip bilerin, özüme-de azajyk toplaryn—diýip, özünden uly uýasy Bronýany Pariž uniwersitetiniň medisina fakultetinde okamaga yryp, aýyna kyrk rubllyk hakly terbiýeçi bolup, bir adwokatyň maşgalasyna işe durýar. Kesekiň öýünde aýlygyny wagtynda bermän, äsgerilmän bir ýyl kemsidimeden soň, 1886-njy ýylda ýylyna bäş ýüz rubl hakly başga hojalygyň çagalaryna terbiýeçi bolup işe durýar. Täze baran hojalygynyň özi bilen deň-duşrak gyzy bilen jora bolýar, onuň bilen gizlin mekdep açyp, onda garyp işçileriň çagalaryna sowat öwredýär. Eger bu barada ýerli häkimiýete ýeten bolsady, onda gyzlara sibiriň sürgüni garaşýardy. Gazaanja pulundan garyp okuwçylara öz pulundan depder, galam alyp berýär, ol puluň bir böleginden uýasyna-da ibermeli, kakasyna-da kömek bermeli, özüne-de ýygnamalydy... Mariýaň gün tertibi: ir sagat altyda oýanmaly, sagat sekizden on ikä çenli hojaýynyň çagalary bilen, on ikiden öýlän ikä çenli arakesme, on dört nol-noldan on dokuz otuza çenli ýene çagalara sapak öwredýär, agşam dokuzdan özüniň şahsy wagty—kitap okaýar, tikin tikýär, fizikany sosiologiýany anatomiýany, fiziologiýany öwrenýär. Mariýa bilen tomus dynç alyşa gelen hojaýynyň talyp oglunyň arasynda söýgi ody tutaşýar, haçan-da gyzza-gyzza gelende, ýigidiň ene-atasy oglunyň guwernantkaň öýlenmegine kes-kelläm garşy çykyp, ogullaryna öz deňini almagyny ündeýärler. Şondan soň Mariýa öz şahsy durmuşy baradaky pikirini ýom-ýok etmeli diýen karara gelýär we hiç haçan durmuşa çykmajakdygyna öz-özüne söz berýär. Iş ýeri örän amatly bolansoň, kemsidilmä dişini gysyp, galmaly bolýar. Mariýa her aýda Bronýa on bäş-ýigrimi rubl iberensoň, kakasyna juda az ýardam berip bilýänine gynanýar. Ol asylly edep-terbiýe bereni üçin, ajaýyp bilim almagyna sebäp bolany üçin bütin ömrüne kakasyna minnetdar. Mariýa kakasyna ýeterlik pul kömegini berip bilmese-de, ony bütin ýüregi bilen söýýärdi. Kakasyny alada edip, dogany Ýuzefe ýazan hatynda medisinany tamamlan badyna eglenmän Warşawa—kakasynyň ýanyna dolanyp barmagyny towakga edýär. Uly şäherde işlese lukmanyň abraý gazanmaga mümkinçiligi köp bolýandygyny hem-de ylym bilen meşgullanmak üçin gowy şertleriň bardygyny nygtaýar. Alty ýyl terbiýeçi bolup işläp, gazananjasyndan uýasyna iberenini iberip, galanjasyndan bir bölegini kakasyna berip, bir bölegini bolsa özüne ýygnap, goşjagazlaryny ýygnap, üç günlük ýolda iýjek iýmitini jemläp, 1881-nji ýylda, Warşawadan, iň arzan—dördünji synply wagonda, öýünden alan, eplenýän oturgyjynyň üstünde oturyp, üç gün ýol ýöräp Pariže barýar. Indi uýasyny okatmak gezegi Bronýa ýetdi. Warşawadan ugramanka, Mariýa kakasyny köşeşdirýär: —Aňry gitse iki-üç ýyldan okuwymy tamamlap, men seň ýanyňa gutarnykly gelerin, biz gowy durmuşa başlarys. Boýny kebelekli, ak halatly çal sakgally professorlar, giň, ýagty synplar, laboratoriýalar—bularyň hemmesi Sorbonna uniwersitetiniň tebigy ylymlar fakultetiniň ýigrimi dört ýaşly talyby Mariýa üçin örän täsindi. Ýöne öz ýygnanja serişdesi bilen kakasynyň iberýän kömegi bir aýyna zordan ýetýärdi. Ylmyň hatyrasyna Mariýa Latyn kwartalynda aýyna on bäş franklyk, suwsyz, elektrik toksuz, sowuk, iň sadaja we arzan jaýy—balahanadaky kiçijek otagy kireýina alýar. “Ýorganyňa görä aýagyňy uzat” diýilişi ýaly ol talyp durmuşyndan her hili şagalaňy-şüweleňi, dostlukly duşuşyklary aýyrýar; awtobusa münmän, okuwyna pyýada gatnaýar. Bütin gyşa iki halta kömür satyn alýar, ony hem altynjy gata bedreläp özi daşaýar. Garaňky gatlyşyberende ýyly hem ýagty kitaphana eňýär we tä ýapylýança—gije sagat ona çenli sapagyny özleşdirýär. Okamagyny öýüne gelip, kerosin lampanyň yşygyna gije sagat ikä çenli dowam edýär. Eşiklerini örän aýawly saklap, özi ýörmeleşdirýär, ýamaýar, täzesini tikinmekden wagtlaýynça saklanýar; ýekeje jübüt deşik botinkasy bilen gyşdan çykýar... Çorba bişirmäge wagty ýok, kömür, et gymmat—etiň bir bölejigi bir frank; kafe bolsa örän gymmat. Birnäçe hepdeläp mesge bilen nan iýip oňňyt edýär. Iň gowy nahrlananda: iki sany gaýnan ýumurtga ýa-da haýsam bolsa bir miwe, gatadylan şokaladyň kiçijek plitkasy. Düýn bolsa ýarty bogdak rediska bilen bir goşawuç ülje iýdi. Her gije dört sagatdan kän ýatanok. Elbetde, bular ýaly berhiz bilen gün tertibi ahyrsoňy ganazlyga eltýär—günleriň bir güni essi aýylyp, ýykylýar. Bu ýagdaýy goňşysy Bronýa habar edýär. Bir hepde ýaly aýal doganynyňkyda etlije naharlardan we her dürli ir-iýmişlerden bakylan Mariýaň ýaňajyklary gyzaryp öňki kaddyna gelýär. Emma, öz öýüne dolanyp baransoň ýene-de şol öňki düzgün... Diňe tomus dynç alyşda öýüne—Warşawa gidip, balyk ýaljak semräp, ýene Pariže, okuwyna gaýtmaly bolýar. Gyş paýawlaberende kömüri gutarýar, ýöne Mariýa aljyrap duranok: çemodanyndan çykaran eşiklerinden geýip bilenini geýip, galanjasy bilen üstüni örtüp, özüni köşeşdirýär: “Uklap galsam sowugy duýman” diýip, Mariýa uklaýança küýzejikdäki suw gyrawlap başlaýar... Iň ökde talyba—Mariýa, Polşadan alty ýüz rubl talyphaky gowuşýar. Ýyllar geçer, ol ilkinji galamhakyndan alty ýüz rubly haýrana galan “Aleksandrowiçiň fondunyň” işgärlerine minnetdarlyk bilen gaýtarar. Ol alty ýüz rubl sowgat Mariýa bildirilen ynamyň girewidi. Puly yzyna gowşuranda, pulsuzlykdan kösenýän talyplara bermegini haýyş edýär. Mariýa fizika we matematika ugurlary boýunça Sorbonna uniwersitetiniň iki diplom alýar we Pýer Kýuriniň laboratoriýasynda hem fizika we himiýa mekdebine mugallym bolup işläp başlaýar. Mariýaň geljekki adamsy—ýaş fizik-professor Pýer Kýuri ilkinji gezek garypja talybyň “külbesine” myhmançylyga gelýär we şylhasy çykan sadaja lybasly, gözleri ýanyp duran, buýsançly nazarly Mariýanyň çaksyz owadanlygyny ilkinji gezek duýýar. Mariýa ýaly ilkinji söýgüsinden ýanan, hiç haçan öýlenmezligi öz-özüne söz beren Pýeriň pikiri şu ýerde üýtgeýär. Birnäçe ýyllap, Mariýa Pýeriň goş birikdirmek teklibini ret etdi (Ol hiç haçan durmuşa çykmazlygy ýüregine düwipdi hem ol kakasyna “hökman dolanyp gelerin” diýip söz beripdi ahyryn). Ahyrsoňy Mariýanyň razylygyny gazanan Pýer toýuň sägedini belleýär: 1895-nji ýylyň 26-njy iýulynda pani Sklodowskaýa “madam Kýurä” öwrülýär. Olaryň toýuna iň ýakynlary gelýär. Bu şadyýan hem bagtyýar toýda gögümtil matadan tikilen köýnek (soň işde geýiner ýaly) geýinen geliniň we ýigidiň altyn ýüzükleri hem ýok—toýyň harajadyny mümkin boldugyça kemeldipdiler. Nika şertnamasyndaky emläk diňe iki sany meşhur welosipedden ybaratdy. Toýda Wladislaw Sklodowskiý, gudasy, goja Kýurä: —Mariýa Siziň söýgä mynasyp gyzyňyz bolar. Ol doglan gününden bäri meni birjik hem gynandyran däldir—diýýär. Şol günden başlap bu iki beýik adamyň bedeninde bir ýürek urup başlaýar: olaryň durmuşa, ylyma bolan dünýägaraýşy hem, kalplaryndaky arzuw-hyýallar hem, hatda pikirleri hem bir bolup, bagtly geçen sekiz ýylyň içinde, tä Pýer pajygaly ýagdaýda aradan çykýança ýekeje sekunt hem birek-birekden aýra düşenoklar. Mariýa päkýürekligi, mähirliligi, gujur-gaýratlygy hem mertligi bilen gaýynlarynyň söýgüsini gazanýar. Toýdan soň ýaş çatynjalr welosipedli syýahata çykýarlar. Olar Parižiň eteklerindäki kiçeňräk şäherlerdir, obalara aýlanyp çykýarlar. Syýahatdan soň Pýer dünýägaraýyşlary, bilimleri we maksatlary bütinleý gabat gelýän söýgüli aýaly bilen takyk ylym bolan fizikany täze ylham bilen öwrenip başlaýar. Mariýa bolsa hiç kime bildirmän uýasy—Bronýadan aşhana syrlaryny öwrenip başlaýar—indi onuň aýratyn maşgalasy bar ahyryn. Maşgala durmuşyna başlan Mariýanyň ilkinji satyn alan harydy—daş ýüzüne “Harçlar” ýazgysy ýazylan hasap depderi bolýar. Ol öýi üçin gündeki satyn alynan harytlaryň atlaryny we bahalaryny her gün belleýär. 1887-nji ýylyň 12-nji sentýabyrynda, oalryň gyzy—gelejekki Nobel baýragynyň eýesi, Iren dogulýar, ana, şonda bir aýyň harjy 430 franka ýetipdir— bu Kýurileriň maşgalasy üçin örän köp çykdajy. Mariýa indi, hem gyzyny terbiýelemeli, hem adamsynyň aşyna-suwyna seretmel, hem hojalygyny alyp barmaly; şol bir wagtyň özünde-de ylym bilen meşgul bolmaly, okuwçy- talyplara ylym öwretmeli—Mariýaň ýekeje sekunt boş wagty ýok. Bilesigelijilik we synçylyk alymyň iň ýagşy sypatlarynyň biridir. Nemes alymy, Nobel baýragynyň eýesi, Wilgelm Rentgen X-şöhläni açandan soň, Mariýa we Pýer Kýurileriň ylym halypasy—Anri Bekkereliň 1896-njy ýyldaYlymlar Akademiýasynda çykyş eden habaryny—uranly magdanyň gara kagyza dolanan fotoplýonkany agardýanlygy we ol näbelli güýjüň nämedigini öwrenmelidigini nygtaýar. Hemme genial pikirleriň sada bolşy ýaly Pýer bilen Mariýaň teklibi hem ýönekeý: şöhle saçýan diňe uran däl, söhleli element başga-da bolmaly. Ol toriýniň hem şöhle goýberýändigini subut edýär. Bu ideýany olar alyp göterýär we ol hadysa radioişjeňlik diýip at dakýarlar. Olar 1998-nji ýylyň iýul aýynda, Ireniň “Gogli-go-go, gogli-go” diýip emedekläp ýören döwri “poloniý” elementini (Mariýaň ata watany—Polşanyň hatyrasyna dakylan at) dekabrda bolsa “radiýni” açýarlar. Şol ýyl Mariýa fizika ylymlarynyň doktorlyk dissertasiýasyny üstünlikli goraýar. Indi olar arassa radiýni bölüp çykarmagy maksat edinýärler. Ol döwürde aýna çykarýan zawodlar öz tehnologiýasynda uran magdanyny ulanýan ekenler. Pýer we Mariýa öz serişdelerine tonna-tonna uran magdanynyň zibilini sargaýarlar. Kýuriler şol bir wagtyň özünde hem alyma, hem inženere, hem gara işçä öwrülip, 1898-1902 ýyllar aralykda, köne saraýda gyşyň aňzagynda, tomusyň jöwzasynda sekiz tonna magdany iki bolup ellerinden geçirip, 225 atom agramly, bir desigram arassa radiýni bölüp çykarýarlar. Mariýanyň näzijek ellerinde oýuk-oýuk, mama keseli dişlän ýaly ýaralar peýda bolýar (şöhle keseliniň deride döreýän nusgasy). Gymmatbaha hazynany (şol döwürde bir gram radiýniň bahasy 750 000 frank) Mariýa ömri ötünçä gözüniň göreji ýaly saklar we öz laboratoriýasyna miras goýup gider. Är-aýal gije gyzlaryny ýatyryp, saraýa, “ogullaryny” —radiýni görmäge gidýärler. Olar uzak wagtlap buýsançlarynyň gögümtil şöhlesini seslerini çykarman synlap kuwwatlanansoňlar, gijäň ýarymynda öýlerine gaýdýarlar. Alymlar radiýni açyp, oňa mahsus bolan alfa, betta we gamma şöhleleriniň urandan iki million esse güýçlidigini subut edýärler we olara1903-nji ýylda Anri Bekkerel bilelikde, fizika ugry boýunça Nobel baýragy gowşurylýar. Alymlaryň at-owazasy dünýä ýaýraýar. Dünýä alymlary, inženerleri olardan radiýniň alynyp alyş tehnologiýasyny soraýarlar. Pýer we Mariýa Kýurileriň öňünde iki mesele durýar: 1) radiýniň magdandan bölünip alynyş tehnologiýasyny muzduny almazdan dünýä alymlaryna ýetirmek; we 2) radioişjeňlik ugrundan eden açyşlaryny hasaba aldyryp, patent almaly we pul gazanmaly—baýamaly. Alymlaryň ikisiniň hem niýetleriniň we pikirleriniň elmydama gabat gelensoň, olar telekeçilik meýili ylymyň däbine garşy gelýändigini ykrar edip, birinji ýoly saýlap alýarlar. 1903-nji ýylda “Dewi” medalyny gowşurmak üçin Beýik Britaniýanyň patyşa Ylymlar akademiýasy alymlary Londona çagyrýar. Resmi agşamlyk naharyna Mariýa edil öňküsi ýaly sada lybasly barýar, hatda onuň barmagynda nika ýüzügi hem ýok... Mariýa nahara gelen lordlaryň, perleriň aýallarynyň barmaklaryndaky, bileklerindäki we boýnlaryndaky asylan gymmatbaha daşlary synlap, ol daşlary pula öwürseň näçe ýüzlerçe sany laboratoriýa salyp boljagyny öz ýanyndan hasaplap, ol pullara ýüzlerçe laboratoriýa döredip boljaklygyny nahrdan soň ýuwaşlyk bilen Pýere gürrüň berýär. Gör, nähili baýlyga bolan iki gapma-garaýyşly garaýyş bar! 1904-njiý ylyň baharynda alymlara Nobel baýragynyň ýarysyny—70000 frank puly gelip gowuşýar (galan ýarysyny Anri Bekkerele gowşurdylar), baýragyň 2000-sini Warşawa—Bronýa (sanatoriý gurmak üçin), bir bölegini—Pýeriň doganyna iberýärler. Galanja pullaryna Polşaň garybrak talyplaryna paýlaýarlar, bir otagynyň oboýyny täzeleýärler, Pýer özüne kömekçi-laboranty işe alýar. ABŞ-yň alymlary Kýurileri leksiýa okamaga çagyrýarlar, we şobada leksiýanyň bahasyny soraýarlar, elebetde, olar ýüz öwürip haty jogapsyz goýýarlar. Mariýa on ýedi ýaşyndan bäri agyr zähmede uýgunlaşan, entek öňde birtopar işlere el degmän ýatyr, olar bolsa ýetişmezler öýdüp gorkýarlar. Habarçylar, galamgärler her gün gelip olaryň gymmatly wagtyny almaz ýaly olaryň hiç birini kabul edenoklar—iň bir sada eşiklerini geýip, welosipedlerine münüp, daşky obalaryň biriniň kiçeňräk myhmanhanasynda ýalan at bilen düşleýärler. Ýöne olaryň ikisine–de argynlyk aralaşýar—näbelli bir kesel mydama olary “yzarlap” ýör... Olar hiç ýere çykman agşamlaryna öýde bolýarlar; öý haladyny geýinip gazet-žurnallary okaýarlar; ýylda ýedi-sekiz sapar teatra ýa konserte gidýärler. Myhmançylyga gidenlerinde indi olar kaşaň bolmasa-da gowy geýinýärler. Indi olar öýüni gowy hilli mebelden bezediler. Mariýaň özi myhman çagyrmany örän gowy görýär: myhmanlar ýa-da Ireniň joralary gelmänkä, ýolda sowulyp, hökman ýokary hilli syr, buzgaýmak, hem-de öýüň hyzmatkär zenany üçin bir desse gül alar. Pýer, 1905-nji ýylyň 6-njy iýunynda Şwesiýanyň Ylumlar akademiýasynda eden çykyşynda, radiý garaniýetli adamlaryň eline düşse hyýanatly niýet bilen ulanylmagy mümkin diýýär. Şol sebäpli tebigatyň syryny açmak adamzat üçin peýdalymy? Ony (radiýni) diňe ýagşy niýet bilen ulanmaga adamzadyň paýhasy ýeterlikmi, ýa onuň öz akyly özüne duşman bolarmy?—diýen soraglary orta atýar. Şol ýyl Pýer Fransiýaň Ylymlar akademiýasynyň akademikligine saýlanýar, döwlet oňa býudžetden täze laboratoriýa gurmak üçin serişde goýberýär. Ýöne... Ýöne ol bagtly günler uzaga çekenok: 1906-njy ýylyň 19-njy aprelinde, Pýer, atly arabanyň astynda galyp wepat bolýar, Mariýa diňe dul galman, iň bir ýalňyz we betbagt adama öwrülýär... “Men entek ýaş we öz-özümi eklemäge gujur-gaýratym bar” diýip, Mariýa adamsynyň ölümi sebäpli berilýän kömekpuldan ýüz öwürýär. 1906-njy ýylyň 1-nji maýynda Fransiýanyň ýokary okuw jaýlarynyň taryhynda ilkinji zenan professor, Mariýa Kýuri-Sklodowskaýa adamsynyň ölüminden soň boşan kafedra müdir saýlanylýar. Mariýa Pýer bilen “söhbetdeşligini” kesenok. Ol gündeliklerinde Pýere täzelikler barada gyzlary—Iren we Ýewa barada gürrüň berýär; maslahat soraýar, onuň haty elmydama “Ezizim, Pýer!” sözler bilen başlanýar. Kafedra müdir bolup saýlananyny habar edýär: “Ynanmarsyň, meniň täze wezipämi gutlan birki sany pekge hem tapyldy...” diýýär. Başyna agyr we çylşyrymly külpet düşen Mariýa, durmuşyň ýowuz günlerini ýeňip geçmek “ýeňini çyzgap” aýgytly göreşe girýär. Onuň teklibi bilen Uniwersitetde zehinli çagalary okatmak üçin synp açylýar. Çagalar diňe sowat-bilim öwrenmän, laoratoriýada tejribeler geçirýärler. Her dersi bir professor okadýar, Mariýa hem çagalara fizika sapagyny öwredýär. Onuň sapak berişi-de özi ýaly sada: —Çagalar şu suw sowamaz ýaly näme etmeli? —diýip, agzyndan gyzgyn byg çykyp duran, gaýnag suwly gaby okuwçylaryň öňünde goýýar. Çagalalaryň: “Daşyny mata bilen örmeli”, diýýäni bar “Gyzgyn ýerde goýmaly”, diýýäni bar—garaz hersi bir hili jogap berýär. Mariýa gabyň gapagyny eline alyp: —Men-ä, ilki bilen gapagyny ýapardym—diýip, ýylgyrýar. Marýa diňe öz çagalarynyň saglygyny alada etmän, beýleki okuwçylaryň saglygyny berkitmek üçin köp tagalllary edýär: welosipedli syýahatlary gurnaýar, tomusda açyk howada suwa düşürýär. Özi hem sporta işjeň gatnaşyp, görelde görkezip, çagalarda sporta we bedenterbiýä bolan söýgilerini oýarýar. Mariýa “Pýer Kýuriniň işleri”, “Radioişjeňlik boýunça gollanma”, “Radioelementleriň tertipleşdirilen sanawy”, “ Radioişjeňlik hemişeliginiň (konstantasynyň) tablisasy” atly kitaplary çap edýär. Dünýäniň köp döwletleriniň hormatly professory ýa akademigi, meşhur alym Mariýa Kýurini öz ýurdunyň—Fransiýanyň Ylymlar akademiýasynyň 1911-nji ýylyň 23-nji ýanwaryndaky geçen mejlisinde akademiklige saýlamaýarlar. Konserwator pikirli we skeptik alymlaryň pikirine görä zenan-akademik entek görülip-eşidilen zat däldi. Şol ýylyň dekabrynda arassa radiýni bölüp alyp, onuň himiki häsiýetlerini açany üçin Mariýa ikinji gezek, bu sapar himiýa boýunça Nobel baýragy gowşurylýar. Mariýa Kýuri nobel leksiýasynda radiýniň we poloniýniň açylmagynda agramly işi Pýer Kýuriniň edenligini, we şu gezekki baýragyň gowşurylmagy beýik alym—Pýer Kýurä uly hormat goýuldygydyr diýip aýdýar. 1914-nji ýylyň iýulynda Radiý institutynyň täze binasy gurulyp, ulanylmaga berildi. Emma, bu şadyýan wakany awgust aýynda başlanan birinji jahan urşy bozýar—Germaniýa uruş yglan etmezden, Fransiýaň üstüne çozýar... Çuňňur watansöýüji Mariýa, ýene-de ellerini “çermemeli” bolýar. Bu gezek iki çagaň enesi, bir topar talyplaryň mugallymy, institutyň direktory hökmünde däl—zenan lybasly esger hökmünde. Mariýa uniwersitetde bar bolan hemme rentgen apparatlary fronta ugradýar, dünýäde ilkinji, tigirli hereket edýän, awtomobilde gurnalan rentgen kabinet döredýär. Ol maşyn tyldaky hemme gospitallara aýlanyp ýaraly esgerleri rentgenden geçirýär. Ol Watany üçin çekinmän-ýaýdanman baý adamlaryň “limuzinlerini”, “rols-roýslaryny”, “mersedeslerini” diläp alýar-da, rentgenmaşyna öwürip, gospitallara aýlanyp, hut özi surata düşürýär; lukmanlara-da öwredýär. Sürüji ýetmedik wagty maşyny özi sürýär, rentgen apparatlary özi gurnaýar; edil esger ýaly, elinde ýarag ýok diýäýmeseň: haçan mümkinçilik bolanda iýip-içýär we ýatyp-turýar, galan wagtyny mydama aýak üstünde geçirýär. Onuň düzen ýigrimi sany rentgenmaşynyndan we iki ýüze golaý stasionar rentgen kabinetlerinden milliondan gowrak ýaraly barlagdan geçýär. Gije gündiz hars urup ýörşüne çagalaryndan habar tutmaga wagt tapýar, ol hemdiňe böwrek sanjysy gozgan mahaly... Özi gelip bilmedik ýagdaýynda gyzlaryna mähirden doly hatlary yzygiderli iberip durýar. Alymyň gyzlary hem dek oturanok: ýa ýüň jorap-ellik örüp oturandyrlar, ýa-da esgerlere güpbi tikýändirler. Mariýa ikinji Watany—Fransiýany halas etmek üçin bar bolan altyn şaýlaryny, ikinji Nobel baýragyny tutuşlygyna döwlete geçirýär. Bank ondan ylym bilen baglanyşykly altyn medallaryny almakdan boýun towlaýar. Institutyň erkek göbeklisi urşa gidensoň, edarada Mariýaň ýeke özi galýar—ol hem direktor, hem laborant, hem garawul, hem bagban...hem-de ýükçi: ýeke özi garynja ýaly az-azdan köne laboratoriýanyň enjamlaryny, mebelini radiologiýa maşyny bilen Pýer Kýuri köçesinde ýerleşýän täze bina daşaýar. Gymmatba, hahas dogrusy bahasyz, Pýer bilen bileje arassalan ýekeje gramm radiýsi, gospitallardaky uzaga çeken, bitmesi kyn ýaralary bejermek üçin ugradýar. Lukmançylykda bejerginiň täze görnüşi —“kýuriterapiýa” peýda bolýar. Ganym uruş onuň saglygyny gowşatdy we ýylda ýigrimi müň fank hak alamagyna seretmezden, müflis goýdy... Haçan amerikan galamgäri we ýakyn joralarynyň biri, Meloni ariýadan ýüreginiň näme isleýänini soranda, “Tejribelerimi dowam etdirmek üçin birje gram radiý” diýýär. Gramy bir million franka baran radiýni almaga Mariýaň puly ýok. Meloni ABŞ-nyň kongressine ýüz tutýar. Haýal etmän ABŞ-nyň Prezidenti Garding öz eli bilen bir gram radiýni Mariýa sowgat berýär. 1932-nji ýylyň maý aýynda, Nariýa Kýuriniň tagallasy bilen Warşawada radiý institutynyň düýbi tutulýar. Ol Polşanyň Prezidenti, Stanislaw Woýsehowskiý bilen institutyň ilkinji kerpiji goýýarlar. Şonda Prezident: —Ýadyňyza düşýärmi, otuz ýyl mundan owal, Parižden Polşa dolananymda, siz maňa “ýolda gerek bolar” diýip ýassyk beripdiňiz? —Elbetde ýadymda. Ýöne Siz ony yzyna gaýtaryp bermedigiňizi hem hakydamdan çykaramok—diýip, keýpi kök Mariýa gülüp jogap berýär. Şol ýyl Fransiýanyň Lukmançylyk Ylymlar akademiýasynyň otuz bäş agzasy biragyzdan, Mariýa Kýuri-Sklodowskaýany lukmançylykda täze bejergini—radiýniň esasynda kýuriterapiýany açanlygy üçin akademiýanyň habarçy-agzalygyna saýlaýarlar. Bäş dili suwara bilýän Mariýa, kyrk ýylyň içinde ägirt uly tejribe toplaýar, ol radioişjeňlige degişli çap edilen edebiýatlaryň hemmesini okap çykýar. 1919-1934 ýyllar aralykda Mariýa we onuň işgärleri dissertasiýalar bilen bilelikde 483 ylmy işi çap edýärler, şolaryň diňe 31-si Mariýaň hut öz eli bilen ýazylandyr. Şol on bäş ýylyň içnde Radiý institutynda 8319 rakly näsag keselini bejerdýär. Mariýa daşary ýurtdan öýüne gelen badyna, ejesiniň meşhur sakwoýažyny kiçi gyzy Ýewa “dörüp”, gözden geçirýär. Onuň içinden gyzlaryna hökman üýtgeşik sowgat, hormatly doktorlygyň bir topar diplomlary we medallary, hem-de Mariýaň özi üçin iň gerekli zat—resmi nahara çagyrylyşyň naharlarynyň sanawy ýazylan gaty kagyz (Onuň arka ýüzüne matematika we fizika hasaplamalary ýazmak örän amatly bolýar hem ýyrtylanok). Uly gyzy Iren bolsa ýakynda zehinli fizik Frederik Žolio bilen durmuş gurupdylar. Gyzynyň we körekeniniň emeli radioişjeňliň usuly bilen himiýada täze radioelementleriň—izotoplaryň üstünde üstünlikli işläp ýörenlerine Mariýa daşyndan guwanýardy. (Frederik Žolio Kýuri bilen Iren Žolio Kýyrä “täze radioişjeň elementleri sintez edenlikleri üçin” 1935-nji ýylda, himiýa ugry boýunça Nobel baýragy gowşurylar). Mariýaň ählije hususy baýlygyna üç ýüz frankdan kän bermezdiler. “Öňüm gelenden soňum gelsin” diýilişi ýaly, Fransiýa döwleti, soň gyzlaryna miras galmak şerti bilen, Mariýa her ýyl kyrk müň frank pensiýa kesgitleýär. Mariýa ol pullary gül ekmek üçin, agaç oturtmak üçin, willalar gurmak üçin gysganman harçlaýar. Näbelli millioner, Radiý institutyna üç million dört ýüz müň frank pul geçirýär; Fransiýa hökümeti döwlet býudžetinden her ýyl bäş ýüz müň frank pul geçirmek barada perman çykarýar; magdan edarasy bolsa institut üçin on gram arassa radiýni sowgat berýär. Ol on gramm onlarça müň näsagyň keselinden saplanmagyna ýardam eder! Köpmiletli talyplaryň arasynda hökman bir ýa iki polýak bar. Ol talyp okuw bilen baglanyşykly hemme çykdajylarynyň harajadyny Mariýaň ýapýandygyny hiç haçan bilmez. Elbetde, Mariýa çagalaryna terbiýe bemekde wagty çäkli bolan hem bolsa, gysga pursatlarda gyzlar ýokary ynsanperwerlige ýugrylan käbeleriniň ehsilmez mähriniň şöhlesinden artykmajy bilen doýdylar. Ol öz şägirt gyz-gelinlerine öwüt berende özniňki ýaly agyr zähmetli durmuşy başdan geçirmegiň zerurlygynyň ýoklugyny aýdýarwe olara sada we bagtly maşgala durmuşyny hem-de gyzykly hünär arzuw edýär. Mariýa hiç haçan galamgärlere, habarçylara öz şahsy durmuşyny mahabatlap gürrüň beren zenan däl, edil şol manyly hatlara-da jogap hatyny ýazan däldir. Meşhur fizik, Albert Eýnşteýn: “Mariýa Kýuri— şöhratyň pidasy bolmadyk ýeke-täk şahsyýetdir” aýdypdyr. Beýik alym, ilkinji ylym söýgüsi bolan Radiýniň ilkinji pidasy boldy—kyrk ýyllap göze görünmeýän ionlaşdyrýan, söýgüli şöhlesiniň, saglygyna öwezini dolup bolmajak zeper ýetireninden bihabar Mariýa Kýuri-Sklodowskaýa, 1934-nji ýylyň 4-nji iýulynda “aplastik ganazlyk” keselinden ýogalýar. Mariýa Kýuriniň ejir çeken keseline şu döwrüň lukmanlary “Dowamly şöhle keseli” diýip atlandyrýarlar. Makala üçin maglumatlar Mariýa Kýuriň gyzy - Ýewa Kýuriň “Mariýa Kýuri” atly kitabyndan («Е.Кюри «Мария кюри»», Атомиздат, Москва, 1976) we Internetden alyndy. Kakajan BALKANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 8 | |||||||
| |||||||