03:12 Keýmir körüñ şarpygy | |
KEÝMIR KÖRÜÑ SYNAGY...
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Bir gezek üç sany gelin ogullaryny ýanyna alyp, çeşmä suw almaga barypdyr. Kädilerini suwdan dolduryp, ugramakçy bolanlarynda, golaý ýanlaryndan Keýmir körüñ geçip barýanyny görüpdirler. Kädilerini ýerde goýup, "Sen aýt-da sen aýt" bolşupdyrlar. Ahyryn dilewarrak biri: - Keýmir aga, aýak çekiñ - diýipdir. Keýmir kör atdan düşüpdir-de: - Näme gyzym, aýdyberiñ, çekinmäñ - diýipdir. Ýene-de ýañky dilewar gelin gürläpdir. - Biziñ ogullarymyz nähili adam borka, şony bilip beräýseñiz... Keýmir kör başyny ýaýkap, ýylgyrypdyr: - Be-e, gyzym, öz-ä kyn mesele eken... Aý, näme, şoñ bilen göwnüñiz bitýän bolsa, synanyp göräýmeli bor... Ol şeý diýipdir-de, birinji gelniñ ogluny ýanyna çagyryp, sen-men ýok dulugyna çalypdyr. Oglanjyk aglamagyñ deregine jykyrdap gülüpdir. Keýmir kör bir "hä-ä..." diýipdir-de, ikinji oglanjygy urupdyr. Oglanjyk uly ili bilen möññüripdir. Üçünji oglanyñ dulugyna çalnan şarpyk beýleki oglanlaryñkydan has gaty bolupdyr. Emma ol garaja gözüni uçganakladyp, dişini gysypdyr, ýumrugyny düwüpdir. Soñundanam ulu adam ýaly, iki-üç gezek ýuwdunypdyr. Serdar gelinlere ýüzlenip: - Meni gürledip nätjek, hemmesini özüñiz gördüñiz - diýipdir. Gelinler razylaşmandyrlar. - Büçe bolanyna görä aýdyñ diýipdirler. - Aýsam şeýle - diýip, Keýmir kör söze başlapdyr. - Başarsañyz dulugyna çalnanda gülýän ogul dogurmañ. Plar binamys bor... Ýañky urlanda aglaýan oglanam il derdine ýarap duran adam-a bolmaz. Ýöne, näme, daşyny dolap dursañ, bir adam çeni bor-la...Üçünji oglany gördüñizmi? Ol nämeden ýuwdunýandyr öýdýäñiz?.. Onda ýigdiñ namysy bar. Häzirem hanha, gözüne serediñ: şindem köşeşenok, onuñ ýaşajyk ýüregi mynçgalanyp dur. Başaryp bilseñiz şoñ ýaly ogul doguryñ. Olar il ogly, ýurt ogly bolar! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |