KEREM* ÝALY
Gurşun ýaly agyr bu ýerde howa,
Gygyrýan,
gygyrýan adamlara men:
"Geliñ kömek beriñ, geliñ goldawa,
Eredeliñ gurşuny biz güýç bilen!"
Eşidýärin men:
"Gowusy gygyrma;
Gowusy dym sen.
Ýanarsyñ,
ýanarsyñ ýogsa özüñ hem,
Kerem ýaly,
küle dönersiñ şu dem!"
Derdiñi diýere adam ýok bärde,
Ýürekler doñupdyr bir daş mysaly.
Howa gurşundan-da agyr bu ýerde.
Bir wagt Keremiñ ýanyşy ýaly,
Hawa, şonuñ ýaly,
Şonuñ ýaly ýanmak isleýärin men!
Eger-de men ýanmasam,
Eger-de sen ýanmasañ,
Eger-de biz ýanmasak,
Kim gara tümi dargadar?!
Gara toprakdan-da agyr bu howa...
Ýene-de çagyrýan adamlary men:
"Geliñ, geliñ!.." - diýip ähliñ goldawa. -
Eredeliñ gurşuny biz güýç bilen!"
1930 ý.
Terjime eden: Ata ATAJANOW.
• KEREM ÝALY
Howa gurşun kimin agyr,
Azap bizi etdi ýagyr,
Dynman bar-bar bagyrýaryn,
Menem bu gün
sizi gurşun
eretmäge çagyrýaryn.
Diýýär bir kes:
- Eý, ogul, bes,
aýñal, ogul,
bolarsyñ kül,
Kerem ýaly ýana-ýana.
Biz keselli,
ýok teselli,
igençli biz bu jahana.
Gulaklara ilmez gowur.
Howa gurşun kimin agyr.
Ýanyp janym,
diýýän: - Hanym,
goý bir ogul
bolaýsyn kül,
Kerem ýaly ýana-ýana.
Sen ýanmasañ,
Men ýanmasam,
biz ýanmasak,
Onda kimler dözer jana?
Azatlyga,
abatlyga
çykmaz nesil.
Çykmaz asyl.
Howa gurşun kimin agyr.
Azap etdi bizi ýagyr.
Dynman bar-bar bagyrýaryn.
Menem bu gün
sizi gurşun
eretmäge çagyrýaryn.
Nazym HIKMET.
___________________________
*Kerem - gündogar ertekisinde söýgi zerarly ýanyp kül bolan perzonaž.
Terjime eden: Allaberdi HAÝYDOW.
Goşgular