08:30 Kowusnama: Çöwkan oýny hakynda | |
On dokuzynjy fasyl
Pedagogika we edep-terbiýe
ÇÖWKAN OÝNY HAKYNDA Oglum, bilip goýgun, çöwkan oýnamagy gowy görseň-de, köp oýnamagy endik edinmegin, köp adamlar çöwkan oýnap bela duçar bolýandyrlar. Hekaýat. Gürrüň bermeklerine görä, emir Leýsiň bir gözi kör ekeni. Horasana emir bolandan soň, ol bir gezek çöwkan oýnamak üçin meýdana çykypdyr. Onuň Azhar atly bir serkerdesi bar ekeni, ol gelip, emir Leýsiň atynyň jylawyndan ýapyşyp, oňa: “Seni pökgi depip, çöwkan oýnamaga goýberjek däl” diýipdir. Emir Leýsem: “Näme üçin beýle bolýar, siz top urmagy özüňize rowa görýäňiz-de, çöwkan oýnamagy maňa rowa görmeýäňizmi?” diýip sorapdyr. Azhar: “Munuň sebäbi: biziň gözümiz ikidir, eger top depip, bir gözümiz kör bolaýanynda hem, beýleki gözümiz galar we onuň bilen ýagşy dünýäni görüp bileris, seniň bolsa bary-ýogy bir gözüň bar, bagtyň ýatyp, o gözüňi-de top çykaraýsa, sen Horasan emirliginden el çekmeli bolýarsyň” diýipdir. Emir Leýs: “Baryp ýatan eşekligiňe garamazdan, sen dogry aýdýaň, söz berýän: kelläm ýerinde bolsa, gaýdyp topa ýanaşman” diýipdir. Eger sen ýylda iki gezek çöwkan oýnaryn diýseň, men muňa razydyryn. Emma at üstünde oýnamak derkar däldir, gorkulydyr. Top urmak üçin atlylaryň sany sekizden köp bolmaly däldir. Sen meýdanyň bir çetinde dur, başga biri beýleki çetinde dursun, alty kişi bolsa meýdanyň ortasyna çykyp, top ursun. Top golaýyňa geleninde, ony urup, yzyna gaýtargyn. Atyňy seresap çapgyn, emma garma-gürmelige sokulmagyn, şeýtseň, hem-ä özüňi bela-beterden gorarsyň, hemem öz maksadyňa ýetersiň. Atly-abraýly adamlaryň çöwkan oýnaýyşlary-ha, ine, şeýledir, Alla ýaryň bolsun! __________________________________ Emri Leýs – Saffariler dinastiýasynyň ikinji hökümdary. Azhar Hor – Emri Leýsiň baş serkerdeleriniň biri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |