19:14 Köl boljak bol!.. | |
DUZ WE SUW
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Bir pir öz sopusynyñ haýsydyr bir zatlardan yzygiderli nägile bolmagyndan, ownuk iñirdisinden ýaña bizar-peteñi çykypdyr... Onsoñ ol bir gün sopusyny duz almaga iberipdir. Durmuşyndaky hemme zatdan zeýrenip ýören ýañky sopy buýrulan ýumşy bitirip gelensoñ, bir gysym duzy bir bulgur suwa atyp içmegi tabşyrýar. Sopy duzly suwdan owurtlap-owurtlamanka agzyndaky şerebäni tüýkürinmäge başlaýar. Sopy "Tagamyny niçik gördüñ?" diýen pirine ýüzüni bürüşdirip "Ýürek bulaýjy, içer ýaly däl!" diýip jogap berýär. Pir ýylgyrýar-da, sopusynyñ golundan tutýar we ony daşary çykarýar. Sesini çykarman ony golaýdaky kölüñ boýuna äkidýär... Ol bu gezegem sopusyna köle bir gysym duz atmagy we kölüñ suwundan içmegi tabşyrýar. Sorag ýene gaýtalanýar: "Tagamyny niçik gördüñ?" "Hiç neneñ däl eken" diýip jogap beren sopy "Duzuñ tagamyny aldyñmy?" diýip soran pirine-de "Ýok!" diýip jogap berýär. Pir soñra suwuñ gyrasynda çök düşüp duran sopusynyñ gapdalyna geçip oturýar we oña şeýle diýýär: "Durmuşdaky dert-aladalaram edil duz ýalydyr: ne-hä az, ne-de köp. Dert-aladalar hemişe belli bir mukdarda bolýar. Emma dert-aladanyñ çökderligi nämäniñ içine salnyp berilýänligine baglydyr. Dert başyña inende, ýerine ýetirilmegi hökmany bolan ýeke-täk bir iş bar: Olam başyña inen dert bilen baglanşykly duýgularyñ örüsini giñeltmek. Şonuñ üçin indi senem bulgur boljak bolup ýörme, köl boljak bol!" | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||