06:42 Köwüş çotgasy | |
KÖWÜŞ ÇOTGASY
Goşgular
Köwüş çotgasynyñ ýüregi gysyp, Diş çotgasynyñka gidesi geldi. Kowumdaşy bilen çaýyñ başynda Iç döküşip gürrüñ edesi geldi. Düwünçege düwüp sowgatjygyny, Hiñlenjiräp, assa-ýuwaş ugrady. Ýöne, diş çotgasy sowuk garşylap, Ählije keýpine sogan dogrady. Diýdi: - Seniñ edýän işiñ hapa iş. Şonuñ üçin diýip bilmerin "Otur!" Meniñ öz gatnaşýan deñ-duşlarym bar: Diş pastasy, Sürteç, Sabyndyr, Atyr! * * * Hawa, käte şeýle bolaýmasy bar: Gowy gylyk gara şaýa geçenok, Seniñ kimdigiñi kesgitleýär kär! ■ DAWA Tarelka tarelka diýdi: - Süýş biraz! - Süýşjek däl, gör ahyr, ozalam ýer aza - Süýşmeli bolarsyñ, - Süýşmejegim hak! - Menem hötjetdirin, süýşüşiñe bak! Tarelka tarelkañ böwründen itdi, Ikisem stoldan düñderlip gitdi. Stol başyn ýaýkap, diýdi: - Eý, toba! Jäç bolup ýatyrlar, erbet zat dawa! ■ UÇMAHYÑ GIRELGESINDE (Uçmahyñ girelgesinde) Günäsi dag deýin agyr bolsa-da, Uçmaha goýberýär bir zat emläni. Goly boşja halal kişi gelse-de, "Ornuñ dowzah!" diýip, urýar hemläni. (Haýsy dünýä parhy ýok, bir öwrümde Geregi çykaýýar, gowy zat ýadam Ünslüje synlasam, Giriş döwründe Para bilen WUZ-a salanja adam! ■ DIÝDI: - NEPES DÖWRI DÄL Diýdim: - Ysgap doýmaly, Bu ne üýtgeşik alma?! Diýdi: - Al ýañagymdyr, Bidin ysgaýjy bolma! Diýdim: - Ýañy açylan Bu ne üýtgeşik gunça?! Diýdi: - Bally dodagym, Oña höwesek ençe! Diýdim: - Ne aladyr bu?! Diýdi: - Ala gözümdir! Diýdim: - Ne ýagtydyr bu?! Diýdi: - Aý dek ýüzümdir. Diýdim: - Ne süýjüdir bu?! Diýdi: - Şirin dilimdir! Diýdim: - Ne inçedir bu?! Diýdi: - Inçe bilimdir! Diýdim: - Kaddy-kamatyñ Gujaga laýyk, gülüm! Diýdi: - Arzuwyñ wysal, Eger töleseñ galyñ! Diýdim: - Durmuş gurmaklyk Galyñsyz bolmaýarmy?! Diýdi: - Nepes döwri däl, Mugt baryp, akmak barmy? ■ KRANDYÑ UMYDY Beklemegi Undupdyrlar krandy: "Ýapar ýaly adam ýokmuka?!" diýip, Umyt bilen töwerege garandy. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |