20:46 Kowusnama: Mal-döwlet toplamagyň kadalary hakynda | |
Ýigrimi birinji fasyl
Pedagogika we edep-terbiýe
MAL-DÖWLET TOPLAMAGYŇ KADALARY HAKYNDA Oglum, bir zat edinmek mümkin bolsa, pursaty elden bermegin, ýöne zat diýip, özüňi hatarly ýagdaýa-da salmagyn, edinýän zadyň özüňe laýyk, mynasyp bolmagy ugrunda jan etgin. Edinen emlägiňi sarpaly saklagyn, oňa-muňa harçlamagyn, zady saklamak edinmekden kyndyr. Eger harçlamaly bolaýanyňda hem, onuň öwezini derrew dolgun, emma dolmasaň, döwletiň, Karunyň döwleti bolsa-da gutarar. Ýöne ähli küý-köçäňi baýlyga berip, ony bakydyr hasabam etmegin, şeýtseň, irde-giçde garyp düşäýeniňde-de, ýüregiň awamaz. Öňküler aýtmyşlaýyn:“Zerurlyk çykyp, bir zady dostuňdan haýyş etmeli bolandan, ony duşmana goýup giden gowudyr”. Ýöne emlägiňi sarpaly saklamagy hökmany hasap etgin, çünki az zadyny saklap bilmedik köp zadyny-da saklap bilmez. Onsoňam, kesekiniň emlägini saklandan, öz emlägiňi saklamagy ýerlikli saýgyn. Ýaltalykdan ejap etgin, çünki ýaltalyk betbagtlylygyň şägirdidir. Özüňem birsyhly zähmet çekgin, çünki her bir zat bihepbelikden däl-de, zähmetden emele gelýändir. Görmeýärmiň, yhlas nygmat döretse, bihepbelik döwleti tozdurýandyr!? Parasatly adamlar: “Elpe-şelpelik isleseňiz, jepakeş boluň, döwletli bolaýyn diýseňiz, kanagatly boluň, dostuňyz köp bolsun diýseňiz polady ýumşak boluň” diýip aýdypdyrlar. Zähmetdir yhlas bilen toplanan emlägi ýaltalyk zerarly elden gidermek paýhaslylyň alamaty däldir. Mätäçlik çeken günüň puşmandan peýda ýokdur. Zähmetini çekeňsoň, miwesini hem özüň ýygnagyn. Zat her näçe gymmadam bolsa, ony hatyraly adamyňdan gysganmagyn, çünki hiç bir adam hiç bir zady özi bilen gabra äkidýän däldir. Ile mätäç bolmazlyk üçin, çykdajyň girdejiňe görä bolsun, çünki mätäçlik diňe pukaralaryň öýünde däl, barlylaryň öýünde-de bolup biler. Mysal üçin, biriniň girdejisi bir dirhem bolup, çykdajysy hem bir dirhem bilen habbe bolsa, ol adam hiç haçan mätäçlikden saýlanmaz. Girdeji bir dirhem bolsa, çykdajy bir dirhemden az bolmalydyr. Şeýle öýde hiç haçan mätäçlik bolmaz. Baryň bilen bazar eýlegin, çünki kanagatyň özi baýlyk diýmekdir. Kysmatyňda näme bolsa, şoňa-da eýe bolarsyň. Süýji söz we adamlaryň kömegi bilen düzelen iş üçin pul sarp etmegin. Garyp adamyň gadyr-gymmaty bolmaz. Bilip goýgun, garamaýak adamlar haýyr görmeselerem, döwletli adamlary sylaýandyrlar, zelel çekselerde, garyplary ýigrenýändirler. Ynsan üçin iň agyr pursat mätäçlikdir, barlylar üçin tarypnama bolup hyzmat edýän hereketler ýoksullar üçin aýyp görülýändir. Adamlaryň zynatyny olaryň jomartlygyndan görgün, her kimiň gadyryny bolsa onuň zynatyna görä kesgitlegin. Hudaýyň halamadyk her bir zady bendeleri üçin haramdyr. Öňküler aýtmyşlaýyn: “Isrip etmäň, Ol isrip edýänleri halaýan däldir.” Kadyr Allanyň halamaýan zatlaryny senem gowy görüp barmagyn. Her betbagtlylygyň bir sebäbi bardyr, garyplygyň sebäbi-de zaýaçylykdyr. Diňe bir mal-döwleti harçlamakda däl, iýmek-içmekde, işlemekde, gürlemekde – haýsy zatda bolsa-da, isrip etmegin, çünki isrip bedeni gurbatdan gaçyryp, kalby talaňa salýandyr, akly çaşyryp, ömri zaýalaýandyr. Eýsem çyranyň ömrüniň ýaga baglydygyny görmeýärmiň näme?! Emma çyraga çakdanaşa köp ýag guýsaň, ol derhal sönmek bilen bolýandyr. Ölüme sebäp bolýan şol ýag kadaly guýulaýanynda bolsa, ol ýaşaýşa sebäp bolýandyr. Şeýle bolsa, ölüme sebäp bolýan zat hem isripçilikdir. Diýmek, çyra ýaşaýyş berýän ýagdyr, emma ol çakdanaşa bolsa, zaýaçylyk peýda bolar, ýaşaýyş beren hälki ýag indi ajala öwrülýändir. Alla-da şol sebäpli isripçiligi gende zat hasap edýändir. Atly-abraýly adamlar-da isripçiligi unaýan däldirler, çünki isribiň netijesi hemişe zaýaçylyga ýazýandyr. Emma öz durmuşyňy zaýalamagyn, öňüňdäki yrsgalyň gapysyny ýapmagyn, mümkin bolanda, özüňe gowy seretgin, gerek bolan her bir işde seresapsyzlyk etmegin, öz işinde seresapsyzlyk eden adam bagtyndan peýda tapýan däldir, arzuwlaryna-da ýetýän däldir. Nämäň bar bolsa, näme gerek bolsa, özüňe harçlagyn. Dogry, mal diýeniň zerur zatdyr welin, janyňdan eziz däldir. Hususan, zähmet siňdirip toplan zadyny haýyrly işlere sar etgin. Döwletiňi bahyllaryň eline tabşyrmagyn. Şeraphorlardan, humarbazlardan ätiýaç etgin. Mal-döwlet toplamakda seresapsyzlyk etmegin, rahatlyk zähmetdedir, zähmet bolsa dynç almakdyr. Bu günüň rahatlygynyň ertirki zähmet bolýanlygy üçin, bu günüň zehmeti hem ertiriň rahatlygydyr. Azaply-azapsyz gazanan zatlaryň bir dirhem bilen iki danklygyny öýüňe we maşgalaňa harçlagyn. Sowmaklyk juda gerek bolaýanynda hem, şundan artyk sowmagyn. Şeýlelikde, iki dank harçlanyňdan soň beýleki iki danky beýläňde goýup, ony ýatlamagyn, olary mirasdüşerleriň we gojalyp tapdan düşjek günleriň üçin saklagyn, şonda olar maňlaýyňdan dirär. Galan iki danka bolsa bezeg şaýlaryny satyn algyn. Alan şaýlaryň zaýalanyp, tiz sandan çykýan şaýlar bolmasyn. Mysal üçin, gymmat bahaly daşlar, gyzyl, kümüş, bürünç, mis we beýleki şaýlar bolsun. Mundan artyk zadyň bolsa, topraga harçlagyn, çünki topraga sarp eden zatlaryň soň artykmajy bilen özüňe gaýdyp geler. Emlägiň, hemişe ýerinde durar, girdejiň bol bolar, üstesine-de arassa we halal bolar. Öý goşlaryny edineniňden soň, her gezek zerurlyk we mejburlyk boldy diýip, öý goşlaryňy satyjy bolmagyn we “e-eý, adam, bu bolýan zatlary görsene, bu gün men bulary mejbur bolup satýaryn, soň bir gün alaryn-da” diýmegin. Ýerine almak umydy bilen her sapar zerurlyk çykyp, öý goşlaryňy satyp dursaň, birden alyp bilmezligiň ähtimaldyr, şeýdip, öňküleriň elden gidip, öýüň boş galar. Şeýdip, uzak wagta çekmezden, sen üflisleriň üflisi bolarsyň. Birem her gezek zerurlyk çykanynda karz alyp, girew goýmagyn, hiç wagt göterimine zat berip, göterimine zat almagyn. Karz almagy kiçilik we uly masgaraçylyk bilgin hem-de eliňden gelýärkä, hiç kime ýekeje dirhemem karz bermegin, aýratyn hem dostlaryňa beren karzyňy yzyna almak juda kyn işdir. Emma karz beren bolsaň, ony gaýdyp özüňki hasap etmegin, ony öz ýanyňdan dostuma bagyşladym hasap etgin. Onsoň, ony özi gaýdyp berýänçe dilemegin, şu zerarly dostlugyň bozulmagy mümkindir, çünki dosty duşman etmek aňsatdyr-da, duşmany dost etmek juda çetindir. Bularyň birinjisi çagalaryň, ikinjisi pähimli-paýhasly dana gojalaryň işidir. Keremli adam bolaýyn diýseň, baryňdan laýykatly adamlara paý bergin, kesekiň emlägine göz gyzdyrmagyn. Ygtybarlylykda at gazanmak üçin öz emlägiňi özüňki, kesekiniň emlägini hem kesekiniňki hasap etgin. _____________________________ Karun – Gündogar edebiýatynda barly adamyň obrazy. Ýöne ol Karun ar-Reşit däldir. Dirhem – pul ady. Habbe – agram birligi bolup, çen bilen 0,044 g-a barabardyr. Dank – pul we agram birligi, ol takmynan 1,6-dan 1,3 dirheme barabardyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |