13:35 Kömür iýmese oñmaýan aýal | |
KÖMÜR IÝMESE OÑMAÝAN AÝAL
Geň-taňsy wakalar
Hytaýyñ Şansi prowinsiýasynyñ (welaýatynyñ) ýaşaýjysy 1976-njy ýylda doglan aýal maşgala Liniñ iñ gowy görýän iýmiti doñdurma-da däl, kebapdyr böregem däl... Size ýalan, bize çyn: Agaç kömri!.. Medikler onuñ eýýäm on bir ýaşyndan bäri geñ-tañ tagamy iýip gelmeginiñ sebäbini asla düşündirip bilmän: "Organizminde nämedir bir zat ýetmeýän bolaýmasyn" diýip, düşnüksiz hümürdemek bilen oñaýýarlar. Näme-de bolsa, hakykat hakykatlygyna galýar: 1987-nji ýylda mekdep peçinde ot tutaşdyran wagty Li ömründe ilkinji gezek birnäçe gara tokgajyklary dadyp görüpdi. Şondan bäri hem ol özüni kömürsiz göz öñüne getirip bilenok. Kömür bilen bir hatarda, Li etli, gök önümli we beýleki adaty naharlaryñ ýanynda ep-esli mukdarda preslenen çaý ýapragyny iýmegi hem halaýar. Galan ýagdaýlarda ol öz ýaşytdaşlaryndan hiç bir weçden tapawutlanmaýar. # Metbugat materiallary esasynda taýýarlandy. | |
|