10:52 Kowusnama: Amanat saklamak hakynda | |
Ýigrimi ikinji fasyl
Pedagogika we edep-terbiýe
AMANAT SAKLAMAK HAKYNDA Oglum, biri saňa amanat zat berse, eliňden gelse, almagyn, ýöne almaly bolaýsaň welin, ony ygtybarly saklagyn. Amanat saklamak dertdir, çünki munuň netijesinde ol hökman üç zadyň biriniň üstünden eltýändir. Eger sen özüňe ynanylan şol emlägi yzyna gaýtaryp berseň, Allatagalanyň sargyt eden: “Amanatlary eýelerine gaýtaryň” diýen hökmüni berjaý etdigiň bolar. Mertligiň we asyllylygyň seresi amanat saklamazlykdyr, sakladygyňam ony aman-esen saklap, eýesine gowşurmakdyr. Hekaýat. Eşidişime görä, bir kişi irden ala-garaňkylykda hammama barýarka, ýolda dostuna sataşypdyr we oňa: “Meniň bilen hammama gidesiň gelýärmi?” diýip sorapdyr. Ýoldaşam: “Edil hammamyň işigine çenli-hä ýoldaş bolup biljek, emma hammama gidip biljek däl, elim degenok” diýipdir. Olar hammama golaýlaýançalar bile ýöräp gidipdirler.Ýolaýyrda ýetenlerinde, dosty aýtmazdan-zat etmezden, yzyna öwrülipdir-de, başga tarapa tutduryp ugrapdyr. Tötänden bir ogry-da hälki kişiniň yzyndan garama-gara ýöräp, hammama tarap ugrapdyr.Adam birden yzyna gaňrylyp seretse, yzyndan gelýän ogryny görüpdir, emma alagaraňky bolansoň, ony dosty hasap edip, goltugyndaky ýaglyga düwlen ýüz dinary çykaryp, hälki ogra beripdir we: “Gardaş, bu amanat zat bolmaly, hammamdan çykýançam al, çykamsoň berersiň” diýipdir. Ogry gyzyly alypdyr-da, ol adam hammamdan çykýança, şol ýerde butnaman durupdyr. Ol adam hammamdan çykýança, howa eýýäm ýagtylypdyr. Ol egin-eşiklerini geýipdir-de, kellesiniň ugruna ýöräp gidipdir. Ogry onuň yzyndan gygyryp: “Eý asylly kişi, gyzylyňy alyp, onsoň git, bu amanadyň zerarly men bugün bir topar bähbidimden galdym” diýipdir. Ol adam: “Bu näme, amanat näme, sen kim borsuň?” diýip sorapdyr. Ogram: “Men ogry bolmaly, sen bolsaň hammama girmänkän, bu gyzyly maňa beren adam”diýipdir. Ol adam: “Eger ogry bolýan bolsaň, sen näme üçin gyzyllarymy alyp gidibermediň?” diýipdir. Ogry: “Eger men bu pullary öz senedim bilen gazanan bolsadym, onda bu müň dinaram bolsa, seniň aladaňy etmezdim we saňa ýeke jinnek-de gaýtarmazdym. Emma sen muny maňa saklamaga berdiň, sen-ä ynam edip saklamaga berseň, menem muny namartlyk edip ogurlasam, bu baryp ýatan ynsapsyzlyk bolýar ahyryn” diýip jogap beripdir. Birem bu mal günäsiz halyňa harap bolan bolsa, onda onuň deregine bir zat alyp bolsa ýagşydyr. Ýöne şeýtan ýoldan azdyryp, amanada göz gyzdyrsaň, bu juda gendelik bolar. Eger sen ony eýesine gaýtarsaň, şoňa çenli saklamak üçin sen köp azap siňdirmeli bolarsyň, şonça azapdan soňra gaýtarsaň, azabyň öz garnyňa galar, ol adam bolsa munuň üçin saňa jinnek ýaly hem minnetdar bolmaz. “Bu öz zadym, beripdim, indem yzyna alýan, şonuň üçin, ol saňa galmaz” diýer. Dogrudanam, çeken emgegiň üçin saňa: “Sag bolsun” diýen bolmaz, gaýtam tersine, üsti-başyňy hapalanyň galar. Amanat ýitse, hiç kim ynanmaz, sen bolsaň hyýanat etmedik halyňa uly iliň öňünde bigäne saýylarsyň, sylag-hormatdan mahrum bolarsyň, gaýdyp hiç kim saňa janyny ynanmaz. Özüň alsaň bolsa haramdyr, uly günä galarsyň, bu dünýede şepagat görmersiň, o dünýede bolsa Allatagalanyň gazabyna sezewar bolarsyň. Bellik. Emma birine amanat berjek bolsaň, gizlin berme, hiç kim seniň zadyňy onuň elinden alyp bilmez. Üstesine-de iki sany ygtybarly şaýadyň bolmasa, öz zadyňy hiç kime saklamaga bermegin, beräýseňem, soň dawa uçramaz ýaly, beren adamyňdan dilhat algyn. Iş işden geçip, kazylaşmaly bolsa, gödeklik etmegin, çünki gödeklik zorluk alamatydyr. Başardygyňça, kiçi dilden bärde ant içmegin we ant içip, bellentgi hem bolmagyn. Birwagt ant içmeli bolaýanyňda hem, halk gepiňe ynanar ýaly ant içgin. Sen her näçe döwletli bolup, dabaraň dag aşsa-da, alçak hem dogruçyl bolmasaň, özüňi garyp hasap etgin, çünki ryswa edilen kezzap irde-giçde tozmalydyr. Amanadyň gadyryny bilgin, çünki: “Amanat gyzylyň pelsepe daşydyr, şonuň üçin, hemişe baýlykda ýaşarsyň, ýagny päk hem dogruçyl bolarsyň” diýipdirler. Dogruçyl we ygtybarly adam bolgun, dünýäniň bütin döwleti dogruçyl hem ygtybarly adamlaryňkydyr. Hiç kimi aldamajak bolup jan etgin, ýöne aldanmakdanam seresap bolgun, aýratyn hem gul satyn alanyňda häzir bolgun. Bu barada Alla ýaryň bolsun. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |