05:27 Keteni köýnek | |
Berdinazar HUDAÝNAZAROW
Goşgular
▶ KETENI KÖÝNEK Durmuş gitse gidibersin ileri, Biz bolsa ýatlaly öteni, köýnek. Gujaga salypdyň gyzlar içinde On dörde, on bäşe ýeteni köýnek. Ömri uzak bolsun ýüpek süzeniň. Seýilgähi bolduň goşgyň, gazalyň Seni geýen her bir gumly gözeliň Bar ýalydy peri gatany, köýnek. Şowurdyň öz-özi gürlär durardy, Gülýaka alkymy zerlär durardy. Täjihoraz bolup parlar durardy, Türkmeniň şahandaz Watany, köýnek. Gyz-gelinler sypanjyrar, sallanar, Şemal degse etekleriň ýellener. Gobsundygyň-apbasylar dillener, Tisgindirip öýde ýatany köýnek. Gyz sülmüräp bir ýigidi ýalkap dur, Göz astyndan ýüregiňi okap dur. Şol tarapdan jennet ysy kükäp dur Gözüň ýagyn iýen keteni köýnek. * * * Durmuş däli-porhan ummana meňzeş Köşeşjegi asla gümana meňzeş. Heňňam agyr - diňe heňňama meňzeş Egsikleşýän - emelleşýän dünýäde. Özgeleri synap hem-de synalyp Ýaşap ýörsüň begenip hem gynanyp. Adam bolmak gitdigiçe kynalyp Alym bolmak ýeňilleşýän dünýäde. Gözüň ýagyn sorup barýan jäjekler Ahmal bolsaň ynsabyňy iýjekler, Belki bir mahallar halal ojaklar Dura-bara haramlaşýan dünýäde. Bir jümle okadym gadymy hatda: "Parh azalar gowy bilen erbetde" Halalyň arzysy bolmaz elbetde Halal däller suwhanlaşýan dünýäde. Sen adamy görüp dursuň oraşan: Özgeden nägile, özünden hoşal. Bilmen, bu ahwalat nämeden nyşan Geň-taň bilen ylalaşýan dünýäde. Kä gülüp, kä öz üstünden güldürip, Ýaşap ýörsüň kimdigiňi bildirip. Tilki hilesine aňyn aldyryp Keýp edipler melgunlaşýan dünýäde. * * * Gep söze-de gerek many. Ine dostlar işiň kyny. Heňiň ýokmy - özgäňkini Çalsaňam bor, çalmasaňam. Geňlenmesin edýän oýnuň Är adam bol, bolma maýmyn. Öz aýbyň tap, başgaň aýbyn Bilseňem bor, bilmeseňem. Haram zatdan işdä saklap, Iýen nanyň iýgin haklap. Ýykyldyňmy - hasanaklap Galsaňam bor, galmasaňam. Ýaýna, aýna - hökman bolsa, Böwrejigiň bökýän bolsa. Ýalpak ýerden çykýan bolsa Gülseňem bor, gülmeseňem. Söz sozmaga ýokdur hetdim. Geplän kändir, diňlän gytdyr. Meniňki bir maslahatdyr, Alsaňam bor, almasaňam. ▶ KÖNEÇILLIK Iň köneçil adamlaryň biri men, Gözlegim henizem şol köne messep. Men diýýärin: "Gowy bolar, adamlar Ynsaby göterip ileri gitsek". Kä kişiler meniň diýen sözüme Oňaýýarlar kinaýaly ýylgyryp. Döşlerin gaýşardyp geçip barýarlar. Menem durun hol bir çetde ýygrylyp. Käsi halymsyrap, käsi buýsanyp Geçişip barýarlar. Göwünleri hoş. Men indi olara "jenap" diýýärin, Ozalky zamanda diýýärdim "Ýoldaş". Olar juda bahym üýtgäp bilýärler, Ýagny, olar üçin özgermek aňsat. Menem ýaşap ýörün känbir howlukman, Ýaşap ýörün köne zatlary aňtap. Iman diýdi, ygrar diýdi, garaz haý Küýseýänim şeýleräjik ýörelge. Öz-özümden göwnüm geçýär kämahal. Alyp-ýolup barýanlary göremde. Diýýän: "Sen bir täsin adam ekeniň, Ýeri, bular bilen seniň ne işiň! Durmuş diýilýäniň öz akymy bar, Seniň ol akyma ötmezä dişiň". Näçe gezek öz-özüme igendim: - Nätmeli?- Men muňa tapmadym jogap. Ruhy pygamberim - beýik Pyragy, Basan yzlaryňa edeýin togap! Aýdypsyň ahyry teselli berip: "Jahan giňdir, çendan bilen-de bardyr". Meger-de şygyret ynsan nesliniň Ruhun gorap duran bir penakärdir. Şu ýörelgäň bilen gidiber, şahyr, Hergiz-hergiz ondan sowuljak bolma. Üýtgemesin şol ozalky şygaryň: Buýsanjy giderme, Owunjak bolma! | |
|
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Gul aga / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Basyp giden yzlaryňdan / Goşgular - 02.09.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Enem / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Nämeligim soran, eşit hekaýat... / Goşgular - 18.10.2024 |
√ "Gowy men" diýer / Goşgular - 28.11.2024 |
√ Iki jahan zyndan ise, gerek maňa bossan ola... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Derdi-halym hezretiňde, Rebbena... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |