02:10 Keç ykbally teke gyzy | |
KEÇ YKBALLY TEKE GYZY
Zenan şahsyýetler
Indi telim ýyllaryň içidir, türkmen metbugatynda bir täsin ömür hakda-häli-şindi ýazylyp gelinýär. Altmyşynjy ýyllaryň başlaryndan bäri ol ykbal hakda alymlarymyz Nedir Kulyýew, Tagan Berdiýew, Aman Ylýasow, Myrat Annanepesow, Seýit Garryýew, Täşli Hydyrow we beýlekiler ençeme makala ýazyp, okyjylara hödürlediler. Türkmeniň uly ýazyjysy Ata Atajanow bolsa oňa ýörite romanyny bagyşlady. Roman «Teke gyzy Tatýana» diýip atlandyryldy. Halkymyzyň Hatyra gününi belleýän şu pursatynda bolsa beýik merhemetli teke gyzy – Tatýana Tekinskaýany ýatlamazlyk asla mümkin däl. Has düşnükli bolar ýaly, onuň terjimehaly barada birki agyz söz. 1881-nji ylyň 12-nji ýanwarynda patyşa goşunlary tarapyndan Gökdepe galasy syndyrylýar. Halk agyr gyrgynçylyga sezewar edilipdir. Galanyň içinde galan ýaşajyk gyzjagaz general Skobelewiň tabşyrygy boýunça Orsýete ugradylýar. Ol gyzjagazy Tatýana diýip atlandyrýarlar. Has Tatýana Mihaýlowna Tekinskaýa. Tatýana adynyň dakylmagy, çünki şol gün 12-nji ýanwar güni ruslaryň Tatýana gününe gabat gelýär. Mihaýlowna bolsa general Skobelewiň ady bilen baglanyşyklydyr. Tatýana Mihaýlowna Tekinskaýa (başky äriniň familiýasy boýunça Skworsowa) asyryň başlarynda Zakaspi oblastyna gelýär. Türkmenler ony Artykgül diýip atlandyrypdyrlar. Onuň ömrüniň soňky ýyllarynyň neneň-niçiksi ýagdaýda geçendigi dogrusynda biziň elimize düşen maglumatlarda şeýle habar berilýär. 1915-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Kiýewiň gubernatory Zakaspi oblastynyň naçalnigine iberen telegrammasynda 1914-nji ýyla çenli Orta Aziýa demir ýolunyň Artyk stansiýasynda ýaşan Tatýana Mihaýlowna Tekinskaýanyň ahlak häsiýetleri we syýasy ynamdarlygydogrusynda maglumat ibermegi towakga edipdir. Zakaspi oblastynyň naçalnigi öz gezeginde şeýle haýyş bilen Türküstan raýon bölüminiň naçalhigine ýüz tutupdyr. «Tatýana Mihaýlowna Tekinskaýa Han Ýomudskiý hem-de mugallymlar Gasan Efendiýew, Muhammetguly Atabaýew bilen dostluk gatnaşykda bolan, Han Ýomudskiý ikisiniň hatlary ohrana tarapyndan gözegçilige alnan. Tekinskaýa hem Ýomudskiniň täsiri bilen Zakaspi oblastynda ýaşamak bilen, ruslaryň özüni türkmenleriň arasyndan äkidip, bütin durmuşyny bozandyklary dogrusynda häli-şindi nalapdyr. Haçanda senator graf Palen tarapyndan Zakaspi oblasty barlananda ýerli häkimiýete garşy türkmenleriň arasynda wagyz geçiripdir. Türküstan raýon ohrana bölüminiň naçalnigi, polkownik, 1915‑nji ýylyň 17-nji fewraly, Daşkent şäheri». Arada filosofiýa ylymlarynyň doktory Nedir Kulyýew bilen söhbetdeş bolanymyzda gürrüňimiziň bir ujy Artykgül Tekinskaýa degdi. Şonda men onuň bilen baglanyşykly sowaly orta atdym. Alym sowalyň jogabyny ap-aňsat etdi oturyberdi. Nedir Kulyýew mundan otuz iki ýyl öň Artykgülüň ykbaly bilen gyzyklanan eken. Onuň şahsy arhiwinde indi otuz iki ýyldan bäri bu ömür bilen baglanyşykly gaty gymmatly dokument saklanyp gelipdir. Men alymyň razylyk bermegi bilen ony ilkinji gezek okyjylaryň dykgatyna hödürlemegi makul bildim. «Leningrad ş. …Biz Siziň ýazan hatyňyzy aldyk. Ýöne munuň ýaly edaralar bilen hat alyşmanymyzdan soň geňirgenmänem durmadyk. Sizi Artykgül Tekinskaýa gyzyklandyrýar. Men Size kakamyň aýdyşy ýaly ýazýaryn. Çünki ol kakamyň durmuşdaky iň golaý adamy bolupdyr… Kakam Artykgül Tekinskaýanyň doglan ýylyny bilenok. Ýöne onuň Gökdepede doglandygyny anyk bilýär. Şeýle bolupdyr: 1881- nji ýylda general Skobelew tarapyndan baştutanlyk edilen rus goşuny Gökdepäni basyp alypdyr. Diri galan adamlar galany taşlap, guma siňipdirler. Gala basylyp alnanda harabalykdan 5 sany çagajygy tapypdyrlar. Olaryň hemmesem gyz eken. General Skobelew türkmenleri basyp alandan soň, şo bäş gyzy Moskwa iberipdir. Olar şo döwrüň generallarynyň arasynda paýlanypdyr. Artykgül Tekinskaýa bolsa Skobelewiň özi tarapyndan hossdarlyga alnypdyr. Ol Moskwada Elizaweta institutynda okapdyr. Instituty tamamlandan soň Harkowa işe iberilipdir. Şo ýerde mugallymçylyk edipdir. Mugallym bolup işleýän wagty ol Kuznesowyň fabriginde işleýän bir inžener bilen tanyşýar (kakam ol inženeriň familiýasyny bilenok), oňa durmuşa çykýar. Artykgül birnäçe wagtlap onyň bilen ýaşaşandan soň maşgalasyny taşlap, öz dogduk ýurduna gaýtmaga mejbur bolýar. Çünki onuň adamsy içegen eken, özem ony günde- günaşa urup, kemsidipdir. Başga aýallar bilen gezipdir. Ol Aşgabada gelip, gimnaziýada fransuz, iňlis we nemes dillerinden sapak beripdir. Aşgabatda ýaşaýarka, ol Aşgabat uezdiniň naçalniginiň dilmajy Annamyrat Gurbanowa durmuşa çykýar. Bu gezegem onuň nikasy şowsuz bolupdyr. Onuň adamsy oňa känbir esewan etmändir… şonuň üçinem ol onuň bilen ýaşaşmaýar. Olardan bir gyz bolupdyr. Häzir ol Ýaltada ylmy işgär bolmaly. Haýsy ylmy edarada işleýändigini häzir Aşgabatda ýaşaýan Annagül Tekinskaýa bu hakda doly bilýär. Ol Döwlet filarmoniýasynda işleýär. Köp wagt geçmänkä ol Artyga göçýär. Ol şo ýerde mekdep açyp, özem mugallymçylyk edýär. Ol örän eserdeň we hoşgylaw aýal bolupdyr. Köne rejime garşy göreşipdir, garyplaryň çagalaryny mekdebe çekipdir. Şo döwürde-de meniň kakam onuň bilen tanşypdyr. 1913-nji ýylda bolsa olar durmuş gurýarlar. Emma tiz wagtdan kakamy tussag edýärler. Kakam türmede bir aý ýatýar. Şo döwrüň içinde Artykgül Tekinskaýa Ukrainanyň Kamenskaýa stansiýasynda ýaşaýan Olga Aleksandrowa (ol general Skobelewiň aýalynyň jorasy) hat ýazyp, hemaýat soraýar. Kakamy türmeden boşadýarlar we tiz wagtdan Ýorçiho obasyna işe bellenendigi hakda oňa çakylyk telegrammasy gelýär. Olar 1914-nji ýylda şol oba göçüp barýarlar. Ol bu ýerde mekdep müdiri bolup işläpdir. Ukrainada olaryň bir gyzy we bir ogly bolýar. Gyzy Annagül Tekinskaýa häzir Aşgabat şäherinde ýaşaýar we Döwlet filarmoniýasynda işleýar. Ogly Saşa Tekinskiý Watançylyk urşunda wepat bolupdyr. 1917-nji ýylda maşgala geňeşinde Watana gaýtmak kararyna gelinýär. Çünki şo wagtlar Ukrainada ýaşamak agyr düşüpdir. Kakam gaýdyp, gowy ýerleşenden soň, maşgalasynyň yzyndan gelmeli eken. Kakam gaýdýar, şo wagtlaram Russiýada rewolýusiýa başlanýar. Olar uzak wagtlap birek-birek bilen hat aragatnaşygyny ýola goýup bilmändirler. Ahyrsoňy olar birek-biregi tapýarlar. Ol kakama hat ýazyp, özüniň watana barjakdygynyň gümanadygyny, durmuşy özüçe gurubermelidigini we özüne garaşmaly däldigini habar berýär. Onuň hatyndan soň kakam Kseniýa Pawlowna (gyzlyk familiýasy Lýubina) öýlenipdir. Ukrainada ýaşamak barha agyrlaşýar. Has takygy, ol öz çagalary bilen ýarym aç, ýarym ýalaňaç ýagdaýda ýaşapdyr. Şonuň üçinem ol çagalarynam alyp, watana gaýdýar. Özüniň barýandygy hakda öňünden hat ýazmandyr. Diňe Krasnowodskä gelende kakama telegramma iberipdir. Kakam öz täze aýaly bilen ony garşylapdyr. Bu ýerde bir ýyl ýaşandan soň, çagalaryny goýup işe ýerleşmek üçin Aşgabada gaýdýar. Aşgabatdaky işlerini birýüzli edensoň, ol çagalaryny alyp gaýtmak üçin Artyga gelýär. Şo ýerde-de köriçege bolýar. Kakam ony haýdan-haý Aşgabada äkidýär. Keselhanada ýerleşdirip, yzyna gaýdýar. Birnäçe günden soň kakam onuň halyndan habar almak üçin Aşgabada ýola düşmekçi bolanda, Artykgül Tekinskaýanyň ýogalandyygy hakyndaky habary eşidipdir. Kakam ony jaýlamaga gatnaşyp bilmändir, çünki ol bu ajy habara aýňalyp bilmändir. 1925-nji ýylyň ahyrlarynda onuň çagalaryny çagalar öýüne ýerleşdiripdirler. Kakam bilen ejem häli-şindi olaryň halyndan habar alyp durupdyrlar. Kakamyň terjimehaly şeýleräk: 1889-njy ýylda doglan, Türkmen, partiýada däl, sowady az. Aşgabatda doglan, soň ata-enesi Gökdepede, Artykda ýaşap, daýhançylyk edipdirler. Zähmet işine 1913-nji ýylda başlapdyr. Häzir bolsa hormatly dynç alyşda. Ol soňky aýalyndan bolan gyzy Artykjemal Týulenowanyň öýünde ýaşaýar. Salam we hormat bilen Artykjemal Týulenowa. 5.02.60 ý". Artykjemalyň kakasy Orazgeldi Çekijowyň soňky ykbaly bize belli däl. Onuň Artykgül Tekinskaýa bilen 1913-nji ýylda durmuş gurandygy, olardan bir gyz bilen bir oglanyň bolandygy bize mälim. Ýetmişinji ýyllaryň ahyrlarynda men Artykgül Tekinskaýanyň ykbaly bilen gyzyklandym. Şonda Türkmenistanyň görnükli alymy Mämmetdurdy Annagurdow bu hakda F.L.Fomkin bilen söhbetdeş bolmalydygyny maslahat beripdi. Flor Leontýewiç türkmençäni suwara bilýän adam eken. Asyl ol Artykda, Tekinskaýanyň elinde okasa nätjek! Şonda men ilkinji gezek Orazgeldi Çekijowyň adyny onuň dilinden eşidipdim. Ol «Tolýa Ýeremeýew, Orazgeldi Çekijow, men Tatýana Mihaýlownanyň öz harajadyna açdyran mekdebinde okapdyk» diýip gürrüň beripdi. Geçen gün taryha öwrülýär. Wagt näçe daşlaşdygyça, Artykgül- Tatýana Mihaýlowna Tekinskaýa baradaky röwşen ýadygärlik şonça- da belende galýar. Basybalyjylykly urşuň netijesinde mähriban ata-enesinden, doganlaryndan jyda düşen, çagalygy türkmen sährasynda geçmeli gyzjagazyň keşbini göz öňüne getirjek bolýaryn. Soň ese-boýa galyp, Aý ýaly bolup türkmen gara öýüniň bir dulunda joralary bilen gaýma gaýap oturan bir gözeli göz öňüne getirjek bolýaryn. Ine-de sallançagyň başynda öz jigerbendini hüwdüläp oturan, gözleri uly arzuw-umytdan doly bir türkmen näzenini göz öňüne getirjek bolýaryn… Her näçe dyrjaşsam-da meniň göz öňüne getirjek bolýan keşbim ömrüzaýa ýyldyz kimin gözden gaýyp bolýardy. «Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan ölünçä» diýen pähimde aýdylyşy ýaly, teke gyzy Tatýana ölinçä Watan, il-gün diýip aglady. Şu Watanyň göwsünde-de jan berdi… 1993 ý. Ýanwar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |