23:04 Kowusnama: Şikara çykmak hakynda | |
On sekizinji fasyl
Pedagogika we edep-terbiýe
![]() ŞIKARA ÇYKMAK HAKYNDA Oglum, bilip goýgun, at münmek, aw etmek, çöwkan oýnamak asylly ärlere mahsusdyr, aýratyn hem ýaşlara mahsusdyr, emma her kişiň öz wagty, çeni-çaky, tertibi bolmalydyr, her gün awa çykman, iki gün awa gitgin, üç gün meý içgin, iki gün bolsa öz hojalyk işleriň bilen gümra bolgun. Ýöne ata müneňde, kiçisine münmegin, çünki adam daýaw bolsa-da, pessejik at ony nalajedeýin görkezer, kelte boýly adam uly at müneninde bolsa, ol peşeneli bolar. Ýorga we ýuwaş ata diňe gezelenje çykan wagtlaryň müngün, çünki at ýuwaş bolanynda, adam özüni arkaýyn saýýar. Şäherde we nökerleriň arasynda dyzmaç hem ýyndam at müngün, onuň gydyrlygy seni sak bolmaga mejbur eder. At münmäni oňaranok ekeni diýilmez ýaly, atyň üstünde hemişe dik hem arkaýyn oturgyn. Awa çykanyňda bihuda at çapmagyn, bihuda at çapmak gulamlaryň we çagalaryň işidir. Ýyrtyjy haýwanlaryň yzyndan atly kowmagyn, çünki ýyrtyjy haýwan awlamakdan haýyr ýokdur, üstesine-de diýseň howpludyr. Iki uly patyşa ýyrtyjy haýwan awlap ýörkä heläk bolupdyr. Olaryň biri atamyň babasy Wuşmagir ibn Zyýar, ikinjisem daýymyň ogly emir Şarafalmealydyr . Senden kiçiler çapsyn welin, sen at çapmagyn. Diňe uly patyşalaryň öňünde at gazanmak we özüňi görkezmek üçin çapsaň, bu aýry meseledir. Eger aw awlamagy gowy görýän bolsaň, ýanyň bilen algyr laçyn çarg , şahin, bars, tazy alyp gitgin. Hem awuň oňar, hemem gorky-ünjiň bolmaz. Ýyrtyjy haýwanlaryň ne etini iýip bolar, ne-de derisini geýip. Eger awa algyr laçyn alyp gitseň, muny şalaryň iki tüýsli berjaý edýändiklerini bilip goýgun: Horasan şalary laçyny özleri uçurýan däldirler. Yrak şalarynyň adatlaryna görä bolsa, laçynlar elin uçurylýandyr. Bularyň ikisini hem peýdalansaň bolar. Şa bolmasaň, haýsysyny halasaň şony edersiň, şa bolsaň bolsa, özüň uçursaň hem bolar durar. Ýöne laçyny hiç wagt bir sapardan artyk uçurma, çünki bir guşy iki sapar uçurmak patyşa gelişmez. Bir sapar uçur-da, tomaşa et, aw awlap bilýänini-bilmeýänini gör, soňra başga laçyn getirt. Munda şanyň maksady tomaşa etmekdir, iýmek däldir. Eger şa ýany tazyly awa çyksa, iti onuň özi itmeli däldir, ony gullary itmelidirler, şa bolsa diňe tomaşa etmelidir. Aw kowalap, at çapmagyn. Awa ýanyň barsly çyksaň, hiç wagt atyň syrtyna mündürmegin, bars gezdirmek patyşa ýaraşmaz, ýyrtyjy haýwany syrtyňa mündürmek hem akyllylyk hasap edilmez, aýratyn-da bu şalar, hökümdarlar barada şeýledir. Aw awlamak we onuň şertleri, ine, şundan ybaratdyr. _______________________________ Şarafalmealy – “Kowusnamanyň” awtorynyň daýysynyň ogly Anuşirwan ibn Manuçähr göz öňünde tutulýar. Çarg – ak şahin. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |