22:29 Köpçülikleýin ýokanja ünsi çekmegiñ alternatiw ýoly: Zombiler | |
KÖPÇÜLIKLEÝIN ÝOKANJA ÜNSI ÇEKMEGIÑ ALTERNATIW ÝOLY: ZOMBILER
Edebi makalalar
■ ZOMBILER BIZE NÄMÄNI AÑLADÝAR? Täze koronawirus ýokanjy sebäpli soñky günlerde iñ köp ulanylýan sözleriñ birem “distopiýa” bolsa gerek. Adamlaryñ bular ýaly ýokanç kesellere we bela-beterlere garşy taýýarlykly bolmagy üçin dünýäniñ käbir ýerlerinde birnäçe guramalar we hünärmenler iş alyp barýar. Elbetde, durmuş öz okgunlylygy bilen öñe barýarka, biziñ bu duýduryşlarymyza gulak gerýänem ýok. Şonuñ üçin käbir saldamly guramalar we hünärmenler meseläni "zombi ýokanjynyñ" üstünde düşündirmäge synanşypdy. Atlantadaky Kesellere gözegçilik we öñüni alyş merkezi (CDC) we Garward uniwersitetinden dr. Steven Schlozman hem şol aýdylanlara girýärdi. Arhiwden alynan bir söhbetdeşlik bilen köpçülikleýin ýokançlara ünsi çekmek üçin zombilere ýüzlenen alymlaryñ käbiri agzap geçeliñ. Özlem NUMANOGLY. (2011-nji ýylda "Tempo" žurnalynda çap edilen bu makala gysgaldylyp we biziñ günlerimiziñ wawwaly koronaworus meselesine kybap getirilip gaýtadan taýýarlandy.) * * * Günleriñ bir güni öñüni alyp bolmajak köpçülikleýin ýokanç keseli ýaýrap biler, ýer goduklap ýaşaýan şäherimizi ýumurtga togalabermeli tep-tekiz edip biler, Ýer togalagy meteorit bilen çaknyşyp biler. Ýa-da, bir seredersiñiz, welin, zombileriñ gapyñyzy kakaýmagy-da daşda däl. Muny biz aýdamzok, ABŞ-nyñ Atlanta ştatyndaky Kesellere gözegçilik we öñüni alyş merkezi (СDC) aýdýar. 2011-nji ýylyñ iýulynda merkeziñ internet saýtynda direktor Aly S.Khanyñ ady bilen çap edilen makala CDC-niñ guş dümewi we tüweleýlerdir apy-tupanlar bilen ýaly eýmendiriji başga bir täzelige ünsi çekdi. Khan şeýle diýýärdi: "Islendik gyssagly ýagdaýa, hatda zombi çozuşuna hem taýýarlykly bolmaly. Belkäm, şumat meñ sözüme gülýänsiñizem, emma, günleriñ bir güni "hernä, şo ýazgylary okan ekenim" diýersiñiz. Hem dek şo jygba-jygly pursatlarda näme etmelidigi barada birküç zat öwrendigiñiz bor." Bir alymyñ aýtjak sözlerine meñzemeýän bu geñsi çykyş nyşanany çüýledi. Sahypalar muny götererden agyr geldi we ýazgy twitterde “trending topic”-e girdi. Zombiler esasanam ýaşlaryñ ünsüni paratoner ýaly özüne çekmegi başarýar. Aslyýetinde Khan bu henek gatyşykly çykyşyny golaýlap gelýän tüweleý möwsümini ýatlatmak üçin aýdypdy we bolup biläýjek tebigy apy-tupandan öñ we soñ ýörelmeli ýoly düşündirýärdi. Şol günlerde başga bir geñ galdyryjy habar Angliýadan geldi. Bilesigeliji bir iñlis Bristol munisipialetine ugradan elektron hatynda "Erte-bir gün zombiler ýaşaýan şäherimizi basyp alsa näme etmeli bolarys?" diýip soraýardy. Oña berlen jogap kanagatlandyryjy bolmakdan ötri, haýran galdyryjydy. Çünki Bristol munisipialetiniñ mejlisi "Zombilere garşy göreşmegiñ meýilnamasyny" taýýarlapdy. Meýilnamada zombi öldürmegiñ iñ gowy usuly hökmünde "kelläni göwreden ýolup taşlamakdygy" aýdylýar we ýarak it ýaly topulaññaç zombilere ýaragsyz ýagdaýda ýanaşmaly däl" diýen ýaly duýduryşlar bar. Şeýle-de şäheriñ howply nokatlary we çozuşdan soñky ýagdaýlary boýunça hem birgiden çäreler işlenip düzülipdi. ■ ZOMBILER BİZE NÄMÄNI AÝDÝAR? “Zombi ekspertizalary" atly ylmy-medisina-fantastiki romanynyñ awtory Garward uniwersitetinden dr. Steven Schlozman hem zombileriñ döredýän ýiti täsirini bireýýämden bäri seljerenleriñ biri. Ol leksiýalarynda ýaş talyplar bilen zombiler barada pikir alyşýar. "Diri maslyklary" real durmuşdaky saglyk meselelerine ünsi çekmegiñ ýoly hökmünde garaýar. Ol zombileri prototip hökmünde ulanyp, wiruslaryñ beýnini nähili zaýalaýşy, yklymara epidemiýalaryñ nähili haos we gorky-howsala döredişi, örän ýokanç we bejerip bolmaýan ölüm howply kesele ýoluganlarynda adamlaryñ näme etmelidigi, adam bilen zombiniñ beýnisiniñ arasyndaky tapawutlary baradaky sowallara jogap agtarýar. Lakamy-da "Doktor Zombi" Şeýle-de ol, Garward uniwersitetiniñ medisina fakultetiniñ psihatriýa bölüminiñ mugallymy we Massachusetts baş hassahanasynyñ psihiatristidir. Ol "Zombi ekspertizalary" atly ilkinji romanynda howada gaýmalap adamlary zombä öwürýän howply wirusdan söz açýar we orta kyýamat senariýasyny çykarýar. Eger sizde "ylym munuñ niresinde?" diýen sorag dörese, onda jogaby aşakdaky gürrüñdeşlikden gözläñ. - Siziñ "Zombi ekspertizalary" kitabyñyz diñe wagt geçirmäge niýetlenenmi? Näçerägi çeperleşdirilen, näçerägi ylmy dilde ýazylan? - Bu kitaby okanyñyzda, ylym öwrenip biljegiñizi umyt edýärin. Bu birinji maksat. Hawa, hemmämiz munuñ hyýaly eserdigini bilýäris, emma mantykly hekaýatlar elmydama hakykatlaryñ töwereginde köwejekleýändir. Bu kitapda funksional neýrobiologiýa, köpçülikleýin ýokanç keseller, adamyñ gorky-howatyry we garşy çykma duýgusyna berýän reaksiýasy bilen baglanyşykly maglumatlary tapyp bilersiñiz. Eseriñ gahrymanynyñ el çekme meselesindäki höwessizligi bilenem adamlaryñ hakykatdan-da aýratyn öwrenilmäge degişlidigini görkezendirin diýip umyt edýärin. - Irki zombi kinofilmlerinde adamlar zombiler tarapyndan dişlenýär we diri maslyga (zombä) öwrülýär. Adam adamkärçilikli aýratynlyklaryny ýitirip, gana suwsan mahluga öwrülýär. Siz alym hökmünde zombileri nähiliräk şekillendirýärsiñiz? - Meniñ eserimde adamlar ýokanç wirus netijesinde zombä öwrülýär. Hemişeki zombilerden tapawutlylykda olaryñ burny akýar we üsgürýär. - O nähili wirus bolýar? - Edil sowuklama ýaly ýeke üsgülewükde geçip bilýär. Erbet niýetli adamlar tarapyndan genetik hünärmenlere taýýarladylýar. Howada gaýmalaýar we "prion" (ölüm howplt beýni trawmasyny döretmäge ukyply proteinler. "Däli sygyr" keseliniñem sebäbi) alamatlaryny saklaýar. Infeksiýasy beýniniñ iñ möhüm bölekleruni gemirmäge başlaýar. Ilkinji nobatda amygdalany (duýguçyl beýni) didiwana mündürýär. Şol bir wagtyñ özünde beýniniñ doýma duýgusyny berýän nokatlaryny (ventromedial hipotalamus) zaýalaýar. Beýniniñ işlemäge ukyply loblaryny iýýär. - Wirus arkaly ýolugan zombilik hakyky durmuşdaky köpçülikleýin ýokanç keselleri alamatlandyrýar, şeýle dälmi? - Hawa. Biziñ mysalymyzda wirus adamy zombileşdirýär. Beýnä eden täsirlerimiñ netijesinde zombiler bulaşyk kararlara gelip bilmeýär. Beýni öýjüklerindäki näsazlykdan ötri dogry ýöräp bilmeýär. Şeýle-de, düşnüksiz şekilde adam etini iýme meýli döreýär. Edil serhoş krokodiller mysaly. Akyly ýerinde däl, özüniñ kimdigini ýa-da nämedigini bilenok. Wirus beýleki kesellere garşy goragyñy-da ýok edýär we muny ýaýradyjy wirusy başgalara-da ýokuşdyrma meýline maýyl bolýar (ANSD infeksiýasy - zombizm). Kitapda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyñ kategoriýalandyryşy-da bar. Kesel dört tapgyrda ýüze çykýar. (Schlozmanyñ kitabynda käbir dini ulamalar keseliñ dördünii tapgyrynda gezip ýörenleri "öli" hasap etmegi makul bilýär. Bu ýok etmegi oñlamak manysyna gelýär. Ýeri, bir zombini nädip öldürjek? Birnäçe romanda kellesinden urmagyñ gerekdigi aýdylýar. Schlozman hem şobir zady gaýtalaýar, çünki, beýin öýjükleri dem alma we ýürek urşy ýaly esasy funksiýalary ýerine ýetirýär.) - Ylym nämüçin zombileri gowy görýärkä? Alym hökmünde zombileriñ size nämesi gyzykly? - Aslyýetine seredende, zombiler medisina we ylym nukdaýnazaryndan nirede duş gelselerem iñ gowy mysala ýakyn okuw-öwrediş materialy bolup hyzmat edýär. Ezber lukman bolmagyñ ilkinji we belki-de iñ möhüm kysmy synçylykdyr. Talyplarymdan şuny soraýaryn: "Eger "Ýaşaýan ölüleriñ gijesindäki" ýaly aýaklaryny süýräp agyr-agyr ýöreýän zombi göreniñizde, ilkinji nobatda näme gözüñize iler?" Olar maña: "Gowy ýöremeýändikleri" jogabyny berýärler we bu gezek zombiniñ esasy meseleleriniñ nämedigi barada kelle agyrdyp başlaýarys. Ýa-da hemişe açdyklaryny bilenimizden soñ, şulary sorap bileris: "Adamlary patologiki derejede aç edýän näme?", "Beýniniñ açlyga jogapkär bölegi niresi?", "Diri maslyk bolmak nämäni añladýar?", "Olar hakykatdanam ölümi?", "Ölümi näme kesgitleýär?", "Tehniki taýdan janly däl närsäniñ ýüregi urup bilermi?" diýen ýaly. - Talyplaryñyzyñ pikirleri nähili? - Talyplarymyñ aglabasyna ýaraýar, käbirleri muny piñine-de almaýar. - A kärdeşleriñiz? - Işdeşlerim meni görlüp-eşdilmedik derejede goldaýar. Kitabymyñ minnetdarlyk bölüminde birnäçesiniñ adyny-da agzap geçipdim. - Siziñ pikiriñizçe zombileri beýleki gorkunç jandarlardan tapawutlandyrýan zat näme? - Zombili kinofilmlere hemişe söýüp tomaşa edipdim, galyberse-de, meñ özüm elhençlikler (yжас) žanrynda düşürilen kinolary gowy görýärin. Kämil düşürilen elhençlikler kimofilmlerinde, hususanam adatdan daşary hadysalary suratlandyranda hemişe diýen ýaly sýužetiñ añyrsynda sosial we syýasy many gizlenip ýatandyr. Wampirli kinofilmler barada-da agzap geçeliñ: bu kinofilmlere tomaşa edeniñizde daşarda galma duýgusynyñ, diaspora bolup galmagyñ nähili zatdygyny bilesiñiz gelmegi ahmal. Ýa-da şular ýalyrak pikir edip bilersiñiz: duýguçyl kişi bolsañyzam, ownujak bir zada baglanyp galypsyñyz diýeli (her gün agşam gan tapmagyñyz we gündizine uklamagyñyz gerek). "Möjek adamlara" seredende, öz gahar-gazabymyza erk edip bilmek üçin umyt bulen göreşip biljegimizi görýäris. Emma zombileriñ bular ýaly ähli gorky-howatyrlardan tapawutlydygyny aýtmagym gerek. Çünki zombileriñ şahsy däl tebigaty bar. Zombiler bizi piñine-de alanok. Haýsydyr bir zombi siziñ içegeleriñizi iýen bolsa, muny şahsy ýagdaý bilen baglanyşdyryp bolmaýar. Bu howatyrlandyryjy ýagdaý urha-urly eden-etdiçilikli hereketleri ýatladýar. Hem bu indi modern durmuşymyzy häsiýetlendirmäge başlady. - Aýdaly, birden zombi okkupasiýasy boldu-da, näme etmeli bolarys? - Çynlakaý we kesgitli oýlanyp-ölçerip bilsek, hakyky zombi okkupasiýasyndan halas bolup bileris. ■ MATEMATIKI TAÝDAN ZOMBI OKKUPASIÝASY Ottawa uniwersitetinden awstraliýaly matematik Robert Smith? (ol öz at-familiýasy ýaly at-familiýa kän bolansoñ, familiýasynyñ soñuna sorag belgisini goýýar), zombileri, hakyky keselçilikleri we matematikany deñeşdirip, köpçülikleýin keseller boýunça matematiki modellemeleri işläp düzýär. Onuñ hasaplamalaryna görä, eger bir zombi 500 müñ ilatly haýsydyr bir şähere girse, bir hepdäniñ dowamynda ýa hemmeler zombä öwrüler, ýa-da öler. "Zombi okkupasiýasy bolaýdygy - işimiziñ gaýtdygydyr. Olaryñ belli bir bölegini öldürip bileris, emma olary uçdantutma ýok etmekden asgyn geleris. Boljak zat şu: zombiler ýeñse-de ýeñer, ýeñmese-de ýeñer. Çünki olar juda çaltlyk bilen ýaýraýarlar. Iñ gowy çözgüt - her kesiñ özüni goramagy, strategiki hüjüm". Smith? zombi teoriýalary arkaly hakyky durmuşdaky adam papilloma wirusy (HPV) boýunça ylmy barlaglary alyp barýar. Smith? zombiler boýunça barlaglarynyñ matematika bilen ýakyndan gyzyklanýanlaryñam ünsüni çekýändigini aýdýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |