19:42 Kapasa / hekaýa | |
KAPASA
Hekaýalar
Güýziň hoştap günleriniň birinde çagalarym elli bäş ýaşymy baýram edip belleýärdiler. Şatlykly waka mynasybetli saçagymyz giňden ýazylyp, üsti nazy-nygmatlar bilen bezeldi. Uzak-ýakyndan gelen dost-ýarlarym, tanyşlarym gezekli-gezegine mähirli gutlaglaryny, ýürek arzuwlaryny aýtdylar. Myhmanlaryň maňa gowşurýan peşgeşleri olaryň aglabasynyň meniň häsiýetime, gowy görýän zatlaryma beletliginden habar berýärdi. Obadan gelen dostum Sähetmyrat meniň göwnüme ýakjak zady hasam anyk bilýän ekeni. Onuň maňa gowşuran peşgeşi ussanyň simden haşamlap ýasan kapasasy bolup, içinde çöl käkiliginiň ese-boýa galyp başlan jüýjeleriniň üçüsi bardy. Kinniwanja kapasany eýwanda, it-pişigiň baryp bilmejek ýerinde asyp goýdym. Şol ýerde ulalan käkilikler ilkinji nagmalaryny kakyp başlanda güýzüň çigregi duýulýardy. Käkilik saýran wagty kalbyňa ýumşaklyk aralaşyp, beýniň durlanyp gidýär. Käkiligiň owazyna muşdakdygyma belet dostum Sähetmyratbu peşgeşi gowşuranda meniň öz küýseýän nagmalarymy ine-gana diňläp, göwün solpusyndan çykmagymy arzuw edipdi. Emma kapasdaky käkilikleriň owazyna ilkibada şatlyk bilen gulak tutsamam, olaryň nagmasyndan öňki alýan lezzetimi duýmaýandygyma basym göz ýetirdim. Ýa-ha indi bu bendi guşlaryň aýdymlaryna hijran nalyşynyň äheňi gatylypdy, ýa-da beýle bolmanynda-da ol kapasadaky natuwanlaryň owazyny meniň kalp gulagym hemişekisi ýaly keýpihon kabul edip bilenokdy, garaz, meniň bu gezek käkilik owazyny diňläp hezilim bolmady. Gaýtam, olar saýraýarka, eýwanda eglenmän, içeri girenimi kem görmedim. Dostumyň sowgady indi meniň üçin müşgile öwrüldi. Elbetde, olam, menem beýle bolar öýtmändik. Tylla güýz paslynyň paýawlanyp barýan günleriniň birinde ir säher çagy bu meseläniň kalbyma besläp ýören çözgüdini amal etdim. Heniz guş-gumrylar oýanmanka haşamly kapasany alyp, deňiz kenaryna gitdim. Ol ýerdäki selmelik, ýowşanlyk meýdana baryp, aýak çekdim. Elimdäki kapasany emaý bilen ýerde goýup, gapysyny acmagyma mähetdel käkilikler çar tarapa pytrap gitdiler. Beýle säher bir söý bilen tebigatyň bu ajaýyp goýnuna gelibem, işiňi bitirip, dessine yzyňa dönüp gaýdybermeli säher däldi.Bir ýandan deňziň üstünden gelýän mymyk şemal, beýleki tarapdan adyrsow boz meýdanyň ot-çöpleriniň ysy garyşyp, gursagyňa tenekar bolup dolýardy. Bir salym gerinjiräp-gezmeläp, öýe gaýtmaga hyýallanýarkam, golaýdan tanyş owazlar eşidilip başlady. Erkinlige çykan käkilikler kiçiräk bir tümmegiň üstünde oturyp, maňa garap hoş owazlary bilen şirinden-şirin saýraýardylar. Şeýda kalbym olaryň sesinde käkilik owazynyň hemişeki şirinligini şindi birkemsiz duýýardy. Üstesine-de ol nagmalarda, göwnüme bolmasa, bu nurana säherde erkanalyga gowşan guşlaryň özüme bolan minnetdarlygy eşidýän ýaly,öýe sary göwnühoşlyk bilen gadam urýarkam, elimdäki haşamly kapasa içi boş hallan atýardy. Söwer dostumyň toý sowgady bolan ol kapasa, elbetde, öýümde aýawly saklanar. Ýöne indi onuň mydama içi boş durjaklygyna welin şu wagt gaty berk ynamym bardy. | |
|
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |