09:57 Kalby ýazly, ylhamy daşgynly şahyr Gurbanýaz Daşgynowy ýatlap | |
KALBY ÝAZLY, YLHAMY DAŞGYNLY ŞAHYR GURBANÝAZ DAŞGYNOWY ÝATLAP
Ýatlamalar
Şu gün — şahyr Gurbanýaz Daşgynowyň doglan güni. Gurbanýaz Daşgynow 1948-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Gyzyl Baýdak» geňeşliginde dünýä indi. Bu gün — meniň doglan günüm, Özümden özge bilmedi. «Ýaşyň gutly bolsun!» diýip, Gapydan hiç kim gelmedi. «Men ýeke däl» diýip ýördüm, Emma ýalňyz, täk ýaly men. Men özüme «bar» diýp ýördüm, Bu ýalňyş dek, ýok ýaly men. Belki-de men bu gün däl-de, Başga bir gün doglandyryn, Belki-de ýatlajak üçin Diri däl, «ýogalandyryn». Şonuň haýsy bolanda-da, Parhy ýok, däl aladama, Ýöne meni kim ýatlasa, Ýatlasady elmydama. Ol heniz alty ýaşyndaka ejesi aradan çykýar. Bu bolsa onuň döredijilik bilen meşgullanmagynyň ilkinji sebäbi bolýar: Mundan ýarym asyr owal, gözlerimden «uçan» ýogsa, alty ýaşdan arzuwym şol — aýdyp ýörün: «Ejeň bolsa...». Çeper döredijilige mekdep okuwçysyka gazet-žurnallara habar ýazmakdan başlan ýaşajyk Gurbanýaz «Görogly», «Şasenem — Garyp», «Zöhre — Tahyr», «Leýli — Mežnun», «Babaröwşen» ýaly eposdyr dessanlary, ýurdumyzyň şol döwürdäki belli ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerini ürç edip okaýan eken. Şahyryň şahyr inisi, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Öre Daşgynow öz agasynyň terjimehaly barada şeýle gürrüň berdi: — Ol 1966-njy ýylda orta mekdebi gutaran badyna Aşgabat şäherinde gurluşyk işlerinde zähmet çekdi. 1967 — 1970-nji ýyllarda Aşgabadyň A.Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde okady. 1970-nji ýyldan 1972-nji ýyla çenli «Edebiýat we sungat» gazetinde işledi. Soňra Büzmeýin etrabyndaky Gökje obasynyň A.Alamyşow adyndaky 7-nji orta mekdebine işe çagyryldy. Bu ýerde biraz wagtlyk işlänsoň, ol dürli ýyllarda «Tokmak», «Garagum» (öňki ady «Sowet edebiýaty») žurnallarynyň redaksiýalarynda korrektor, žurnalyň goýberilişine jogapkär, edebi işgär bolup zähmet çekdi. Ol işiniň daşyndan 1971-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetiniň agşamky bölümine okuwa girip, ony 1977-nji ýylda gutardy. Agam soňky ýyllarda «Magaryf» neşirýatynda redaktor, Türkmenistanyň Metbugat komitetinde baş hünärmen, «Garagum» žurnalynyň redaksiýasynda jogapkär kätip, «Türkmenistan» neşirýatynda baş redaktor bolup zähmet çekdi. Ol 1998-nji ýylyň iýul aýyndan 2009-njy ýyla çenli «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary wezipesinde, ömrüniň soňky ýyllarynda «Diýar» žurnalynda işledi. 1977-nji ýylda G.Daşgynowyň «Ýürekdäki ýazgylar» atly ilkinji goşgular ýygyndysy «Türkmenistan» gazetinde çap edilipdi. 1978-nji ýylda meşhur şahyrlar Kerim Gurbannepesowyň, Berdinazar Hudaýnazarowyň, Sapar Öräýewiň, Halyl Kulyýewiň hödürnamalary esasynda ol Ýazyjylar guramasynyň agzalygyna kabul edildi. Şahyryň 1983-nji ýylda «Sözle, sözüň ýaýylsyn...», 1984-nji ýylda «Derdi-hal aýdyşaly», 1987-nji ýylda «Gülhana», 1992-nji ýylda «Nesibe», 1996-nji ýylda «Tagzym», 1993-nji ýylda «Prezidentim, Sizi juda söýýärin!», 1998-nji ýylda «Köňül kelamy» atly 10-a golaý goşgular ýygyndysy yzygiderli çap edildi. Gurbanýaz Daşgynow çagalar üçin hem ençeme eserleri döretdi. Onuň 1979-njy ýylda «Säher», 1985-nji ýylda «Altyn ganatly guw» ady bilen goşgulardan, matallardan, ertekilerden ybarat kitapçalary körpe okyjylara gowuşdy. Ýazyjy G.Daşgynow kyssa meýdanynda hem öz güýjüni synaýar, onuň «Öweý ene» (1981), «Şir wepasy» (1986), «Gamçy» (1991), «Ýüz ýigrimi gün» (1991) atly powestleri neşir edildi. Öz döwründe uly meşhurlyk gazanan bu kitaplar häli-häzirem okyjylarda uly gyzyklanma döredýär. Kerim Gurbannepesow Gurbanýaz aganyň halypasy eken. Gurbanýaz aga Kerim şahyr bilen ilkinji gezek «Gökdere» dynç alyş merkezinde tanşypdyr. Şahyryň ýegre dosty, ýazyjy Toýly Öwezow bu barada gürrüň berdi: — Gurbanýaz Gökderä baranda bir gün uly ýoldan geçip bilmän kösenip duran kör adamy görüpdir. Ýuka ýürekli şahyr ýigit tä ol ýerden gaýdýança batyl ýaşulynyň ýanynda gezipdir. Şol wagtlar tanymal şahyr Kerim Gurbannepesow hem dynç almaga baran eken. Ýaş, zehinli Gurbanýaz Kerim agany tanap, onuň ýanyna salamlaşmaga barýar. Özüniň döredijilik bilen meşgullanýandygyny aýdýar. Sorap-ideşenlerinden soňra, Kerim aga: «Ençe wagtdan bäri sizi bile görýän welin, bu ýaşuly kakaňmy?» diýip soranda, Gurbanýaz Daşgynow ýagdaýy bolşy-bolşy ýaly düşündirýär. Şondan soň Kerim agaň ýaş zehinli we ak ýürekli, geljekki şahyr ýigitde syny oturýar we ony şägirtlige kabul edýär. Bilmän ýörkäm nämedigin köp zadyň, Şemal ýaly çar tarapdan ösýädim. Bagtym çüwüp, gabat geldi ussadym, Ussadymyň synagynda galaýyn. Şahyr Gurbanýaz Daşgynow halypasy barada şeýle ýazgylary hem galdyrypdyr: — Kerim aga hakdaky gürrüň poeziýa hakdaky gürrüňdir. Gözellik hem mukaddeslik hakdaky söhbetdir. Durmuşda, döredijilikde Kerim aga bilen gatnaşygym ata-ogluň gatnaşygy ýalydy. Men ondan gaty kän zat öwrendim, indi görýän welin, öwrenmedik zatlarym has kän ekeni. Türkmen halky özüniň uly şahyry — Kerim aga bilen hemişelik hoşlaşýarka, onuň «Ömrüň manysy» diýen ajaýyp goşgusynyň şu bendi gaýta-gaýta dilime geldi: Bir gün ýalňyz galýar, adam diýen zat: Onsoň abraý bilen jaýlaşan gerek, Ygtyýar bermersiň aglaşmak üçin, Ýene biygtyýar aglaşan gerek. Ýyllar we ýollar halypa-şägirdi bir-birine juda ysnyşdyrypdyr. Hatda ol aradan çykmazyndan ozal Kerim şahyr düýşüne giripdir. Bu barada onuň aýaly, iki ogul, bir gyzyň enesi Arazgül gelneje şeýle gürrüň berdi: — Ol: «Aratjan, düýşümde halypam belent dagyň üstünde duran eken. Ol meni öz ýanyna ýöne çagyrdy durdy» diýdi. Aýatda ýok adam ýanyna çagyrsa, düýş görýän adamam şol tarapa gitse, gowulyga ýorlanok. Men derhal Gurbanýazdan: «Onsoň, sen gitdiňmi?» diýdim. Ol başyny aşak goýberdi-de, dymdy. Ýüregim jyzlap gitdi. Näme düýşdür-dä diýip, öz-özüme göwünlik berdim. Ýöne Gurbanýaz şol aýyň ahyryna, 6 günläp hassahanada agyr ýatdy we 2011-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda aradan çykdy. Indi-indi pikirlenýän, ol düýşünde halypasynyň ýanyna giden bolmaly, şol gün meni ynja goýmazlyk üçin aýdan däldir. Sebäbi Gurbanýaz meniň dünýämiň ýazydy. Onuň bilen hiç haçan tersleşibem görmedim. Gaharlanan wagtymam ýekeje owadan söz bilen göwnümi alardy. Ol maşgalanyň gadryna ýetýän, beýik adamdy. G.Daşgynow ömrüniň soňkuja ýyllarynda-da kitap ýazmak bilen meşgullanýar. Ol öz täze goşgular ýygyndysyna «Mähribanlyk mukamlary» diýip at goýupdyr. Şahyr entek çap etdirip ýetişmedik kitabynyň içinde 600-e golaý goşgularyny ýerleşdirýär. Gurbanýaz aganyň öýi tutuşlygyna kitaphana ýaly. Bosagadan başlap, otaglaryň törüne çenli tekjelerde rejelenip goýlan kitaplar ruhuňy göterýär. Onuň şahsy kitaphanasynyň esasy gymmatlygy G.Ezizow, K.Gurbannepesow, B.Hudaýnazarow, A.Şirow, B.Seýtäkow, Sapar Öräýew, Halyl Kulyýew we beýleki tanymal ýazyjy-şahyrlarymyz hakyndaky ýatlamalar ýazylan surat albomydyr. Şahyr öz halypalary, deň-duş galamdaşlary barada edebi portretleri, ýatlamalary kän ýazypdyr. Bu babatda onuň halypasy, şahyr Kerim Gurbannepesow baradaky «Şirin tilli ussadym...» atly kitaby aýratyn bellenmäge mynasyp. Şahyryň Beki Seýtäkow, Berdinazar Hudaýnazarow, Mämmet Seýidow, Sapar Öräýew, Hudaýberdi Diwangulyýew, Agageldi Allanazarow, Atamyrat Atabaýew, Ogultäç Orazberdiýewa, Bibi Orazdurdyýewa ýaly ýazyjy-şahyrlar hakyndaky edebi ýazgylary okyjylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. G.Daşgynow şygryýetiň çeper terjimesi bilenem çynlakaý iş salyşýar. Onuň terjime etmeginde belli rus şahyry F.Týutçewiň «Mähriban toprak barada goşgular», ukrain şahyry Pawlo Mowçanyň «Garaýyş» atly kitaplary neşir edildi. Şahyryň terjimeçilik ussatlygy bilen rus şahyrlary A.Blogyň, A.Ahmatowanyň, N.Starşinowyň, R.Roždestwenskiniň, W.Kazansewiň, W.Şabanowyň, ýapon şahyry Isikawa Takubokiniň, özbek şahyrlary E.Wahydowyň, A.Arypowyň, M.Muradowanyň, gazak şahyrlary M.Makataýewiň, F.Oňgarsynowanyň, K.Myrzalewiň, K.Baýanbaýewiň eserleri türkmen diline terjime edildi. Şeýle-de G.Daşgynow garagalpak şahyry M.Seýitnyýazowyň, moldowan şahyry N.Dabijanyň, belarus şahyry N.Gilewiçiň goşgularyny türkmen okyjylaryna ýetirmekde uly ýardam berdi. Onuň aladasy bilen gazak halkynyň çagalar edebiýaty kitabynyň bir tomlugy «Sähradaky yzlar» ady bilen türkmen dilinde çap edildi. Dürli ýygyndylarda şahyryň öz goşgularynyň hem terjime edilip, rus, ukrain, belarus, moldowan, litwa okyjylaryna ýetirilendigini bellemek gerek. Garaşsyzlyk ýyllarynda şahyryň goşgular ýygyndysy «Türkmen poeziýasynyň antologiýasynda» ady bilen Türkiýede, «Öweý ene» powesti Eýran Yslam Respublikasynda pars dilinde aýratyn kitap bolup neşir edildi. Şahyr Gurbanýaz Daşgynowyň ene mukaddesligi barada ýazan täsirli goşgulary häli-häzirem dillerden düşmän gelýär: Ejeň bolsa Bagt diýlen zadyň barlygy, Owal-ahyrda çyn bolsa, Bilgin bagtyň daş ýardygy, Bu dünýäde ejeň bolsa. Oglan wagtyň bir deň-duşuň, Oýunjagyn güjeňlese, «Mende ýok» diýip çytma gaşyň, Alyp berer ejeň bolsa. Toýuňda-da, ýasyňda-da, Jan köýerleriň jem bolsa, Şolaryň arasynda-da, Nähili bagt ejeň bolsa. Aladalar hemmä ýeter, käte ýüzüňde çaň bolsa, Öz-özi süpürler gider, Ýanyna bar ejeň bolsa. Birden çaý içip otyrkaň, Käsäňde «boýçy» çommalsa, Başgalara garaşma kän, Gapydadyr ejeň bolsa. Diliňdekä «Şükür», «Tobaň», işiň ilerläp, oň bolsa, Razydyr senden käbäň, Barlap göräý ejeň bolsa. Intizar göz bilen garar, Ýola şaýyň ykjamlansa, Bilýänin öwreder, sargar, Ojagyňda ejeň bolsa. Garaşmaga başlar onsoň, girer-çykar ynjalmasa, Geleniňde hemmeden öň, Gujak gerer ejeň bolsa. Dünýäleriň doludyr-la, ulam bolsaň, kiçem bolsaň, Ýürejigiň suwludyr-la, Gapdalyňda ejeň bolsa. Şahyr 1989-njy ýylda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna, 1996-njy ýylda Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň Mollanepes adyndaky edebi baýragyna mynasyp boldy. Türkmen edebiýatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin Gurbanýaz Daşgynow 1996-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň bäş ýyllygy mynasybetli «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy. 2003-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ejeligime Ýatsam-tursam göz öňüne gelip dur, Meniň üçin çeken ähli azabyň. Ine, şeýdip çekdirip ýör jahyllyk Saňa beren azarymyň azaryn. ...Bize geldiň, üýtgäp gitdi dünýämiz, Öýmüz öýe meňzemäge başlady. Nämüçindir, şoňa çenli öýmüzem Illeň öýüne meňzemezdi, başgady. Ýöne neçün saňa «öweý» diýdiler, Maňa-da arkamdan diýdiler «ýetim?» Bilmezdim... Bilýänem sen geleňden soň, Garnym dok bolupdy, eşigim bitin. Şonda-da, men bilemokdym gadyryň, «Ä-ä» diýerdim her buýrulan ýumuşa... Neneň dözdüň dözülmesiz betlige? Neneň çydap gezdiň beýle durmuşa? Näme üçindir, menden nalamandyň sen, Hamana, betligim bilmeýän ýaly. Meniň «ä-ä-lermi» diňlemändiň sen, Edil gara ýeri diňleýän ýaly. ...Gezelenje öýe bardym arada. Eje, birden bolupsyň-la, bir gysym? Ulalmagym üçin kiçelen bolsaň, Onda ogluň nädip üzer bergisin?! © Ogulnur PIRJIKOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |