23:38 Köp partnýorly gatnaşyklar nämüçin ýörgünli bolmaga başlady? | |
KÖP PARTNÝORLY GATNAŞYKLAR NÄMÜÇIN ÝÖRGÜNLI BOLMAGA BAŞLADY?
Publisistika
"Jennetde size köp ýoldaşlylyk mümkinçiligini berseler, näme jogap bererdiñiz?" ABŞ-da täze başlan ýassykdaş tapyp berýän "Couple to Throuple" gepleşiginde dört aýry jübüt "fantaziýalaryny hakykata öwürmek üçin" tropiki adada ýerleşen otele äkidilýär. Bu jübütleriñ maksady özlerine garaşýan 15 sany sallahdan birini gatnaşyklaryna çagyryp, üçtaraplaýyn gatnaşygyñ üstünden köp partnýorly ýaşaýyş-durmuş formasynyñ özlerine amatly tarapynyñ bardygyny-ýokdugyny synag edip görmek. Ýaryşyñ alypbaryjysy Skott Ewans çägelikde wideokameralara seredip ýylgyrjaklap duran jübütlere "Bäri bu soraga jogap tapyp boljak ygtybarly ýer" diýýär. Birküç sagadyñ içinde hemmesi düşeklerine üçünji adamy alýarlar (elbetde, gijeki wideokameralaryñ astynda). Soñkusy gün irden çak edilşi ýaly hemme zat bulaşýar. Çekeleşmeler, puşmanlyklar we her dürli geñsi ýagdaýlar ekrana gelýär. Bu telegepleşikde jübütler gatnaşyklaryna üçünji adamy goşmagyñ nähilidigini bilýärler ABŞ-nyñ "Peacock" platformasynda berilýän "Couple to Throuple" telegepleşiginde täzelikler baram bolsa, köp ýoldaşlylygy çynlakaý we inçelik bilen öwrenýän gepleşik däl. Ol başyndan ahyryna çenli dramalar bilen doly. Şeýle-de bolsa, köp kişi bilen söýgi gatnaşyklaryny saklamagy (poliamoriýa) ýa-da has giñişleýin aýdylyşy ýaly, etiki köp ýoldaşlylygy esasy ugra alyp alyp barýan iñ aktual programma bolmagy bilen ünsi çekýär. Etiki köp ýoldaşlylyk taraplaryñ başgalar bilen gatnaşykda bolup bilýän ähli gatnaşyklary üçin ulanylýan esasy adalga. Mysal üçin, jübütleriñ romantiki taýdan ýeke ýoldaşly bolup, jynsy taýdan köp ýoldaşly bolan açyk maşgala durmuşlary-da etiki köp ýoldaşlylygyñ kesgitlemesi girýär. Köp söýgülilik bolsa şahslaryñ birden köp adam bilen romantiki gatnaşyklary başdan geçiren ýagdaýynda ulanylýan adalga. Soñky hepdelerde etiki köp ýoldaşlylyk has köp agzalyp başlandy. Nýu Ýorkuñ "New York Magazine" žurnalynyñ ýanwar aýyndaky sanynyñ sahabynda köp söýgülilik bardy. Žurnal bular ýaly gatnaşyk görnüşiniñ esasy akym bolmaga ýakynlaşjak derejede giñden ýaýrandygyny habar berýär. Gatnaşyklaryñ üstünde durup geçmek üçin giñişleýin gollanma taýýarlan žurnal polikul (köp ýoldaşly gatnaşyklardaky adamlaryñ partnýorlary, partnýorlaryñ beýleki partnýorlary we olaryñam partnýorlaryny öz içine alýan tor) bilenem gürrüñdeşlik geçirdi. Şeýle-de bir döwürde Molli Roden Uonteriñ täze kitaby "Has köpi. Açyk maşgala är-aýallyk ýatlamasy" ("More: A Memoir of Open Marraige") satuwa çykdy. Elli bir ýaşly öñki mugallym 2008-nji ýyldan bäri äri bilen çykan açyk är-aýallyk turnirini gürrüñ berýär. Kitap çap edilenden bäri gyzgyn seslenme tapdy we bu birgiden makala ýazyldy. "New Yorker Magazine" žurnalynda çap edilen ylmy işiñ ady hem: "Köp söýgülilik nädip beýle ýörgünli boldy?" Köp söýgülilik, açyk gatnaşyklar, erkin söýgi we başgalar bilen gatnaşyga girmäge rugsay berilýän gatnaşyklar... Adyna näme goýsañyz şony goýuñ, etiki köp ýoldaşlylyk täze çykan zat däl... Köp söýgülilik adalgasy togsanynjy ýyllarda orta çykan bolsa, köp ýoldaşly gatnaşyklaryñ ýüzlerçe ýyllyk taryhy bar. 1997-nji ýylda çap edilen "Küntiniñ etikasy" ("Ethical Slut") köp ýoldaşlylygyñ "mukaddes gollanmasy" hasaplanýar. Bu kitapdan on, hatda ýigrimi ýyl soñam bu tema jemgyýetde o diýen üns berilýän tema däldi. Emma soñky döwürde ýagdaý üýtgeýär. Ester Perel ýaly meşhur seksopatolog terapistlerem köp ýoldaşlylygyñ jemgyýetçiligiñ ünsüne düşmegine goşant goşdy. Ekranlarda kinofilmleriñ we teleseriallaryñ tradision jynsy gatnaşyk hillerinden has daşdaky gatnaşyk hillerini görkezýändigine tomaşa edýäris. Geçen ýylky "Passaž" kinofilminde gomoseksual är-aýaldan biriniñ baga bir aýal bilen geteroseksual gatnaşyk saklaýşy gürrüñ berilýär. Zendeýanyñ baş rolda oýnaýan, Luka Guadaninonyñ şu ýyl görkezilmeli "Challengers" ("Претенденты") kinofilminiñ fragmentine hem üçtaraplaýyn (seksual) gatnaşygyñ üstünde durulýandygy görülýär. • Geldi-geçer nysak däl Köp söýgüliligiñ "nysakdygyny" aýdýanlara nägilelik bildirýänlerem bar. "Has köpi" kitabynyñ awtory Uinter Brukliniñ baý raýonlarynyñ birinde ýaşaýar. "New Ýorker Magazine" žurnalynda çykan makalanyñam täsiri bilen köp söýgüliligiñ häzirki şäherli ýaşaýjylaryñ täze ýaşaýyş-durmuş formasydygyny aýdýan tankydy bellikler bar. "The Atlantic"-e ýazan Taýler Ostin Harper “Maşgala strukturasyndan iñ köp peýda gören gatlak indem ýeke ýoldaşlylygy möwriti geçen we içgysgynç hasaplaýar" diýýär. Statistiki görkezijiler bolsa açyk gatnaşyk pikiriniñ ýaýrap barýandygyny görkezýär. "Pew Research" ylmy-barlag merkezine görä, ABŞ-daky otuz ýaşdan aşak kämillik ýaşyna ýetenleeiñ 51%-i açyk ýoldaşlylygy oñlaýana meñzeýär. "YouGov" pikir soralşyk şereketi amerikanlaryñ üçden biriniñ ideal gatnaşyk kesgitlemesiniñ berk ýeke ýoldaşlylykdan başga zatdygyny orta goýupdy. • "TikTok"-yñ täsiri Seks we ýakyn gatnaşyklar boýunça terapist Rhian Kiwits “Soñky birnäçe ýylda köp söýgülilige açyk ýa-da muny synap görmek isleýän adamlaryñ sanynyñ artýandygyny görýärin" diýýär we sözüniñ üstüne şulary goşýar: "Käbirleri maşgalalydygyny açmak isleýän jübütler, käbirleri gatnaşyklaryny açmak isleýän söýgüliler, käbirleri-de, köp ýoldaşlylygyñ öz durmuşlaryna nähili täsir etjekdigini we bu pikire nämüçin gelendiklerini gürrüñ bermäge synanyşýan sallahlar". Beýleki bir ýandan Kiwits köp söýgülilik bilen gyzyklanyp gürrüñdeş bolanlarynyñ aglabasynyñ kyrk ýaşdan aşakdadygyny aýdýar. Sosial mediýanyñ, aýratynam TikTok-yñ ýaşlara etiki köp ýoldaşlylyk tejribelerini paýlaşma mümkinçiligini berendigini aýdýar: "Bu sosial mediýada paýlaşylýan bloglar köp ýoldaşlylygy adatylaşdyrmaga we töweregindäki syry aradan aýyrmaga ýardam etdi. Şeýle-de, örän köp adama bular ýaly bloglar elýeterlidigi üçin bu pikir has köp oñlanýar. Şeýlelik bilen köp söýgüliligiñ diñe seksden we ýoldaşyñy üýtgetmekden ybaratdygy baradaky ýalñyş duýmalary-da (восприятие) ýykýarlar. Çünki köp aýallylyk gatnaşykda bolmak we gatnaşyk saklamakdyr". "Feeld" ýaly ýanýoldaş tapyp berýän programmalary-da köp ýoldaşlylygyñ mazasyny bilmegi añsatlaşdyrýar. Jübüt terapisti, podkast alypbaryjysy we ýakynda çap edilmeli "Nähili adatdan daşary gatnaşyklary başdan geçirip bilersiñiz?" ("How to Have Extraordinary Relationships") kitabynyñ awtory Lýusi Kawendiş jemgyýetdäki bu üýtgeşmäniñ ýaş nesilleriñ öñbaşçylygynda bolup geçendigini aýdýar: "Maña geñeş salmaga gelenleriñ araaynda ýaşlar, 20-30 ýaşlarynyñ başyndaky jübütler köp söýgülilik pikirine doly ilgezik we käbirleri köp ýoldaşly gatnaşyklary başdan geçirýär". Beýleki bir ýandan sekse az gyzykýan gartaşan jübütleriñem är-aýallyklaryny açmaga gyzyklanýandygyny aýdýar: "Garrylaryñ arasynda-da "Etiki köp ýoldaşlylyk pikirini etdiñizmi?" soragyma hawa jogabyny berenleriñ sany on ýyl öñkä garanda has köp". Şol sebäpden populýar medeniýetiñ öwrülişigi başdan geçirýän gatnaşyk hillerini suratlandyrmak üçin tagalla edýändigine geñ galyp oturasy zat ýok. Emma muny hemişe dogry görnüşde edýändiklerini aýdyp bolmaýar. Ýoldaş tapyp berýän "Couple to Throuple" gepleşigine edilen iñ uly bellikleriñ birem, onuñ köp ýoldaşlylygyñ örän dar wersiýasyny görkezýändigi. Gepleşigiñ şahsy taýdan köp ýoldaşly bolmagy isleýänleri däl-de, gatnaşyklaryna üçünji adamy goşup, üçtaraplaýyn gatnaşyk etmek isleýänleri görkezýär, bulam bu toparyñ köp ýoldaşlylaryñ atasundaky kiçijik toparyny düzýär. Hasam beteri jübütleriñ birinden başga hemmesi (azyndan heniz efire goýberilmesik üç bölüminiñ dowamynda) bir aýaldan we bir erkekden ybarat, bile bolmak üçinem biseksual zenan gözleýän jübütlerden düzülen. Gepleşikdäki sallahlaryñ köpüsiniñ köp söýgülilik tejribesi bar we muny hakykatdanam barlap göresleri gelýär. Jübütler bolsa muny diñe synaýana meñzeýär. Köp ýoldaşly gatnaşyklar boýunça suratlandyrmalaryñ köp ýoldaşlylar tarapyndan tankyt edilmegi täzelik däl. "Riverdale" teleserialynyñ geçen ýylky sezonynda hereket edýän dört baş gahryman dörttaraply romantiki gatnaşyk bilen başlapdylar. Köp söýgülilik we etiki köp ýoldaşlylyk guramasynyñ (OPEN) Ýerine ýetiriji komitetiniñ başlygy Brett Çemberlen: - “Riverdale" serialynda obrazlaryñ köp ýoldaşly gatnaşygy köp ýoldaşlylygy adamlaryñ şahsy aýratynlygynyñ bir bölegi hökmünde çuñlaşdyryp beýan etmegiñ ýerine diñe senaride tomaşaçylary añk etmek üçin taýýarlanan täzelige meñzeýär - diýýär. Telewizion we serial sektorlarynyñ köp ýoldaşly gatnaşyklary has gowy görnüşde suratlandyrmak üçin entek kän çorba sowatmalydygyna garamazdan, Lýusi Kawendiş köp ýoldaşlylyk hemmelere görä oñlanyljak zat bolmasa-da, ýeke ýoldaşlylygyñ derñew astyna almagyñ özüniñ aýratyn peýdasynyñ bardygyny aýdýar. "Bu özüñizi nähili howpsuz duýýandygyñyz bilen baglanyşykly" diýen Kawendiş sözlerini şeýle jemledi: "Köp adam muny agzamagy-da halamaýar, çünki söýýän adamlarynyñ olary taşlamagyndan gorkýar we beýinlerimiz munuñ öñüni alasy gelýär. Emma gatnaşyklar we seks hakynda pikir alyşýan temalarymyzy giñeptmek hemişe peýdalydyr". Klara TROP. "BBC Culture", 09.03.2024 ý. | |
|